00:58 Gözüm dikip ak durnalañ yzyndan... | |
Gözüm dikip ak durnalañ yzyndan, Gykuwlaşyp serhoş eden sesine, Her ýola bakýaryn dolanar öýdüp, Geler ýazlap giden höwürtgesine. Höwürtgemi? Ýok, ol ýöne höwürtge-de däl, Ol durnalaryñ dogduk mekany, Meniñ bilen bile ulalypdylar, Indem, taşlap gidermi meni... Öýkeletdim öýdýän, Şeýledir meger. Geliñ yzyñyza men eger-eger, Siziñ hoşuñuzdan turaýjak bir zat, Tapaýyn, emma, Göwüne degmen... ...Görsene, Galdyryp siz meniñ üçin, Guzlap giden ekeñiz ýumurtga, Ýumurtgadan çykdy kiçijek jüýje, Emma durna däl-de, Ol, Alahekge. © Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |