Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:29
Uçgunlar

Megerem bagtly sen, bagtly sen bu gün,
Ýylgyrýan gözlerden, uçgun syçraýar.
Megerem bagtly men, bagtly men bu gün,
Başymdaky serim söýgä uçraýar.

Gördüm gözlerinde ýagty bir güni,
Ýagtyltdy ol, tümlük gurşan ýüregmi.
Sowgat edip maňa, bagtly bir güni,
Törüm bezäp, begendirer ol meni.

© Akmyrat Muhammetberdiýew
Bölümler: Goşgular | Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Akmyrat Muhammetberdiýew | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 12:18, 07.12.2023
umuman goşgy barada däl-de şu "Törüm bezäp, begendirer ol meni"-däki tör bezemege büdräp durun.
kesä çekýän ýalam bolýandyr welin, näme gelin, aýal tarap tör bezelýän obýektmi diýýär içimde biri.
gelin, aýal - olam edil seniň ýaly doluhukukly bir şahs dälmi?
kellä gelýän pikir samsygam bolsa, ýene-de ol bezeg däl-de seniň ýap-ýartyň, şoň bilenem bütewileşýäniň bolaýmasa.
törüň bezegimiş. ýok bezegi däl ýartymyň ýarysy, meni bitewi eden diýsek näder...
avatar
0
2 Анонимно • 20:15, 07.12.2023
Tör bu öýüň merkezi, mukaddes ýeri hasaplanýar. Myhman ataňdan uly diýilişi ýaly türkmenlerde şeýle aýdylýan zat bar myhmany töre geçir. Şonuň üçinem törümi bezäp diýen jümläni aldym. Ýagny bu ýerde kiçeltme bolmaýar, ol şoňa bolan sylag hormat sarpany aňlatýar
avatar
0
3 Lacrymosa • 21:00, 07.12.2023
Myhman ataň deý ULY
avatar
0
4 Mekan • 21:29, 07.12.2023
Ýene biraz gaýşarsam arkan ýykylýan. Döşüm dagy bsa içip žim eden ýaly. Gollarymam ylgajak bolýan pingiwiniñki ýaly
avatar
0
5 Lacrymosa • 07:46, 10.12.2023
Ajaýyp kartina. Şu postdaky 4-nji teswiri Bäsleşigimiziň ,,Ýylyň şekillendiriş sungatyna has ýakyn teswiri" nominatsiýasyna hödürleýärin. Ýa muny ,,Ýylyň iň animation teswiri" nominatsiýa hödürlemelimi? Haýsyna hödürläýin, Myhman eke!
,,Ýylyň iň emotional teswiri" nominatsiýasyna-ha ejizräk geler bi. muňa gatnaşjak kän. Durşumyz bilen emotsiýa bop ýatys-a
avatar
0
6 Lacrymosa • 18:31, 11.12.2023
jogap bermänsiňiz-ä, Myhman aga
avatar
0
7 Mekan • 22:48, 11.12.2023
Eger

"Parlak teswiriň parlak nyşanjygy ony ýazana däl-de hödürläne gowşurylar"

bolsa, onda hödürleýäniñ insiyatiwasyna bagly bolmaly. Haysy kategoriyadan layyk görseñ men layk goyyan.
avatar
0
8 Medicall • 22:58, 11.12.2023
ýok, parlak nyşanjygy eseri, teswiri hödürläne berseň karam bolar-da, bir-ä azap edip ýazmaly, birem ony hödürläp baýrak almalymy? bolanok, oň ýaly "hezillik", teswirem bolsa awtory kim bolsa baýragam şoňa berilmeli
avatar
0
9 Lacrymosa • 21:33, 09.03.2024
4-nji teswirdäki kostyumyň nirede?
avatar
0
10 Mekan • 22:11, 09.03.2024
Kofe döküldi şa..zda (reklama bolmasyn)

Himýa berdim
avatar

Старая форма входа
Total users: 202