20:37 Ýatlarsyñ meni! | |
Aýdym bolup düşerin men ýadyňa, Şonda meni aýdyp bilmän aglarsyň. © Mukam Muhamow Dat-perýada guşlar goşsa aýdymyn, Dañ ýyldyzy ýere gaçar-gaçar-da, Haçan-da? Ýer gujagyny açanda, Şuglasyny öçürende Aý dymyp, Agramyny berse Günüñ dogmasy, Asman derläp, ýere damdyrsa sowuk, Kyn bolanda gepe söze añmasy, Adam dile düşmezden, ýüzlerin salyp, Biraz gybat bolsa, "çüşt" berse biri. Hyzmata gaýym bolsa goñşyñam, Ökünjini gözlerinden dökenleñ, (Käsi bilen bolanokdy oñuşubam)... A sen, Hih diýip içiñ çekersiñ. Bozularda ýatlamalañ gaýmagy, Ýüregiñden menli damar üzüler Gözleriñden gözýaş bolup düzüler. Bugaranda ýatlamalañ gaýnagy, Ýatlamañdan gözläp meniñ keşbimi, Has-da artyp seniñ lapykeçligiñ, Öz ýoldaşyñy, gujaklap göni, Şonuñ keşbi bilen ýatlarsyñ meni. © Remezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |