Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:08
Mäne babadan hekaýatlar /-1
Birinji hekaýat

Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün ka¬kam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna ba¬ryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diý¬dim. Ol şonda: «Mübärek bolsun» diýip doga etdi we: «Şu pen¬di¬mi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýaly-dyr» diýdi.
Soňra şeýle diýen: «Men bu pendi baky hemram edinip, ertesi kakam bilen Hoja ymam Abu Seýit Aýýarynyň ýanyna gitdik. Ol ymam müfti we dilçi mugallymdy. Onuň ýanynda birnäçe wagt galdym we oňa araplaryň jahylyýet döwrüniň goşgularyndan otuz müň beýti ýatdan aýdyp berdim. Soňra şyh Abylkasym Buşer Ýasiniň ýanyna bardym. Ol döwrüniň dana kişileriniň biridi. Men ondan köp zadyň aslyna ýetdim we musulmanlygy şondan öwrendim. Bu iki ymamyň hem gubry Mänededir».

Ikinji hekaýat

Şyhyň adyndan şeýle rowaýat aýdýarlar: «Bir gün hoja Abu Alynyň ýanyndan gelýärdim. Saragtyň derwezesine ýetäýen ýeriňde bir kül üýşmegi bardy. Görsem, Lukman Mejnun şol külüň üstünde otyr. Ol bir ylym uran adamdy. Şyh maňa köp gezek: «Lukman Allanyň azat eden bendesidir» diýerdi. Soňra şeýle diýdi: «Bir gün Lukmany görmäge gitdim, görsem, ol depe bolup giden külüň üstünde köne possunyny ýamap otyrdy. Men oňa seredenimden, başyny galdyryp şeýle diýdi: «Eý, Abu Sagyt, seni hem possunyň bir ýerine ýamalyk etdim». Soňra ýerinden turup, elimden tutup, Saragtyň hana-ka¬sy¬na getirdi we pir Abylfazly çagyryp, şeýle diýdi: «Eý, Abyl¬fazl, Hak subhan we Tagala bu oglanyň maňlaýyna bir zatlar ýazypdyr, ony saňa tabşyrýan, ýöne oňa gowy seret, çünki se¬niň bilýän zatlaryň onda ebedilik galar».

Üçünji hekaýat

Biz Nusaýa baranymyzdan, Bisme obasyna gitmäge küý-lendik. Ol oba Nusaýdan iki parsahlykdady we Aly Mu¬ham-met Nusaýlynyň mazary şol ýerdedi. Biz oňa zyýarat etdik we şeýle ýagdaýa uçradyk. Biz şol oba baranymyzda, bir goja gassap dükanynda egni possunly otyrdy we öňünde etler asylgy sallanyşyp durdy. Ol biziň ýanymyza gelip salamlaşdy. Ol bi¬ziň nirede düşlejegimizi bilmek üçin şägirdini iberen ekeni. Biz metjidiň golaýynda, akar suwuň gyrasynda düşledik. Biz täret kylyp, heniz namazymyzy tamamlamankak, goja gassap iýer-içer ýaly zatlary alyp geldi. Iýlip-içilenden soň ol bize garap: «Bir meseläni sorasym gelýär welin, şony araňyzda çözüp bil¬jek barmy?» diýdi. Töweregimdäkiler meni görkezdiler. Şon¬da goja şeýle sorag berdi: «Bendelik bilen hakyna tutulany nähili aýyl-saýyl edip bolar?» Biz oňa ylmy-zahyrdan (äşgär, aç-açan ylymdan) jogap berdik. Ol: «Başga diýjek sözüň barmy?!» di¬ýip sorady. Biz dymşyp, oňa seredip otyrdyk. Şonda goja haý¬bat bilen bize seretdi-de, şeýle diýdi: «Aňyrsyna ýetmän gür¬leme, sen ylmy-zahyrdan geleniňden soň yzyňa dolanma». Soň¬ra sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýdi: «Azat bolýançaň bende bolup bilmersiň, päliňi düzedip, wagyz edip bilmeseň, zähmetiň miwesine gözüň düşmez we Allatagala seni bagta ýetirmez».

Dördünji hekaýat

Şondan soň şyh Abu Apbas Gassabyň ýanyna Amula git-dim we bir ýyl onuň ýanynda bolup, tälim aldym. Şondan soň ol maňa: «Sen Mänä dolan, ol ýerde seniň ylmyňa mätäç köp» diýdi. Men onuň nesihaty boýunça gaýdyp geldim we ilatyň ýadyma-oýuma düşmeýän sylag-hormatyna mynasyp boldum, köňlümi gussa gaplanda Abylfazl Hasan piriň gubruna zyýarat edip, rahatlyk tapýardym.

Bäşinji hekaýat

Hoja Abu Tahyr şeýle diýen (Alla oňa rehmet nuruny eçilsin!): Bir gün şyh mejlis gurap, wagyz edip durka, hapa bo¬lup, aglamaga durdy, töweregindäkiler hem onuň bilen aglaş¬ýar¬dylar. Şonda pir: «Biz näwagt şeýle aljyraňňy ýagdaýa düş¬sek, Abylfazl piriň gubruna zyýarat etsek, rahatlyk taparys, tiz atlary eýerläň» diýdi. Ol töweregindäkiler bilen atlanyp, Sa¬ragta geldi we piriň gubruna düýnäp aşakdaky setirleri aýtdy:

Bu şatlyk, sahawat, kerem çeşmesi,
Il kyblasy Käbe, sen bize kybla.

Şyhyň elinden tutup, Abylfazlyň gubrunyň daşyndan aýla-dylar, ol nagra çekýärdi, derwüşler bolsa aýak ýalaňaç aýlan-ýar¬dylar. Haçan-da olaryň janlary aram tapanda, şyh şeýle diý¬di: «Bu gün taryhy gün boldy, bu gün gaýdyp gaýtalanmaz».
Şondan soň müritleriň biri haja gitmek islese, şyh ony Abylfazl piriň gubruna ýollap şeýle diýýärdi: «Ol gubra zy-ýarat edip, daşyndan ýedi gezek aýlanyp, togap etseň, mak¬sa-dyň hasyl bolar».

Altynjy hekaýat

Biz ilkibaşda on sekiz zady özümize wajyp bildik we şol on sekiz bilen on sekiz müň älemiň waspyny özümizden uzak-laşdyrdyk, hemişe agzymyz orazaly boldy we haram lukmadan saklandyk, Allanyň adyna zikru-sena aýdýardyk, uzyn gijäni gapdala ýaplanman, uklaman geçirýärdik, eger uklaýjak bolsa¬gam, dik oturan ýerimizde uklaýardyk, kybla bakyp, zada ýap¬lan¬man oturýardyk, kanagatly we salyhatlydyk, hemişe metjide barýardyk, ýöne bazara barmaýardyk, çünki Allanyň resuly şeý¬le diýipdir: «Iň hapa ýer bazar, iň päkize ýer metjitdir». Her näme etsek, Allanyň resulynyň görkezişi ýaly berjaý edýärdik, her gije-gündiz bir gezek Gurhany Kerimi hatm edýärdik. Biz gözli kör, gulakly kerdik, dilimiz saýrap dursa-da, laldyk.

Ýedinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, şyh şeýle diýenmiş: «Haçan-da kal-bymy gam-gussa we howsala gaplap alsa, çöl-beýewanlara gidýärdim, eger şol ýerde hem ýagdaýym gowulanmasa, kyn-çy¬lyk ýüze çyksa, şyh Abylfazl Hasan ýanyma gelýärdi we müşgilimi asan edýärdi». Şyhyň şeýle sözlerini hem aýdýar-dy¬lar: «Abylfazl Saragty dirikä hem kynçylyk ýüze çyksa, şonuň ýanyna barýardyk we islän meselämize jogap tapýardyk».
Onuň ýanyna şeýle bir köp adam gelýärdi welin, çekip-çydar ýaly däldi, şol sebäpli çöl-beýewana çykýardy, ol ýeke ge¬zerdi we kakasy çagyrsa, adamlar ony tapyp elterdiler. Ol birnäçe gün öýde bolup, ýene sähra çykardy we aç-suwsuz ge-zer¬di, meýdan ot-çöplerini iýip mydar ederdi. Haçan-da adam-lar üýşüberse,

Haweranyň topragynda haar olmaz,
Kişi meň derdime giriftar olmaz

– diýip gaýtalardy. Adamlaryň aýtmaklaryna görä, ony çölde görenlerinde, onuň ýanynda göreniňden elheder etdirýän ak lybasly ýagşyzada bolar eken. şyhdan: «Ol goja kim?» diýip soranlarynda: «Ol Hydyr alaýhyssalamdy» diýen.

Sekizinji hekaýat

Şyhyň sylagly müridi we hyzmatkäri Hasan Mueddepden şeýle rowaýaty aýdýarlar: Şyh ilki gezek Nyşapura gelende, adam¬lary ýygnap, wagyz-nesihat edipdir. Mejlise gaty köp adam ýygnanypdyr we gaty köp adam şyha mürit bolupdyr. Sadaka berlen zadyň aňyrsy-bärsi ýokmuş. Şol döwürde ussat Abubekr kerramylaryň öňdebaryjysy we kazy Sagyt Abu Ha-nyp anyň şägirtleriniň iň ökdesi we ýolbaşçysy hasaplanýardy. Olaryň ikisem şyha müňkürlik edipdirler, çünki şyh hemişe münbere çykyp, beýt aýdar eken, soran zatlaryna goşgy bilen jogap beripdir. Ol ikisine bu boluş ýaramandyr we soltan Mah¬myda: «Bir sopy şyh döräpdir, ol adamlary daşyna üýşürip ne Gur¬hany Kerimiň tefsirini aýdýar, ne-de Allanyň resulyndan eşidilen hadyslary. Ol hemme zada goşgy bilen jogap berýär, mü¬ritleri bilen gowrulan towuk bilen luzine iýýär, bu hiç bir ýola-ýörelgä gabat gelmeýär, adamlaryň bolsa barysynyň ýüzi şoňa tarap. Bu gidişine gitse, ol köp adamy ýoldan çykarar» diýip, nama ýazyp, çapardan iberýärler. Soltan Mahmyt (goý, Alla oňa rehmet etsin!) olara şeýle mazmunly jogap gaýtarýar. «Siz onuň ýagdaýyndan habardar bolup duruň, oňa şerigat bo-ýunça näme çäre görmeli bolsa görersiňiz». Bu jogap Sogap-güni ikindi namazy wagty gelip ýetişdi. Kerramylar we hana-pylar şeýle hatyň gelmegine uçursyz begendiler, ýöne sopular agyr alada-da galdylar, çünki bu wakany baryp şyha aýtmaga hiç kim ýürek edip bilmeýärdi. Olar: «Ertir juma güni, adam-lary ýygnarys we şyhy ähli müritleri bilen ýoluň çatrygynda dar agajyndan asarys» diýýärdiler. Olar agzybirlikde şu karara geldiler we bu habar şobada bütin şähere doldy. Şyhyň sopu-lary gynandylar, tarapdarlary hem agyr gaýga batdylar. Şyha bu zatlary aýtmagyň geregi-de ýokdy, çünki ol keramaty bilen ähli zatdan habarlydy.
Hasan Mueddep şeýle diýen: «Biz şol gün namazymyzy okanymyzdan soň, şyh meni çagyryp: «Eý, Hasan, näçe sopy-myz bar?» diýip sorady. Men: «Ýüz ýigrimi adam, olardan seg¬senisi derwüşler we kyrkysy ýerli adamlar» diýip jogap ber¬dim. Ol: «Ertir olara ertirlik näme hödürlemekçi?» diýende men: «Şyh näme buýursa şony hödürläris» diýdim. Ol maňa: «Ertir her biriniň öňünde bir ratl guzynyň kellebaşaýagy, ýülügine seper ýaly owradylan gant bolsun. Ondan başga-da her kimiň öňünde bir ratl halypa halwasy şeker bilen dursun, gülap we ud köp bolsun, ud ýakyň we gülap suwuny olara se¬piň, täze dokalan düşekleri ýazyň, saçaklary metjidiň içinde ýazyň, goý, hiç kim biziň daşymyzdan gürrüňimizi etmesin we Allatagalanyň öz halan adamlaryna ylahy suprasyndan nämeler eçilýändigini gözleri bilen görsünler».
