21:03 Umytmyka şol?. | |
... Meni henizem yzgiderli itenekledip, iki golumdan tutup idip barmaklary gaty birahat edýärdi, asmandan käwagtjyk gaýyp düşýän ýagşyñ damjalary ýüzüme däl-de ýüregme damýan ýalydy, hamala dymyk howa hemem içgysgynç ümsümlik zeminiñ ýüzüni tutuşlygyna gurşap, ähli sütemleri bilen diñe meniñ üstüme sürünýärdi. Töwerek daşymda golumdan tutup idip barýan iki sany äpetden başga ne bir janly bardy ne-de bir jansyz, hat-da hiç bir ösümligem ýok, ýöreýän ýerlerim topragyñ üsti däldi, hut dumanyñ üstidi, çep golumdan tutup barýan äpet ,, Sen bileñokdyñmy bu ýerlerden aman sypmajagyñy..." Diýip hüñürdedi, soñam silteläp goýberdi, gözüme görünýän zatlaryñ içinde tozan bölejiklerinden başga hiçbir zady saýgaramokdym, ,,meni haýsy günäm, haýsy etmişim üçin äkidip barýarsyñyz?", diýip soradym, ýene çep tarapymdaky ,,haýsy birini eşdesiñ gelýär?, howlukma olary menden eşitmeseñem bolar" diýdi. Men näme üçin we nirä äkidilip barýanymdan bihabarlygym birýana, aç-suwsyzlykdan agramyny ýere sallap, süýrenip barýan bedenim birýanady. Meniñ üçin göýä bu ýoluñ soñy gelmejekdendi, sagy-soly, öñi-soñy görünmeýän ýerlerden ýöräp barýardym. Birdenkäde bir ak yşyk göründi, men birazajygam bolsa gujurlanan ýaly boldum, elim ýüpden boşana döndi, bir seretsem gapdalymda ýañky iki äpediñ birem ýok, bu nä gudrat boldy bilmedim, bir bilýänim ýañky ak yşyk meni yzyma getirdi we şeýle diýdi: ,, bu zatlar seniñ düýşiñ däl, sen hiç ýerede gitmediñ, emma bilip goý bir gün hakykatdanam gitjeksiñ, ol ikisi ýene-de seniñ ýanyñda bolar, ol gezekde öñüñden çykjak men bolmaryn...". ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |