10:16 Rowaýata öwrülen hakykat. Magtymgulyşynas Gurt Ýakubow | |
Rowaýata öwrülen hakykat. Magtymgulyşynas Gurt Ýakup Çary Ýakup: 1956-njy ýylda Magtymgulynyň 2 tomluk kitaby çap edildi. Kakam Gurt Ýakup şol kitapdaky ähli goşgulary ýatdan öwrenip, olara saz düzüp, her goşga aýratyn heň döredip, aýdym edip, halka ýetiripdir. Ýöne kakam bu goşgulary diňe aýdyma öwürmegiň däl-de, olaryň manysyny öwrenmegiň yşgyna düşüpdir. Gurt Ýakup: Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň arasynda has syrly, has hem çylşyrymly bolan goşgularyny saýlap aldym, olaryň manylaryny öwrenip başladym. Günlerde bir gün “Kaýdadygy bilinmez” atly goşgynyň manysyny derňemek üçin, ony ak kagyza ýazyp aldym-da, Ýolöten etrabynyň Tagtabazar tarapyndaky obalarynyň birinde ýaşaýan Molla Baýram ahun diýen mollanyň ýanyna baryp: “Ahun aga, şunuň manysyny çözüp beräýiň” diýip, goşgyny okap berdim. Baýram Ahunyň özi goşgyny gaýtadan okap görüp, “Gurtjan, men muny çözüp bilmerin, Hoja Ýusup babada bir sany kör ýatyr, şondan sorap gör, belki biler” diýip maslahat berdi. Maslahaty alan badyma awtobusa münüp, Baýramala tarap ugradym. Baýramalydan aňryk hem 17 kilometr aralygy ýöräp gitmeli bolsa nätjek?! 17 km aralygy ýöräp geçmegiň nä derejede kyndygyny, elbetde, şol ýoly ýörän düşüner. Ýöräp görmedige bolsa erteki ýaly görner. 4 sagatlap şol ýoly goş golamym bilen ýöredim. Şeýlelikde, ahyrsoňy barmaly ýerime baryp görsem, aýdyşlary ýaly, metjidiň şyhy bolup ýören bir sany kör adam bar eken. Magtymguly Pyragynyň “Kaýdadygy bilinmez” atly goşgusynyň manysyny şondan sorap: “Şu goşgynyň manysyny çözip bilmersiňizmi?” diýdim. Ol molla bolsa: “Aýý, Gurtjan, men muny çözüp bilmerin, ýöne juma güni Özbegistandan bir müfti (Müfti-ýokary musulman ruhanylarynyň dini taglymatlaryny, şerigat kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil.) geljek diýen eken. Samarkantdan bize zyýarata geljek diýýär öz-ä, bu goşgyňy şondan sorap göräý. Juma güni gelýär diýip, bize habary geldi. Sen juma güni gel-de şondan sora”. Juma güni gaýtadan, elbetde, ýene-de geçen gezekki ýaly pyýada ýöräp, barmaly ýerime – Hoja Ýusup Hemedanynyň ýadygärligine gurlan metjide bardym. Gelmeli adamlar Özbegistandan, hakykatdanam, gelipdirler. Olaryň gelenine begenen bagşy hem bularyň ýanynda oturdy, gürrüňlerini diňledi, köp zatlary öwrendi. Mollalar gürrüň edip oturan wagtlary arasynda dymyşlyk berdiler, şol wagt Gurt bagşy köri dürtdi-de: “Boluň indi sorap beräýiň şu goşgyny” diýdi. Kör hem: “Aýý Müfti aga şu ýerde bir oglan bir närse (närse- Zat) sorajak diýýär” - soraň, soraň. Gurt Ýakup Magtymgulynyň “Kaýdadygy bilinmez” atly goşgusyny heňe salyp, sazsyz aýdyma öwürer derejede şirin sesi bilen okady. Bagşynyň goşgy okaýşyndan çen tutup, onuň bagşydygyna güwä geçseň boljakdy. Aryf bolsaň, senden habar alaýyn, Ne mekandyr, kaýdadygy bilinmez? Habar ber, soraýyn, genji-hazyna, Pakyrdamy, baýdadygy bilinmez?… “Müfti aga Magtymguly bu ýerde näme diýipdir, bu setirleriň manylary näme?" diýip, Gurt bagşy sorady. - Aýtgan (aýtýan) adam bilmese men nireden bileýin, kowuň muny öwlüýäden, dälimi bu kişi?- diýip Özbegistanly Müfti sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Ýanynda gelen adamlary: “Sen näme biziň Müftimize azar berip, kellesini agratýaň” diýip, syrtyna depip-depip, ýeňsesinden iküç gezek iteläp, birki gezegem çalyp goýberdiler. Etlek, daýaw pyýadalar Gurt bagşa başardar ýaly däldi. Olaryň hersi bagşynyň gabat gelen ýerinden tutup, idenekledip ep-esli aralyga göterip alyp gitdiler. Aýagy ýerden üzülen bagşy çykalga tapmady. Yzyna dolansa gowulygyň bolmajagyny bilip, öňüni garaňka tutup, gijäniň içinde gözüne ýaş tegeläp, gamgyn halda pyýadalap yzyna gaýtdy. Aralygam uzak bolansoň köp ýöremeli bolupdyr. 17 km aralygy uzyn gije ýöräp geçmeli boldy. Awtobusam Baýramala çenli gatnaýar eken, Hoja Ýusup babanyň metjidine bolsa gatnamaýardy… Gurt Bagşy her baran toýunda, her baran öýünde hatdan sowatdan başy çykýan adamlardan Magtymgulynyň goşgularynyň manylaryny sorapdyr. Bilen bildiginden jogap berse, bilmedik dymyp oturypdyr. Şeýdip aradan 20 ýyl geçipdir. 20 ýyl diýip dilde aýtmak aňsat. Emma oňa dogry göz bilen seredeniňde, ol ortaça hasap bilen, adamyň ömrüniň dörtden bir bölegi bolýar ahyryn. Bagşy 1976-njy ýylda Gökdepe etrabyna toýa bardy, toýa gelen myhmanlara, goňşy golamlara, toý eýeleriniň dogan-garyndaşlaryna, Magtymgulydan aýdym aýdyp berip adamlara hezil beripdir. Uzynly gijäni aýdym bilen geçirip ertesi gün hem günortan aýdym aýdyp oturan wagty “Ahun aga geldi”, “Ahun aga” diýşip, adamlar ýerli ýerinden turup salam berdiler. Gurt Ýakup hem bu däbe eýerip salam berdi. Ahun aga gelenden soň: “Aýdym aýt” diýen adam bolmady. Bagşa: “Azajyk dynjyňy al, ýadansyň” diýip, bagşy aýdym aýtmaz ýaly, öňüne nahar getirdiler. Umuman, ähli adamlara naz-nygmat goýup, hyzmat etdiler. Ahun aga bilen bir hatarda Gurt Bagşa-da gowy hyzmat etdiler, hyzmat edýän adamlar bir-biri bilen ýaryşýan ýalydy. Käbirleri bolsa Ahun agadan gorkup, bagşa diýlip ugradylan zatlary Mollanyň öňünde goýdular. Biri bagşa ir-iýmiş getirse, beýleki biri Ahun aga ir-iýmiş getirdi, garaz şeýdip, ep-esli wagt geçdi. Nahar iýip bolansoňlar “Ahun aga şu ýerde bir bagşy bar, şuny bir diňläýseňiz” diýdiler. - Men bagşy diňleýänmi, bagşy bolsa çyksyn şu ýerden, gitsin, kowuň, bu ýerden! - Ýok, şu bagşy siziň diýýänleriňiz däl “Bir gözel gördüm”, “Mähriban partiýam” ýaly aýdymlary aýdanok. Düýnden bäri köneden aýdyp biziň-ä gulagymyzy kamata getirdi Ahun aga, göwni galmasyn, ýekeje aýdym aýdaýsyn, özem uzak ýerden gelipdir! Mary ilinden bize köp salam getiripdir. -Haýsysy şol oglan? Adamlar Ahun agadan gorkup, Gurt Ýakuby elleri bilen görkezdiler. -Hany, bir aýdym aýtsyn-da, jönesin (jönesin- gitsin diýen manyda) şu ýerden. Bir gün şeýtan gelip, nebse bähim urdy, Nebsi çydap bilmän adam bugdaý iýdi. Şonuň üçin, Alla rysgymyz bu dünýäge kowdy, Ertir namaz parzy Hezreti Adamdan galdy ... Gurt bagşy “Şuny aýtsama göwnüne ýarar” diýip, içini gepledip, Ferdewsiniň goşgusyndan ertir namazy, öýle namazy barada aýdym aýtdy. - Nä- nä ýene birini aýt sen. Namazhon derwüşler, döwletli baýlar, Pelegiň gerdany keçdir, ýaranlar. Minnetde okalan namaz ýol almaz, Döwlete daýanmaň, puçdur, ýaranlar. Sykylsa burunlar, sararsa ýüzler, Gurysa dodaklar, bolmasa sözler, Gögerse dyrnaklar, alarsa gözler, Imandan özgesi hiçdir, ýaranlar… Yzyndanam üç dürli delil (delil-goşga degişli rowaýatlar, ýa-da şony tassyklaýan gürrüňler) bar eken, bulary aýdyp berdi. - Aldar taýagyňy hol burçda goýda, meniň ýanyma süýş, bärräk- diýip, Ahun aga öz ýanyndan ýer berdi. - Aý elim öwrenşen Ahun aga- diýip, dutaryny hiç ýerde goýman öz ýany bilen alyp Ahun aganyň ýanyna geçdi. - Sen eşşek ekeniň, göre eliňe aldar taýak aldyň? Kurandan giden bolsaň Kary (Kary- Gurhany ýatdan okaýan adam) bolup, bir giden musulmana, Marydaky adamlary hak, din ýoluna salyp biljek oglan sen ekeniň, Kurandan näme üçin gitmediň? -Ahun aga öwüriň kelemäňizi, siz iki pirli zada “aldar taýak” diýip at dakdyňyz! Ýolötenden 35 km Tagtabazara tarap gitseň Babagambar (Babagambar- dutaryň piri) diýip bir pir ýatyr, Daşoguzda Aşyk Aýdyň (Aşyk Aýdyň- aýdym, sazyň piri) diýip bir pir ýatyr. Siz iki pirli zada aldar taýak diýip at dakdyňyz- diýdi. Ahun aga çöküne düşüp toba etdi. - Onsoňam Ahun aga aýdyň, diniň haýsy kitabynda dutar çalyp aýdym aýtmak bolmaýar diýip ýazylan? Şuny tapyp berseňiz men aýdym-sazy taşlajak, gaýdybam elime dutary almaryn! Bu birinjiden, ikinjidenem Gaýyby ýazmandyrmy: Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler, Adam ata dünýä gelende bardyr. -Diýmändirmi? Üçünjiden, Hezreti Aly ýaly kişiniň, din gylyjyny çalan adamyň ýanynda sazandasy bolupdyr. Dördünjiden, diniň iň ösen ýeri niri? Arabystanmy? - Hawa -Araplaryň gelinleriniňem aýdym aýdýanyny gördüm. Bäşinjiden- dokuzynjydan… diýip sanap ugrady welin… - Goý han ogul, sen bela ekeniň- şundan soň Gurt Ýakuby toýdan, öz öýüne alyp gitdi. Öýüne getirensoň mal soýup, hezzet-hormat edip, toý berdi, iýdirip, içirdi. Pursatdan peýdalanyp Gurt Bagşy Ahundan sorady. - Ahun aga, ýigrimi ýyldan bäri bilesim gelip, emma bilmän ýören zadym bar, şuny bir çözüp beräýseňiz… ! - Hany oka. - “Aryf bolsaň, senden habar alaýyn, Ne minnetdir, kaýdadygy bilinmez?” - Oho, şunuň özi minnet, şuny biljek bolmagyň özi minnet- diýdi-de, ýerinden turup içki jaýynyň gapysyny açdy, içki jaýy kitaphana ekeni: “Şuny biljek bolsaň, şu kitaphanany okap gutarmaly, ine şu ýerde minneti bar” - Bah, Ahun aga ...- diýip haýran galyjylyk bilen Gurt bagşy Ahun aganyň ýüzüne seretdi. Çylşyrymly goşgynyň jogabyny kitaplardan gözläp tapmaly bolar diýip, pikir eden bagşy, beýle ýeňil çözüler diýip otursa- tursa aňyna gelmändi. - Yzy näme? - “Habar ber, soraýyn, genji-hazyna, Pakyrdamy, baýdadygy bilinmez?” - Bu Imandyr, özi genji hazynadyr, ýöne garypdamy, baýdamy, serhoşdamy, namaz okaýandamy? Kimde imanyň barlygyny bilip bolmaz. - Ahun aga dilleriňe döneýin- diýip, içki jübüsinden depderçesini çykaryp, belläp başlady.- Ahun aga şunam bir gaýrat et! Men ýigrimi ýyl bäri şuny ýanymda göterip, çözüp bilmän, gezip ýörin. Jogabyny soran adamlarym, meniň aklym üýtgändir diýip pikir edýärler. - Gurtjan yzyny oka hany bildigimizden çözjek bolarys. - Ne kirişdir, bent olupdyr kemana. - Bu Ajal okudyr, ol ok-ýaýyny saňa çenäp, nyşana alyp durandyr. - Kaýsy gün goparmyş ahyrzamana. - Ýaňky ýaýyň oky saňa sypyp gaýdan güni, seniň üçin ahyrzamanadyr. - Ne sebäpden gark olupdyr ummana, Kenardamy, saýdadygy bilinmez. - Umman aňyrsy görünmeýän suwa ýa-da garaňkylyga aýdylýar, “gark bolupdyr” bu bolsa belli bolmandyr diýdigi bolýar. Kenar suwuň gyrasy, saý suwuň düýbi, suwuň düýbünde öljekmi, gyrasynda öljekmi, ýüzünde öljekmi, haçan öljek, nädip öljek, adamzat muny bilenok, biljek bolup gyzyklanmak hem bolmaýar. - “Ol ne guşdur, oturgyçly, simkeşli, Alty müň ganatly, elli müň başly,” Ahun aga, bu näme? - Kurandyr ol, özüniň oturgyjy bardyr, Kuran goýulýan zat, Alty müň dürli aýat bardyr Kuranyň içinde. - “Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly, Ýasdadygy, toýdadygy bilinmez.” Bu näme ? - Bu Zulf Pygamberdir. Alla 124400 Pygamberi ýere iberdi. Emma şolaryň ýedi sanysy, Allanyň barlygyny, adamlara köp möçberde ynandyryp bildi. Şol ynandyryp bilenler Adam Sapylylla, Nuhy Nebilylla, Ybraýym Halylylla, Dawut Halypadulla, Musa Kelimulla, Isa Ruhulla, Muhammet Fizulla. Şolaryň arasynda ynandyryp bilmedikleriň birisi hem Zulf Pygamberdir. Onuň ýaşy kyrka baranda adamlar ony kowýar eken: "Bareý, ugrasana Alla diýip bizi aldajak bolma” diýipdirler. Onsoň Zulf Pygamber Alla nalyş edipdir: “Meni ýüz ýyldan soň ugradan bolsaň, menem bu adamlary ynandyryp bilerdim, şu wagt ynananoklar, adamlaryň aňy pes. Ýene ýüz ýyldan adamlaryň aňy ösensoň meni iberen bolsaň, men ynandyryp bilerdim!” Alla her Pygambere kesp mugjuza (Mugjuza-geň galdyrýan, adam güýjünden daşary, Pygamberler tarapyndan görkezilýän ýa-da edilýän geň işler, keramat) berdi. Musa Pygamberiň hasasy Aždarha bolup giden bolsa, Isa pygamberiň hasasy öli adamlary direltdi, Muhammet Pygamberiň gürrüňini diňläp, adamlar ertirden agşama çenli, hiç zat iýmän açlygyny ýatdan çykardylar. Zulf Pygambere bolsa şu Mugjuzany berdi. Kyrk ýaşyndaka bir ogly bolupdyr. Zulf pygamber günlerde bir gün odun ýygmana tokaýa gidipdir. Şol tokaýda agajyň düýbünde uklap galypdyr. Üstünden ýüz ýyl geçensoň turupdyr: “Aýalymyň şol garaşyp oturşydyr” diýip, ylgap öýüne tarap gaýtdy. Öýüniň ýanyna gelse kanallar gazylyp, täze ýaplar çekilip, şäher bolup gidipdir. Zulf pygamber: “Hany biziň öýümiz nirede” diýip, gygyryp başlapdyr. Öňki obanyň durkuny täzeläp şäher gurupdyrlar, köneje obanyň üstünden ýüz ýyl geçip, üýtgäpdir, şäher bolupdyr. 114 ýaşly bir adam ölmän galypdyr, ýaşap ýören eken: “Injigim men seni bir ýerde görenim ýaly, birine meňzedýän, kim sen?” diýdi. Zulf pygamber bolsa: “Wah men Zulf Pygamber” diýip, gygyryp ugrapdyr. Ol ýaşuly bolsa 14 ýaşly oglanjyk eken, Zulf Pygamber diri ýiten wagty. Ýaşuly Pygambere gowja seredip: ”Dogrudanam sen Zulf Pygamber… Aýalyňyz-a bir wagtlar aradan gitdi, ýöne ogluň-a bar, ýaşap ýör” diýipdir. Ogluny çagyrdylar, ogly ýüz ýaşly ak sakgallyja baba bolup gidipdir. Zulf Pygamber bolsa şol durşuna durupdyr. Ol bir sagat uklap turan ýaly, ýöne üstünden ýüz ýyl geçipdir. Özi kyrk ýaşynda, ogly ýüz ýaşa barypdyr. Alla oňa şu mugjuzany beripdir. Magtymgulynyň goşgusyndaky setirler şony aýdýar. - Ne göwher ne ýerde ýatyr kembaha, Niçik esbat etmiş surai “ta ha” bu näme bolýar Ahun aga? - Muhammet Mustafa S.A.W. Medinede kembaha bolup ýatandyr. Ozaly, Ahyrýeti Pygamber bolsada. Adam ata bolmadyk bolsa biziň hiç birimizem bolmaly däl. Şularyň hemmesi “Surai ta ha” diýen sürede ýazylypdyr. - Magtymguly, üç müň üç ýüzi dursun, Dört müň dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün, Her kim ussat bolsa, jogabyn bersin, Dört “dal”— yň bir “zi” — dedigi bilinmez. Ahun Aga bu näme? - Mun-a Magtymgulynyň özi ýatan ýerinden turup, direlip gelip, aýdaýmasa, menä bilmedim. - Ahun aga, munçasyny çözüp berdiň, şunam bir gaýrat et! - Goýsana Gurtjan! - Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin, Ol ne humarbazdyr, utup durupdyr, Çüýrük saman eltip jahan bazarna, Göwhere barabar satyp durupdyr... Bagşy Ahun aganyň goý diýenine garaman ýene Magtymgulynyň “Utup durupdyr” atly goşgusyny okap başlady. Onuň yhlasyna düşünen Ahun, sözüni ýykyp bilmän düşündirmäge çalyşdy. - Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin, bu seniň kowalaşýan malyň, mülküň, baýlygyň! Hozuň daşyndan çüýrükligi bildirenok, adamlaram şonuň maňyzyny iýjek bolup heläk bolup ýörendir. “Çüýrük saman eltip jahan bazarna” bu adamyň göwnüdir, “Göwhere barabar satyp durupdyr” bazara barsaň bir manat üçin ýumruklaşyp duranlar bardyr, budur şol diýýäni. - Ahun Aga dilleriňe döneýin- diýip, Gurt Bagşy arzuwyna ýetenine begenip depderçesine belläp, öz bilimini artdyryp, geljekki nesillere bolsa müdimilik ýadygärlik goýdy. Şeýle yhlasly Magtymgulynyň goşgularyna çemeleşen başga-da adam bar bolsa bardyram, emma beýle adamlar gaty azdyr. Şol sebäpli hem Ahun aga bildiginden öwretdi. Özüniň bilýän zatlaryny birjikde gysganmady. -Ne düşekdir, aňa basan ýarymaz, - bu mele toprakdyr. - Ne kiştidir, derýa batar, ýörimez - Ýelkenli gaýyga Kişti diýilýär. - Ne enedir, ölmez, ýitmez, garrymaz, - Adam bir gysym toprakdan emele gelip, ýene bir gysym topraga öwrülýändir - Öz balasyn özi ýutup durupdyr. - Mele toprakdyr. Şu goşgyny Magtymguly ýazyp otyrka ýanyna gelip: "Pelek näme?"-diýip, sorapdyrlar. Magtymgulam ony goşga geçiripdir Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne tişi, Bir gözi dym-akdyr, bir gözi çaşy, Reňgi gara, ala on iki başy, Ýeri-gögi birden tutup durupdyr. - Ne erkekdir, ol agzyndan ak köpük saçyp duran erkegä däl. Tişi diýmek näme? Bir balykçy günlerde bir gün patyşasyna balyk tutup, getirip berýär, patyşa hem balykçynyň akylyny barlap görmek üçin: “Şu, maňa getirilen balyklar erkekmi, urkaçymy?” diýip soraň . Wezirlerem balykçyny tapýarlarda, ondan soraýarlar: “Patyşa eltip beren balyklaryň erkekmi, urkaçymy?” Balykçy: “Olar dişidir, erkegem däl, urkaçam däl, emma köpelýän zatdyr” diýip jogap beripdir. Dişi bolanda şol bolýar, başga-da düýäniň gysyryna-da aýdylýar. Bir gözi dym-akdyr, bir gözi çaşy, Dym-ak diýeni gündiz, çaşy diýeni bolsa gije bolýar. Reňgi gara, ala on iki başy, bu ýerde bolsa Magtymguly özüniň asmana uçanlygyny ýokardan aşak ýere seredenligini aýtýar. Ony “Turgul diýdiler” atly goşgusynda-da beýan etýär. Ýokardan kosmosdan seredeniňde ýeriň gara reňkli günüň şöhlesiniň düşýän ýerleriniň ala bolýandygyny aýdýar. Başga terjimehal ýok diýipdir. - Dostlar, bir mysaldyr tilime gelen, Zehin etse, biler akyly bolan. Jahan ýüzün tutmuş bir gudrat ýylan, Guýrugy başyndan ötüp durupdyr. Munda näme diýýär ahun aga? - Bu bir ýyldyr, ýanwar,dekabr- ýanwar, dekabr... bolup üstünden ötüp durandyr. -Magtymguly, magrur bolma bu söze, -Magtymguly haýran galma bu söze. -Hiç beýle janawar ilmemiş göze, Ýene bir gudrat bar, ýedi kelpeze, - Başga bir jandar bardyr, göze görünmeýän. Kelpeze -hažžyk ýaly, ýylana meňzeş dilini çykarýan jandar bolýar. Ýedi kelpeze bolanda ýedi gün, ol hem bir hepde bolýar. Duşenbeden-duşenbä, ýekşenbeden-ýekşenbä nädip ýeteniňi bilmeýäň. Göze-de görünmän geçip durandyr diýýär. Nowruzy düýn belläniň ýaly bolup durandyr, emma ertir ýene-de nowruz geler. Göze görünmän hepdeler ýyllary ýuwdup durandyr. Magtymguly şony aýdýar. - Ýene-de bar Ahun aga. - Goý indi han ogul – şol wagtam nahar geldi. Iýip içip bolýançalar, Gurt bagşynyň otla münmeli wagty bolupdyr. -Bilmeýän zatlaryňy jemläp bir depderçä ýazyp geläý Gurtjan, men bildigimden çözüp bererin-diýdi. Şeýdip Gurt bagşy öz dogduk mekanyna dolandy. Üç aý geçensoň Gurt Ýakubow Magtymgulyda, ýagny, akyldar şahyryň goşgularynda düşünmedik ýeri bar bolsa ählisini jemläp, Ahun aganyň öýüne bardy. Daş-töwerek içgysgynç, asmanam tutuksy bulutlar bilen örtülip, günüň ýüzüni tutup durdy. Näme üçindir howanyň ýakymy-da duýulmaýardy. Ýa 3 aý geçip pasylyň üýtgänligi sebäplimi, ýa-da başga bir sebäp barmy? Bu zatlaryň sebäbini Gurt bagşy duýup bilmedi. Ol içinden: “Pasyl üýtgäpdir. Men öňki gezek gelenimde bahar paslydy, howa çygly bolsa-da öwüsýän şemal maňa mylaýym, ýakymly ýalydy, arassa howadan näçe dem alsaň alybermelidi. Bu gün bolsa tomusyň ortaky aýynyň başy ahyryn, öwüsýän şemalda-da ýakym ýok, howadan-ha asla dem alasym gelenok. Howa tomusda ýyly bolaýjak ýaly welin, men Gökdepä diýip ýol şaýymy tutanymdan bäri howa sowap, şu bulutlar günüň ýüzüni tutup başlady. Ýa pasyllar ýerini çalyşaýdymyka. Bilmedim-dä, bu ne ahwalat?”... Gurt bagşy içini gepledip gelşine ýoly nädip geçenini-de duýmady. Ahyr soňy gelmeli öýüne geldi. Howlynyň daş ýüzünde ýoluň ugrunda iki sany awtoulag ileri tarap bakyp durdy. Daş işikde bäş-alty sany telpekli ýaşuly adamlar bir- biri bilen bir zatlaryň maslahatyny edýärdiler. Bagşy ýene-de içinden: “Waheý Ahun agany bir ýere-hä alyp gitjek bolýarlar. Hernä gowulyk bolsun! Bendeçilikde bolýan zatdyr. Aýat töwir edip basymjak geler” diýip içini hümlendirdi. Bagşy ýaşulylara salam berdi. - Salawmaleýkim ýaşulylar. - Salam inim. Geldiňmi sagaman. - hawa gelendiris biz-ä. - gelip gowy edipsiň. Biz seniň yzyňdan adam ugratjak bolduk, emma ýol uzak bolansoň ugradyp bilmedik. - zyýany ýok ýaşuly özüm aşdym. Goşumam kän däldi, ýanymda depderçäm birem şu köneje dutarym bar. Gynansagam gijä galan ekeni. Ahun aga bu dünýäden gaýdypdyr. Edil bir gün öň gelen bolsa jaýlamana gatnaşyp biljek ekeni, emma oňa-da ýetişmändir. “Bilmedikde ýazyk ýok” diýlişi ýaly, Gurt Ýakubyň hem bu ýerde ýazygy ýok. Emma Gurt bagşy özüni ýazykly ýaly duýdy, gijä galanyna gynandy, onsoň hem beýle ylymly, sowatly, bilimli adamyň gidenine hemmeden beter gynandy. Megerem, Ahun diri bolan bolsa Magtymgulynyň birnäçe syrly goşgularynyň manylaryny öwrenmäge mümkinçilik dörärdi. Şeýlelikde Ahun aganyň 3-i, 7-si sadakalaryna gatnaşyp öz borjuny ýerine ýetirdi. “Muňa-da şükür hernä gelip ýetişdim, howanyňam näme üçin gamlydygyna indi düşündim” diýip, içini hümlendirdi oturdy. Bu hekaýa Gurt Ýakubowyň ömrüniň, gysgaça aýdanymyzda, onuň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny derňemek boýunça alymlaryň ylmy barlaglaryndan, birjikde kem däldigini subut edýär. Häzirki alymlaryň, Magtymgulyşynaslaryň Gurt Ýakubowa ýüzlenmesi bolsa, onuň baý dünýägaraýşynyň, ylmy çözgütleriniň bimöçber derejede altyn hazyna öwrülendigini aýdyň görkezýär. Awtory Akmyrat Muhammetberdiýew | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |