Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:16
Sessiz durmajak setirler
SESSIZ DURMAJAK SETIRLER

Ýüregim ýarylyp, ýarylyp gidýär,
Ajy tüssäñ ysy gelýär burnuma.
Süññümdäki bu yzan-da-çuwanlyk
Pikirlermi salyp barýar gyrgyna.

Diýýärin özüme: "Goja Zeminiñ
Öz derdi-düwüni ýetik, señki nä?!".
Ýaşaýşyñ gadryny bilmeýänlere
Ýaşamak günä!

Daşarda asuda günler toý edýär,
Peýdasy ýok, içim ala zenzele.
Ýykylýar binalar, çabraýar ataş,
Men ýa-da dünýäniñ özi señsele.

Bilýärkäñ bilmediksiremek agyr,
Görüp durkañ nädip diýersiñ "hiç-le".
Bir sebäp bolmasa, ýazylmaz şygyr,
Jiger gysylmasa, gysylmaz dişler.

Gözlerimi ýumsam, bäbekli ene,
Açsam, gamhor ata, nämyrat çaga.
Halas edýän bolsa aman dilemek:
Eý, Allam, özüñe sygynýas, toba!
Adamzady bela-beterden gora!

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 122 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Pero • 08:18, 19.10.2023
Ṣu günlerki dünỳäde bolup geçýän gyrgynçylyklara çydaman ýazylan setirler öýdýän. Ṣahyr ṣahyr bolanda iliñ derdi öz derdi bolýar. Gurbanjemalyñ bu goṣgusam il derdi hakdaky dertli goṣgy bolupdyr.

Dünỳä agyr muṣakatlyklary baṣdan geçirýä,hernä Alla bendesine görä bolmawersin,bolmawersin...
avatar
0
2 Мango • 09:12, 19.10.2023
hawa. Gurbanjemal hanymyň kalbynyň zenzelesi Palestinadygy görünip dur.
ol bombalanan hassahanadan kadrlary görmäge ýürek çydanok...
hiç kimiň elinden zat gelenok. ne super-döwletleň, ne birleşen milletler guramasynyň, ne yslamy guramalaryň, dünýe bu zulumy diňe synlaýar...
Allah kömekçimiz bolsun...
avatar
0
3 Мango • 09:16, 19.10.2023
sessiz durmadygy üçin Gurbanjemal hanyma hormat.
(sessiz durmak köplenç zalymyň peýdasyna bolýar).
avatar
0
4 Medicall • 09:20, 19.10.2023
gynansak-da şeýle, ýüregiň ýarylyp gidýar, eliňden bolsa geljek kömek ýok, diňe Alladan dileg etmekden başga... "Dünýä abat dursun, parahat... " Gurbanjemalyňam ellerine-de, ýüregine-de saglyk!
avatar
0
5 Medicall • 09:30, 19.10.2023
goşgyny ugradanda-da smsa-da ýazypdyr:"Bu günler näme iýýäs-içýäs belli däl, tw-ny göresimizem gelenok, görmeseňem bolanok, garaz biygtyýar ýazylýar goşgular. Ýazasymam gelenok ýogsa beýle goşgular, Olary görüp ynsandygyňa utanýaň adam pidalaryny görüp, öz ýurdumyza, günümize müň şükür edýäs..." diýip, çuňňur gynançly ahwaly bilen ýazypdyr...
avatar
0
6 Medicall • 09:50, 19.10.2023
"Eý, Allam, özüñe sygynýas, toba!
Adamzady bela-beterden gora!"
avatar

Старая форма входа
Total users: 203