Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:46
Gitmesene
GITMESENE

Gitmesene,
Gitseň onsoň bulutlary kim synlar,
Kim maňa düşündi:r ýagşyň aýdanyn,
Kim gapyp be:r tänip gaýdan ýapragy,
Kim tapyp be:r gijä galsam bahana,

Gitmesene,
Gitseň maňa kim düşündi:r söýgüni,
Gitseň kim meň kesä çeker aýdanym.
Kim ýetirer öwgimi,
Kim ýetirer aýdymym.

Sen bir gitme,
Gitseň onsoň kim diňlesin ýaňramda,
Kim sakyrdar meň bilen deň sakynman.
Kim gygyrşar jedelleşip meň bilen
Apbaýewiň sahypasy hakynda
Şo sahypa nämä gerek bolmanam?!

Gyw, durawer,
Gaharlansaň özüň bolýanyň bilmän,
Gaharlansaň hasam söýýänim bilmän,
Gidiberme.

Bilýäňmi özüň?!
Gitseň asman reňkin döker, dag çöker,
Umman çöker, galar hoňkaryp hana,
Çöller çöker, güller çöker dyzyna,
Gözýaş çöker ýüregime, eý janym!

Gitmesene, umytlarym ukladyp,
Saňa çaksyz ynanypdyr ýüregim…

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: BayramberdiGeldimyradov | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 02:13, 21.03.2023
ýyzzyllyk goşgy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203