Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:56
"Synla, ynha..."
"SYNLA, YNHA..."

Synla, ynha, meniñ bilen,
Saña neneñ kynlygyny.
Ruhum üçin tenim bilen,
Serwi göwräñ gynlygyny.

Neneñ edip sada dilde
Ýetireýin saña, dünýäm?!
Ýene gökden hut şu pille,
Maña garşy ýyldyz süýnýär...

Ýüregimde arzuwym ýok,
Gaty elhenç bu ahwalat..
Ähli zady üýtgederdiñ
Bolan bolsañ sen şu halat.

Õñem ýüki ýetik ömrüñ,
Menem onuñ üstesine.
Gapyan gözlem bilen gõwnüm,
Ýok hasratyñ tüssesine.

A sen yhlas edip mydam,
Şol ugumy ýekeleýäñ.
Men bolsa bilemok çydap,
Gahrym gar deý sepeleýän.

Seniñ bilen meñki barlyk,
Owaz bagtyñ şelpesine
Arman, bilmerin garylyp,
Beyle elpe-şelpelige...

Dünýäni aýak astyma
Düşek edip düşediñ-de.
Sõýgiñ çykypdyr kastyma,
Mähriñe coy, üşedim-le?!

Düşün, maña arzuw gerek,
Ýyldyz süýnse aýdar ýaly.
Bet niýetden set müñ gezek
Toba kylyp gaýdar ýaly...

© Gülşirin HANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Seýrаn • 12:06, 10.02.2024
Gulshirinden seyrek dush gelyan ajap soygi goshgusy. Sonundan ikinji bendi awtory ayak depip direse-de gommeli. Ustunden buldozer gecirmeli. Wagtym yetse yene sheyle bir-iki bent tapardym.
avatar
0
2 Medicall • 15:24, 10.02.2024
Ses aga! Gülşirinem şahyrda, onnoñ özüñiz bilýäñiz şahyr halkynyñam gep alyp galjak gümany ýok diýýärler. Siziñ ol belligiñizi okagadan olam size bir nama gaýyraýsa şeýdip:.

"Ses daýyýa, ses daýy,
Sesiñ bolsun pes daýy,
Gül ýaljak bende gygyrma,
sesjagazyñy kes daýy"


diyäýse ne jogap berjek:) (şutka)

Dogrudanam owadan goşgy, Sesiñ sesem mamla))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203