15:19 Ýürege... | |
ÝÜREGE... Käte öte geçsem, ýazgarma, ýürek, Saklama, yşk içre eýlesem perwaz. Ömri ýaşajak ýok özümden başga Ne-de onda özgä boljak bir ýer bar. Ol şeýle bir näzik, şeýle bir gözel, Seýil-seýranyndan gaýdyp bilemok. Ol şeýle bir uzak, şeýle bir çäksiz, Serhedini welin, aýdyp bilemok. Bir bilýänim: olam dine çen bilen, Ömür – ýol. Men göýä başynda durun. Onda özüm soltan, özüm hökümdar Tä Ysrapyl gelip çalýança surun. Onsaň men aýnaman, aýt, aýnasyn kim, Men nädip ýaşaýyn joşman, saýraman?! Seret, şygyrlarym goja Zeminiň Çylgam-çylgam damaryna ýaýraýar. Perzendi deý gujak açdy poeziýa, Dertlerimden ýazyp-ýazyp ýeňledim. Galam berlen güni başlan ykbalyň, Goý, soňunam ýene galam jemlesin! Tapylgysyz saýyp bilmen özümi, Mençe haýsy ilde ýa milletde ýok?! Diňe men deý gyzy bolmaz kakamyň, Ärime-de aýal duşar öýdemok. Şonuň üçin öte geçsem ýazgarma, (Tanarça bolduň-a eýäňi bir çak). Durmuş nätse şeýtsin! Emma ömrümi Soňky deme çenli, pursada çenli Göwnümiň isleýşi ýaly ýaşajak! Ýazgarma, ýürek!.. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |