00:19 Täsir etmez ýürege | |
Aýaz buşlap geldi bize gyş pasly Sowuk şemal kürsäp girdi ýürege Şondada ýüreklerde dur ýaz pasly Sowuk şemal täsir etmez ýürege Talyp joşup waspyn eder gyşynyň Geçenini ýada salyp ýazynyň Küýsäp durka gülleriň gül jemalyn Sowuk aýaz täsir etmez ýürege Kime gyş gerek kimlere bolsa ýaz Şonuň üçin hem çalynýandyr saz Kimler gyşa kimler bolsa ýaza zar Sowuk aýaz täsir etmez ýürege Gyş paslyny söýýänlerem az däl Adamlaryň mudam ýüregi ýaz däl Bulut ýaly göriplerimiz kän däl Sowuk garlar täsir etmez ýürege Gar ýagýar daş töweregi agardyp Aklyk bilen ýürekleri eredip Ilkinji gar ýüreklerde ýer edip Sowuk günler täsir etmez ýürege Akmyrat Muhammetberdiýew Прикрепления: Картинка 1 | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |