Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:29
Maýyp
MAÝYP

Ol doguldy we ulaldy. Dogulmak bilen ulalmagyň arasyndaky çagalyk wagtlary hakda onuň ýatlasam gelenokdy. Ýatlasa diňe kakasy göz öňüne gelýärdi. Ýogsa-da onuň bu gün kakasy aýryldy. Mähelle üýşdi öýüne. Perzent hökmünde kakasynyň baş ujuna geçip aglamalydy welin ol jaýyň bir burçuna geçip otyrdy. Şol jaýyň şol burçy, hemişeki gizlenilýän burç. Göýa ol burç ony ähli howp-hatardan goraýan ýalydy. Näçe daňlar agarypdy ol burçda. Kakasynyň aýlyganç sesinden gorkup, ejesiniň yzyny üzmän, gygryp aglaýyşlaryndan gaçyp sygynylýan ýerdi ol ýer. Bu gün kakasy şol jaýda, şol ýatýan ýerinde ýene ýatyr. Onda bolsa şol çagalykdan galan gorky bar. Kakasynyň ýanyna barsa ýene ony elinden tutup süýräp zyňaýjak ýalydy.
Tabydy galdyrmalydy. Ýöne hiç kim el urasy gelenok. Ol pikirlerinden daşlaşyp töweregine göz aýlady. Biri kellesi bilen ümlese, beýlekisi göz-gaşy
bilen ümleýär. Biri-birine salyşyp durlar. Şol wagt ejesi:
---Ölýänçä-hä süýrediňiz, indi tabyt götermäge gezek gelende bir-biriňize salýaňyzmy?
---Bagyşlaň ýeňňe – diýip gapdalda duranlaryň biri tabyda tarap ýöredi. Ondan soň ýene ik-üç sany adamlaryň hersi bir tarapyndan tutup tabydy galdyrdylar.
Tabyt galdy, ol bolsa tabydy galdyran adamlara seredip ýene oýlandy.. Hawa, bular şol adamlar. Kakasy lul-gammar serhoş bolan wagty şol
adamlar getirýädi öýüne. Bu gün ýene şolar iň soňky ýola alyp barýar. Täsin dünýe...
Ses etdiler...
---Waý, doganjygym gitd-ä-ä-ä...
---Waý, arkamyň dagy gitd-ä-ä-ä...
---Waý, oglum, söýenjim, daýanjym gitd-ä-ä-ä...
Tabyt salynan ulag ýuwaşyk bilen gözden ýitdi. Sesler bolsa heniz ýatanok. Garry enesi henizem: “Wah, oglum gitd-ä-ä-ä, söýenjimdi, daýanjymdy” diýip ses edip aglaýady. “Özüni söýäp bilmeýän adam seni nädip söýesin ene?! Özün dälmi: “Ölmedem, dynmadymam” diýip ýören?!” diýesi geldi. Ýöne dymdy. Şol wagt:
---A, gyz ataň öldi, ataň. Nä ýedi ýadyň aýadyna geldiňmi? Ýalandan bolsa-da aglan bolarlar. Eý heleý, gyza nähili terbiýe berdiň sen? – diýip kakasynyň
aýal dogany gygyrmaga durdy. Ol sesini çykarmady, özüne diýilmeýän ýaly äwmezçilik etdi.
---Gyz meňki, nähili terbiýelejegimi senden soramaryn. Çagada ýürek goýduňyzmy gyýylyp aglar ýaly. Çagalykdan görýäni uruş, taýak, sögünç. Mähir görüpdirmi çagam. Ne il hatary okuw okady, ne il hatary garny doýdy çagamyň. Ne il hatary geýim geýdi. Atasy tapanyny serhoşlardan geçirdi. Iller bir manat tapsa öýüne elter. Ol tapanyny köça taşlady. Humar oýnady. Kim gürlese-de sen gürleme – diýip ejesi içigip-içigip aglady.
Ol bolsa henizem pikirlenýär, çagalygyny ýatlaýar. Hawa ol
çagalygyny ýatlaýar eger oňa çagalyk diýip bolýan bolsa. Iller çagalygyny ýatlasa ilkinji geýen köýnegini, ilkinji geýen köwşüni ýa-da ilkinji oýnan oýunjagyny ýatlar. Ýa bolmasa-da ilkinji mekdebe baryşy, ejesi, kakasy bilen gezelenje
giden ýerlerini ýatlar. Ol bolsa daýzasynyň gyzynyň geýýän köwüşleri könelensoň şolary iki gat jorap bilen geýişi, özüne uly bolan eşikleriň ýeňlerini çermäp geýişi göz öňüne geldi. Şonda-da ol mekdebe barýanyna begenýädi. Sebäbi diňe şol ýerde ol özüni arkaýyn duýýardy. Onuň çagalygyndaky iň gowy pursatlary diňe şol kiçijek oba mekdebinde bolupdy. Oňa mugallymlaryň öwgüli sözleri, alýan oňat bahalary teselli berýärdi.
Mähelle dargady. Ol bolsa henizem şol ýerde, henizem geçmişinden çykyp bilenok. Bir tarapdan özüniň aglap bilmän oturşuna gahary gelýädi.
Dogry-da, kakasy aradan çykarda haýsy gyz perzent aglaman durar?! Birdenem mugallymynyň: “Maýyplyk diňe beden taýdan bolmaýa. Ruhy maýyplyk hem bolup biler. Ýüreginde duýgusy ýok adamyň maýypdan tapawudy ýok.” diýen sözleri ýadyna düşdi. Ol özüniň name üçin aglap bilmän oturanyna göz ýetirdi. Ýüreginde hiç hili duýgy galmadygyna düşündi. Ol çaga bolmady, ullakan çaga boldy. Özi sagdyn emma ruhy maýyp çaga boldy. Ýeri, onuň günäsi näme?!

© Aýsapar EMELOWA.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: ssaparay | Teg: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Nurdаn • 23:16, 06.12.2022
Aýsapar, Sizi saýtda hoş gördük, eserlerñizi arkayyn paýlaşyp bilersiñiz, awtorlarda öñem zatlaryñyz bardyr, tegda at, familiýañyzy ýazsañyz öz faýlyñyza düśer,
avatar
0
2 ssaparay • 00:36, 07.12.2022
Sagboluň! Minnetdar!
avatar
0
3 Мango • 07:02, 07.12.2022
gowy hekaýa (wakalar gowy däl).
ors dilinde мужской, женский род bar bolany üçin, gürrüň kim barada gidýänini bilsebolýar.
türkmen dilinde beýle zat bolmany üçin, okapbaşlanymdan ol çaga oglanjykdyr öýtdüm, soň bilip galdym gyzjagazdygyny.
trawma gören çaga... soňam, ulanansoňam o şikesibildirip durýandyr. özüne kem baha garaýandyr...
gynandym. 
maşgala diýen zat nähili gymmatly. o maşgalanydowzaha öwürseler welin, nähili aýylganç.
hekaýa barada. ýadatman okadyp bilýär...
umuman berekella. ssaparay hem Aýsaparyň özibolmaly.
başga-da eserlerini okadar tamamyz bar.
avatar
0
4 Pero • 08:31, 07.12.2022
Agyr tema...juda...gynansagam beýle dowzahy durmuş hekaýatlary gaty kän. Şeýle zatlary häli-şindi daş-töweregimizde görüp,eşidip duranlygymyz üçindir-dä bir gyz gelnanjy görse:"Ana,ýene bir gyz öldi" diýip uludan dem alardy kä wagt bolsa gözleri dolardy. Günlerde bir gün özi durmuşa çykdy. Gelnanjyda "Bu gün meniñ ölýän günüm." diýip aglady. Ýogsa gürleşip-halaşyp barypdy. Emma onuñ bagty getiripdir. Öz aýdyşy ýaly ol indi gaty bagtly zenan...
Aýsapar,gysby hekaýa bolsa-da durmuşyñ ajy hekaýatlarynyñ bir pursadyny hakyky suratlandyrypsyñ. Dowam et!
avatar
1
5 Bagabat • 10:10, 07.12.2022
Hekaýa gowy. Mazmuny, ideýasy, sýužeti.
Tehnikasyny, ýagny sözlemlerini syntgylamaly:
"Ol doguldy we ulaldy" - "we" çeper eserde laýyjak ýerinde ulanylmasa, çeperçiligi resmilige öwürýän ýaly.
Meň pikirimçe, ilkinji jümläň has täsirli bolmagy üçin: "Ol doguldy-da, ulaldy" diýen görnüşde goýsaň, has özüneçekiji bolaýjak ýaly.
Onsoň: "Dogulmak bilen ulalmagyň arasyndaky çagalyk wagtlary hakda onuň ýatlasam gelenokdy" diýen sözlem bolup biler, mysal üçin: "Dogulmak bilen ulalmagyň arasyny ýadyna-da salasy gelenok". Sözlemi öten zaman işlikleşdirýän "dy" goşulmasy, kyssa beýan edişiniň çeperçiligine zeper ýetirýär (meniň pikirimçe :-)).
"Ýatlasa diňe kakasy göz öňüne gelýärdi" diýen sözlemde-de "di"-ni aýyrsaň şap bolaýjak ýaly.
Yzyndaky sözlem: "Ýogsa-da onuň bu gün kakasy aýryldy". Bet. Bu sözlemiň "ýogsa-da"-sy üýtgeşik bolupdyr. Gahrymanyň "kakasy aýrylýar". Kyssaçy (awtor) bolsa şo heýhatly wakany "ýogsa-da" diýýär-de "между прочим"-e öwürýär. Bu ýogsa-da hekaýaň gahrymanynyň öz başyndan geçýän wakalara bolan duýgularynyň leýtmotiwi. Şo "ýogsa-da" tutuş kyssaň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Brawo!

Käbir harp ýalňyşlyklary bar eken:
1. aýlyganç - aýylganç;
2. gygryp - gygyryp;
3. lul-gammar serhoş - lül, onsoňam "lül-gammarlyk" serhoşlugy aňladýar. Şoň üçinem bu ýerde iki gezek "serhoş serhoş" diýen ýaly bolupdyr. Elbetde jümläň (frazaň) täsirliligini has ýitileşdirmek üçin şol bir many aňladýan sinonimleri bir ýerde yzly-yzyna ulanmak, öňdenem peýdalanylýan çeperleşdiriş usuly. Ýöne munuň ýaly çeperçilik usuly sýužetiň has dramatiki sahnalarynda ulanylsa ýerine düşýär diýip pikir edýärin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203