Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:30
Hudožnik / hekaýanyñ dowamy
II bölüm

- Saňa aýtmaly zadym bardy. Agşam gepleşer ýaly nomeriňi berjekmi?

- Ýook – diýip, Gülnar süýkdürip aýtdy. Ol beren jogabyna özem ynanmaýan ýaly görünýärdi. Şo bolşuna ol oýun etmegi ýüregine düwen çagalara-da çalym edýärdi. Ýakup: “Näme üçin?”-diýip soranda, Gülnar ýeňiljek gülüp goýberdi

- Ýok diýdimmi ýok waý.

Gülnaryň anyk sebäbini aýtmandygy Ýakup üçin ýapyşalga boldy. Ol muny gyz näzi hökmünde kabul etdi. Gülnaryň ökjeli köwşüni tyrkyldadyp, daşlaşýan pursatyny göz öňüne getirende, hamana bir süýjüsini elinden alanlary ýaly bolandygynam ýatlady. Gülnar mekdebiň ýagty diwarlarynyň arasynda ýüzüp barýan ýaşyl perli gazjagaz ýalydy. Onuň ýaşyl köýnegi tolkun ýaly owsunyp, betonyň ýüzüni örtäýjek bolýardy. Gyzyň ýeňiljek ädimleri bilen Ýakubyň sabyr-takaty gitdi. Şondan soň ol Gülnary garawullap başlady. Gülnar bolsa onuň bilen ikiçäk galmazlyk üçin elinden gelenini edýärdi. Ýakup ony kejir towugyna meňzetse-de, barybir bagyşlaýardy. Arman, häzirlikçe diňe şunuň bilen kanagat etmeli bolýardy. Ol gany gaýnap duran ýetginjek, sowuk kola içip, deň-duşlary bilen futbol hakda jedelleşýärdi. Uly adamlara mahsus dyzyny epip oturýardy. Daşyndan näçe parahat görünmäge çalyşsa-da, içinde nähili gaý-tupanyň gopýandygyny bir kiçijek şalygyna degişliler bilýärdi.
Bir gezek, agşam düşüberer uçurlary deň-duşlary bilen aýlanmaga çykanda, Gülnary gördi. Özem Gülnar ýeke däldi. Onuň ýanynda gürrüňi edilýän hudožnik bardy. Ýakubyň sakga durany sebäpli, beýleki oglanlaram yzyna gaňrylyp seretdiler. Kölegesi boýunça ol gapdalyndaky iki oglanyň üstünden ýöräp gidäýjek ýalydy. Ýakubyň egninde tomsuň yssysyna laýyk gelýän ýukajyk maýkadyr, dyzyna ýetip duran şortigi bardy. Aýagynda öýde geýýän şypbygy bolansoň, bu görnüşde Gülnaryň ýanyna barmagy uslyp bilmedi. Diňe iki sany gumry ýaly tirkeşipjik geçen ýaşlaryň yzyndan seredip galdy. Gülnaryň köçäni dolduryp giden atyr ysy ony wagty bilen ýatyrmady. Ýakup şol ysdan dynjak bolup, ýelek ýassygyny birnäçe gezek burnuna çenli gysyp gördi. Peýdasyz. Gülnaryň ter gülleri ýatladýan atyr ysy Ýakup bilen öýe gelip, diwardyr üçeklere çenli ýaýran ekeni. Ol ys sowuk diwarlarda, üç metr beýiklikdäki üçekde, ýumşak ýorganynda, hatda, suw içmek maksady bilen ýanynda goýan käsesiniň içinde-de bardy. Ol, islese-islemese, Gülnaryň ýanyndaky hudožnik hakda pikir öwürmeli bolýardy. Uzak oýlanyp durmazdan hudožnigiň ýoluny saklady. Bu pursat günortanyň tüp yssysynda, alty sagatlyk sapakdan soň bolup geçipdi. Ýakup bedenindäki iň soňky öýjüge çenli aýgytlylykdan doludy. Ol jinnek ýaly bahana tapsa-da, hudožnigi suwa salma ýençjekdi
- Sen Gülnar bilen gepleşýäň diýip eşitdim
Hudožnik gyýk gözlerini ýyldyradyp seretdi diýäýmeseň, hiç zat geplemedi. Ol ogurlykda tutulan ýaly äm-säm boldy. Ýakup onuň elinden sypaňkyrlan sumkasyny dözüm bilen özüne çekdi. – Çyndanam, seň bilen söýüşýärmi şo? Şeý diýip durşuna, aç adamyň garny ýaly ýelmeşip duran sumkany dörüşdirdi. Onuň içinden surat çekilen standart listleriň eslisini çykaryp seredýärkä, listleriň birki sanysy ýere düşdi. Ýakup hudožnigiň okuw kitaplaryndan diňe birini, ýukajygyny göterýändigini görüp geň galdy. Hudožnik bada-bat ýere eglip, suratlaryny ýygnady. Olar hakykatdanam hudožnik üçin gerekli bolmalydy. Sebäbi hudožnigiň ýüzi çytylyp durdy. Dili bilen hiç zat geplemeýän bolsa-da, gizlemäge çalyşýan gyýk gözleriniň garaýşyny tutaýsaň, ähli zady düşündirýärdi. Ýakubyň oňa nebsi agyrdy. Hudožnigiň bada-bat ýere eglip, listleri toplaýan wagtynda, onuň özüne uly bolýan jalbary geýendigine gözi düşdi. Üstesine, onuň köýneginiň içindäki maýkasy doly ak reňkde däl bolmaly, sebäbi iň kiçijek detalyna çenli bildirýärdi. Ýakyndan seredeniňde, saçlaryna wagty bilen ideg etmeýändiginem görüp bolýardy. Ýakupda "Gülnar munuň nämesini haladyka?" diýen sorag döredi. Gülnar hatda tebigy owadanlygy bilenem kanagat etmän, dürli gözellik serişdelerini peýdalanýan döwrebap gyz bolansoň, onuň söýgülisem iň azyndan şeýle ýigit bolaýjak ýalydy. Ýakup özüne mahsus endik boýunça hudožnigiň edil alkymyna dykylyp bardy. Ol şo wagt hususy zady bilen çemeleşýän ýaly arkaýyndy
- Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme – diýip ýylgyrdy. Ýakubyň ýene-de bir zatlar aýdasy gelip, dili gijäp durdy. Ýöne özüne erk edip, zordan saklanýardy. Onuň şo diýmek isleýän zadyndan ýaňa kellesi humar ýaly çişip, gözleri bolsa çüýşe ýaly ýaldyraýardy. Ol öz ýanyndan söýgüli gyzyny tabşyrýandygyny bilýärdi. Ýöne ony kime tabşyrýandygy ähli gynanjynyň öwezini tutmasa-da, kanagat edip, ýylgyrarça bardy. Şo pursat, eger Gülnar söýgüsini kabul etmeýän bolsa, nädip alajyny tapmalydygyna düşünen ýaly boldy. Ol mundan beýläk hudožnik arkaly Gülnar bilen söýşer. Olaryň ähli hereketlerini gözegçilikde saklar. Şujagaz hudožnik üçin öz söýgüsini kabul etmeýän Gülnara görkezen garşylygynyň jogabyny gaýdyp berer. Hudožnik bolsa Ýakybyň görkezmesi boýunça hereket eder. Ýakup olaryň durmuşynda tä özi ýadap goýýança bolar, bolar we ýüreginde nähili umyt islegleri bar bolsa, şu hudožnigiň üsti bilen amal eder. Gaýtmazdan ozal, onuň ýene-de listleri ýere gaçyryp, hudožnige çöpledesi geldi. Hudožnik gyzyňky ýaly ysgynsyz elleri bilen aşak eglip, kagyzlary çöplemelidi. Soň ýene ýüzüne seretmäge gorkup, olary tertipleşdiren bolmalydy. Gorkusyny gizlemek üçin ünsüni başga ýana sowansyrap, Ýakubyň sumkasyny yzyna gaýdyp bererine garaşmalydy. Haçan-da, Ýakup “Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme” – diýen pursatynda gyýk gözleriniň ajysyny azaldyp, doly düşünmeýän adamyň keşbinde garaşmalydy. Ajaýyp. Ýakubyň ýüregi gizlin şatlyk bilen gürsüldedi. Munuň bilenem kanagat etmän, ol hudožnigi boýdan başa synlap çykansoň, sumkasyny uzatdy-da, duýlar duýulmaz bir yşarat etdi. Onuň manysyna ýetginjekleriň ikisem doly düşünenokdy, ýöne ylalaşandyklary welin iki tarapa-da mälimdi. Gülnaryň haýsy sebäbe görä hudožnigi saýlandygy Ýakup üçin syr bolup galdy. Nebsi agyrýandyr diýsinmi, ýuwaş görýändir diýsinmi ýa başga bir nämälim hasaplary bardyr diýsinmi, garaz, Ýakup anyk sebäbini bilenokdy. Dogry, ol özüni hudožnikden pes hasaplajak bolubam görýärdi. Sebäbi Ýakubyň surat çekmek ukyby ýokdy. Eger oňa Gülnaryň suratyny çek diýseň, ol häzirki zaman sungaty diýip atlandyrylýan köpçülige düşnüksiz kartinalar bolardy. Gülnaryň uzyn kirpiklerini hatar hatar çybyklar ýaly , üçburç göwüsleri kirpiklerinden kiçi, aýaklaryny bolsa mata bilen örtülen iki sany zamçadan gaýdýan göze görünmezek liniýalar görnüşinde çekerdi. Eger şu pikir edişi ýaly surata geçiräçseň, hudaý bilsin, nähili keşp emele gelerdi. Ýakup hudožnik bilen bolan duşuşygy ýatlap köşeşýärdi. Soňabaka ol hudožnik hakda Gülnardan köp pikir edip ugrady. Hudožnigiň hiç haçan Gülnary ynjytmajagyna, onuň asla janly-jandary söz bilen ynjydyp biljek adam däldigine ynanýardy. Eger ilkibadalar Gülnaryň ýanynda kimi görse, it ýaly ýençmegi ýüregine düwen bolsa, indiler onuň hudožnik bilen söýüşmegine päsgel beresi gelmeýärdi. Ol özüni olaryň howandary hasaplaýardy. Gülnar bilen bagly göz öňüne getirmelerini hudožnigiň ýerine ýetirmeginde ýatlanda, Ýakup assyrynlyk bilen syrtarýardy. Haýran galaýmaly, başga haýsy oglan bolanda-da, ol ýylgyryp oňmazdy. Iň azyndan, otlukly göz öňüne getirmeleri üçin ar alardy. Hudožnige bolsa ýagşydan ýamandan bir zat diýmeg-ä beýlede dursun, beýlekilere-de adyny tutdurmakçy däldi. Onuň hyýalyndaky hereketlerini, azam däl köpem däl, hudožnigiiň ýerine ýetirýändigi Ýakup üçin lezzetlidi. Eger bir ýerde göwnüň galyp, bir zatdan nägile bolaýsaň, hudožnigi tapyp bolýardy. Oňa: “Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme” – diýip bolýardy. Onuň gorkusyny gizlejek bolup, ünsüni başga zatlara diken bolşuna nebsiň agyryp, edil gyzjagazy bagyşlaýşyň ýaly bagyşlap bolýardy. Ýogsa-da, sungatyň nämelere güýji ýetmeýär? Ýakup ýaly kiçijek şalygynda janly-jandardyr ösümliklere çenli gün bermeýän adamam rehimdar birine öwrüp goýaýýar diýip pikirlenýärdi. Daş – töwerekdäki adamlaryň Gülnar bilen hudožnigiň bagtyýar jübütlerdigi baradaky gürrüňlerini eşidende, ol assyrynlyk bilen ýylgyryp oňýardy hem-de olar bilen geljekde nädip söýüşmelidigi barada pikir edýärdi.

© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 atayeva • 19:30, 22.05.2023
Ýakup hudožnik arkaly Gülnar bilen söýüşýärdi, Ýakup Gülnardan alybilmeýän zatlaryny hudožnikden alýardy - ýalyrak sözlemleri aýyrdym welin, birhili goşmäly ýaly bolup dur
avatar
0
2 atayeva • 16:27, 23.05.2023
Şo pursat ol eger Gülnar söýgüsini kabul etmeýän bolsa, nädip alajyny tapmalydygyna düşünen ýaly boldy. Ol mundan beýläk hudožnik arkay Gülnar bilen söýşer. Olaryň ähli hereketlerini gözegçilikde saklar. Şujagaz hudožnik üçin öz söýgüsini kabul etmeýän Gülnara görkezen garşylygynyň jogabyny gaýdyp berer. Hudožnik bolsa Ýakybyň görkezmesi boýunça hereket eder. Ýakup olaryň durmuşynda tä özi ýadap goýýança bolar, bolar we ýüreginde nähili umyt islegleri bar bolsa, şu hudožnigiň üsti bilen amal eder" diýen sözlemler we jemleme goşuldy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202