21:36 Klasdaşlaryma | |
KLASDAŞLARYMA Eýýäm geçip gidipdir, Ýyllaň näçe kerweni. Ýöne kalba ýatlama Kerwenin çeker weli, Gaýdyp gersiň şol öňki Mekdebiň klasyna, Garagol çagalyga, Mollumlaň yhlasyna. Gyz bilen oglan bolup, Oturarys partada, Döwlet serhedi – çyzyk, Ýatyr iki ortada. Çykjak bolsaň gapydan, Goh turar, gyslyşarlar. Öň itde-pişik bolan Oglanlar ysnyşarlar. Garap gyzlara ogryn, Gider göwnüňe ünji, Gizlin ýerdir öýdersiň, Boşan klasyň künji... Seçer durmuş jüýje deý, Geçersiň öz ornuňa, Durmuş çakyň ýaly däl, Pitiklär ol burnuňa. Ýöne hiç birimizem Däldik lellim ýa lälik, Tutan maksadymyzdan Gaýtmadyk yza dänip. Undamzok bir-biregi, Ýogsa çar ýan dagadyk. Bizi dargadýan durmuş, Birleşdirýän çagalyk. Orazguly ANNAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |