Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:45
Ýol-ýodalar, döredijilik menzilleri, publisistika hem başgalar
ÝOL-ÝODALAR, DÖREDIJILIK MENZILLERI, PUBLISISTIKA HEM BAŞGALAR

Žurnalist, ýazyjy diýeniň öz eserlerini döretmek bilen, alym hökmünde ylmy iş ýazanok, arheolog hökmünde gazuw-agtaryşlary geçirenok, arhitektor hökmünde binagärlik bilen meşgullananok... Eýsem-de bolsa, onuň öz ylmy işleri, öz gazyp-agtaryşlary, öz binagärlik ýa-da inženerçilik çözgütleri... bar. Ol islendik ylma, islendik ugra, islendik tema ýüzlenip biler. Hatda islendik ugurdan şol ugurda işleýänleriň özleriniň aýdyp bilmeýän zadyny aýdyp, görüp bilmeýän zadyny görüp biler, şunlukda, olar üçinem, umuman, okyjylar üçinem açyş edip biler. Ýazyjynyň aýdýanynyň käte ylym tarapyndan has soň işlenilýändigine, göz öňüne getirmeleriniň, gözlegleriniň, derňewleriniň, seljermeleriniň ylym üçin we beýleki dürli derejedäki pikir ýöretmeler, ynsanyň ýaşaýyş kadalary, dogry ýoly üçin esas bolýandygyna, hyýaly-fantastik zatlar ýaly bolup görünýän garaýyşlarynyň soňra anyk durmuşda subutnamasyny tapýandygyna taryhdan kän mysallar bar. Bu täzelik däldir, aýdylyp gelinýändir.
Şoňa görä, awtor galam ýöredende, oňa çuňňur düşünilmegi zerur. Eserlerinde täze pikirler, garaýyşlar orta gelende, ozal eşidilen zat däl diýip, geň-taň görmän, olaryň ýazyjynyň ýa-da žurnalistiň derňewleriniň, seljermeleriniň netijesidiginiň ykrar edilmegi dogrudyr. Beýleki ölçeglerden başga-da, hemmeleriň bilýän zadyny täze derejede, özüçe we täsir ediş güýjüne ýugrup aýtmak bilen birlikde, hemmeleriň bilmeýän zadyny kämil aýtmak ýazyjynyň işiniň gymmatyny kesgitleýär. Döredijiniň açyşlary, ine, şulardan ybaratdyr.
...Ykballar dürli-dürli. Döredijilik adamlarynyň ykballaram şeýle. Garynjany ynjytmaga dözmedik adamyň özüniň ynjydylyp, ömürboýy şol ynjydan saplanyp bilmän gezmegi bu köne dünýäde täzeligem, geň zadam däl. Emma şol ilki zamanlardan bäri adamzadyň ýaşap hem döredip gidip oturyşy, gadymy topraklarymyzyň üstünde ata-babalarymyzyň gazanan beýik ýeňişleri ynsanyýetiň islendik kynçylyga döz gelip, islendik çylşyrymly ýagdaýlarda gaýratyny görkezip bilýändigini subut edýär.
Döwürleriň hiç mahal ýitmeýän ýol-ýodalary bolýar. Döwürleriň aýratyn uly wakalary bolýar. Döwürleriň aýratyn möhüm pursatlary bolýar. Döwürleriň aýratyn taryhy şahsyýetleri, döwri döwür edýän ynsanlary bolýar. Şol ýol-ýodalary yzlamak, olara degişli wakalary, pursatlary ýatlap durmak, ýatdan çykarylanlaryny ýüze çykarmak we soňra-da unutmazlyk, ajaýyp ynsanlaryň bitiren işlerine sarpa goýmak, durmuşa mydama dury paýhas, ýiti zehin bilen garamak biziň her birimize abraýdyr, döredijilik adamy üçin bolsa bu ugurdaky zähmet borç derejesindedir.
Ýene käbir zatlary aýtmagy makul bildim. Munuň özi okyjylar üçin gyzykly bolar, ýaş galamdaşlaryma welin hem gyzykly, hem peýdaly bolar diýip pikir edýärin. Şunlukda, publisistika, publisistik eserler barada kelam agyz söz!
Publisistika — munuň özi gündelik durmuşyň, ýagny dowam edýän jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine we wakalaryna bagyşlanan, anyk maglumatlara daýanýan eser görnüşidir. Jemgyýetçilik pikirlerini aňlatmagyň, ýaşaýşyň iňňän möhüm meseleleriniň töwereginde belli bir görnüşe gelen, ýagny formirlenen garaýyşlary öňe çykarmagyň, bular barada öz sözüňi orta goýmagyň serişdesidir. Publisist wakalary takyk görkezmek, durmuşy dogruçyl beýan etmek, adalatly netije çykarmak üçin tagalla edýär. Şunuň bilen birlikde, publisistiň sözi jemgyýetçilik pikiriniň döremeginde, kämilleşmeginde hem mydama möhüm rol oýnap geldi. Men bu ýerde ýazyjynyň, žurnalistiň galamyna degişli publisistik işler barada aýdýaryn. Ýeri gelende bellesek, şekillendiriş sungatynyň, kinematografiýanyň, teatr-drama sungatynyň... hem publisistik görnüşleri bar.
Sözümiziň şu ýerinde «publisistik poeziýa» diýen bir zadyň hem bardygyny ýatladaýyn. Bu barada käbir düşünjeleri bermezden öňürti publisistik makalalar, has dogrusy, kyssa görnüşli publisistik eserler (meger, «publisistik proza» diýsek ýerine düşer) dogrusynda ýene käbir zatlary aýdaýyn. Şunlukda, şeýle diýip bolar: Publisistika žurnalistikanyň iň ýokary görnüşidir. Edil şu halatda ol çeper edebiýata juda ýakyn baryp biler. Munuň özi awtoryň diňe žurnalistik ussatlygyna däl, eýsem, ýazyjylyk ussatlygyna baglydyr we şony görkezýändir. Diýmek, munuň üçin awtoryň ýazyjylyk ukyby bolmalydyr. Biz şuny aýdýan wagtymyzda, öz gezeginde, publisistik prozanyň hem dürli görnüşleriniň bardygyny ýatlatmaly bolýarys. Eger-de gürrüň çeper publisistika barada gidýän bolsa, onda ol eýýäm gönüden-göni çeper edebiýata dahyllydyr.
Başga bir pikiri hem aýtsak, nädogry bolmaz diýip pikir edýäris. Uzak geçmişlerden bäri edebi-žurnalistik žanrlaryň we görnüşleriň birsyhly üýtgeşmelere sezewar bolşy, döwürlere laýyk özgerişi, ösüşi ýaly, publisistikanyň hem eýýäm diňe soňky birnäçe asyryň dowamynda käbir özgerişlere eýe bolandygy duýulýar. Şuňa görä, publisistika käte gündelik durmuşyň meselelerine, wakalaryna däl-de, umuman, durmuşyň meselelerine, şunuň bilen baglylykda, onuň anyk ýa-da umumylaşdyrylan wakalaryna hem garap biler. Şunda ondan, elbetde, takyk maglumatlary talap etmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bu ýagdaýda publisistika ýazyjynyň çuňňur oýlanmalaryna, pelsepelerine esaslanýar, ýiti sözüne daýanýar we ol «esse» diýlip atlandyrylýan edebi žanra juda ýakynlaşýar. Hakykatda, esse hem filosofik, publisistik başlangyçlara we beýan etmegiň erkin usulyna esaslanýar. Ol galypa salynmadyk, kesgitlenmedik aýratynlyklary bolan žanrlara degişlidir. Žanr aýratynlygyny tapawutlandyrmakda ýalňyşylýan wagtlarynyň az däldigine garamazdan, esse publisistik makalalardyr edebi oçerklerden hem, filosofik traktatlardan hem möçberi, wezipesi, özüne mahsus tärleri bilen tapawutlanýar.
Edebiýatyň hat bilen daşa ýazylan gadymy ýadygärliklerinden bäri juda kän wagt geçipdir. Asyrlarboýy ýatdan aýdylýan edebiýat ýaşap gelipdir. Şunça uzak wagtyň, dürli döwürleriň dowamynda publisistika mydama ynsanyň hemrasy bolupdyr.
Hatda gadymy ýazgylardaky serkerdäni, hany, är ýigitleri, ýeňşi dabaralandyrýan setirleri publisistik poeziýanyň bir parçasy hasaplamak mümkindir. Gomeriň «Iliada», «Odisseýa» poemalaryndan başlap hem şeýledir. Ine, şulary nazarlap hem publisistik poeziýa barada gürrüň açmak bolar. Gomeriň poemalary we edebiýatyň köpasyrlyk taryhyndan mysal getirip boljak ýene kän eserler, bir tarapdan, epiki eserlerdir, diýmek, epiki poemalardyr. Beýleki tarapdan, bular publisistik poeziýa degişlidirler. Şu ýerden biz edebi žanrlaryň biri-biri bilen juda berk baglanyşygyny ýene bir gezek görýäris. Haýsysy bolanda-da, bularyň ählisi SÖZ SUNGATYNA degişlidirler. Olary baglanyşdyrýan, birleşdirýän SÖZDÜR. SÖZÜŇ GÜÝJI bilen olaryň ählisi bir maksada — ADAMA hyzmat edýändirler.
Publisistik poeziýa — jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň möhüm meselelerine ünsi çekýän goşgy eseri. Ony hatda Magtymgulynyň döredijiliginden hem tapmak mümkin. Seýdiniň döwrüň wakalaryny, keşbini açýan, ýüreginiň oduny, Watana söýgüsini, erkinlik baradaky hyjuwyny, il-ýurt üçin aladasyny baýdak edip belende göteren eserleri publisistik poeziýanyň iň parlak mysallaryndandyr. Mollanepesiň, beýleki nusgawy şahyrlaryň döredijiligi boýunça-da şygryýetiň bu ýoluny yzarlamak mümkin. Mollamurtuň hem iň meşhur eserleri şuňa degişlidir. Başga-da kän. Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlarda-da bar.
Syýasy-publisistik poeziýa Aleksandr Puşkine, Mihail Lermontowa, Nikolaý Nekrasowa, Nikolaý Dobrolýubowa köp sanly eserleri beripdir. Eýsem-de bolsa, hormatly okyjylar, size ýene bir zady aýdaýyn. Munuň özi şygryýetdir kyssanyň biri-biri bilen juda baglanyşyklydygy, biri-birine örän ýakyndygy barada ýene bir ýola oýlanmagyňyza ýardam eder. Maksim Gorkiý «kyssadaky poeziýa» diýlip ykrar edilen «Burawestnik hakynda aýdym», «Laçyn hakynda aýdym» ýaly eserleri bilen geçen asyr rus edebiýatynda publisistik poeziýany esaslandyryjy hasaplanylýar. Wladimir Maýakowskiý bolsa, ozaly bilen, joşgunly publisistik eserleri — publisistik poeziýasy bilen dünýä çykdy.
Publisistik poeziýa ýa-da poeziýada publisistik häsiýet (görnüş, aýratynlyk) juda kyn iş hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa, käbir awtorlar, ýene mysal getirsek, Robert Roždestwenskiý şahyr üçin şu agyr ýoly — liriki publisistikany saýlapdyr. Biz publisistik poeziýany Ýewgeniý Ýewtuşenkoda-da, Resul Gamzatowda-da görüp bilýäris.
Şeýle ýagdaýlar publisistika bilen çeper edebiýatyň umumy we tapawutlandyryjy aýratynlyklaryny görkezýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ
“Türkmenistan” gazeti, 21.04.2023ý. sany.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Akmyrat Hojanyýazow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202