Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:51
Seni pikir etmek

SENI PIKIR ETMEK

Seni piki etmek şeýlebir gowy zat,
Dünýäniň iň gowy sesinden
iň gowy aýdymy diňlemek ýaly bir zat...
Ýöne indi umyt ýetenok maňa,
Men indi aýdym diňlemek däl,
Aýdym aýtmak isleýän.

© Nazım HIKMET RAN

Terjime: © Annajemal AMANOWA
Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Reňk | Teg: Nazym Hikmet | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
0
1 Reňk • 21:53, 21.07.2024
Seni düşünmek güzel şey,
ümitli şey,
dünyanın en güzel sesinden
en güzel şarkıyı dinlemek gibi birşey...
Fakat artık ümit yetmiyor bana,
ben artık şarkı dinlemek değil,
şarkı söylemek istiyorum.
avatar
0
2 Medicall • 22:39, 21.07.2024
Terjimeçi kimkä?
avatar
0
3 Reňk • 00:43, 22.07.2024
Terjime eden mendim
avatar
0
4 Medicall • 00:47, 22.07.2024
Ýagny, siziñ at familiýañyz kim diyip ýazylmaly?
avatar
0
5 Reňk • 00:49, 22.07.2024
Annajemal Amanowa
avatar
0
6 aygull • 11:43, 22.07.2024
"Seni pikirlenmek"-gulagy kesýär.
Munuň başga warianty bolaýmaly.
avatar
0
7 Reňk • 11:54, 22.07.2024
1 warýant:seni pikir etmek.
2 warýant:senli pikirler.

1 warýantama gulagy kesmän duranok özä
avatar
0
8 aygull • 13:16, 22.07.2024
"Sen hakda pikir etmek" diýsegem, halys düşnükli bolar durar diýýäňmi?
avatar
0
9 Seýrаn • 13:38, 22.07.2024
Sen hakda oýa batmak nähili gowy
Seniň pikiriň etmek neneňsi gowy
Neneňsi gowy zat seniň pikiriň
Umytly zat (zat sözi gowy dälleý köp ýerde)
...
-ýalyrak
avatar
0
10 Seýrаn • 13:42, 22.07.2024
Nazim Hikmetiň özi owadanlabam oturmaz belki, emma ki poetikaň terjimesi çeperräk bolsa ýeg.
avatar
0
11 Анонимно • 14:11, 22.07.2024
Bellikleriňiz ücin minnetdar. ))
İndikilerde hökman düzedern))
avatar
0
12 sussupessimist • 14:38, 22.07.2024
senli pikirler - warianty-ha häzirki estrada aýdymlaryny ýatladýar (gowy diýdigim däl:)

Seni pikirlenmegem, aýdylyşy ýaly, gaty tagaşyksyz (üstesine-de nädogry).

Şeýle gözel sen hakdaky pikirler,
şeýle umytly,
dünýäde iň süýji owazly
gözel aýdymy diňlän deý...
Emma indi umyt kemterlik edýär.
Aýdym diňläp oňman,
özüm aýdasym gelýär.

... diýen ýalyrakmy? garaz, birneme originaldan ara açyp, türkmençä çewirmeli.
avatar
0
13 Garagarr • 16:45, 23.07.2024
Teswir 8-e.
Aýgül, ýazanyň dogrusy hem iň ýakyny.
"Sen hakda pikir etmek"
avatar
0
14 begenc • 00:52, 24.07.2024
Şeýle goşgulary terjime etmek gerekli dälmikä diýýän. *şarkı-aýdym belligini goýup, original dilinde paýlaşmak ýeterli.
avatar
0
15 aygull • 13:07, 24.07.2024
Türkmençä-howwa, geregem däl. Şeýle-de düşnükli.
Rusça rerjime etseň bolardy, meselem.
avatar
0
16 Мango • 14:01, 25.07.2024
sussupesiň wariantyny haladym...
aslynda türkçede hem "şeý" diýmek gowy şeý dä bolmaly.
diýmäge söz tapmasalar "şeý" bilen şeýtdiräýýäler. olam, söz zapasynyň pesligini aňladýar.

kä kişi diýjek zadyny lokaniçnyja edip aýdyp bilýär,
kä kişem: "o bara, ejem bara, şeý diýdi..." diýip şeýtdirip durandyr.

garaz, "şeý"-i ulanmajak bolmaly.
şeý-le dämi?
avatar
0
17 Reňk • 14:04, 25.07.2024
Şeýdeýn onda indikide :)
avatar
0
18 Medicall • 14:20, 25.07.2024
Taakk, şe-ý-le-şeý-leee)))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203