Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:12
Mäne babadan hekaýatlar/-2
On birinji hekaýat

Kakamyň erkek dogany şeýle gürrüň bererdi. «Kakam hoja Abu Sagt we atam hoja Abu Tahyr bilen Saragta geldik we Nyzamylmülküň ýanyna salama bardyk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: «Şyh Abu Seýit Tusa gelen döwründe men og-landym we birnäçe özüm ýalylar bilen Tersaýan köçesinde dur¬dum. Şyh bir topar adam bilen golaýymyza gelende, bize tarap ýüzlenip şeýle diýdi: «Geljekde jahanyň eýesini görmek isle¬ýän ol durana seretsin» diýip, bize tarap yşarat etdi. Biz geň gal¬mak bilen biri-birimize seredişdik. Biz oglantak bolanymyz üçin, hiç zada düşünmeýärdik. Biz ol wakanyň üstünden kyrk ýyl geçenden soň şyhyň meni görkezendigine indi-indi düşünip ýörüs».

On ikinji hekaýat

Hoja Abylkasym Haşymy şeýle gürrüň bererdi: Men on ýedi ýaşymdakam, şyh Abu Seýit Tusa gelipdi. Kakam şol dö-wür Tusuň häkimidi. Şyh Abu Seýidiň müridi her gün ussat Abu Ahmediň hanakasyna gelýärdi we şyhyň mejlisdäki söh-betini diňleýärdi. Kakam meni hem özi bilen alyp gidýärdi, ýöne men kakamyň ýanynda oturman, özüm ýalylar bilen otu-rýardym. Beýleki ýaş-ýeleňlerde bolşy ýaly, çadra bürenip oturandan [bir zenandan] gözümi aýryp bilmän seredýärdim. Bir gije ol zenan maňa şeýle diýdi: «Men bir toýa barmaly, sen tä men gelýänçäm, pugta diňläp oturgyn». Men üçekde otyr¬dym, gije bolsa örän uzaga çekýärdi. Meni uky basmarlap baş¬lady. Men uklamazlyk üçin aşakdaky setirleri gaýtalaýardym.

Didelemde uky ornun ýaş aldy,
Kalbyma görmegiň höwesi doldy,
Diýýärler: «Ukla-da, düýşde görersiň»,
Biakyllar, bu söz nireden geldi.

Men bu setirleri gaýtalap, uka gidipdirin, ertesi daňdan azan sesine oýansam, töweregimde hiç kim ýok, men uklap galan ekenim.
Ertesi gün men ýene-de şyhyň mejlisine geldim we kakamdan pesräkde durdum. Adamlar şyhdan Haka barýan ýol we oňa bolan söýgi hakynda sorag berdiler. Ol bu barada gür¬rüň edip, şeýle diýdi: «Bir adamy gözläp, oňa duşýançaň, yn¬san nähili külpetlere sezewar bolýar, adam şol arzyly maksada ýetermikäm ýa-da ýetip bilmezmikäm diýip ne hyýallara mün¬ýär. Maksadyna ýetmek üçin hereket etmeýän, çalyşmaýan adam hiç wagt maksadyna ýetmez. Meselem, düýn şu ýigit bi¬rine wada berse-de, ýary gije uka gitdi. Özi bolsa, «Didelemde uky ornuny ýaş aldy» diýýär. Men aljyrap gobsundym. Şyh: «Eý, ýigit, sen näme diýmekçi bolýaň?» diýdi. Men hiç zat diý¬medim. Şyh: «Hoja Abylkasym» diýenden, neden janym çy¬kypdy. Şyh ýene gaýtalady. Meniň janym bokurdagyma ge¬lip¬di. Men ýykylyp özümden gidipdirin. Haçan-da, özüme ge¬lemde: «Şyh maksadyňa ýetmän ukladyň?» diýdi-de, goşgyny dolulygyna aýtdy. Men özümi bilmän perýat edip gygy¬ryp¬dyryn-da, huşdan gidipdirin. Özüme gelenimde şyh: «Saňa hä¬zir¬likçe şu-da ýeterlik» diýdi. Soňra ýene heýjana düşdi we hyrkalar orta oklandy. Kakam täzeden metjide barylýan hyrka alyp berdi.
Soňra kakam şyhdan biziň öýümize gelende, eger suw içesi gelse Abylkasymyň elinden içmegini haýyş etdi. Men şyhyň ýanynda elim suw küýzeli durdum. Şyh iki gezek meniň elimden suw içdi we: «Ýagşy adam bolup ýetişersiň» diýdi. Men segsen bir ýaşymda onuň aýdanlarynyň hatyrasyna ha-ram¬dan saklandym, humarly içgi içmedim, bendäniň bendesi bol¬madym, adam ogluna ýamanlyk etmedim. Şol sebäpli men iki keramatyň eýesi boldum.

On üçünji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, bir gezek biziň şyhymyz Abu Seýit şyh Abylkasym Kurrakan bilen Tusda sekiniň üstünde iki bo-lup otyrdylar, derwüşler bolsa olaryň töweregini gallap dur¬du-lar. Bir derwüşiň ýüreginde: «Bu ikisiniň beýikligi nämedekä?» diýen pikir döredi. Biziň derwüşimiz Abu Seýit şol bada oňa tarap öwrülip: «Her kim iki patyşanyň bir ýerde, bir wagtda, bir tagtyň üstünde ýürekdeş bolup oturanyny görjek bolsa, bize garasyn» diýdi. Derwüş bu sözi eşideninden ol iki beýik ynsana täzeden seretdi. Hak Subhana we Tagala derwüşiň gözüniň öňündäki perdäni syryp aýyrdy. Ol bu iki şahsyň beýikligine göz ýetirip: «Allatagala ýer ýüzünde şulardan beýik ynsan ýaratdymyka?!» diýip, pikir eden dessine biziň şyhymyz Abu Seýit ol derwüşe ýüzlenip, şeýle diýen: «Bir kiçijik ýurt bolan, şonda hem her gün Abu Seýit we Abylkasym ýalylardan ýet¬miş adama duşulýardy, ýetmiş adama duşulmaýardy». Ol şeýle diýip ýylgyrdy.

On dördünji hekaýat

Biziň şyhymyz birnäçe gün Tusda bolanyndan soň, Ny-şapura gitmegi ýüregine düwdi. Hoja Mahmyt Mürit hem Ny-şapurda ýaşaýardy we ol ýeriň iň atly-abraýly adamy, sopu-laryň bolsa mürşididi. Şyh Nyşapura gelenden, ol müritlerini onuň ýanyna görme-görşe ugratdy, Mahmydyň oňat ýolbaş¬çy-dygyny aýtdy. Bir gün Mahmyt ertir namazyny okandan soň, şeýle diýen: «Öten agşam şeýle düýş görüpdirin. Düýşümde Tus tarapdaky dag ikä bölünip, olaryň arasyndan Aý dogup, Ada¬na Kuýan sebitinde ýaşýar. Eý, sahabalar, şyh Abu Seýit gelýändir, garşylamaga taýýarlanyň, namaz okaň». Adamlar ýyg¬nanyşyp, şyhy garşylamak üçin sähra çykdylar. Görseler, ol bir topar hyzmata mynasyp adamlar bilen gelýän eken. Duşu¬şyk wagty şyh atdan düşüp, Hajy Mahmyt we beýlekiler bilen gujaklaşyp salamlaşdy. Olar şähere gelenlerinde, Hajy Mahmyt ýanyndakylara şeýle diýdi. «Düýşümde Aýyň Adana Kuýan ta¬raplarynda ýaşany üçin şyhy şol ýere alyp baralyň». Şyhy Ada¬na Kuýandaky Abu Aly Tarsusyň hanakasyna eltdiler. Hajy Mahmyt: «Biz nahar taýýarlaýançak, giç bolar, şonuň üçin ba¬za¬ra gidip, bişirilen kellebaşaýak getiriň» diýen. Saçak ýazyp, kellebaşaýak getirip, ony şyhyň öňünde goýupdyrlar. Şyh: «Mü¬bärek bolsun, başdan-a başladyk» diýen. Iýlip-içilip bo¬landan soň, hoja Mahmyt Mürit: «Eý, şyh, hemmesi barada näme aýdarsyňyz?» diýdi. Şyh: «Gitsek gowy bolardy» diýen. Şyh töweregindäkiler bilen hammama gidýär. Şyhyň namaz¬lygyny getirenlerinde, hammamçy arassa balak getirip goýdy. Ha¬jy Mahmyt çaltlyk bilen sellesini başyndan alyp, ogşap, şy¬hyň öňünde goýdy. Şyh: «Ýagşylygyň alamaty, Mahmyt ba¬şyndan täjini aýrandan soň, howp salýan zat ýok» diýdi. Sel¬lesini alyp, biline orady we hammama girdi. Ertesi gün olar Adana Kuýan hanakasynda mejlis guradylar. Mejlisiň başynda şyha şeýle sorag berdiler: «Şu ýerde bir hormatly dana kişi ýaşaýar, oňa ussat Ymam Abylkasym Kuşaýry diýýärler. Ol: «Bende iki ädimde Allanyň ýanyna ýetip bilýär» diýýär, şyh muňa näme diýip biler» diýýärler. Şyh aýdan: «Ýok, ol bende bir ädimde Allanyň huzuryna ýetip biler diýýändir». Soňra müritleri ussat Ymamyň ýanyna gelipdirler we bu sözi aýdyp¬dyrlar. Ussat Ymam şeýle diýen: «Nädip?» diýip sorama¬dy¬ňyzmy?» Olar ertesi şyha şeýle diýenler: «Siz düýn adam bir gadamda Hudaýyň ýanyna baryp biler diýdiňiz?» Şyh aýdan: «Şu gün hem şony aýdýaryn, kyýamata çenli hem şeýle di¬ýerin». Aýtdylar: «Eý, şyh, bu nähili beýle bolýar?» Aýdan: «Allanyň bendesi bilen Hakyň arasy bir ädimdir, eger ynsan özünden bir ädim öňe geçse, hakykata ýeter, arada bolsa diňe gep galar». Şyh bu sözi aýdandan, öýüň daşyndan aýlanyp ýö¬ren biriniň «Bularyň bary nygmatdyr» diýen sesini eşidýärler. Şyh aýdan: «Ol göze görünmeýän kişini diňläň we şeýle he¬reket ediň, kanagatly boluň, göwnüňizi kiçi tutuň, şeýtseňiz, ähli zat siziňki bolar».

Salykatly bolsaň, hoşgylyk bolsaň,
Araňyzda yşgyň ody alawlar.

Müritleri gelip, ussada hemme zady bolşy ýaly aýdanlar, şonda ussat: «Hemme zat şonuň aýdyşy ýaly» diýen.
Şyh her gün mejlis gurnaýardy, kimiň ýüreginde näme bol-sa, sözüň arasynda oňa tarap öwrülip, onuň jogabyny aýlawly pikir ýa-da beýtler bilen derrew aýdyp berýärdi, ýöne şol ada-ma düşnükli bolar ýaly edýärdi.
Nyşapuryň ilaty şol bada ony ykrar etdi we ähli meselede oňa ýüzlendi. Şyh sözleriniň arasynda şygyr aýdýardy, ýöne ymam bilen şyhyň arasynda tapawut bardy we ymamlaryň hem¬mesi şyhy inkär edýärdiler.

On bäşinji hekaýat

Hoja Hasan Mueddep (Alla oňa rehim etsin!) şeýle diýen: «Nyşapurda şyhyň at-owazasy ýaýransoň, Mäneden [gelen] bir sopular piri Adana Kuýanda mejlis gurýarmyş diýen habar şähere doldy. Ol Allatagalanyň bendeleriniň syrlaryndan habar berýärmiş diýen gürrüňe pisint etmedim. Çünki meniň ýek ýigrenýän duşmanym sopulardy. Men sopuda ylym bolmaz, nädip mejlis gurnaýarka? diýip geňirgenýärdim. Gaýypdaky ylmy Hudaýtagala hiç kime, hatda pygamberlerine-de ber¬män¬di, bermezem. Ol Allatagalanyň bendeleriniň syrlaryndan nä¬hi¬li habar berýärkä? diýen pikir bilen bir gün şyhy synap görmek üçin, onuň mejlisine geldim we sekiniň golaýynda oturdym. Me¬niň egnimde gymmatbaha lybaslar, başymda Tabarystan sel¬lesi bardy. Men şeýle gymmatbaha lybasda ony ýüregim bilen inkär edip otyrdym. Şyh mejlisde söhbet edýärdi. Ha¬çan¬da, mejlis aýaklaberende, bir derwüş üçin geýim-gejim zerur¬ly¬gy ýüze çykdy. Her kim oňa bir zat berýärdi. Oňa selle gerek boldy. Meniň ýüregimde: «Selläni oňa beräýsem» diýen pikir dö¬redi. Soňra içimden şeýle diýdim: «Bu selläni Amuldan ma¬ňa sowgat getiripdiler we onuň bahasy on Nyşapur dinaryna durýar, gowusy bermäýin» diýdim. Şyh selleli meseläni ýene ara getirdi, meniň göwnüme ýene-de şu selläni beräýsem diýen pikir geldi. Soňra ýene-de uzak ikirjiňlendim, ýöne bermezlik pikiriňde durdum. Bir ýaşuly adam meniň gapdalymda otyrdy we şeýle sowal berdi: «Eý, şyh, Hak Subhana we Tagala ben-de¬si bilen sözleşýärmi?». Şyh şeýle jogap berdi: «Tabarys¬tan-dan getirilen selle barada iki gezekden artyk dil ýarmaň, ýogsa seniň ýanyňda oturana iki gezek: «Selläňi şol derwüşe ber» diýlip aýdyldy, emma ol: «Men berjek däl, çünki bu selläniň bahasy on dinar we maňa Amuldan getirilen sowgat» diýýär. Men bu sözleri eşidenimde bedenimde bir sandyrama peýda boldy, ýerimden turup, şyhyň öňüne geçip, onuň aýaklaryny og¬şadym, sellämem, ähli gymmatbahaly egin-eşiklerimem ol derwüşe berdim we meniň ýüregimde onuň keramatyna ynan-maz¬lyga jinnek ýaly-da ýer galmady. Täzeden musulman bol-dum, ählije baýlygym şyhyň ýoluna bagyş etdim we hemişelik şyhyň hyzmatynda galdym».
Ol biziň şyhymyzyň saýlama hyzmatkäridi, ol ömrüniň galanyny şyhyň hyzmatynda geçirdi. Onuň mazary Mänededir.

On altynjy hekaýat

Şyhyň Nyşapurda Adan Kuýan köçesindäki hanakasynyň hyzmatkäri Pirmuhammet Şöwkany we onuň dogany Zeýnel-taýypa Omardan şeýle hekaýaty eşidipdik. Olaryň ikisem: «Mu¬ny öz kakamyzdan eşitdik» diýýärdiler. Ol şeýle diýen: «Meni ýaş döwrümde şyh Abu Seýidiň oglanlary Mäneden şy-hyň Nyşapurdaky hanakasynda hyzmat etmäge ugratdylar. Men derwüşlere hyzmat etmek bilen meşguldym. Günlerde bir gün hanakanyň gapysyndaky şyhyň köp baran hammamyna bardym. Haçan-da oturyp, saç-sakgalymy aldyranymdan soň, suwa girdim. Men suwa girenimden, bir ýaşuly gelip, meniň arkamy owkalamak isledi. Men oňa: «Sen bir ýaşy durugşan gowy adam, men bolsam ýaş. Seniň maňa däl-de, meniň saňa hyzmat etmegim gerek» diýdim. Ol maňa: «Sen bu gürrüňleriňi goý, gowusy, men seniň gerşiňi owkalaýarkam, saňa bir heka¬ýat gürrüň bereýin» diýdi. Men razylaşdym. Ol meniň arkama elini goýup şeýle diýdi: «Meniň ýaş döwrümde bu şäheriň köçe çatrygynda dükanym bardy we halwa bişirýärdim. Şeýdip, işläp ýörşüme ep-esli maýa topladym we söwdagärlik etmegi ýüregime düwdüm. Dükanymy we beýleki zatlarymy satyşdy¬ryp, Buhara bazarynda satar ýaly ep-esli haryt edindim. Ondan öň men şäherden bäş parsah uzaklykdaky oba hem gidip gören adam däldim we hiç ýere sapar edip görmändim. Buhara tarap uly kerwen ýola düşdi we men hem bir düýäni kireýine alyp, olara goşulyşdym. Biz Saragta gelenimizde bir-iki gün ol ýerde dynç aldyk we soňra Merwe tarap ugradyk. Men pyýada ýör¬gürleriň endigi boýunça her gije kerwenden ozup gidip, kerwen yzymdan gelýänçä, dynç alyp ýatýardym. Bir gije hem şol endik boýunça uzaga gidip, gaty ýadapdyryn. Men ýoldan sow¬lup, gyşardym we şol durşuma uka gidipdirin. Kerwen gap¬da-lymdan geçip gitse-de, oýanman ýatypdyryn. Meni gü¬nüň ýiti şöhleleri ukudan oýardy. Ýerimden turup, töwere¬gime seret-sem, kerwenden habar-hatyr ýok, nirä seretsem, akyp ýatan çä¬gelik, ýol-yz saýgardanokdy. Birsellem töwerege aýlanyp, ýol-ýodadan derek tapman aljyraňňylyga düşdüm. Ýol tapjak bo¬lup, her tarapa ylgaşladym. Bir gezek eýläk, bir gezek beýläk ylganym bilen hiç ýere ýetip bilmejekdigime gözüm ýetenden soň oturyp, pikirimi bir ýere jemlemegi makul bildim. Men dürli tarapa däl-de, «bilip bolmaz, belki, bir adam-garaly ýere ýeterin we olardan ýol salgy alyp, kerweniň yzyndan ýeterin» diýip, bir ugra gitmekligi müwessa bildim.
Şu pikiri ýüregime berk düwüp, ýüzümi bir ugra edip, agşama çenli şol tarapa gitdim. Açlykdan we teşnelikden aň-kam aşyp barýardy, howa petişdi. Agşamara howa salkynlap baş¬landan, janym birneme aram tapdy. Soňra gündiziň ýakyp-ýandyryp barýan jöwzasynda ýöremän, agşam salkynynda ýöremegi ýüregime düwdüm. Ol gije tä daň atýança ylgadym. Ertesi jahan ýagtylansoň seretsem, töwerek uç-gyraksyz çä-gelik, odun-çöpden başga oba-garanyň, suwuň, haýwanyň ady-so¬ry ýokdy. Açlykdan we teşnelikden ýaňa ysgyn-rowgatdan gaçdym. Gün gyzdyryp başlaýança ýöredim, ýöne teşnelik ba¬şym¬dan bela bolup indi, hereket etmäge ysgyn-rowgatym galmandy, ýere ýazylyp gitdim we ölüp galmakdan başga çäre görmedim. Öz ýanymdan şeýle netijä geldim, ýagny maňa peý¬da berip biljek zat galmady, diňe öläýmeli. Soň kelläme şeýle bir pikir geldi, iň beýik depäniň üstünden özüme bir pena edineýin, şol beýikden sähra seredip ýatsam, belki, oba, suw, ýa-da bir arabyň, ýa türkmeniň öýi görner. Maksatdan ýokary, ýöne näme etjek? Men depäniň üstünde çuň çukur gazdym, birden öläýsem, ýyrtyjy haýwanlar etimi çekeläp durmazlar ýaly, töweregimi ot-çöp bilen berkitdim we ajala kaýyl bolup ýatdym.
Soňra beýik bir depä gözüm düşdi. Azap bilen özümi şol depä atdym we sähra seredip ýatdym. Uzakdan gözüme bir ga-ra göründi, siňe seretsem, ol gök öwüsýän eken. Ýüregim bir-neme kuwwatlandy. Öz ýanymdan: «Her ýerde gök öwüs¬ýän zat bolsa, suw bolmaly, suw bar ýerinde hem adam bol¬ma¬ly» diýen pikir kelläme geldi. Ol ýere baramda, bir bölek takyr ýer bar eken, bir dury çeşme bolsa atylyp çykyp dur eken, çeşmä-niň töwereginde gök otlar al-ýaşyl öwsüp otyrdy. Men ol ýere baryp suwdan gandym, täret kyldym we iki rekat namaz okap, Hak Tagala we Subhana şirin janymy gaýdyp berenine şükrana sejde etdim. Soňra öz ýanymdan şeýle netijä geldim: «Şu ýer-den hiç ýere gitmeli däl-de, şu ýerde galmaly, bu ýere suw al¬ma¬ga adam geler, gelmäýende-de bir gije-gündiz şu ýerde bola¬ýyn. Hernäme bolanda-da biraz dynç alaýyn, soňra öz ug¬ru¬ma gidibererin-dä. Ot-çöpleriň kökünden birneme garban¬dym we ol çeşmeden daşlaşyp, depäniň üstündäki penama özümi atdym. Ol ýerde ot-çöp bilen töweregimi berkişdirdim we hiç kim meni görmez ýaly etdim. Men ot-çöpüň