Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:51
Laçynyň sesi / goşgyň terjimehaly
ÜFLENEN ÝÜREK

Seň soraýan zadyň bu dünýede ýok.
Ýok indi meň birwagtky ýüregim.
Ýollapdym yzyňdan goşlaryn saňa,
Maňa bolsa haňlap ýatan ýüregim...

Arzuwlarmy, Şatlygymy, Bagtymy, ...
Diňe seniň Bagtyň üçin iberdim.
Söýgümi aýamyň üstünde goýup,
Üfläp goýberdim...

27.08.1998ý.

WAH ÝÜREJIK...

Wah, ýürejik ,
bilýän,
seň diýýäniň däl,
Arzuwlanyňam däl, küýsäniňem däl.
Men nädeýin, nädeýin- dä, geýim däl,
Biçäreýem, ýowuz meniň akylym.

Dogry,
dogry, saňa salynman sala...
Dönüklik ...
Karamlyk ...
Köşeşäý, janym!
Bolýar, akyl — zalym,
Bo:r, menem — zalym.
Sen ýöne mert bol, gaýrat et wara ...
Men bar-a, ýanyňda hemişe men bar.

30.04.2007ý.

ÝÜREJIK HAKDA

Eý, Ýaradan, men ýaradar,
Saňa birje sowalym bar:
Belent başym sämeden,
Meň ýüregim nämeden?!

Agaçdanmy ýa daşdanmy?
Demirdenmi ýa aýnadan?
Baý-baý, käte serimni ol
Aýnadar-ow, aýnadar.

Plassmasdanmy, matadanmy?
Rezindenmi ýa gardanmy?
Palçykdanmy?...
Hä-ä-ä, palçykdandyr.
Palçyk hem däl, gumdandänim
Ýasaýansyň tokgalapjyk.

Etden-ä däl, şon-a bilýän.
Ne ýigrenýär, ne-de söýýär.
Ne duýgy bar, oňluja.
Ne daşyny ýag tutýar oň,
Ne-de içi suwluja.

12.07.2008ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Bagabat • 14:25, 02.02.2023
Ýyllar şahyryň sesini üýtgedýärmi?
Ýa-da ýok?
Gyzykly.
avatar
0
2 Мango • 19:52, 02.02.2023
barysy 1998-de başlady: Söýgüsini aýasynyň üstünde goýup, "пашшолсанай" diýip üfläp goýberensoň ýürejigiň ugru bolmady.
19 ýyldan soňam 2007-de öz saýlanyna "seň diýýäniň däl" diýdiler. Köşeşdirmeleri birje ýyla çekdi.
1 ýyldan soň 2008-de ýene-de özini ýatlatdy. ýöne o ýürejik indi söýgüsiz, ýigrençsiz, garaz duýgusyz, daşy ýagsyz, içi suwsyz...
iň soňky habary alnandan, 2008-den bärem 14 ýyl-a geçdi...
şondan bäri habar hatyr ýokdur.
1998-de ýalňyşdy-da.
üfläp göýbermeli däldi-dä...
näme ideal zat barmy, ideal adam bolar ýaly...
oňuşybermeli...
avatar
0
3 Мango • 19:55, 02.02.2023
ýüregin-ä üýtgedipdir.
şol-a belli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203