Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:55
Ätiýaçly adam
Elleşse, elini sabynlap ýuwýar,
Kesel geçerinden edýär howatyr.
"Saklan, saçymy tiz agardar!" diýýär,
Dellek sepjek bolsa saçyna atyr.

Horaz deý wepaly endigine ol:
Belli wagtda turýar,
Belli wagt ýatýar.
Eýesiz it gabat gelse ýolunda,
Ýarmagy ähtimal,
öwrülip ötýär.

Ertir-agşam sagat tutup sanaýar,
Ýüreginiñ näçe gezek urşuny.
Ynjalanok barlatmasa tiz-tizden
Gözleriniñ neneñ-niçik görşüni.

Hiç haçan gowrulan zady iýmeýär,
Siñdirmesi añsat zatlary iýýär.
Emeli süýümden eşik geýmeýär,
Nah matadan elin tikdirip geýýär.

Ne aşa gynanar, ne aşa güler,
Ätiýaçlylygyna hemmeler kaýyl.
"Bu zaññary nädip aparyp bolar?!"
Ençe ýyldyr kelle döwýär Ezraýyl.

Hemra Şirow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 39 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202