Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:37
Gündeligimdäki ýazgylardan...
GÜNDELIGIMDÄKI ÝAZGYLARDAN...

Eger Kakaň bar bolsa hatyrjemsiň dostum! Aladaň ýokdur! Gaýgyň ýokdur!
Ejeňi, doganlaryňy alada edýän dälsiň! Sebäbi Kakaň bar!
Käte oňa meňzäsiň geler, käte ylalaşmarsyň. Öz pikirleriňi dogry hasaplarsyň. Kakaň: "Şol ýoldan ýöre." diýer. Sen: "Ýok, meniň öz ýolum bar" diýersiň. Torbaňy arkalap öz ýoluň bilen gidersiň. Ol ýolda üstünlikler gazanarsyň, uly-uly ädimler ädersiň. Şowlulykdan başyň aýlanar, çişersiň, gompararsyň. Ýoluň soňunda welin Kakaň keşbini görersiň. Ädimleriňe seredersiň, olar seňki däldir. Olar bir wagt Kakaň äden ädimleri, sen olary diňeje yzarlanyňa göz ýetirersiň.
Kakaň: "Ine, şu dogry" diýer. Sen: "Ýok, meniň öz dogrularym bar" diýersiň. Öz dogrularyň bilen ýaşaýandyryn öýdersiň. Emma özüňi iň rahat duýýan ýeriň Kakaň dynç alyp oturýanja ýeri bolar.
Kakaň: "Maňa meňze!" diýer. Sen: "Ýok, men özüme meňzemek isleýärin" diýersiň. Özüňi gözlärsiň, gözlärsiň, gözlärsiň...
Gadyrly dostum, sen özüňe meňzemek isleýändigiň üçin Kakaňa meňzeýänsiň! Kakaň—sendir! Kakaňda taparsyň özüňi. Saňa bir hakykaty aýdaýyn dostum! Kakaň ölen güni açylar gözüň, oňa çenli körsüň!

***

Ynsan näşükürdir hemişe! Elindäkilere kanagat etmez, has gowusyny, has köpüni islär! Arzuwlary gymmatlydyr, ezizdir! Hemişe ýetip bilmedikleriniñ ugrundadyr! Şu wagt elinde bolan zatlaryñ, ýanyndakylaryñ gadry ýokdur! Bilenok olar! Şu wagt ýanynda bolanlaryñ hakyky dostlugyny, ýanyndaky zenanyñ hakyky söýgüsini, elindäkileriñ olar üçin iñ haýyrlysydygyny bilenoklar!
Ynsan hemişe depeden sereder! Özüni ähli zadyñ eýesi hasaplar! Gereksiz buýsanjy bardyr, wezipesine buýsanar, puluna buýsanar... Özi ýaly dälleri pes görer! Düýnüni unudar, ertirini görmez. Diñe şu günki güni bilen ýaşar! Ertir öljegini bilenok!
Bu däl-de... "Kaka" serialyndaky şu sözler hiç ýadymdan çykanok.
"Hiç haçan pikir etmedi ynsan ogly! Eger dünýä birine galmaly bolsa Süleýmana galardy, elleri açyk gitmedimi dünýäden?! Ölüm satyn alynýan bolsa Nemrut almazmydy?! Çykmadyk janlara dermandy, Lukman hekim ölmedimi?! Şonuñ üçin hiç gorkmadyk biz, umydymyz Alladandy. Dertlerimize: "Artyber!" diýdik, öñde-soñda geçmejekmi?! Zalymlara: "Güýçleniber!" diýdik, öñde-soñda ýykylmajakmy?! Bu şeýle bolupdy, bolaram! Ýagşylyk bilen ýamanlygyñ arasyndadyr bu dünýä, ýöne ýeri gezek gelende ýagşylygyñ tarapynda bolar!"

***

Meni tanaýañmy gadyrly dostum! Tanaýan bolsañ goşgularyma gabat gelensiñ, gaýybana tanaýansyñ. Meni has ýakyndan tanaýanlar (öñ tananlar) bilýändir meniñ nähili ynanjañdygymy. Durmuşdaky iñ uly kemçiligimem şu bolsa gerek-ynanjañlyk. Ýyllaryñ dowamynda ol ynanjañlyk öz ýerini ynamsyzlyga boşadyp berdi. Ynamsyzlyk güýçlendi mende. Adamlara ynanyp ýaşamaklyk mümkin däl derejä geldi. "Suwa söýenen ýaly" diýýärler-ä, ine şeýle adamlara duşanym üçin ynamsyz bolandyryn belki?! Soñky sapar haçan ýürekden gülenimem ýadyma düşenok. Ynsan birini barmagy bilen görkezip: "Ine meniñ iñ ýakyn dostum, joram" diýip bilmezmi? Ynsan: "Ine men şu adama ynanýaryn!" diýip bilmezmi? Ynsan syrlaryny paýlaşmak üçin el ýaly kagyzy saýlarmy? Jansyz, dilsiz depder ynsandan has ýakyn bolup bilermi bize?
Menden sorasalar: "Aýsapar, dostsuz, jorasyz, söýgüsiz, ýekelikde, diñe gündelik bilen syrlaşyp bütin ömür geçermi?" Geçer! Onda-da has ynamly ömür geçer! Bir gündelik ynsanyñ dosty, söýgülisi, jorasy bolup biler!
Görýäñizmi?! Bir bölek kagyza şunça many berer ýaly derejede ýalñyz men! Bir wagtky durmuşdan lezzet alyp ýaşaýan gyzyñ ýerine kim gelenini görýäñizmi?
Men aýby özümden gözleýän adam. Muñada özüm günäkär. Ynanmaly däldim! Şu wagt diñe ýalñyzlygym bar ýanymda. Ýabanylaşypdyryn!

***

Men bagtlydym! Dogry, söýgide bagtym çüwmese-de dostlukda bagtym çüwüpdi. Begenjimem, gynanjymam deň paýlaşýan dostum bolupdy! Näçe sany adamda beýle dost boldyka!! Ýok bolsa gerek, bolsa-da az-azdyr!
Alysdaky ýakyn dostum, syrdaşym! Meniň üçin kyn bolup görünýän ähli meseleleri bir agyz söz bilen çözüp bilýän gadyrly dostum! Seni ýygy-ýygdan ýatlaýan. Käte maslahatyňa mätäç bolýan. Jaň etjek bolýan. Ýöne ýene çekinýän. Näme üçinkä? Özümem bilemok. Kän wagt bäri gürleşmänimizemi bilemok aramyza sowuklyk düşen ýaly. Şu wagt jaň etsem "Kim sen? Tanamadym!" diýäýjek ýaly sen. Üýtgänsiň öýdýän! Ýöne seniň hyýalyň bilen gürleşýän käte. Biri göwnüme degse seniň "Gi-i-i-iň bol!" diýişiň ýadyma düşýäde uludan dem alanym bilmän galýan. Ýok, ýok, bu söýgi sözleri däl, bu dostluk sözleri. Sebäbi biz hiç wagt bir-birimize söýgi gözi bilen seretmedik, dostlugyň inçe çyzgysyny ätläp geçmedik. Diýýäler-ä "Gyz bilen oglan dost bolup bilenok" diýip. Biler! Ine biz dost bolupdyk!
Edil söýgiň ylahy duýgy boluşy ýaly, dostlugam bir ylahy duygy. Her kime nesip edenok. Maňa söýgi nesip etmese-de dostluk nesip edipdi. Gysga wagtam bolsa şeýle dostum bolanyna begenýän.
Ömürlik zat ýok! Ähli zat bir gün gelip gutarmaly ahyry! Biziňem dostlugymyz öz-özünden gutaraýdy öýdýän.
Janyň sagdygyny, arzuwlaryňa ýuwaş-ýuwaş ýetip barýanyňy bilýän. Sag-aman bol gadyrly DOSTUM! smile

***

Salam agzalar!
Psihologiýa bilen gyzyklanmagym şeýleräk bir testiň üstünden barmagyma sebäp boldy. Belki bilýänleriňizem bardyr. Siz bilen paýlaşmak isledim.
Netijeleri öňünden okasanyz testiň ähli gyzygy gaçar. Soraglara jogap berýän wagtyňyz jogaplaryňyzy bir kagyza bellik ediň.


Aşakdaky haýwan atlaryny özüňize görä yzygiderlikde goýuň!
1)Sygyr
2)Gaplaň
3)Goýun
4)At
5)Doňuz

Aşakdaky sözleri okanyňyzda ilkinji aklyňyza gelen pikiri sözüň deňine ýazyň!
1)It
2)Pişik
3)Syçan
4)Kofe
5)Deňiz

Aşakdaky reňkleri okanyňyzda ilkinji ýadyňyza düşen, siz üçin möhüm adamlaryň adyny ýazyň!
1)sary
2)mämişi (goýy sary reňk)
3)Gyzyl
4)Ak
5)Ýaşyl

Netijeler

1) Haýwanlary goýan yzygiderliligiňiz durmuşyňyzda nämeleriň ilkinji gelýänini aňladýar.

Sygyr — Karýera
Gaplaň — Buýsanç
Goyun — Söýgi
At — Maşgala
Doňuz — Pul

2) Her sözüň deňine ýazanyňyz häsiýetiňiz we içki dünýäňiz.

It — Öz häsiýetiňiz
Pişik — çagaňyzyň ýa-da ýoldaşyňyzyň häsiýeti.
Syçan — duşmanyňyzy suratlandyryşyňyz.
Kofe — söýgä garaýşyňyz
Deňiz — durmuşyňyz hakda.

3) Sary — henizem ýadyňdan çykmadyk biri.
Mämişi — Ýakyn we ynamly dost.
Gyzyl — Hakykatdan aşyk bolan ýa-da has gowy görýän ynsanyňyz.
Ak — Ruhy ekiziňiz
Ýaşyl — Hemişe ýanyňyzda boljak we sizi goldajak ynsan.

Bellik: Test diňe güýmenje üçindir!

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/user/ssaparay/news/. 03.12.2022ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 10:24, 04.12.2022
Geň. Aýsapar maňa hat ýazypdyr.
hatyňy giç aldym.
ýöne, aldym. Sag bol.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203