Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:16
Mewlanadan hekaýalar

BIR HEKAÝA BAR

Bir adam Musa pygamberiñ ýanyna geldi :
- Eý Musa ! Saña haýyş, sen maña  bir doga et-de, men haýwanlaryñ diline düşüneýin we mundan özüme ders alyp has ýagşy adam bolup ýaşaýyn - diýdi.
Musa pygamber :
- Bar öz işiñ bilen bol, aşagyndan çykyp bilmejegiñ ýüki başyña alma. Bu wagtky ýagdaýyñ saña has haýyrlydyr. - diýdi.
Ýöne adam diñlemedi we özdiýenlilik edip :
- Eý Musa ! Haýyş edýän, iñ bolmanda gapymda ýatan Itim bilen horazmyñ diline düşüneýin," diýdi.
Musa pygamber bu adamy näçe jan etse-de, isleginden el çekdirip bilmedi. Adam özdiýenlik etdi. Ahyry soñunda Musa pygaber oña bir doga etdi. Adam begenip öýüne gaýtdy. Ertesi irden hyzmatkär saçagy ýazýan wagty, bir bölejik çörek ýere gaçdy. Horaz ylgap gelip muny iýdi. Itiñ bu ýagdaýa gahary gelip :
- Eý horaz señ pikriñçe bu edeniñ dogrymy ? Sen bugdaýam iýip bilersiñ, arpa-da. Hat-da Mekge dänesinem. Emma men çörekden başga zat iýip bilemok, näme üçin meñ nesibämi iýdiñ ?" diýdi.
Horaz jogap berdi :
" Dogry aýdýañ... Ýöne sen gynanma, ertir biziñ hojaýnymyzyñ eşegi öler, senem gowy garnyñy doýrarsyñ," diýdi.
Bularyñ gürrüñini diñlän adam, eşegi bazara äkidip satdy. Ertesi irden " Göreli hany horaz bilen it indi näme hakda gürleşerkä ?" diýip olaryñ ýanyna geldi.
It horaza sütem etýärdi :
" Hany bu gün eşek öljekdi ? Hany bu gün meñ garnym doýjakdy ?"
Horaz "Eşek elbetde öldi, ýöne başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony satdy. Emma hiç alada galma, sebäp ertir at öler. Senem has ulurak läşe eýe bolarsyñ," diýdi.
Bu sözleri eşider-eşitmez adam ýataga ylgady, aty bazara äkidip satdy.  Şadyýan ýagdaýda öýüne dolanyp gelýärkä içinden şeýle pikir etdi :
" Bu haýwanlaryñ dilini öwrenenim gowy boldy. Meni eslije zyýandan halas etdiler".
Ertesi irden ýene: " Indi näme gürleşerlerkä ?" diýip it bilen horazyñ ýanyna gitdi. It ýenede horaza sütem etýärdi :
" A how horaz, bu gezegem diýeniñ bolmady, ýa senem indi ýalan sözlemäne başladyñmy ?" diýdi.
Horaz " Ýok men ýalan sözlemedim, at ölmelidi... ýòne hojaýyn onam satdy. Sen şonna-da alada galma, ertir hojaýynyñ iñ gowy görýän guly ölmeli we patada hem naharlar bişirler, Şor suw paýlanar. Senem süñikden hezil edip garnyñy doýrarsyñ," diýdi.
Bu sözleri eşiden adam, gulyny bazara äkitdi we satdy. Yzyna dolanan wagty :
" Bu horaz bile itiñ dilini öwrenenim gaty gowy boldy. Gaty köp zyýandan sypdym," diýip pikir edip begenýärdi.
Ertesi gün ir bilen ýene it bilen horazyñ ýanyna ylagady. Ikisi ýene gürleşip durdylar. Itiñ bu gezek sabr käsesi dolupdy, horaza gaty gaharlydy :
" Eý ýalançy horaz, hany gul öljekdi we meniñ garnym doýjakdy ? Näçe gündir meni ýalanlaryñ bilen awundyrýañ !  Bu saña heý, gelişjek zatmy ?"
Horaz " Men ýalançy däl !" diýdi. " Gul öldi, emma bu ýerde däl-de, başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony hem satdy. Aslynda hiç oñarmady, beýle etmeli däldi. Sebäp gezek indi oñ özüne geldi: Birinji başda, bela-beter eşegiñ başyna geljekdi we hojaýnymyzdan sowuljakdy. Eşegi satan soñ, gezek ata geldi. Aty satan soñam, gula geldi. Guly satany üçin hem indi bela oñ öz başyna geljekdir. Gezek onda... Ertir hojaýynymyz öler, we şo sebäplem hemmämiziñ garny doýar," diýdi.
Bu sözleri eşiden adam aglady, urundy, kellesini daşlara urdy, ýöne eýýäm gaty giçdi...

# Kiçi wagtym Ala sygrymyzdan bolan, kiçi öküzçe bardy. Bir gün ýaramady we näçe dãri-derman edilse-de peýda bermändi. Irden turanymda ölendigini göripdim. Gynanypdym, ýöne kakam ýanyma gelip: "Boljak zatdyr ogul, başa geleni sowsyn" diýipdi. Bu söziñ manysyna bu hekaýadan soñ has aýdyñ düşündim...

© MEWLANA

Terjime : ©Öwezmyrat AŞYROW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Okayjy_ | Teg: Jelaleddin Rumy Möwlana | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Okayjy_ • 16:17, 10.08.2023
Surat näme üçin goýulmaýaka ?
avatar
1
2 Medicall • 07:33, 11.08.2023
Hekaýa-da, terjime-de gowy eken, ýöne harp ýalñyşlygy köp. Gözüme ilenini düzledim, indi bu posta ýerleşdirmänkäñizki öñki terjimäñiz bilen bu ýerdäkini deñeşdirseñiz harp ýalñyşlaryñyzy görersiñiz. Indikileñizde harp ýalñyş göýbermezlige çalyşarsyñyz diyip umyt edýäris.
avatar
0
3 Okayjy_ • 07:41, 11.08.2023
Biraz dürs ýazuwym pes ony bilýän :)

Nesip bolsa düzetjek bolarn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203