arasyndan çar töweregi syn edip, bir hudaýsyz ýa-da ýyrtyjy haýwan gelip, meni heläk etmäwersin diýip, dileg edip ýatyrdym. Ot-çöpüň arasynda bukulyp ýatyşyma gün ýaşar wagty bolupdyr. Gün ýaşar-ýaşardy, uzakdan, çölüň içinde bir gara gözüm kaklyşdy. Ol suwa tarap gelýärdi. Golaý gelensoň, men onuň adam¬dygyny gördüm. Öz ýanymdan «Allahu ekber» diýdim. Me¬niň halas bolmagyma umyt yşy açyldy. Haçan-da ol go¬laýyma gelende, onuň kaddy-kamaty belent, ak ýüzli, peşeneli, gözleri röwşen, göbegine çenli sakgaly ýapyp duran, başyna sopy kulahyny (telpegini) geýen, hasasy we kündügi elinde, na¬mazlygy egninde, aýagy örme köwüşli nazarkerde ýaşulu¬dy¬gyny gördüm. Onuň ýüzünden-gözünden nur ýagyp durdy. Ol su¬wuň gyrasyna gelip, namazlygyny ýazdy we kündügini suw¬dan doldurdy, soňra depeden aşyp, synja kyldy, soňra çeşmäniň gyrasynda oturyp, sopularyňky ýaly täret kyldy, sakgalyny da¬rady we namaza başlady. Sünnetini okady, kamat çekdi we na¬ma¬zyň parzyny okap, ýerinden turdy, namazlygyny egnine at¬dy, hasasyny we kündügini eline alyp, ymgyr çöle tarap ugra¬dy. Ol gözden ýitip gidýänçä näme edip, näme goýýanymy bil¬me¬dim. Men onuň haýbatly göwresine, güler ýüzüne, salykatly tagat edişine haýranlar galdym.
Ol gözümden ýitenden soň, özüme geldim. Öz eden işime ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Meniň Hudaýdan gije-gündiz dilänim hem şu eýmenç çölüstandan sag-aman gutarar ýaly dindar, dogruçyl, salyhatly, dünýä ondan şepagat tapýan, adamlary dogry ýola gönükdirýän, hakykaty salgy berýän adamdy. Allatagala şeýle adama duçar hem etdi welin, ondan-da gapyl galdym, ol bolsa öz ugruna gitdi. Men muňa ökünip, aňyrsyna ýetip bilmedim. Soňra ökünçden peýda bolmajakdy-gyna gözüm ýetenden soň, diňe sabyr edip, garaşmakdan başga çäräniň ýokdugyna gözüm ýetdi. Belki, ol şu gün, şu agşam ýa-da ertir bir ýerden gara berer we meni halas eder. Haçan-da ikindi namazy golaýlaşanda, uzakdan şol gara ýene-de göze kaklyşdy. «Şol adamdyr» diýip, ýüregim bilen begenýärdim, go¬laý gelende görsem, dogrudan-da şol adam eken. Ol öňki gezekdäki ýaly, namazlygyny goýup, täzeden täret kyldy we na¬maza başlady. Ikindi namazynyň sünnetini okandan soň, kamat çekdi we parz namazyny okamaga başlady. Men bu gezek ýüzümi beke tutup, üýşmek ot-çöpüň içinden çykyp, depeden aşak inip, onuň yzynda oturdym. Ol iki egnine salam berenden we doga okandan soň turup gitmekçi boldy. Ol ýerin¬den gobsunandan, men onuň donunyň synyndan ýapyşyp: «Eý, şyh, Taňrynyň haky üçin meniň dadyma ýetiş. Aslym nyşa¬purly, kerwen bilen Buhara söwda barýardym, kerwenden aza¬şyp, ýolumy ýitirip, entäp ýörenime iki gün boldy, kerwen bol¬sa gidipdir. Men bu çölüstanda ýalňyz galyp, ugrumy ýitirdim» diýdim. Ol bir dem aşak egildi-de, başyny galdyrdy, soňra ýerin¬den turup, elimden tutdy. Bir seretsem, çölüstandan bir ýol¬bars onuň ýanyna gelip, hyzmata garaşyp dur. Ol agzyny şi¬riň gulagyna goýup, oňa bir zatlar diýdi. Soňra meni onuň üstüne mündürip, onuň uzyn ýallaryny elime tutduryp, maňa şeýle diýdi: «Aýaklaryňy onuň garnynyň aşagynda gysyp sak¬la, gözüňi ýum-da, berk ýapyşyp otur. Ol durandan soň gözüňi aç, ondan ýere düş-de, şiriň ýüzi haýsy ugra bolsa, şol tarapa gidiber» diýdi. Men gözümi açamokdym, şiriň bolsa şol gidip oturyşydy. Bir sagatdan soň ýolbars saklandy, men onuň üs-tünden düşenimden soň, gözümi açdym. Şir öz ugruna gitdi. Men hem şol ugur boýunça birnäçe ädim edenimden, ýük ýaz-dyryp, düşläp oturan kerweni gördüm. Olary görenime örän be¬gen¬dim, olaryň hem begençleriniň çägi ýokdy. Olar bilen Bu¬hara baryp, elten zatlarymyzy satyşdyrdyk we ummasyz peýda gördük. Soňra Nyşapurda satyp, peýda görüp bolaýjak zatlary alyp, yzymyza dolandyk. Nyşapura dolanyp gelenimden soň ýü¬regim ynjaldy, ýene-de dükan açyp, halwa satmak bilen meşgullanyp başladym. Şeýdip, tirkeşip, ýyllar yzyna ýyllar geçdi. Bir gün Adana Kuýan köçesine ýolum düşdi. Hanakanyň agzynda toplanyşyp duran jemendäni görüp: «Bu ýerde näme bolýar?» diýip soradym. Olar: «Mäneden şyh Abylhaýyr di¬ýilýän gelipdir. Onuň yzyna eýerýän sopulary köp we şyh ke¬ramat eýesi adam. Ol şu hanakada düşledi we şu gün mejlis gurnap, ilata wagyz-nesihat etmekçi» diýdiler. Men hem öz ýanymdan «Men hem girip, şyhyň nähili adamdygyny göreýin» diýip pikir etdim. Hanaka giräýen ýerimde bir sütün bardy. Ol tutynyň ýakynyndady. Men dik durdum, ol bolsa sekiniň üs¬tünde söz sözleýärdi. Men oňa seredenimden çölüstanda ug¬rumy ýitirip ýörkäm, meni şire mündüren adamdygyny şol ba¬da tanadym. Ol başga tarapa seredip, söz sözleýärdi. Soňra ma¬ňa tarap seredip, şeýle diýdi:

Eşitmänmidiň, weýranada göreniň,
Abadan şäherde aýdylmaýanyn.

Men bu sözi eşidenimden gygyryp, özümden gidipdirin we birnäçe wagt huşsuz ýatypdyryn. Şyh sözüni soňlandan soň, mej¬lis gutardy. Men özüme gelenimde, mejlis tamamlanyp, adamlar dargaşan eken. Bir derwüş gapdalymda, kellämi dy-zy¬nyň üstüne goýup oturan eken. Ol derwüş: «Seni şyh ýanyna ça¬gyrýar» diýdi. Men şyhyň ýanyna baranymdan, onuň aýa¬gyna ýykyldym, aýaklaryny öpdüm. Ol meni hoşamaý garşy¬lady we maňa teperrik berdi. Soňra Hasan Mueddeb meniň halwaçy lybasymy çykaryp, başga geýim geýdirdi, içi şekerli tabagy bolsa elime berip, şeýle diýdi: «Muny çagalaryňa eltip ber, ýöne biziň aramyzda bolup geçen wakany dirikäm hiç haçan, hiç kime aýtmajagyňa söz ber». Men şyha söz berdim we şyh aýatda dirikä bu syry hiç kimiň ýanynda açmadym, pa¬nydan bakyýete geçenden soň bolsa, saňa gürrüň edip berýärin» diýdi.

On ýedinji hekaýat

Nyşapurda Işi Nili atly bir zenan ýaşap geçipdir. Bu takwa, hudaýhon aýal Nyşapuryň atly-abraýly maşgalalaryndandy we at-owazasy bütin şähere ýaýrapdy. Ol kyrk ýyl bäri öz how¬lusyndan daşyna çykman oňupdy, hatda onuň öýünden çykyp, hammama barýanyny hem gören ýokdy. Onuň öýünde bir ene¬kesi bolup, ol zenana hyzmat edipdir. Haçan-da biziň şyhymyz (Alla onuň ruhuny eziz tutsun!) Nyşapura gelende: «Mäneden bir şyh gelipdir, ol mejlis gurap, öz keramatyny äşgär gör¬kez¬ýär, kimiň kalbynda bir düşnüksizlik dörese, ol diliňi ýar¬ma¬kaň, seniň pikiriň jogabyny aýdýar» diýen gürrüň bada-bat şähere doldy. Bir gün Işi Nili öz enekesine şeýle diýen: «Sen tur-da, şyhyň mejlisine bar, onuň aýdýan zatlaryny ýadyňdan çykarman gel-de, maňa jikme-jik gürrüň ber». Eneke şyhyň mej¬lisine baran, ýöne şyhyň hemme aýdan zatlaryny ýatda saklap bilmändir we düşünmändir. Şyh şeýle beýt aýdan:

Meniň bir ýarym dangim bardy, hepbesi kem,
Iki pygamberlik küýze aldym, bir bölegi kem,
Meniň barbatymda ses ýok, seda ýok,
Haçana çenli galandarlar köçesinde gamly gezmeli.

Eneke öýe gelenden, Işi Nili ondan: «Şyh näme diýdi?» di-ýip soran. Ol hem ýat tutanja ýokarky setirlerini aýdyp beren. Işi oňa «Tur-da, agzyňy çaýkap gel. Munyň danalaryň ýa-da tak¬walaryň aýtjak sözleri däl» diýen. Eneke turup, agzyny ýuwup gelipdir.
Işiniň bar işi-pişesi gözagyry dermanyny ýasap, dertlilere bermek eken. Ol bir gije basyrganyp, düýşünde eýmenç bir za-dy görýär. Ukudan hopugyp tursa, Işiniň iki gözi hem agyrýan eken. Oňa nähili däri-derman etse-de, peýda bermändir. Ähli te¬bipler ýygnanyşyp, şypa etjek bolsalar-da, peýdasy deg¬män-dir. Ol derde çydaman, ýigrimi gije-gündizi uwlap geçipdir. Bir gi¬je düýşüne biri girip: «Gözagyryňdan dynmak isleseň, Mä¬neli şyhyň razylygyny al-da, göwnüni hoş et» diýen.
Ertesi gün Işi Nili aklyk üçin müň dirhemi ýaglyga düwüp, enekesine berýär we oňa şeýle diýýär: «Sen muny şyhyň ýany¬na alyp bar». Ol kümüş pullary şyhyň ýanynda goýýar. Şyhyň şeýle bir endigi bolup, her mejlisi tamamlanda, müritler bir bölek gury çörek bilen myswagy getirip, onuň ýanynda goýar ekenler. Şyh şol nany iýip, dişlerini arassalapdyr. Şyh dişini arassalap otyrka, eneke kümüş pullary onuň ýanynda goýýar. Eneke ýerinden turjak bolup gobsunandan, şyh oňa şeýle diý¬ýär: «Bu myswagy al we hanymyňa aýt, ol bu myswagy suwa çaýkasyn we onuň suwuna gözlerini ýuwsun, şeýtse, onuň daş¬ky dünýäni görýän gözi açylar we oňa aýt, ýüreginden betgü¬manlygy çykarsa, kalbynyň gözi hem şypa tapar».
Eneke gelip, Işi Nilä bolan zatlary ýekän-ýekän gürrüň ber¬ýär. Işi myswagy alyp, suwda çaýkaýar we şol suw bilen göz¬lerini ýuwýar. Ol şolbada şypa tapyp, gözleri röwşen bolýar. Ertesi ol irden turup, ähli lagly-jowahyrlaryny, gymmatbaha ge¬ýim-gejimlerini alyp, şyhyň ýanyna getirýär we şeýle diýýär: «Eý, şyh, eden işlerime toba etdim, betgümanlygy ýüregimden sogrup aýyrdym». Şyh şonda: «Mübärek bolsun, ony Abu Ta¬hyryň ejesiniň ýanyna eltiň, goý, oňa hyrka geýdirsin» diýen. Şyh: «Sen şu ýolda hyzmat et, iki dünýäde-de eziz görlersiň» diýýär. Işi Nili şyhyň diýşi ýaly, baryp hyrka geýdi we bularyň hyzmatyny edip başlady, köşgüni we ähli baýlygyny derwüş¬leriň ýoluna sadaka berdi we belent derejä ýetip, Nyşapur sopularynyň ýolbaşçysy boldy.

On sekizinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, ussat Ymamyň biziň şyhymyz bilen ylalaşmaýan zady, ony inkär edýän zady biziň şyhymyzyň se-masy bolupdyr we ussat Ymam sema ynanmandyr. Bir gezek ussat Ymam şyhyň hanakasynyň golaýyndan geçip barýarka, so¬pular sema edýärdiler, olaryň keýpleri kökdi, olar özlerini aýratyn bir keramatly ýagdaýda görüp, raks oýnaýardylar. Şyh hem şolaryň arasyndady. Ussat Ymam şol tarapa seredenden: «Mezhepde raks edip, döwre gurap aýlanýanlaryň güwäligi ka¬bul edilmeýär, çünki ol adalaty batyl edýär» diýen pikir kel¬lesine gelýär, ýöne hiç zat diýmän geçip gidýär. Ertesi şyhy çagyryp, bir ýere alyp barýarkalar, uly ýoluň çatrygynda biri-birleri bilen duşuşýarlar. Olar salamlaşanlaryndan soň, şyh: «Haçan siz biziň şaýatlaryň arasynda oturyp, güwälik bere¬ni-mizi gördüňiz?» diýen. Ussat Ymam bu sözüň düýn geçip bar-ýarka köňlüne gelen betgümanlygynyň jogabydygyna gözi ýet¬di we kalbyndan müňkürligi aýryp taşlady.

On dokuzynjy hekaýat

Ussat Ymam bilen biziň şyhymyzyň arasyndan betgü¬man-lyk aýrylan gününiň ertesi, ussat Ymam şyhymyzyň hanaka-synyň ýanyndan geçip barýarka, şyhyň görkezmesi boýunça şowhun bilen sema edýär ekenler we şonda aýdyjy aşakdaky beýti aýdypdyr:

Senem üçin gäwür bolsaň ne arman,
Gäwür bolýançaň, senem saňa ýar bolmaz.

Ussat Ymamyň kalbynda bu setirleriň manysyndan müň-kür¬lik peýda boldy. Ol öz ýanyndan: «Şyhyň beýleki setirlerine tefsir berip bolsa-da, bu setirleri hiç hili düşündirip bolmasa gerek» diýen netijä gelýär we muňa şyhyň şatlanyşyna geň galýar. Ol hiç zat diýmän geçip gitse-de, ýüreginde müňkürlik ýene-de kök urup başlady. Şol günüň ertesi ussat Ymam şyhyň ýanyna gelip oturandan, şyh ussada öwrülip, şeýle diýen:

Senem üçin gäwür bolsaň aýp bolmazmy?
Gäwür bolýançaň, senem seni söýüp bilmez.

Bu beýtiň düşündirişi, ondan gelip çykýan pikir şeýleräk manyda: «Bir senem üçin butparaz – gäwür bolmak aýyp däl-midir, ýöne gäwüre öwrülýänçäň, senem seniň söýgüliň bolup bilmez». Şygryň çeper we ruhy aňlatmalaryny tirmäge ussat bolan Ymam ýokarky beýt barada köp pikirlendi, ýöne ondan gelip çykýan çözgüdi şyhyň özi beýti başgarak äheňde oka-ýança çözüp bilmedi. Ol beýti şyh okandan soň ylalaşdy, şeýle semanyň zerurlygyna göz ýetirdi. Ol öz içinden şyhyň hiç bir hereketine betgümanlyk etmejekdigine söz berdi. Şondan soň şyh bilen onuň arasy has-da ýygjamlaşdy we her gün biri-biriniňkä gelip durdular.

Ýigriminji hekaýat

Pir Ahmet ussat Ymamyň kätibidi we uly abraýdan peýda-lanýardy. Onuň aýtmagyna görä, bir säher wagty ussat Yma-myň ogul perzendi dünýä indi. Ussada ilden öňürti habar ber-diler. Bu barada şindiz şondan başga bilýän adam ýokdy we ussat heniz bäbege at dakyp ýetişmändi. Şol wagt bosagadan bir adamyň eli göründi. Ussat Ymam şol bada: «Şyh Abu Se-ýitdir, işigi açyň» diýdi. Şyh içerik girip, ymama şeýle diýdi: «Siziň gul tapanyňyzy bize habar berdiler we oňa at dakmagy bize ynandylar». Oňa şyh Abu Seýit at goýdy we şonuň hor-matyna ussat Ymam üç gün toý berdi. Ussat Ymamyň körekeni Hoja Omary barly adamdy we kyrk gün adamlara elinden gelenini edip toý berdi
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 50 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Muhammet ibn Münewwer Meýheni | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203