07:37 Unudylanlar nirä gidýär? | |
UNUDULÝANLAR NIRÄ GIDÝÄR?/ Unudylanlar nirä gidýär? Ýatlananlar nireden gelýär? Ýaşamak diýip bir zat bar. "Mundan on ýyl öň bolsady..." hemme kişi gaýtlaýan söz bu. Diýmek ýaşaýan şu pursadyň gadryny bilmedikçe, hemme ynsanlar on ýyl soňra ýenede "Mundan on ýyl öň bolsady eh..." diýer. Öňümize bir seretsek. Arkamyza däl, edil şu wagt üstüne basyp duran ýerimize, wagtymyza. Soňra ýene "on ýyl öň bolsady"diýmez ýaly. **** Ýüz ýaşyna ýeten näçe ynsanlar geldi,geçdi bu dünýäden. Maňa aklyňda galan 4 adam aýdarmyň? Ýaşajyk ölen,öldürilen ýa-da özüni öldüren 50 adamy häziriň özünde aýdyp bilerin size... **** Dünýäniň nähili erbetleşip başlanyny düşündirmelimi çagalara, ýada bulary olardan gizlemelimi? Her iki ýagdaýda-da ýeňileris biz. Belki "Kim sebäpçi?" diýip soramazlar. Ýöne näme üçin? diýibem soramazlarmy... **** Ejesiniň garnynda ölen çagalary jeza öýünde ölen tussaglara meňzedýärin men. **** Maňa ýakyn geldiň diýdi, Söýdi. Maňa ýakyn geldiň diýdi Urdy. Atlaryny soradym. Adam diýdiler © Özdemir ASAF Ýazyjydan alan belliklerimden erkin terjime: © Abat AŞYRGELDIÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |