Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:52
Žanr köpdürliligi
ŽANR KÖPDÜRLÜLIGI

Çeper eserden alyp bolaýjak islendik edebi gymmatlyk ylym hökmünde filosofiýanyň üsti bilen düşündirilýär. Milli edebi ösüş-bu birinji nobatda türkmeniň özüne degişli bolan gymmatlyklaryň bahalandyrylmagydyr, türkmen obrazynyň dünýä edebiýatynda şöhlenen pursaty hiç bir päsgelçiliksiz daşary ýurt okyjysynyň”Aý şu gahryman-a türkmendir” diýip pikir öwürmegidir. Bular ýaly hadysanyň amala aşmagy üçin bolsa sungatyň halkylygy gerek.
“Народность искусства-эстетическая категория характеризующая специфическое качество искусства, в к-ром выражается творческая жизнедеятельность народных масс, их художественные вкусы и эмоциональный опыт” Döredilýän eser şu talaplara laýyk gelse, onuň dünýä çykmak mümkinçiligi şonça-da uly bolýar. “Dünýä edebiýaty” žurnalyndaky eserleriň ählisi şu talaby ödän eserlerdir, munuň beýle bolmagy belli bir derejede türkmen edebiýatynyň hem täze mazmuna eýe bolmagyny isläp edilen hereketdir.
Žurnalyň poeziýa we proza bölümlerinden başga-da, mistika we gadymy legendalar bilen baglanyşykly bölümi bar. Aslynda “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň her bir bölüminiň edebiýat älemindäki täzeliklerden doly bolandygy üçin, onuň her bölümi hakynda aýratyn interpretasiýa gerek. Žurnalyň “Gadymy Gresiýanyň mifleri we rowaýatlary” atly bölümi özüniň gyzykly okalýandygy bilen okyjylaryň söýgüsini gazandy. Žurnalda mifler hakynda ýygy-ýygydan antik şahyrlaryň eserleri hem çap edilýär. Bulary çap etmek bilen žurnal okyjynyň edebiýat žanrynyň hiç birinden sowatsyz çykmazlygynyň aladasyny edipdir.
Alym Ý.E.Golosowker “Mifiň logikasy” atly kitabynda mifiň taryhy funksional interpretasiýasyna ünsi çekipdir. Onuň pikiriçe, mifiň dialektiki, taryhy we dinamiki taraplary bardyr. Mifiň dialektiki tarapy onuň fabulasyny emele getirse, dinamiki tarapy onuň hemişe hereketliligini üpjün edýär. Mifiň taryhy tarapy hökmünde onuň döreýiş taryhy, ýagny etimologiýasy we ähmiýeti göz öňünde tutulýar. Bu üç elementiň garyşygyndan mifiň “Hiç bir zat jansyz däl” diýip ykrar edýän idealogiýasy gelip çykýar. Hemme zada şu nukdaýnazardan garamak diňe hytaýlylarda däl, eýsem ýewropalylarda hem örän ýörgünli bolupdyr. Haýsy halkyň mifologiýasy ösen bolsa, şol halkyň “janly” ýaşaýşy barha gözel bolýar. Biziň bu aýdanlarymyzy Aristoteliň:”Литература растет на фоне мифологии”diýen sözleri hem tassyklaýar.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynda berilýän mifleriň N.Kunuň”Gadymy Gresiýanyň mifleri we rowaýatlary” diýen kitaby boýunçadygyny we Ý.E.Golosowkeriň mifiň logikasyny analiz etmekde grek miflerine ýüzlenendigini göz öňünde tutsak, onda žurnaldaky berilýän mifleri hem ýokardaky üç aspekt boýunça derňäp bolardy. Alym bu mifler hakynda:”Мы можем сказать, что миф, и особенно древне эллинский миф есть запечетленное в образах познания мира во всем великолепии, ужасе и двусмыслии его тайн”
Okyjynyň söýgüsini gazanan Afina, Artemida, Ahill, Gektor, Paris, Elena, Zews, Prometeý ýaly gahrymanlar we titanlar onuň dünýägaraşynyň giňemegine ýardam edýär. Bu mifler hakynda ruslarda we nemeslerde, şeýle hem iňlislerde ajaýyp eserler döredilen. Olaryň her birinde mifiň logikasy hakynda özboluşly pikir ýöredilýär. Bu tendensiýa, hatda dünýä belli filosoflarda hem ösen ekeni. Wagneriň “Parsefal” simfoniýasyndan, F.Nişşäniň”Zaratustra şeýle diýipdir” atly filosofiki eserinden ruhlanan adamlar köpçüligi hut şol eserlerdäki idealardan döwlet we häkimiýet gurmak isläpdirler. Adamlaryň miflere we halk döredijiligine bolan gatnaşygy ähli döwürlerde hem ýokary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz halk döredijiligini ösdürmek baradaky edýän sargytlarynyň aňyrsynda hem türkmeniň öz-özüne bolan garaýşynyň kemala gelmegi, onuň beýik halkdygyna bolan ynamynyň oýanmagy ýatyr. Ýaş nesle beýle düşünjäni bermek üçin halk döredijiliginden we mifologiýadan gowy täsir ediji başga bir sungaty oýlap tapaýmak kyn. Aslynda müňlerçe düşünjeleriň içinde haýsysynyň seniň aňyňda galjagy wajyp, olaryň haýsysynyň has beýikdiginiň ähmiýeti ýok, iň esasy zat şahsyýetiň haýsysyny saýlaýandygy. Şonuň üçinem ýaş nesle bu žanrlar hakynda has köpräk düşünje bermeli. Olaryň aňyndaky milli ruhy oýarmaly.
Žurnalyň “Milli edebiýatlar” atly bölüminde ABŞ-nyň, Flippinleriň, Nemesleriň, Hytaýyň, Hindistanyň, Türkleriň, Ispaniýanyň we ş.m milli edebiýatyhakynda maglumatlar çap edildi. Žurnalyň bu bölümi arassa habar bermek mazmunynda bolup, okyjylar köpçüligine elýeterli bolmadyk milli edebiýatlaryň terjimehal häsiýetdäki toplumydyr. Onda her bir edebiýatyň geçmiş ýoly şu günki güne çenli yzarlanylýar. Bu bölümiň göz öňünde tutýan maksady giň okyjylar köpçüliginiň öňünde milli edebiýatyň gazanyp bilen artykmaçlygyny mahabatlandyrmakdyr, onuň mazmun baýlygyny we tema köpdürlüligini aýan etmekdir. Bu bölümde şu günki günüň hem meşhur ýazyjylary we olaryň eserleri barada agzalýar. Başgaça aýdanymyzda, “Milli edebiýatlar” bu žurnalyň söýgüli edebiýatlarynyň gysgaça antologiýasydyr. Milli diýen derejäni gazanyp bilen edebiýat bu özüni bütin dünýä ykrar etdiren edebiýatdyr. Milli edebiýat-bu Aristoteliň Aleksandr Makedonskä ýazan hatynyň mazmunydyr. Dünýäni basyp alan Aleksandr öz halypasy hem mugallymy Aristotele bütin dünýäni basyp alýandygyny buýsanç bilen habar beripdir, basym ähli ýerleriň Makedoniýa degişli boljakdygy we onlarça Aleksandriýalaryň dörejekdigi hakynda aýdypdyr. “Syýasat” atly kitaby bilen ýaşajyk Aleksandryň aňyna Aristotel “Samsyk... Dünýäni däl-de, adamlaryň ýüregini basyp almaly” diýip jogap beripdir. Dünýä tejribesinde adamzadyň ýüregini basyp almak ýaly hormata diňe milli edebiýaty bolan halklaryň mümkinçiliginiň bolandygyny hiç kim inkär etmese gerek. Diýmek, beýleki halklaryň milliligini öwrenmek bu biziň öz milli edebi ösüşimiziň aýratynylygynyň nämeden ybaratdygyna düşünmäge kömek edýär.
Žurnalyň ýene bir söýgüli bölümleriniň biri”Çagalar edebiýaty” diýlip atlandyrylýar. Türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi hakynda entek saldamly işleriň edilmändigi gynandyrýar. Türkmen çagalar edebiýatynda hem ajaýyp eserler döredildi. “Çarwa mergeniň gürrüňi”, “Oragatdy”, “Ekizler” ýaly eserler çagalaryň söýüp okaýan eserleri hökmünde mekdep okuwçylarynyň okuw maksatnamasyna girizildi. Hajy Ysmaýylow, Baýram Gurbanow, Kaýum Taňrygulyýew, Rejepmyrat Durdyýew ýaly ýazyjylar çagalaryň söýgüli ýazyjylary bolmak bilen olaryň psihologik dünýäsine girmegi başardylar. Dünýä edebiýatynyň tejribesinde hem çagalar edebiýaty iň bir ähmiýetli hem-de wajyp edebiýatlaryň biri bolmagynda galýar. Dünýäde iň köp okalýan edebiýatlaryň hatarynda hemişe çagalara degişli eserler öz mynasyp ornuny tapyp gelýär. “Kiçijek şazada”, “Tom Soýeriň we Geklberri Finniniň başdan geçirenleri”, “Betnyşan ördejik”, “Külbikejik”, “Bremen sazandalary”, “Ädikli pişik”, “Ukudaky gözel” ýaly onlarça eserler çagalar edebiýatynyň altyn gaznasyna girdi. Bu eserlerde beýan edilýän wakalar hiç bir körpe nesli biparh goýmaýar. Olaryň göreldeli we ähli adamçylyk sypatlaryny özünde jemleýän ynsanlar bolup ýetişmeklerine kömek edýär. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň dünýä edebiýatyndan habarly adamlar bolup ýetişmeginiň aladasyny etmegi netijesinde neşir etm “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň “Çagalar edebiýaty” atly bölüminde Lýuis Kerolyň “Alisa täsinlikler dünýäsinde”, Karlo Kollodiniň”Pinokkio”, Joan Roulingiň “Garri Potter”, Mihail Zoşenkanyň “Lelýa bilen Minka” we ş.m eserleri çap edildi. Eserleriň ählisi diýen ýaly fantasiki äheňde ýazylan. Olaryň hemmesinde romanda ýa-da hekaýada bolşy ýaly, adaty durmuş sahnalary däl-de, haýsydyr bir täsin dünýä, ol dünýädäki ajaýyplyklar, täsin dünýäniň geň-taň adamlary we düzgünleri beýan edilýär. Eseriň bu aýratynlygyny ýaşajyk okyjy has soňrak türkmen dessanlaryndan hem tapyp bilýär. Ýaş okyjynyň psihologiýasynda Mämmetjanyň, Akpamygyň obrazlary janlanýar. Okap oturan Alisa, Pinokkio, Garri Potter ýaly gahrymanlaryndan öz çaga psihologiýasyna mahsus aýratynlyklary tapýar. Ol gahrymanlaram edil çaganyň özi ýaly sada, bilesigeliji, mähriban. Bu eserler alym Dekartyň täsir arkaly özüňi alyp barmak diýen açyşynyň ruhy meselemi hökmünde ýüze çykýar. Çaga fantaziýasynda ugurtapyjylyk ýaly merdemsi häsiýetler, amala aşmasy kyn pursatlaryň çözgüdi ýaly pikirler özüçe formirlenýär. Beýan edilýän eserlerdäki gözellik we bedroýluk, mertlik we namartlyk, söýgi we ýigrenç, dostluk we dönüklik ýaly kategoriýalardan habarly çaganyň döredijilik psihologiýasyny kämilleşdirýär. Eger-de psihologiýa idealizm bilen materializmiň hemişelik arenasy bolsa, döredijilik psihologiýasy onuň görýän we okaýan kitaplarynyň, synlaýan pursatlarynyň, oýnaýan oýunlarynyň jeminden emele gelen arenadyr. Mundan millionlarça kilometrdäki özi ýaly ýaşajyk gahrymanyň durmuşynda ýaşamagydyr we şol ýaşaýşa siňmegidir.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynda çap edilen çagalara degişli edebiýatyň fantastiki äheňdedigini ýaňzydypdyk.
“Фантазия-(греч. Phantasia - психический образ, плод воображения)-воображение, характеризующееся особой силой, яркостью и необычностью создаваемых представлений и образов”
Çagalara täsir etmegiň iň gowy ýoly fantastika bolandygy üçin, olaryň reňkli dünýäsiniň diňe “gowy” we “erbet” diýen düşünjelerden ybaratdygyny göz öňünde tutup, bu usuldan peýdalanýarlar. Eserlerde hemişe diňe haýyr ýeňýär, şer bolsa ýeňilýär. Haýyr üçin göreşmek, haýyrly işler üçin ýaşamak ýaşajyk okyjynyň psihologiki dünýäsinde örboýuna galýar.
Umuman, çagalar edebiýaty özüniň ähmiýeti taýyndan örän üns berilmegine we ösdürilmegine mynasyp edebiýatdyr.
“Dünýä edebiýaty” žurnaly edebiýatyň köpugurlaryny özünde saklamak bilen beýleki žurnallara meňzemeýän edebi atmosferany gazanyp bilipdir. Munuň şeýle bolmagynda belli bir derejede “Häzirki zamanyň meşhur eserleri”atly bölüminiň hem öz orny bar. Bu bölümde Susanna Tamaronyň “Göwnüň küýsän ýerine git”, Elif Şafagyň”Yşk”, azerbeýjan ýazyjysy Anaryň “Dantä bagyşlanan dabara” we ş.m eserleri bar. Eserleriň her biri mazmun taýdan biri -birinden tapawutlansa-da, tema taýdan ählisi diýen ýaly, ahlak meselelerine ýüzlenip ýazylypdyr. Häzirki zaman ýazyjylary adamyň ahlak normalary bilen baglanyşykly maşgala berkligi, ynsançylyk sypatlary ýaly temadan barha köp ýazýarlar. Meşhur türk ýazyjy zenany Elif Şafagyň “Yşk” atly romany türkmen okyjylarynyň hem gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Roman formasynda ýazylan bu eser özüniň duýguçyllygy bilen köp kalplary gozgamagy başardy.
“Roman-Durmuşy bütin baýlygy we ähli çylşyrymlylygy bilen dogruçyl beýan edýän uly göwrümli epiki eserdir. Roman termininiň haçan we haýsysözüň esasynda döränligi entek anyklaşdyrylanok. L.I.Timofeýewiň pikirine görä, bu termin 12-13-nji asyrlarda roman dillerinde ýazylan epik eserleriň esasynda döreýär. Şeýle epiki eserlere conte roman hekaýalary diýler eken. Soňra roman sözi sypat ähmiýetini ýitirip, ada öwrülýär we epiki eseriň uly bir görnüşini aňladýan termine öwrülýär” Durmuşy bütin baýlygy bilen beýan etmekde, romanyň wagt çäkliligi bolmaýar. Biz muny häzirki döwür bilen 12-nji asyrdaky wakalaryň arasyndaky baglanyşygy tapmaga çalyşýan ýazyjynyň “Yşk”atly romanynda hem görýäris. Sebäbi yşk üçin wagt bolmaýar, yşk ähli döwürlerde, ähli göwünlerde ýaşaýar.”Nihil est in intellectu, quod non prius fuerit in sensu”(“Duýgularda bolmadyk, akylda-da ýokdur”) diýen şygar bilen ýaňlanýan sensualizm akymynyň wekilleriniň ajaýyp eserleri ýaly, Elif Şafagyň bu romany hem duýgularyň hem akylyň özboluşly sazlaşygydyr, öz-özüne parodoksal düşünjeleriň garmoniýasydyr.
Ýazyjy Anaryň “Dantä bagyşlanan dabara”atly eserini okanymda, özümiň beýik ýazyjylaryň zamanasynda ýaşaýandygyma örän buýsandym. Ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän döwründe adamzadyň ahlak kadalaryndan daşlaşmazlygy, baýlyk ýaly maddy zatlar bilen ruhy dünýäsiniň baýlygyny hapalamazlygy has zerur. Çünki moral-bu “struggle for existence”, “struggle for life” diýen düşünjeleriň içinde ýitmeli gymmatlyk däl-de, şol düşünjeleriň içinde formirlenmeli gymmatlykdyr. Moral-bu adat ýa-da halkyň köp asyrlyk durmuş tejribesinden emele gelen endikler däldir. Moralyň aňyrsynda onuň manysyna düşünmek, näme sebäpden edilýändigine akyl ýetirmek ýatýar. Özüňi ahlakly alyp barmaga bolan islegiň we hereketiň netijesi köpçülik, jemgyýet tarapyndan bahalandyrylýar. Soňky wagtlarda barha kynlaşýan maşgala gurluşynyň meseleleri barada söz açýan Susanna Tamaronyň “Göwnüň küýsän ýerine git”atly eseri hem özüniň didaktiki ähmiýetliligi bilen ünsüňi çekýär. Maşgala institutlarynyň meseleleri hiç bir halkyň ýazyjysyny biparh goýmaýar, şu sebäpli žurnalyň “Häzirki zamanyň meşhur eserleri” atly bölüminde çap edilýän eserler biziň zamanamyzyň söz ussatlarynyň döredijilik aýratynlygyny halka ýetirmekde işjeňlik görkezýär. Kyssanyň her döwre degişli nusgalaryny çap etmek türkmen edebiýatynda hem tema köpdürlüliginiň, aýratynam, bütin dünýäniň ýüzlenýän ahlak normalary baradaky meseleleleriniň beýan edilmegine getirýär. Gazet-žurnallarda çap edilýän hekaýalaryň hem täze mazmuna eýe bolýandygyny görüp bolýar. “Häzirki zamanyň meşhur eserleri” atly bölümdäki çap edilýän eserler forma taýdan öňki-öňkülik bolsa-da, mazmun taýdan başga mana eýe bolupdyr. Aslynda şol bir sýujet esasynda şol bir forma bilen mazmun taýdan tapawutlanýan eserleri döretmekde Gündogar şahyrlary meşhur bolupdyr. Meselem, “Leýli-Mejnun”hakdaky hekaýatyň Gündogarda !00-den gowrak nusgasy bar. Ýöne, olaryň her birinde aýry-aýry mazmun işlenilipdir. Ol döwürde şeýle fenomeniň bolmagy hiç bir edebiýatçy üçin täzelik bolmandyr. Diňe 20-nji asyrda edebiýatyň filosofiki akymlary bolan futurizm, kubizm, abstraksionizm, sýurrealizm, fowizm, taşizm, ekspressionizm ýaly akymlarynyň döremegi bilen formalizm emele geldi. Bu akymlaryň barynyň umumy tarapy çeper eseriň döredijilikli formasyny onuň mazmunyndan üzňe bir zat hökmünde derňemekdir. Formalistler edebiýatda bar bolan formalaryň etimologiýasyny analiz etmekde sungatyň akyla boýun egmeýändigi baradaky pikirleri öňe sürýärler, olar formanyň mazmundan däl-de, mazmunyň formadan emele gelendigine degişli mysallary delil hökmünde getirýärler.
“Dünýä edebiýatynyň” bu bölümi entek-entekler häzirki zamanyň terjime edilmeli eserleri bilen okyjylar köpçüligini begendirse gerek.

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202