Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:33
Paganini

PAGANINI

"Ýagşynyñ gadry il bilmez,
Ýagşy uzakda bellidir".
Magtymguly.

Maestro Paganini,
Sen adammy,
Ýa-da jynmy?!
Ýeke tarda
Gyjagyñy
Agladyp bileniñ çynmy?!

Çynmy göriplikden ýaña
Tarlaryñy gyranlary?!
Çynmy saña
Dindarlaryñ
Kän muşakgat berenleri?!

Çynmy ähli at-tituly,
Baýraklary ret edeniñ?!
Korolyñ çakylygyna
Gitmän, meýhana gideniñ?!

"Meniñ pirim pişik!" diýip
Pişige uýanyñ çynmy?!
Napoleonyñ iki sany
Uýasyn söýeniñ çynmy?!

Çynmy söýen gyzlaryñy,
Jadylap, telbe edeniñ?!
Çynmy çalan sazlaryñy,
O dünýä alyp gideniñ?!

Çynmy nota geçirmäniñ,
Özgeler ogurlap öýdüp?!
"Jynyñ" ýazan sazlaryny
Ynsan eşitmezmi gaýdyp?!

Buthananyñ öleniñsoñ,
Kyrk ýyl jaýlatmany çynmy?!
...Maestro Paganini,
Sen beýik adammy, jynmy?!

_______________________
* Nikolo Paganini (1782-1840) - belli italýan skrip-ka-çy-sy, kompozitor.

© Hemra ŞIROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Hemra Şirow | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 Seýrаn • 20:03, 13.01.2024
Çynma-çynmy?
avatar
0
2 sussupessimist • 20:29, 13.01.2024
Skripkaçy-haw! Saz gurallarynyň atlaryny beytmäweriň. Ine, Annageldi Jülge – gyjakçy, Ata Ablyýew, Bayramgeldi Aliyew, Sapar Beki – gyjakçy. Nikolo Paganini, Fritz Kreysler, Iosif Heyfetz, Itzhak Perlman... – skrip-ka-çy! Tapawut sazyň sesinde käte meňzäp gitse-de, bu atlaryň yaňlanşynda duyulyandyrlay?
Ya-da, geliň, beyik saksofonçy Jon Koltreyni gargy tüydükçi diyip yglan edeliň!))
avatar
0
3 sussupessimist • 20:34, 13.01.2024
Goşgudaky "sen jynmy?" diyen soraga goşmaça maglumat hökmünde, Paganinä скрипач дьявола diyendiklerinem bellap geçmeli. Ol hakda kino-da bar, adyna-da şol goylan. Yöne:
"Талант Паганини называли дьявольским не оттого, что скрипач был отъявленным богохульником (один из расхожих мифов), а из-за его огненного темперамента и экстремально быстрых — для первой четверти XIX столетия — темпов.
avatar
0
4 Мango • 21:21, 13.01.2024
goşgy nikola gyjakçy barada diýsene.
pahyr ölensoňam 40-50 ýyl gömülüp çykarylyp, mazary üýtgedilip ýörülipdir.
men-ä hiç kimiň arkasyny alamok welin nikola gyjakçam garagol bolan ýaly; церков üçin saz ýazmandyr, dindarlar bilen arasy bolmandyr, hat-da ateist bolupdyr diýibem çak edilýär (gugl diýýa)...
katolikler ölende bir däp-dessur-a edýäler... şonam etmändir öýdýän...
osoň katolik däplerine görä jaýlamakdan ýüz öwrüpdirler-dä.... garaz diýip bolýan bolsa adam ýaly "jynazysy okalyp" jaýlanmak üçin 40 ýyl gerek bolupdyr diýýäler...

sussupesiň diýişi ýaly ol wirtuoz bolupdyr we döwrüniň sazlaryndan çaltlygy, çylşyrymly templi... garaz tapawutlanypdyr. onuň konsertinde özünden gidýän gyzlaram bolupdyr.
garaz şeýle...
hä... hemem sazlaryny nota geçirmändir öýdän... gabanypdyr, birileri ogurlaýmasyn diýip...
aý birhiliräk jemenne eken-dä...
avatar
0
5 sussupessimist • 22:40, 13.01.2024
ine, şo aýdylýanlaryň köpüsi mif hasaplanylýar. Keselli hem garasöýmez, dymma adam bolansoň, üstüne goşup, eýýäm öz döwründe her jüre bolgusyz gürrüňler tapýalar.
Paganini hakda kitaplaram bar. şu makalada-da kän zat berlipdir:
https://24smi.org/facts....-o.html
avatar
0
6 Darakdiş • 23:23, 13.01.2024
Şuňkymy ýa dälmi, biljek däl. Internetden alnan iki-ýeke sazlarynyň humaryna erkiňi gidirip surat çekmekligiň lezzetini düşündirmäge söz tapamok...

La kampanella(sy)nyň içinde guşuň jürküldisine meňzeş ýerleri ýadymda.

(Yňdarmarakdygy) tois tersmilletligi sazlaryndanam belli...

Goşgam gowy ekeni, men-ä halamadym.
avatar
1
7 Мango • 23:31, 13.01.2024
nomur 6 tewire, darakdişe:
"Goşgam gowy ekeni, men-ä halamadym".
bir sözlemde "gowy eken" bilen "halamadymy" getirmek üçin ýa darakdiş bolmaly ýa çarli...
avatar
0
8 Darakdiş • 23:39, 13.01.2024
:))
Mango, ...ýa-da sawrymýonny "aýdymçylarymyz".
avatar
0
9 Ýaran_Ýagmyr_99 • 00:17, 14.01.2024
Paganiniň jyn-şeýtan-iblis dünýäsi bilen baglanyşdyrylmagynyň şu sebäpleri bolup biler:

Birinjiden, Mangonyňam belleýşi ýaly, onuň öz erkin pikirliligi. Onuň ýaşlygy rewolýusiýalaryň, azat edijilik hereketleriniň döwrüne gabat gelse-de, kämillik döwri Ýewropada reaksiýanyň güýjän döwrüne gabat geldi: Napoleonyň garşysyna koalisiýalar, Russiýanyň baştutanlygynda döredilen "Mukaddes soýuz", katolik dininiň täsirini gaýtadan dikeltmegi, garaz, beýnisi kereplileriň dabaralanmasy. Onuň "PAGAN"ini familiýasynyň özi mömin dindarlaryň myrryhyny atlandyrýardy. Şeýle zamanada hökmi güýçlilere garşy boýnyýogynlyk görkezmegi, elbetde, onuň özüne garşy ýigrenji prowokasirledi.

Ikinjiden, aýratyn owadan zenanlary, aýratyn zehinli adamlary iblis bilen baglanyşdyrmak düşünjesi entegem bardy. Inkwizisiýa öz wagtynda ýüz müňlerçe adamlary hut şu sebäpli oda ýakypdy (Portugaliýa, Ispaniýa, Papa welaýaty ýaly ýerlerde inkwizisiýanyň özi Paganininiň döwründe hem bardy). Katolik dini "mömin dindarlaryň ruhy garyp, aňy ýönekeý bolmaly" hasaplanýardy. Adatdan daşary zehin ruhuny şeýtana satanlarda bolmalydy. Paganini bolsa, bilşimiz we ynanyşymyz ýaly (ses ýazgysy ýok) skripkany, dogrudanam, gaty zwer çalýanmyş. Bir özi kyrk adam çalýan ýaly. Öň-ä tebigy zehini, onsoňam irginsiz türgenleşikler. Türgenleşikde daşyna ýag çalnan skripka çalýanmyş, şeýdenden soň gurusyny çalan adam nähili oýun görkezmez? Ýöne beýle jepa çekip türgenleşjek az-azdyr.

Üçünjiden, Paganininiň şeýtanlaç sypaty. Çagalyk trawmalary, agyr durmuş, agyr zähmetler, jemgyýet bilen konfliktler, bir gün sag bolsa, iki gün düşekde ("gerek ýeri bolar" diýip, sifilis, inçekesel, ruhy hassalyklar ýaly birgiden keseli özünde ýygnap goýaýypdyr). Elbetde, şeýle jepalar birwagtky normal adamyň sypatyny kem-kemden iblise meňzedipdir (umuman, beýle sypat, ylaýta-da elleri, barmaklary skripkaçy üçin amatsyzam däl). Onsoň sypaty hem Paganinini "jynlaşdyrmaga" esas beren bolarly.

Biraz (ýarym asyr) gijräk ýaşan bolsa-da Paganinininininininininä (nirde saklanmalydygyny bilip bolanok, bir klasdaşym "Antanta" diýmegiň ýerine "Antantanta" diýerdi, "durup bilemok" diýerdi), hawa, onda Paganinä aňsat düşerdi. Erkin pikirlilik näme, Ýewropa dekadentleriň, ateistleriň, hemme zada gülýänistleriň jenneti boldy, ýöne ol muny görmäň gitdi.
avatar
1
10 sussupessimist • 00:45, 14.01.2024
"mömin" yöne musulman bolyandyr, agam...
avatar
0
11 sussupessimist • 00:48, 14.01.2024
:) Lacrymosa, sen-ä skrip-ka-çy edipsiň welin, Hemra Şir agaň yakasyndan nirede ebşitläp tutup bolarka?
avatar
0
12 Ýaran_Ýagmyr_99 • 01:17, 14.01.2024
"mömin" yöne musulman bolyandyr, agam..."

Howa, "mömin" aslynda diňe musulmanlar barada ulanylmaly söz. "Ynanan, iman getiren, ygtybarly" manyda.

Men ýöne "Imanly hristýanlar" manyda ýazaýdym. Ýagny şertleýin aňlatmak üçin. Meselem, käte Allaha "taňry" diýýärler, dünýewi
häkime "kazy" diýýärler, islendik uruşda ölenlere "şehit" diýýärler. Sözleriň pugta öz manysynda ulanylmaýan ýerleri kän.
avatar
0
13 Мango • 01:23, 14.01.2024
teswir 10-a
sussupese (ist-ini ýazmasam bolmazmyka?)
men entek labalatoriýadan çykmakam hemme agaja tut diýýädim.... indi beý diýemok sewäwi men akyllanyp başladym.
avatar
-2
14 Lacrymosa • 14:42, 14.01.2024
Kime: Sussypessimiste, 11-nji teswire, ,,Hemra Şir agaň yakasyndan nirede ebşitläp tutup bolarka?" diýen soraga.

Islendik ýerd-ä Hemra Şir aga bilen duşuşyp bolar-la weli, ýakasyndan ebşitläp tutup bolmaz.

Akylly köp, Sussypes! Bir döwür o bendänem biri redaktirländir-de gyjaga öwrüp goýandyr. Çykgydyndaky gyjaga degsegem, goşgusyndak-a degibilmeýes. Soramaly, izin almaly ertir. Ýaşulularyň göwnüne degmäliň! Ol hem göwnüne degilýän sortundan däl ýaşulularyň... Ajaýyp Ynsan! Ynjytmalyň hiç kimi! Ребята, давайте жить дружно!
avatar
1
15 sussupessimist • 15:15, 14.01.2024
Hehe, menem ol "yakasyndan ebşitläp tutmany" degşip aytdym, Lacrymosa (bäh, meň degişmelem şeyle mortamyka ya sizde çuwstwo yumora yokmyka?)). Hemra agaň özüni tanayan, yaşula hormatymam uly, çagalar üçin yazan eserlerini, animalistik goşgularynam, hekayalarynam gowy göryän. Bizde çagalar uçin yazyp bilyan o diyen känem däl – Azat Rahmany, Hemra Şiri, ondan başga-da öňkülerden Kayum Taňrygulyny, Nury Bayramowy, Kasym Nurbadowy, Şadurdy Caryýewi (ya Çarygulyyewmidi? belki, ikisem), Gurban Çöliyewi, Agageldi Allanazaryň cagalara okadyp boljak eserlerini... baryna hormat goyyandyryn.
Yalňyş düşünmäň. Indikide internediň düzgünine görä degişenimde yzyndan smaylik goyayaryn, şeydip :).
Dogrusy, şu smaylikleri halamok, kadrarka gülkiler yaly, nirede gülmelidigini-yylgyrmalydygyny salgy beryani uçin. Hamala, özümiz şonsuz düşünmejek yaly... diyyardim. Gerek oydyan dogrudanam :)
avatar
0
16 sussupessimist • 15:32, 14.01.2024
14-nji teswirdäki -1–ni ayyrjak bolup, tötänden -2 edipdirin :)
Gaş bejerjek bolşum...
avatar
0
17 Lacrymosa • 15:36, 14.01.2024
Mende asyl çuwstwo ýok. Ony bolup ýörşümdenem bilýänsiňiz-laý!
ýoksa-da: Degişmedigini bilýän-ow! Hemra Şir bilen itenekleşip ýörenimiz göz öňüme gelip düýnden bäri gülübem ýatyn .
avatar

Старая форма входа
Total users: 202