12:30 Bu-da zeýrençmi? | |
BAHANA Bagt hakda gep açýarka özgeler, Biz şol bir gussany gujaklap ýörüs, Durmuş üstimizden gülýän deý, käşkä, Ýa-da biz böwrüni gyjyklap ýörüs. Özdiýenli, kejir, ketjal däldik biz, Ikimizem sadalygy söýerdik, Sen-ä şatlygyñy durmuşa berdiñ, Menem gussalarmy kinä öýerdim. Bir söz bilen ýazylýarka öýkämiz, Göwünleri aýna ýaly saýmadyk, Şonuñ üçin kalbymyzy gazdykda, Päk söýgüni diri halda jaýladyk. Onsañ senem, menem günämiz bilen, Özümizi aklamana çalyşdyk, Ne-hä ýol duşurdy, ne-de bir ýoda, Ýa çynlakaý görmezlige salyşdyk. Şeýdip tukatlyga hökümdar bolup, Sussypeslik bilen bakdyk jahana, Asyl höwes eken köseýän närse, ,,Söýýän" diýmekligem bize bahana... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |