20:54 Magtymgulyşynas Gurt Ýakubow | |
MAGTYMGULYŞYNAS GURT ÝAKUBOW Gurt Ýakup diýseň tanamaýan ýok bolsa gerek. Dogry, dutara dil bitirip, adam ýaly saýradan bagşyny heý-de türkmen halky tanamazmy? Elbetde tanar. Ondada nähili tanar?! Gurt Ýakubowy türkmen halky aýdym- sazyň salyr-saryk ýolunyň bagşysy, has takygy dessançy bagşy diýip tanaýar. Biz bolsa Gurt Ýakubowy edebiýatçy hökmünde öwrenmek, tanatmak isledik. Halypa bagşymyz häzir hem edebiýatçy hökmünde tanalýar, emma ol diňe dessan aýdan, döreden adam diýlip tanalýar. Onuň edebiýata getiren, hut özüniň döreden “Gülpam” dessany biziň ählimize tanyş bolsa gerek. Bagşy diňe bir sany dessany däl, ol kyrka golaý dessany ýatdan bilipdir we olary halk arasynda aýdyp, şägirtlerine- de öwredip gidipdir. Bu bolsa biziň edebiýatymyzyň baýlygyny, onuň baýlaşmagyna dessançy bagşylarymyzyň tutýan ornunyň köpdigini görkezýär. Ol öz halypasy Rozy bagşynyň terjime eden, Hatamtaý dessanynyň halk arasyna ýaýramagyna hem uly goşant goşupdyr. Mundan başga- da Gurt Ýakup sungata özüni bagş eden adam hökmünde tanalýar. Ol diňe bir dessan aýtmak bilen çäklenmän, türkmen halk aýdymlaryny hem aýdypdyr, olara täzeçe öwüşgün beripdir. Halypa bagşymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň täsiri uly bolupdyr. Gurt aga Magtymgulynyň goşgularyny öwrenip, ondan lezzet alypdyr. Şol esasda hem täze- täze aýdymlar bilen halk arasyna çykypdyr. Magtymgulynyň çap edilen, çap edilmedik goşgularynyň ählisini ýatdan bilipdir. Onuň ýatkeşligi barada rowaýata öwrülen hakykatlar bar. Ýazyjy Oraz Ýagmyrowyň “Gurt Ýakup” diýen kitapçasynda bu bagşa uly baha berilýär. Onda: “Gurt Ýakup agyr günlerde -de aýdym aýtdy, gamlananda-da, gülende-de aýdym aýtdy, durmuşyň düýp aslyna akyl ýetirjek bolup, kelle döwende-de aýdym aýtdy. Aýdym-saz onuň üçin lezzet, ýöne oýlandyrýan, sähel gamlandyrýan, ýüregiňi ýumşadýan lezzet. Hiý, gamlanmaýandanam, gama batyp bilmeýändenem adam bolarmy?! Gam seniň gedem başyňy egýär, gazaply diliňi süýjedýär, töwerekden özüňe hemra-dost gözledýär. Iň guýçli ýeri hem: seniň bu dünýä myhmanlygyňy ýatladýar. Myhman bolup gelen ýeriňe ýamanlyk etjekmi? Göz gorkak, el batyr, dil ýüwrük diýipdirler. Ana, gam seniň eliňden tutýar. Ejize degme diýýär. Gam seniň diliňi düwýär. Ajy söz aýtma diýýär. Elbetde, adama merdem gam gerek, adamy beýgeldiji, haýyr işlere iteriji gam gerek. «Sen myhmansyň, gyssanaweri, ýagşylyk edip ýetişjek bolaweri! diýip, böwrüňe sanjyp duran gam derkar. Gurt Ýakubyň owazynda, aýdymlarynda, çalan sazlarynda hut şeýle gam bar. Bagşynyň ählimizi kökenlän ýüpi hem şo gamdan işilen bolsa gerek. Şeýle bolansoň Gurt bagşy, ozaly bilen, beýik Magtymgula ýüzlendi. Özem şahyryň arap harpyndaky kitaplaryny okady. Gündizlerine edil aýna bakan ýaly kitapdan ýüzüni aýyrmady, ýatanda ýassygy Magtymgulynyň kitaby boldy. Gurt bagşy arap, pars dilinden, çagataýçadan habarly bolansoň, onuň Magtymgulynyň şygyrlaryna düşünişi üýtgeşikdi. Magtymgulynyň eserleriniň aňyrsynda ýaňlanýan owazy sogrup almagy Gurt Ýakup başardy. Şoňa görä, bu dünýäde aýdym aýdyp geçen bagşylaryň arasynda, Magtymguludan iň köp aýdym aýdan Gurt Ýakupdyr. Öňünden bir zat diýmek kyn weli, ýöne Magtymguludan aýdym aýtmak meselesinde Gurt Ýakupdan öňe geçjek bagşy indi döremese gerek. Mary şäherinden lukman Myraly Ata ogly şu babatda bir wakany ýatlady: «Bir toýda Gurt bagşy Magtymgulydan aýdym aýdyp, aralygynda derini sylanda diňleýjileriň biri: — Gurt aga, Magtymguludan näçeräk aýdym bilýäňiz? — diýip sorady. — Bilmedim, inijigim. Şony özümem bilesim gelýär. Hany, Magtymgulynyň kitabyny getiriň, bakaly. Magtymgulynyň 1983-nji ýylda çykan iki tomlugyny alyp geldiler. — Hany, inijigim, sahypalary bir ýandan agdaryp başla. Goşgynyň adyny okasaň bolar — diýip, Gurt bagşy dutaryň gulaklaryny çekişdirdi. Onsoň bir goşgynyň adyny okanyna mähetdel bagşy o goşgynyň bentlerini aýdym edip aýdyp başlaýar weli, halaýyk indikä geçiber diýip ygtyýar berýär. Şol aýdymlaryň arasynda Gurt bagşynyň özi düzen, özi tapan heňleri hem az däldi. Şeýdip, iki kitap tamam boldy weli, Gurt bagşy: «Munda Magtymgulynyň ähli goşgysy ýok. Şu kitapdanam yzarlalyň» diýip, köne ýazuwly bir kitaby sumkasyndan çykardy. Ony hem heňe salyp aýdyp çykdy. Beýle ýatkeşligi bolan, şol bir wagtda saz döretmäge ukyply, bolan bagşy indi bu dünýäde gaýtalanmasa gerek» diýip” Gurt Ýakubowuň halk arasyna ýaýran rowaýatlaryny diňläniňde, onuň hakykatdan hem Magtymguly bilen bir baglanşygynyň barlygyny aýdyň duýmak bolýar. Dogrudanam, Magtymgulynyň ruhuna Gurt Ýakubyň ruhy birleşipdir. Magtymgulynyň düşünmesi kyn, agyr bolan sözleri, goşgulary Gurt bagşynyň dilinde täze öwüşgin tapdy, naýza öwürlip şu durmuşy bulaýjylara, nadanlara-namartlara, zynahorlara, içindäki ýelden ýaňa çişip ýören wezipeparazlara, dilinde bir zat diýýän, işinde başga zat edýän iki dillilere, özüni gara pula satýan parahorlara we şuňa meňzeş beýleki nogsanlara garşy göreşdi. Şeýtmek bilen bu durmuşyň hümmetini artdyrmaga onuň goşandy ummasyzdyr. Muny hiç bir gural ölçäp bilmez, diňe ynsan duýar, diňe ynsan onuň gadryny biler.” Gurt Ýakup aglaba tirme aýdymlar aýdylýan salyr-saryk ýoluna kyssaçylygyň özboluşly şahasyny ornaşdyrdy, dessanlary janlandyrdy. Bu kyssaçylyk Pälwan bagşynyň, Magtymguly Garlynyň kyssalaryna meňzemeýärdi. Gurt Ýakup öz halypalaryna-da meňzemedi, täzeçe bir zat döretdi. Olardan alan sapaklaryny başga ugra gönükdirdi. Şeýlelikde, türkmen aýdym-sazynyň täze kuwwatyny, täze mümkinçiligini açdy, ony bir gez ýokary göterdi. Türkmen klassyky edebiýatynyň köplenç, az bogunly setirli goşgulary, özem üç-dört bentden artyk bolmadyklary aýdylýar eken. Gurt Ýakup bolsa aruz ölçegli, çylşyrymly eserleri hem heňe goşup aýdyma öwürdi. Hut şondan soň beýik Magtymgulynyň ähli goşgusyny aýdyma öwürmek, heňe salmak mümkin boldy. Ýöne «Men şeýle täzelik tapdym. Men şunça täze heň ulandym» diýip Gurt bagşy ýekeje gezegem magtanyp, özüni görkezjek bolup, il arasynda öwünjeňlik eden adam däldir. Onuň tebigatynda, topragynda beýle häsiýet ýok eken. Halk arasynda: “Bir bähbitli iş etdigi, ony unutmak bilen bolardy” diýip aýtýan adamlary diňlänimizde onuň hiç wagt öz bähbidine ylgap, hars urup ýören adamlardan däldigini duýýarsyň. «Ile berseň, özüňkidir. Gizläp goýsaň, ýiter gider» diýýän dana sözlerini diňläniňde bolsa, onuň hakyky halypalygyny görkezýär, onuň şahsyýetiniň ösenligini, indiwiduallygynyň bolsa indi gaýtalanmajakdygyny görkezýär. Gurt Ýakup aýdymlary aýlap-öwrüp dürli görnüşde aýdar eken. Şol bir aýdymy on hili heňe salyp, haýsy heňde gulaga şirin, näzik eşidilýänini yzarlaýar eken. Onuň Magtymgulynyň sözlerine «Janana gözüm düşdi» diýen aýdymyny ýaňadan diňläp görüň. Girişde sazyň neneňsi sünnä bilen, neneňsi hümmetli çalnyşyny, oňa hut bagşynyň özüniň dür dänelerini goşuşyny bilýänsiňiz. Bagşynyň owazynyň neneňsi sypaýylyk, göwünjeňlik bilen başlanyşyny diýseňiz-le! Bir hakykat şu mahaldan aýan: şu dünýäde Türkmeniň başy dik bolsa, Magtymguly bakydyr. Magtymguly dursa, Gurt Ýakup hem durar. Gurt Ýakubam Pyragy ýaly baky ýaşar. © Akmyrat MUHAMMETBERDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |