Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:29
Ýaşamaga ýalñyz höwes...

ÝAŞAMAGA ÝALÑYZ HÖWES

Sensiz gije tüm görünýar,
Maña Günüñ şuglasy pes.
Ýer ýüzüniñ bir ýerinde
Ýatlayansyñ, maña şol bes.

Beýle söýgä garyşmazlyk,
Belki günä, belki hebes.
Iñ esasy darykmazlyk.
Garaşýarsyñ, maña şol bes.

Şükür, sabrym kanagatym,
Maña umyt, arzuw, nepes.
Garrap seni tanamasam,
Sen tanarsyñ, maña şol bes.

Sen meniñ jadyly yşgym,
Ýaşamaga ýalñyz hõwes.
Sen diyip bar zatdan geçdim,
Söýýañ, söýýan. Maña şol bes.

© Gülşirin HANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 139 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
1
1 Seýrаn • 15:54, 10.02.2024
Gulshirinin gowy goshgularam bolmaly. Saylap-secip shulary paylashyan, Nurdan senem.

Bashky iki setirini dushundirip bilermin?
avatar
1
2 Medicall • 16:20, 10.02.2024
Hehe)) Ses aga, ýuwaşş, şuwagt bu goşgulary bir ýerden "ogurlap" getirýänçi bolupbatyn, onnoñ öñ gowwörýan awtorlammyñ goşgularyn unutmakam bu ýere ýerleşdirmesem soñ unutýançy bolýanda)
Özümem oñýaly zatlara düşünmeýänemdaý, õz-a gije diýýã, garañky diýýa, garañkyda bir özi gorkýançy bolamasa:)

gowy goşgy, men-a haladym, gowy goşgular biziñ kafemizde dursa gowy-da hämi ýollaş kalhozçylar)))
avatar
1
3 Medicall • 17:56, 10.02.2024
Birinji setir ikinji setir bilen birigip şeý diýýä:

"ýoklugyñda (awtoryñ gahrymanynyñ ýanynda ýoklugynda) gündüz Günüñ şuglasy pes bolýarka, onnoñ Gije garañkyñam garañkysy (tüm) bolýar maña

(ikinjä düşünseñ birinjini ikinji düşündirýa))

düşündirip bildimmi?!
avatar
-2
4 Belki • 22:02, 09.03.2024
1-nji teswire.Barmy dogrudanam gowy goşgulary?
Käbir goşguçylar giperbolalaşdyrylýar. Bu awtoram şolardan.
(Soñky döwür gödek bolupdyryn. Geçiñ)
avatar
-1
5 Pegas • 05:31, 10.03.2024
Gülşirin Hanowa gowy şahyr zenan-a! Men-ä gowy görýän döredijiligini.
avatar
-1
6 Belki • 06:27, 10.03.2024
Haýsy goşgysy meselem?
avatar
1
7 Medicall • 17:27, 10.03.2024
@Belki agza, aýdaly siziñ goşgularyñyzy kimdir biri hiç hili okanok, öñünden çyksada okanok, meselem, awtorynyñ adyny gördügi geçip gidýär diýeli. (meselemdir bu, diñe MESELEM) Onsoñ siziñ goşgulañyzyñ
hemmesiniñ erbetligini, ýa kimdir birine, ýa maña, siziñ goşgularyñyzyñ ýaramadygy bilen beýlekilere-de ýaramadygyny, awtoryñ hiç hili gowy goşgusynyñ ýokdugyny añlatýan däldira ol birine siziñ goşgyñyzyñ ýaramadygy.

Meñ pikirimçe siz töweregiñizdäkilere, kimdir birine ýa-da başgalaryñ döredijiligine analiz bermekde howlukýañyz...beýle howlukmaç kesgitlemeleriñiziñ her haçanam (ýagny, bir ýyl mundan öñ oña - muña ýazyp ugradan, edil şu sayt barada, şu saýtyñ admini baradaky eden ters (ýalñyş) pikirleriñiziñ netijesi ýaly tamamlanyp bilmek ähtimallygy ýokary ...)

Gülşiriniñ GOWY goşgulary azam däldir. Elbetde GOŞGY däl-de goşgumytyk "goşgularyñ" her kimde bolşy ýaly onuñ döredijiliginde-de goşgumytyklaram bardyr, gowularam.
avatar
1
8 sussupessimist • 18:11, 10.03.2024
Islendik tankyda iň gowy jogap - ony puja çykarýan eser. (muny öňem aýdypdym, henizem şol pikirde)
Goý, eserler özüni özi gorasyn.
Ýöne tankydam konstruktiw bolmaly, ýogsam köçe gybatyndan tapawudy bolmaýar. Goşga ýa-da haýsydyr bir ýazyjynyň döredijiligine nämedir bir zadyň ýetmeýänini duýýan bolsaň, anyk mysallar getirip aýtmaly. Eger aýdanyňa degmeýär hasaplaýan bolsaň, eliňi salgap, wagtyňy tygşytlap, deňinden sesiňi çykarman geçibermeli. Belki, sen alybilmeseňem, başga biri ol awtordan özüne gerek bir zadyny alýandyr (düşünjesizliginden ýa subýektiwliginden alsa-da, ol biziň işimiz däl).
avatar
0
9 sussupessimist • 18:26, 10.03.2024
Bizde (aý, bütin dünýäde-de şeýledir belki) goşgyň ýa başga bir žanryň formasyny özleşdiren, sözleri, sözlemleri monjuga düzen ýaly edip, nepisläp, bir sapaga düzüp bilýän başarnykly adamlar az däl. Elbetde olaryň her biri bellibir maksat bilen galama ýapyşýar, hersiniň öz gulluk edýän ideýasy bar, ýurmuş ýörelgesi, pelsepesi, prinsipleri... belki, prinsip diýleni asla ýokdur, häki bir gazanç etmek, söz owadanlap şöhrat gazanmak niýeti bardyr... Onsoň okyjy halkam özüne hödürlenýän bu menýudan özüne gerejigini alýar.
Şeýtmeseň, kafe ýa restorana baraňda, ofisianta, administratora ýa beýleki müşderilere öz halamaýan tagamyňa at dakyp oturan ýaly bolar (bu ýeriňem Edebiýat Kafesidigini unutmalyň).
avatar
0
10 Medicall • 18:36, 10.03.2024
Şony aýtsana @Sussupes doganym, onsoñ Kafeda-da biriniñ kofe içesi geler, ýene biri çaý, ýene biri suw içer, hemmeler bir wagtda kofe içip bilmez-a, ýa-da hemmesi bir wagtda ajy kofe içip bilmez.

Şonuñ üçrip "her çemenden bir gunça" durmaly bolar-a Kafemizde))

eşidýämiñ Ses däde hää, eşitýämiñ meñ sesimi diýýan men size:))
avatar
0
11 Seýrаn • 19:20, 10.03.2024
Bir ýerden-ä kitaby düşdi elime. Biri-birine meňzeş goşgulary. Owadanlygam ahyry irizýar ahyry.
avatar
0
12 Belki • 19:25, 10.03.2024
@Nurdan, bu aýdanlarymyñ ählisiniñ öñüne meniñ pikrimçe diýen sözi goşmak gerekmikä? (Şonsuzam pylan kesgitlemä görä, ýa pylanyñ pikrice diýen sözi ulanmadym) Aforizme görä: Her kim öz pikrini howa ýaýmaga haklydyr.
Düşünmedikler bar bolsa goşaýyn:Meniñ pikrimçe.
Galyberse-de jümlä şeýle bir nädogry başladyñyz welin (meniñ pikrimçe bulam) . Hiç hili ýazmaýan adamam goşgy tankytlap biler. Diýmek eseri tankytlaýan kişä jogap bereniñde onun ýazar kimligini unutmaly.
Geleliñ bir ýyl öñki ýagdaýa. Kimiñ ýanynda nåme diýendigim fakt görnüşinde getirilse gowy boljak. Ýogsa sussupes aýtmyşlaý gybatdan parhy nirde?
avatar
0
13 Belki • 19:26, 10.03.2024
@Sussupes, näme ýetmeýändigini aýdaýyn. Çuñluk ýetenok, ýatda galjak setirler ýetenok...
avatar
0
14 Medicall • 19:37, 10.03.2024
Ses däde, kitabyny okamok men, ähli zatda-da birmeñzeşlik ýadatýar, şonuñ üçin bir meñzeşliklerden gaçarak durup, hemmesini dãl, saýlananlaryny goýubermeli her awtordan))
avatar
0
15 Medicall • 19:44, 10.03.2024
Belki agza. Birinjiden hiç kim "siziñ pikiriñizçe" pikirlenmäge borçly däl. Ikinjiden siz nirede, kime näme diýdiñiz şol wagtam, şu wagtam edil señ men hakynda ýa-da şu saýt hakynda eden gybatyñ maña geçerli bolmady, asla bolmazam. Eger señ pikiriñ maña täsirli bolsady maña seni tapyp şol gybatyñy (señ şol edenleñ meñ "gybatymdy") faktlaşdyryp bermek şol wagtam mesele däldi.

Ol bir wagtky gürrüñiñi bu ýerde señ gepiñ gerdişine, dogry gelşine görä ýadyma düşüp ýazdym.
Edil seniñ we käbirleriniñ daşymdan eden şowsuz kesgitlemelerini, nädogry kararlaryny yzarlanymdan gymmatly wagtymy saýtdaky okyjylañ goýýan postlaryny, goýulýanlary redaktirlemäge sarp edenimi gowy görýan.

kimdir biriniñ özüm hakyndaky bolgusyz pikirlerini faktlaşdyryp bermäge hiç kimiñ öñünde özümi borçly duýamok .
avatar
0
16 Aýgül_Baýadowa • 20:31, 10.03.2024
Her gülüň öz ysy bardyr. Gülşiriniň muşdaklary kän. Goşgulary ýaramaz bolsa muşdaklary bolmazdy. Sähel-mähel meşhurlyga göterinmän ýörenlerem bar, Mahym jan. Gülşiriniň-ä kirpigem gyrpyldanok oň üçin.
Ýöne seniň duýgy ölçegiň, aň çuňlugyň okan goşgyňa gabat gelmän biler. Akyl-akyldan sowaşyk. Her kim başardygyndan ýazýar.
avatar
0
17 Medicall • 20:44, 10.03.2024
@belki agza. her gelen pikiriñi howa ýaýmagy dogry hasaplasañ ýaýyp bilersiñ, elbetde ol öz pikirñdir. Ýöne.. Ýöne.. Ýöne, ýaýan pikirleñ hiline görä netije (jogap) alarysyñ her kimdenem.

maña galsa bolsa ol bulaşyk ýagdaýa eltjek aforizmlerini asla ýörelge edinmeýän.
(edinemerin.)
Sebäp: her kellä gelen pikiri howa ýaýyp ýörseñ howany tämizlän wagtyñdan zäherlän wagtyñ köp bolýar.

Ondan-a türkmen agañ aýdyp goýan: "ýedi ölçäp, bir kes"-i has amatly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203