Hasan aýtdy: «Şyh şeýle diýende hanakanyň hazynasynda ýekeje döwüm çöregem ýokdy, ýeke dirhem diläp alar ýaly bütin Nyşapurda ýekeje-de tanaýan adamymyz hem ýokdy. Biziň hemmämiz şyhyň aýdanlaryny eşitdik, ýöne hiç birimiz: «Bu zatlary almak üçin puly nireden tapalyň?» diýip bilmedik. Şyhyň ýanyndan çykanymyzda, Gün eňegini ýere beripdi. Ada¬na Kuýan köçesiniň başlanýan ýerinde näme etjegimi bilmän, haýran galyp durdum. Garaňky gatlyşmanka, dükandar¬lar dü¬kan¬laryny ýapyp başladylar, her kim agşam namazyna ýetiş¬mek üçin öýüne howlugýardy. Agşam namazy wagty boldy. Şol wagt bazardan öýüne ylgaşlap barýan bir adam meni gö¬ren¬den aýak çekip: «Eý, Hasan, agşam düşensoň, bu ýerde nä¬me beýle aljyraňňy dursuň» diýip sorady. Men oňa bolup geçen zatlary birin-birin gürrüň berdim, ýöne şyhyň aýdan zatlaryny almaga hiç zadymyň ýokdugyny, daňdana çenli durmaly bolsa-da durjakdygymy, ýöne yza gaýtmaga ýüzümiň ýokdugyny aý¬danymdan, ol ýaş ýigit ýeňini ýokary galdyryp: «Ýeňime eliňi sok-da, şyha gerek puluňy al» diýdi. Men onuň ýeňine elimi sokdum we bir teňňe aldym, görsem, ol altyn teňňe ekeni. Men göwnühoş dolanyp geldim we şyhyň diýen zatlaryny buýruşy ýaly berjaý etdim. Ertesi irden, şyhyň aýdyşy ýaly metjitde agardylan boryýa düşekleri we saçagy ýazdym. Şyh öz sopu¬lary bilen gelende nämäniň-nämedigini bilmek üçin adam bary ýygnanypdy. Olar bolup geçýän zatlary üns bilen synlaýar¬dy-lar. Bu habar kazy Seýidiň we ussat Abubekr Yshak Kerramy-nyň gulagyna ýetdi, olara juma namazynda şyhyň sopularyny nähili kabul edýändigini aýtdylar. Şonda kazy Seýit: «Goý, olar bu gün şatlansynlar we kellebaşaýak symyşlasynlar, ýöne ertir olaryň kellesini gargalar çokarlar» diýen. Abu Yshak bolsa: «Goý, olar bu gün garynlaryny ýagjartsynlar, ertir olar dar aga¬jynyň sütünini ýagjardarlar» diýen. Bu habar sopularyň hem gulaklaryna ýetende, olar gam laýyna batypdyrlar.
Haçan-da olar nahardan çekilip, ellerini ýuwanlaryndan soň, şyh: «Eý, Hasan, sen namazlyklary mähraba elt-de, sopu-la¬ryň namazlyklaryny kazy Seýidiň yzyndan ýaz. Biz şu günki namazy onuň yzynda durup okamakçy» diýen. Seýit hatyp (hut¬baçy) bolan. Hasan şeýle diýen: «Namazlyklary diýlen ýeri¬ne eltip, Seýidiň yzyndan ýazdym. Men ýüz ýigrimi na-maz¬lygy iki hatar edip, başga adama ýer bolmaz ýaly edip ýazdym. Kazy Seýit gelip, münbere çykyp, biziň edýän zatlary¬my¬zyň barysyny inkär etmek bilen hutba okap, aşak düşüp na¬maz okady. Ol iki egnine salam berenden soň, şyh turdy, ýöne ol gitmek bilen boldy. Haçan-da ol gitmekçi bolanda şyh oňa gözüniň gyýtagy bilen seretdi. Şonda ol birden başyny egdi. Şyh çykyp gidende, sopulary hem şyh bilen gitdiler. Haçan-da olar hanaka baranlarynda, şyh maňa ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý, Hasan, Kerramylar köçesiniň çatrygyna bar, şol ýerde bir dü¬kan bardyr we şol dükanda kak, ak künji we pisse maňzy gary¬lyp taýýarlanylýan beýleki nogul-nabatlar bardyr, ondan on man al, şol ýerde badam satylýan dükanam bardyr, ondan hem on man al-da, arassalap, iki sany ak halta bölüp sal-da, depäňde göterip, ussat Abubekr Yshagyň öýüne elt. Soňra: «Agzyňyzy şu gün şu zatlar bilen açyň diý». Men turup Kerramylar köçe¬si¬ne tarap gitdim, şyhyň aýdan zatlarynyň hemmesini tapyp, Abu Yshagyň derwezesiniň agzyna bardym. Men öýe girip salam¬laş¬dym we şyhyň sargaýşy ýaly: «Şu gün agzyňyzy şular bilen açyň» diýdim. Haltalary görenden, onuň reňki agardy we geň galmak bilen bir sagatlap barmagyny dişläp durdy. Ol meni ýanynda oturdyp: «Hajyp Abylkasymy meniň ýanyma çagy¬ryň» diýip buýurdy. Hajyp Abylkasym gelenden oňa: «Sen ka¬zy Seýidiň ýanyna bar-da, meniň düýnki gelen netijämizden ýüz öwürýänimi oňa aýt. Biz ertir ony kazylyga çagyryp, şyhyň we onuň sopularynyň göwnüne degip bilmeris. Sen bolsa öz isläni¬ňi et. Eger ol şeýle netijä gelmegimiň sebäbini sorasa, şeý¬le diý: «Men düýn Kerramylar köçesinden metjide tarap eşekli geçip barýarkam, dükanda emendirip, ymsyndyryp bar-ýan oňat kaklaryň durandygyny gördüm. Meniň olardan alasym geldi we içimden «Metjitden gelenimden soň, agzymy açmak üçin kak satyn almaklaryny buýraýyn» diýip pikir etdim. Soňra aňyrrakda badam satylýanyny gördüm. Bu badamlar hem diý¬seň göze ýakymly eken we ondan hem aldyrmak isledim, ýöne öýe gelip hemmesini unudypdyryn. Meniň bu niýetim barada menden başga hiç kim bilmeýärdi, çünki bu barada men hiç kimiň ýanynda agzymy ýarmandym. Häzir görsem, meniň agyz açmak üçin islän zatlarymyň ikisinem iberipdir. Diýmek, ol Allanyň bendeleriniň pikirini okap bilýär, şeýle ýagdaýda onuň bilen jedelleşmäge hiç kimiň het edip bilmejekdigi düşnükli zat». Hajy Abylkasym bu sözleri oňa ýetirýär we öwrülip gelip, şeýle diýýär: «Kazy Seýit şeýle diýdi: «Men hem adam iberip, saňa şu zatlary aýtmakçydym, haçan-da şu gün ol meniň yzym¬da namaz okap durka, ol eginlerine salam berenden soň sünneti okamady. Meniň yzyma öwrülip, juma namazynda sünnet okamazlyk pire-de, müride-de gelişýän zat däl» diýip göwnüne degmekçidim, ýöne şyh maňa gözüniň gyýtagy bilen sereden-den, gorkudan ýaňa neden janym çykypdy. Ol maňa bürgüt bolup göründi welin, men serçe bolup galdym we derhal meni tüýt-müýt eder diýip howatyrlandym. Meniň oňa bir zatlar diýe¬sim geldi, ýöne hiç hili jogap berip bilmedim. Ol maňa bu gün öz hikmetini görkezdi. Meniň oňa hiç bir diýip biljek sözüm ýok. Soltana hem namany sen ýazdyň, biz diňe seniň tarapdaryňdyk». Hajyp Abylkasym bu sözleri diýen badyna, Abu¬bekr Yshak maňa tarap öwrüldi-de: «Sen bar-da, şyhyňa: «Şyh Abubekr Yshak Kerramy ýigrimi müň tarapdary bilen, sol¬tan ýüz müň adamlyk goşuny we ýetmiş bäş müň söweş pili bilen seniň garşyňa sap gurady, ýöne seni dyza çökerip bil¬me-di. Sen bolsaň on man kak we on man kişmiş bilen goşunyň sag ganatynam, çep ganatynam, ortasynam derbi-dagyn etdiň. Indi siz öz mezhebiň bilen, biz hem öz mezhebimiz bilen diýgin» diýdi.
Hasan şeýle diýen: «Men şyhyň ýanyna gelip, gören-eşi-den zatlarymy birin-birin aýtdym. Şyh pygamberimiz Mu¬ham-mediň ummatlaryna ýüzlenip: «Siz düýnden bäri gorkyňyzdan sandyraýardyňyz we başyňyzda taýak bary döwler öýdýärdiňiz. Siz Hasan Mansur Hallaç ýaly sabyrlylykda Magrypdan Maş¬ry¬ga taýsyz bolmalysyňyz, siz oňa nähili azaplaryň berlendigini bilýärsiňiz. Taýak adalat ugrunda göreşijileriň başynda döwül¬ýändir we namartlar aman galýandyrlar.» Soňra ol hapyza tarap ýüzlenip, aşakdaky beýti okamagy buýurdy.

