00:56 TERJIME GOWUMY? | |
Bir gezek bir edebi söhbetdeşlikde edebiýat dünýäsiniň kino sungatyna barha köp ýykgyn edýändigi barada gürrüňdeşlik gitdi. Dogrudanam, soňky döwürlerde Stefani Maýeriň”Alagaraňkylyk rowaýaty”, J.Roulingiň”Garri potter” ýaly romanlarynyň esasynda düşürilen çeper filmler köp sungat baýraklaryna we köp girdejä eýe boldular. Netijede, bu ýazyjylar dünýäde iň köp gazanýan ýazyjylaryň hataryna goşuldylar. Men Iň gowy eserleriň kitaplarda ýaşaýandygy we munuň hemişe-de şeýle boljakdygy barada nygtadym. Ýöne men köp gezek eserleriň filmde täsirli çykanlarynyň şaýady boldum. Dogrusyny aýtmaly bolsa, men şeýle lezzeti R.Gariniň “Söýgimiň subutnamasy”atly eserini okanymda hem alypdym. Edebiýatyň haýsy formada ýaşaýandygynyň parhy ýok, ol barybir hemişe edebiýat bolmagynda galar. Biz muny “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň şekillendiriş sungaty bilen bagly soňky sahypasynda hem görýäris. Bu sahypada Çeng Ýunýunyň”Suwly köşk”, Fernando Amorsolanyň”Palaý gyzy”, Antonio Berniniň”Kädili gyz”, Kuroda Seikiniň”Gaýyk”, B.Çaryýewiň”Halal zähmetiň gözbaşynda”, Winsent Wan Goguň” Lukman Gaşe”,”Ýyldyzly gije”I.Aýwozowskiniň “Dokuzynjy gom”, Süý Beý-hunuň”Bambuk”, Jon Sarjentiň”Ýazyjy Henri Jeýms” ýaly kartinalary çap edildi. Bu eserleriň her biri galam bilen çekilen, galam bilen ýazylan edebiýatdyr. Olarda hem edil söz bilen ýazylan edebiýatdaky ýaly janly ýaşaýşyň bir pursaty şekillendirilen. Žurnalda şekillendiriş sungatyndan daşary aýdym-saz sungatyna degişli eserlerem çap edilýär. Görülýän, diňlenilýän, okalýan edebiýatlaryň jemlenen ýeri bolan “Dünýä edebiýaty” žurnaly edebi atmosferanyň bolmagy ugrunda uly tagallalary edipdir diýsek sözümizi ulaltdygymyz bolmazdy. Žurnalda W. Uspenskiniň, W. Belýaýewiň”Türkmen sazy”atly saldamly işi çap edilip gelinýär. Sazda, sözde, suratda bar bolan iň ajaýyp eserleriň türkmen okyjysyna elýeterli edilmegi Hormatly Prezidentimiziň türkmen edebiýatyny dünýä çykarmakdaky iň uly tagallalarynyň biridir. Hiç kim türkmen edebiýatyna şeýle uly ýagşylyk edip bilmezdi. Hormatly Prezidentimiziň:”Her bir halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary, röwşen pikirleri, ajaýyp pelsepeleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan biz bütin adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda çalyşýarys” diýen sözlerinden ugur alan žurnal türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň hem ajaýyp eserlerini çap edip başlady. Häzirlikçe diňe türkmen şygyrýetiniň tagamyndan datmaga mümkinçilik tapan okyjyda terjime edip bolmaýan sungatyň näderejede ýokarydygy, estetiki ähmiýetiniň güýçlüdigi we şol edebi hadysanyň türkmen şahyrlary tarapyndan amala aşyrylandygyny duýmaga we ony dünýä halklarynyň medeniýeti bilen deňeşdirmäge şert döredildi. Şahyrlar A.Haýydowyň,A.Annaberdiýewiň, M.Seýidowyň, H.Kulyýewiň, N.Rejebowyň, G.Daşgynowyň, G.Seýitliýewiň we ş.m şygyrlary çap edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu şahyrlar daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň köp eserlerini terjime edipdiler. “Şahyra şahyr düşüner” diýişleri ýaly, A.Atabaýewiň M.Lermontowdan eden terjimeleri örän gowy çykypdyr. Terjimäniň originalyny okan okyjy terjimäniň hem originaldan pes däldigine derrew göz ýetirse gerek. Şahyryň hasam “Ýelken”atly terjimesi has şowly çykypdyr: Agaryp görünýär ýalňyz bir ýelken Mawy duman içre äpet ummanda. Ol näme gözleýär uzak ülkeden? Näme ýitiripdir dogduk mekanda? Tolkunlar oýnaýar, sygyrýar ýel hem, Gämiň bogaldagy zaryn ses edýär. Ne-hä öz bagtyny agtarýar ýelken, Ne-de öz bagtyndan baş alyp gidýär Astynda tolkunýar gögümtil umman Üstünde kuýaş dur tylla nar ýaly Oň pitneli kalby küýseýär tupan Gaý-tupanda rahatlyk bar ýaly Goşgynyň originalynda “tylla nar ýaly” diýen meňzetme ýok, muny şahyryň özi okyja eseriň ruhuny bermek üçin özünden goşupdyr. Aslynda edebiýatda originaldan daşlaşmasaň gowy, ýöne eseriň haýsy durmuşdaky”gahrymandygyny”beýan etmek üçin kadadan çykylaýýan wagtlary hem bolýar. Ýöne, kadadan çykma düzgün bolmaly däldir. Terjimeçi O.Çaryýewiň meşhur türk şahyry Nejip Fazyl Kysakürekden eden terjimeleri hem originaldan peslär ýaly däl, aýratynam terjimeçiniň “Meniň ahwalym” atly terjimesi şowly çykypdyr. Terjime tüýs türk sopuçylyk ylmynyň äheňinde ýaňlanýar. “Dünýä edebiýaty” žurnalynda çap edilen daşary ýurt şahyrlarynyň şygyrlarynyň hemmesi diýen ýaly türki diller toparyna girýän dillerden terjime edilen. Meselem: gazak şahyry Kadyr Myrzalyýewiň, özbek şahyry Abdylla Arypowyň, azarbeýjan şahyry Bahtyýar Wahapzadeniň, moldaw şahyry Grigoriý Wiýerunyň we ş.m alyp bolar. Bularyň içinden şahyr A. Atabaýew rus dilinden edýän terjimeleri bilen tanalýar. Türki dillerden terjime etmeklik türkmen diliniň hem şol diller toparyna degişlidigi üçin edil roman-german dillerini terjime eden ýaly kynçylyk döretmeýär. Ýöne hakykatyň hatyrasyna iň gowy eserleriň hut şol dillerde döredilendigini boýun almaly. A.Atabaýew ýaly Sowet döwrüniň rus dilini bilmek talabyny şahyr hem öňdebaryjy döredijilik işgäri hökmünde suw içen ýaly öwrenmeli bolan terjimeçi diýäýmeseň, iňlis, nemes, fransuz, ispan ýaly dillerden şygyr terjime etmeklik işinde bökdençlik duýulýar. Bu bolsa belli bir derejede häzirki zaman türkmen şygyrýetiniň ösüş tendensiýasyna öz täsirini ýetirýär. “Dünýä edebiýatynyň täzeçe özleşdirilişi we munuň milli edebi ösüşimiz üçin ähmiýeti” diýýän wagtymyzda, milli edebi ösüş üçin ähmiýetli diýen zerurlyk örboýuna galýar. Milli edebi ösüş näme? Dünýä edebiýatynyň biziň milli ösüşimize näme dahyly bolup biler? Bu soraglara jogap bermezden öňürti Hormatly Prezidentimiziň:”Biziň dilimiz, däp-dessurlarymyz, sungatymyz we folklorymyz biziň buýsanjymyzdyr we ata-babalarymyzdan bize galan bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy ösdürmek hem-de aýap saklamak üçin zerur zatlaryň ählisini ederis. Ýöne biz öz goňşularymyzyň taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna hem hut şonuň ýaly hormat goýýarys. Has giňden garanyňda, biz zeminiň ýüzündäki islendik halkyň medeniýetiniň we taryhynyň taýsyzlygyny ykrar edýäris hem-de islendik ýurt bilen medeni gatnaşyklara taýýardyrys” diýen sözlerini ýatlamak ýerlikli bolardy. “Dünýä edebiýaty”diýen termini ylma girizen Gýote nemes halkynyň wekilidir. Şonuň üçinem nemeslerde dünýä edebiýaty analiz edilýän wagtynda hökmany suratda onuň filosofiki taraplary yzarlanylýar. Çeper eserden alyp bolaýjak islendik edebi gymmatlyk ylym hökmünde filosofiýanyň üsti bilen düşündirilýär. Milli edebi ösüş-bu birinji nobatda türkmeniň özüne degişli bolan gymmatlyklaryň bahalandyrylmagydyr, türkmen obrazynyň dünýä edebiýatynda şöhlenen pursaty hiç bir päsgelçiliksiz daşary ýurt okyjysynyň”Aý şu gahryman-a türkmendir” diýip pikir öwürmegidir. Bular ýaly hadysanyň amala aşmagy üçin bolsa sungatyň halkylygy gerek. Deňeşdirmek üçin meniň terjimämde M.Ý.Lermontowyň "Ýelken" goşgusy Ýelken Mawy deňziň dumanynda Ýalňyz bir ýelken agarýar, Näme goýduka Watanda? Ýat ýurtlary gözläp barýan? Tolkunlar oýnaýar ýele, Bogaldak kä ýakyn, kä daş, Ol bagtyndan gaçýandan däl, Ýa-da däl ol bagta ýoldaş. Depesinde altyn şöhle, Aşagynda deňiz mawy, Ol diňe tupan dileýär, Gaýda rahatlyk bar ýaly. Garagum žurnaly, 2012 ý Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |