Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:13
Sazlaşyk
SAZLAŞYK

Gara bulutlardan bölünýän owaz,
Ýagşyň damjasynda täsin ses edýär,
Tebigat lirasy ýakymly bir saz,
Sazlaşyksyz dünýä yşky bes edýär.

Käte ýat gapynyň myhmany deýin,
Tebigat öýüni kakmaga derek,
Sazlaşygyň tapman gelýän merkezin,
Göýä diýjek ýaly: “Saňa kim gerek?”

Ýitirilen pikirleriň, günleriň,
Boş geçiren gijelerim saldarlap,
Öýkeli talantyň boýnuna böküp,
Eýýäm hiç birisin bilmersiň dolap.

Gije – gündiz aýtmaga-da dözmedik,
Şygyrlarmyň bary gitdi aglaşyp,
Ýa-ha talant menden ökje göterdi,
Ýa-da kemter ýetdi duýgy, sazlaşyk.
2013 ý

Şat günümde, gamly günde,
Ýüregimde ýaşan ýar,
Ýatlamalar galdy sende,
Meni durmuş çagyrýar.

Aý bolmasa, bilýärdimem,
Ykbalymyň bir däldigin,
Güller bilen gelýärdiňem,
A gülleriň solýandygyn.

Adamyňky şeýle bormuş,
Ýetäýmese öz gezegi,
Kellesinde parhsyz durmuş,
Ýüreginde öz söýeni.
2014 ý

Enä

Seniň bar wagtyňda dünýä gözeldi,
Dünýä baky bolup göründi bize,
Ähli zatlar ap-aňsatdy, hezildi,
Ähli zatlar ýygnanandy öýmüzde.

Güneş diýseň, senden yssy bolarmy?
Bagt diýseň, meňzeş bolarmy saňa?
Hemme zadym üpjün ýaly bolsa-da,
Käbäm, seniň mähriň ýetenok maňa.

Men indi birýany bergili adam,
Dünýäni öňküden egsik duýýaryn.
Goý, nämäni ýitirmeli bolsa-da,
Söýýäni bir ýitmäwersin ynsanyň.
2021 ý

Ýitgi

Her gezek öwsende mylaýym şemal
Baglaram tolgunyp şabyrdaberse,
Ýüregme bir täsin alada düşýär,
Otur soň asuda oturyp bilseň.

Göwnüme şol baglaň gohçul sesinde
Meniň ýalňyzlygma duýgudaşlyk bar,
Edil köp gepleýän gelnejem ýaly,
Gohlansoň, iň wajyp ýerinde dymýar.

Olar ýada salýar şol sesi bilen
Köýnegi şowurdap geçen ýigidi,
Giç düşünmek meň ykbalym bolansoň,
Şol gün ömrüň ähmiýetsiz günüdi.

Soň kem-kemden düşündim men, elbetde,
Mana eýe boldy günleriň bary,
Ýöne ömrüň ähmiýetsiz gününde
Men wajyp birini ýitiren ýaly.
2018 ý

Esger

Bu gün buýsanç bilen galdyrýan başym,
Bu gün meniň buýsanmaga hakym bar,
Eje, ýene dileg baryn et maňa,
Çünki menem esger bolmaga barýan.

Öňümde Watanyň beýik daglary,
Ýürekde halkyma bolan söýgim bar,
Kaka, pataň bilen ýola salyber,
Çünki menem esger bolmaga barýan.

Ynam guýup barýandyryn gözüme,
Hem söýgüli ýara goýup arzuwym,
Men indi goragçy ähli söýgime,
Çünki beýik halkyň esgeri bu gün.
2020 ý

Ýüzlenme

Durmuş,
Menem saňa juda belet däl
Her ädimiň öz ýeňlişi, ýeňşi bar,
Ýöne diňe süýji durmuş gerek däl,
Günlerimiň göreş bilen gelşi bor

Bagt ýyldyzyň öçýär, söýgüler gidýär
Aýby nä?! Ýene-de geler jahana,
Men ykbalym üçin saňa minnetdar,
Umytly daňlary beripsiň maňa

Bagty gözlemeklik näme günämi?
Ynsap meniň bilen edip ýör jedel,
Belki, şu sebäpden meniň daşymdan
Aýlanýansyň hem diýýänsiň “Sen gedem”

Howlukýanmy ýa-da ýaşlykdanmyka?
Bilemok, ykbala edýänmi dalaş,
Ol bolsa näbelliň keşbine girip,
Gelýär-de ýüzlenýär “Azajyk garaş”

2009 ý

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202