Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:40
Öñküler ýaly
ÖÑKÜLER ÝALY

Göwünler ýognapdyr, inçelip hoş söz,
Salamy berlenok öñküler ýaly,
Ynansañ satýalar, barysy boş söz,
Geñem görülenok öñküler ýaly.

Gürletseñ namazly, täretli kişi,
Emma sabyrynyñ käsesi deşik,
Şeýtana uýallar, ýalan sözleşip,
Alla el serlenok öñküler ýaly.

Tagamyn datsañam, datmasañam bir,
Hak sözi aýtsañam, aýtmasañam bir,
Gümany öýtseñem, öýtmeseñem bir,
Namyssyz dymanok öñküler ýaly.

Gum ýaly seçýäler, zer ýaly wagty,
Puldan gözlenilýär, ömirlik bagty,
"Şükir şu günüme, geljegim ýagty!", -
- Neçün diýilenok öñküler ýaly.

Minnetli edilýän sogabyñ soñy,
Birahat edenok o dünýäñ gamy,
Gaýta, şygar edip hileli heñi,
Duýgyñ duýulanok öñküler ýaly.

Gije-gündiz diläp, iliñ saglygyn,
Indi bildim d:aş diýenmiñ daglygyn,
Tobam bagt, sabrym uly baýlygym,
Men gowsy dymaýyn öñküler ýaly...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 22:22, 18.12.2023
diýjegiňi diýp "men gowsy dymaýyn" diýen bolýaňmy Baýram däde?

ýöne täzeçeräk kaýinibem görsene.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202