00:24 Tans | |
TANS Gussaly güýz, salyk ýüzi dostumyň, Men onuň halyna bilemok düşüp. Ýeri, boljak zady söýüber näme Ol gyzam başgadan däldir üýtgeşik. Baglarda hezil ýok, daglarda aýdym, Göýä ähli zatlar gussada ýaly, Birden penjiräniň öňünde bir gyz Tans etdi pyrlanyp salgym mysaly. Unudyp dostumyň berýän gürrüňin, Men penjirä ýiti-ýiti bakýaryn, Ady kimkä? Bu aýdyma şatlanyp, Näzi bilen gaşlaryny kakýanyň. Gözden geçip, baran wagty ýüregme, Gözlerim däl, kalbym sereden çagy, Dostum diýdi:”Goňşymyzyň gyzy bu, Hem biriniň gelejekki aýaly. Saklandym penjirä seredip müýnli, Bilip ýüregimiň agyr urýanyn, “Bolmajak zatlaram söýse bor” diýdim, Eger söýüp bolsa özgäň aýalyn. Hem içimden gaýtaladym ýüz gezek, Oýnasana adaty bolmadyk tansyň, Häzir maňa şundan uly lezzet ýok, Penjiräň yşygyna görnen bagtym. Pikirler Bu soluk pikirler gelipdir haçan? Haçan öňki arzuwlarym özgerer? Näbelli maksat çün tümlere gaçan, Ýagtylygam alyp gitdi özgeler. Seredip düşünmän logikasyna Tejribesiz kalbyň çekip yzasyn, Ýürek bilen gördüm, beýnide duýdum, Sesin birwagt unudylan ylahyň. Däl eken Gimolaý beýik depesi, Däl eken entekler aýtmadyk sözüm, Köne dünýäň garyşansoň nepesi, Ol-ylah, ol- söýgi, Ol meniň özüm. Netije Güýzüň gussa batan ýalňyz dünýäsin, Onuň ynjalyksyz gijesin diňläp, Hem eşidip ýagşyzadaň dogasyn, Söýgi hakda eser ýazypdym müňläp. Emma olar ne meniňki boldular, Ne başga birine beripdi karar, Öňdenem gowgasy ýetikkä dünýäň, Ýene bir gowgany etmezler ykrar. Meniň borjum Aglamagyň nämedigin bilmeýän, Ejesiniň gözýaşyny görmedik, Hatda, hudaýynam dogry söýmeýän, Bilermikä durmuş hakda öwredip. Menem eşidipdim dürli gepleri, Maňa-da agyrdy, maňa-da kyndy, Tekepbirlik ilkibada etmedi, Soň ähli gybatlar buýsançda dyndy. Diňe özüm üçin ýaşap bilemok, Mende bar zatlaryň bary meňki däl, Sebäp çyn aglasaň aglap bolanok, Ejizi beýle bir söýmeýär hudaý, Mertlerem beýle bir söýmeýär ykbal, A men adam bolup ýaşanym üçin, Ählisine jogap tapmaly bolýan. Ynsap Bir gün ädik alyp gitdim ädikçä, Ýuwulmadyk diýdi, ynsapsyz diýdi, Bu sypaýy ynsanlaryň içinde, Gözlerim ýene bir ynsaby gördi. Belki, gahardandyr, sapakdaş gyza Gygyrdyp diňleýän aýdymy üçin Ynsapsyz diýenim ýatladym şo hal Men bu gün ynsapsyz, a ol bolsa düýn. Durmuşda hakykat kyn bolýar eken, Ädigimi bejerdemsoň şol ussa, Geçilen günlerem syn bolýar eken Seniň ykbalyňa ýazylan kyssa Sapakdaşam peseltmedi aýdymyn, Ol henizem ony batly diňleýär, Meniň oňa ynsaply söz aýdanym, Ýok indi hiç aramyzda geňleýän. Menem geýip ýörün ädigim aýap, Agramly söz diýmen diýip ynsana Goý, gylygyn düzetmesin ozaldan Düşünşimiz başga borly ynsaba. Dileg Söýgimi gursaga sygdyryp bilmän, Men bir gün şaňlatdym seňem gulagyň, Gözden gaýdan yşgym gözüňe ilmän, Gözde ýaşaýanyn gözde doganyň. Men samradym ýördüm söýgi sözlerin, Ret edilen dünýäň adamy ýaly, Arzuwlar gözýaşdan asyp özlerin, Akdylar dodaga tolkun mysaly. Şeýle köp ýykylyp büdürän bolsa, Aslynda lal söýgim bilmese gepläp, Yşgym diller bilen ýakylan bolsa, Gijäniň gulagyn ýumduraý asman. Men hakda aýdylan ýalana bakman, Seni maňa bir gün ýetirer ykbal, Eger diller ýüregiňi deşäýse, Onda beýle söýgi däldir-le hökman Agla ýürek Agla ýürek, agla ýene Aglanyňa düşenersiň Agla ýürek, agla ýene Aglaňda-da düşünmersiň Gidenleriň ýokdugyna Ýitenleriň ýokdugyna Ýürek üçin bar ýalydyr Ýürek üçin dar ýalydyr Giň jahanyň giňligi hem, Ýaz jahanyň ýazlygy hem Söýmez ýürek, söýmez ýürek Çünki oňa hut şu pursat Gidiren söýgüsi gerek Ýitiren söýgüsi gerek Agla ýürek, agla ýene Aglanyňda diňýän bolsa Gözýaş bolup akan gussaň Ýene saňa siňýän bolsa Aglabergin entek-entek Aglanyňa degýän bolsa... Hasrat bolsun ýiten söýgiň! Nefret bolsun ýiten söýgä! Hemmesinden dynyp bolar Hasratdanam, nefretdenem Bir söýgüden dynylmaýar... Şonuň üçin begenç bilen Gözýaşlaňda ýylgyrgynyň Söýgiň soňy hasrat bolsa Diýmek, söýgüden dyndygyň Agla ýürek, agla ýene Seniň söýgiň soňy gelýär... 2012 ý Aprel. Ýagyş Ak – gök bulut gaplaýypdyr asmany, Baglaryň tolgunçly şabyrdysy ýok, Ýag sen ýagyş, aprel aýyň myhmany, Ýag sen ýagyş, rahatlykdan keýpim kök. Maýdajadan ýagýar, uşakdan ýagýar, Duýlubam baranok edaly sesi, Meger, terligini bozman otlaryň, Şolara garylyp gelýär gidesi. Düşnüksiz şatlyga gark bolýar köçe, Bagytla öwrülýär betbagytlary, Ol ýuwaş – ýuwaşdan eýeläp barýar, Şu zeminiň üstündäki zatlaryn. © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |