Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:05
Saýlanan rubagylar
SAÝLANAN RUBAGYLAR

Sözbaşy

Meniñ Möwlanam.
Möwlana Jelaleddin Rumy bilen baglanyşykly iñ kiçijik zatlaram (O barada asla kiçi zadam aýdylanok) göwnüme maña degişli ýalydy.
Hut şu sebäpden men ömrüm onuñ ömrüni yzarlamaga bagş etdim. Bu işde maña ilkinji ak pata beren Magtymguly adyndaky uniwersitetde okadan mugallymym,professor merhum Nazar Gullaýewdir. Kämillik ýaşyna ýetemde Möwlananyñ dünýäsini meniñ ömrümde açan ynsanlara sag bolsunmy aýdýaryn. Hem-de içi Möwlananyñ şuglasy bilen doly,belli türk edebiýatçysy, meniñ bu kitapdaky terjimelerimiñ agramly böleginiñ ýüküni öz egninde çeken türk dili mugallymym Zehra Ünsala hem-de Irfan Ünsala kitabyñ üsti bilen minnetdarlygymy bildirýärin. Kitabyñ bezeginde uly işler etmäge kömek eden meşhur suratkeş,Aýna Nuryýewa hem sagbolsun aýdýaryn. Aýratyn zähmetini gaýgyrmadyk mugallymym Zehra Unsalyñ bu işde maña beren kömeginden Alla razy bolsun!
Jemallar içinde bir jemal gördüm.
Özümiñ kimdigimi bilemok, nämedigimi bilemok. Men gelmezden öñem,men gelemsoñam,men gidenimden soñam dirilik äleminde gözlän zadyma Jelaleddin Rumynyñ ruhunda sataşdym. Bilmedim,beýik ulamanyñ ruhuna nähiliräk, näçeräk ýakynlaşdym,belki-de has bärden,onuñ dergähinde gurlan galany synlap durdum,bu zatlar belli däl. Ýöne bir zady bilýän,men oña aşyk boldum. Aşyklygyñ derejesi meniñ sizi okamaga çagyran kitabym. Beýik ulamanyñ bir sözi bar:
"Düşündirenleriñ derejesi düşünilenlerdir."
Men özümiñ düşünjämdäki zatlaryñ hemmesi uly ummanyndaky damja-da bolsa,susup alyp size ýetirmegi makul bildim.
Gündogaryñ "Gaýyp bolan Şemsi":"Adamlar men Möwlanany gördüm"siz nähili bagtly meni gördüñiz,siz Möwlanany göreni gördüñiz"diýip aýdýar. Adamlar, men Möwlanany okadym,adamlar siz nähili bagtly meniñ Möwlanadan okap syzdyklarymyñ ýazgysyny okaýarsyñyz, diýesim geldi. Ine,muny size kitabyñ başynda aýtdym.
Kitaby okap başlanyñyzda "Be,men haýsy älemiñ eline ýesir düşdümkäm?" diýip,pikir edersiñiz. Howlukmañ! Biraz wagt bar. Muny okap başlanyñyzdan soñ siz haýsy ýellere ýesir düşenligiñize göz ýetirersiñiz. Bu Möwlana yşgynyñ ýelleri. Siz ol ýellere ýesir düşdüñiz. Möwlanany görenler beýlekilere siz nähili bagtly, meni gördüñiz" diýýär ekenler. Menem häzir ýüregimiñ üstünde elimi goýup, men nähili bagtly Möwlanany okaýaryn, diýesim gelýär. Mähriban okujym sizem bu ýelleriñ içine çagyrýan. Yşgyñ ýoly gudrat. Ol ýolda bir-birine gowuşýan yşk ýelleriniñ aýazyndaky hatlary okamak biziñ paýymyza düşüpdir. Bu biziñ bagtly tarapymyz.
Möwlana hezretleri: "Keşbini görseñem,habaryñ ýok ylahyýetden,
Düri sadabyñ içinden çykar eger akylly bolsañ!" diýip ýazýar. Her bir ýazyjynyñ sadabyñ içinden bir hili dür çykaryşy bar. Bu her kime bir hili başardýar.
Men size başga bir dünýä çagyrýan,düşüñ yzyma. Gark boljak bolsañyz çagyryñ,gol bulañ! Biz gözlenilýänlerdendiris. Gözlenilýänler bolsa,gözleýänleriñ arasyndan Allanyn emri bilen çykar. Bu makul gürrüñ,ýör onda...

Dowamy bar...

Terjime eden: Oguljennet Bäşimowa
Üsküdar/Istanbul/Türkiýe
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 61 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Jelaleddin Rumy Möwlana | Рейтинг: 4.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203