Meýdana gürzüli, galkanly girgin,
Başyň belent tutup, ýazgydy görgün,
Zamana ot bolsun, isle suw bolsun,
Olaň arasynda şadyýan gezgin.

Bu beýt okalanda şyhyň tarapdarlary heýjana geldiler, on sekiz adam yhram geýip, «Lebbeýk» diýip, öz lybaslaryny çy¬kar¬dylar.
Ertesi gün kazy Seýit ähli adamlary bilen şyhyň ýanyna salama geldi, olar ötünç sorap şeýle diýdiler: «Eý, şyh, biz bolup geçen zada ökünýäris». Şol döwürde kazy Seýidi hoşniýetliligi üçin «Nyşapuryň aýy» diýip atlandyrýan ekenler. Şyh aşakdaky beýti aýdan:

«Men Nyşapuryň we köşgüň aýy» diýýärdiň,
Eý, Nyşapur aýy, Nyşapur seňki,
Mende näme bolsa, seniňki bolsun,
Ýöne aradaky duşmanlyk näme?

Şyhyň agzyndan bu sözleri eşidenden kazy Seýit şyhyň aýagyna ýykyldy we ýene-de toba etdi. Şol sebäpli ýüreklerden müňkürlik gidip, ähli adamlary şady-horramlyk gaplap aldy, kalplar päklendi. Şondan soň Nyşapurda sopular barada hiç kim kinaýaly gürrüň etmedi.

Dokuzynjy hekaýat

Biziň şyhymyz (Alla oňa rehmet nuruny eçilsin!) çillä otu-ryp , ony tamamlandan soň, Mänä gaýdyp geldi. Şol döwür¬de onuň halatlylygy we keramaty kämillik derejesine ýetipdi. Ol Nyşapura tarap ýola düşdi. Ol Tusdan Boz obasyna bardy. Ol oba Tabaran obasyndan iki parsah uzaklykda ýerleşýärdi. Ol oba öňünden bir derwüşi iberip, şeýle diýdi: «Sen şähere gire-niňden, Magşugyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýmeli: «Seniň mül¬küňe girmäge rugsat barmydyr?» Biziň şyhymyz hiç wagt hiç kime: «Eýt, beýt» diýmän: «Şeýle edilmeli ýa-da şeýle edilmeli däl» diýerdi.
Magşuk diýilýän dana mejnunlaryň biri bolup, kämil ha-latlylaryň biri hökmünde örän hormatlanýan adamlardan biridi. Ol Tus şäherinde ýaşaýardy we onuň gubry hem şol ýerdedir. Der¬wüş giden badyna şyh atlary eýerlemegi buýurdy, sopular hem oňa goşulyşyp gitdiler. Şähere iki parsah galanda: «Du be¬raderan» (iki dogan) diýen ýere ýetdiler. Bu ýer belentlikde ýerleşýärdi we ol ýerden şäher görünýärdi. Şyh ol ýerde sak¬landy, galan sopular hem olaryň gapdalynda saklandylar. Şyh atly depäniň üstünde seredip durdy. Derwüş Magşugyň ýanyna baryp, şyh bilen bolup geçen zatlary birin-birin beýan etdi. Mag¬şuk ýylgyryp: «Bar, goý, ol gelsin» diýdi.
Şäherde Magşuk bu sözi aýdandan, şyh atyň jylawyny ýazdyrdy we sopular hem onuň yzyndan eňdiler. Ýolda derwüş bular bilen duşuşdy we Magşugyň aýdanlaryny oňa ýetirdi. Şyh hiç ýere sowulman, göni Magşugyň ýanyna barýar. Ol bi¬ziň şyhymyzy gujak açyp garşy alýar we şeýle diýýär: «Sen bu ýerde arkaýyn bol, sen ömrüň galan bölegini ol ýerde we şu ýerde geçirmeli bolarsyň. Adamlar saňa hyzmat eder ýaly, sen birnäçe wagtlap bu ýerde gal».
Şyh ol ýerden gelenden, ussat Abu Ahmediň hanakasynda düşledi. Ol şyh Abu Nasr Sarrajyň gatnaw ýolundady. Abu Ah¬met biziň şyhymyzy birnäçe gün Tusda saklady we öz hana¬kasynda mejlis gurnady. Tusuň adamlary şyhyň sözlerini eşi¬den¬den, onuň keramatyna göz ýetirdiler we jan-dil bilen oňa mürit boldular. Şeýlelikde, onuň müritleriniň sany has-da artdy.

Onunjy hekaýat

Emir Yzzeddin Mahmyt bin Ilbaşydan eşiden bir gür¬rü¬ňini ýatlap, şeýle diýen: «Ol muny Seýit Abu Aly Arzydan eşit-dim» diýen. «Biziň şyhymyz Abu Seýit (Alla onuň ruhuny eziz¬le¬sin!) Tusa geldi we ussat Abu Ahmediň hanakasynda mej¬lis gur¬nady. Men heniz ýaşdym we oglanrakdym, şonuň üçin mejlise kakam bilen gidipdim. Mejlise şeýle bir köp adam ýygnanypdyr welin, jaýyň üçeginde-de oturmaga ýer ýokdy. Olaryň hemmesi şyhyň hikmetli söhbetleriniň aşyklarydy. Söh¬beti diňläp oturan adamlar aglaşýardylar. Şol wagt birdenkä tamyň üstünde oturan bir aýalyň gujagyndaky çagajygy aşak gaçdy. Şyhymyzyň oňa gözi düşenden: «Ony tutuň» diýip gy¬gyrdy. Şol wagt iki gol howada peýda bolup, çagany tutup, emaý bilen ýerde goýdular. Çaga çigit ýaly-da zeper ýetmän eken. Bu wakany gözi bilen gören halaýyk uly gopgun bilen perýat etdiler. Seýit Abu Aly bu wakany öz gözi bilen gören¬digini tassyklap kasam etdi we: «Bu wakany öz gözlerim bilen görmedik bolsam, goşa garagymdan bolaýyn» diýdi.
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Muhammet ibn Münewwer Meýheni | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203