08:12 Meniň mähribanym hakda - I | |
MENIŇ MÄHRIBANYM HAKDA — I Ol şeýle owadan, ol şeýle eziz, Ol meň üçin iň mähriban dünýäde. Men oň bilen birligimi duýupdym, Heniz çaga ýüregimi diňlämde. Ulaldygymsaýy ýakynym saýyp, Ony hemmelerden tutdum ileri. Ol meniň ýüregim, ömrüm, ykbalym, Ol meniň ýanymda özüm bilelim. Ol hemişe saýlanyp dur hemmeden, Diýeni diňlenýän sözi rowandyr. Oň seri dumanly, sesi dogumly, Gadamy merdemsi, özi juwandyr. Gözleriňi sowup bolmaz gözeldir, Gözüň doýmaz, ezilse, ol ýagyşa. Onda doga keramat bar ezelden, Toba geler oň öňünde ýalňyşan. Göwni ýaly giňdir, onuň gujagam, Goýny göýä behişt ýaly sapadyr. Ol beýikdir, söýgi ýaly beýikdir, Oňa özüň kuwwat bergil, ýa, Kadyr! Ol döwletli, deprenmez baý, ol güýçli, Ruhy belent, emma Gün deý pespäldir. Ol jomart, ol sahy, tükenmez nurly, Ol hiç kesden öz mährini kesmändir. Oňa meňem baglanypdyr ýüregim, Badaşypdyr, oň bagryna bagrymam. Ol gündizler gerip maňa gujagyn, Gijelerne basýar meni bagryna. Oýalykda ol ömrümiň manysy, Uka batsam, bezegi ol düýşlermiň. Onsuz dünýe ýatan boşluk— manysyz. Goý, ol barha, barha, barha güýçlensin! Ol säherler oýarşy deý pyşyrdap, Pyşyrdap ukladar iňrik düşenden. Bendi bolup bagt tapan bir guş men, Onuň goýny — meniň dogduk düşelgäm. Söýýär meni aýasynda apalap, Ah, söýülmek — bu hakyky keýp, ine! Kalby rahat, demin alýar asuda, Menem ony söýüp ýörün keýpine. Maňa bagt bagş edýär barlygy, Menem oňa sowgat edýän ýylgyryş. Ol hemişe bütin dünýäň dilinde, Sizem ony tanaýaňyz, Siz — tanyş! Ol — damarda ganym, ol meniň janym! Ol — meniň buýsanjym, şöhratym-şanym! Ol — meniň mährine mährim gatanym — Ol — meniň Watanym! Türkmenistanym! 18-19.11.2004ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |