21:19 Şygryýet | |
ŞYGRYÝET Didelerim dumanlady, täsin köşge düşdim bir gün. Giç galyp kino giren deý, ýer tapman boýnumy burdum. Säw bilen bäri düşene, ýok ýaly asla çykalga. Otyrlar ýanyp-üşedip, ýylana duşan syçan deý. Müşkli, reňkli adamlar – bir jadyly halydylar. Syrly ýylgyrşy olaryň haýpy gelýän ýalydy. … ýa meni – haladylar. Neneňsi düşdümkäm bäri, beg başym edip bendiwan. Men bir zat duýdum, görmedim. göwnüme gitdi güman. Kim barýar sogrulyp mundan, kim öňe atýar owsuny. Gün bolup dogdy alnymdan, ýaryp gümanyň göwsüni. Gussadan ýasalan keşbi, ýakymly, lezzetlidi… Bu – şol, elden alan erki – onuň Alyhezretleri – şygryýet! © Aşyrmät GARLY | |
|
Ähli teswirler: 0 | |