Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:14
Dünýäniñ görki
DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Dört şahyra dört sowal

Edebiýatda baky temalar şeýle bir kän däl,mähriban Watan bilen eziz enäniñ waspyny ýetirmegi şolaryñ ilkinjileriniñ hatarynda görkezmek mümkin. Asla şahyrlaryñ arasynda,şahyr aýtmyşlaýyn,"dünýäniñ bar görküni özünde jemlän" eziz eneler hakynda goşgy ýazmadygy ýok bolsa gerek. Hut şonuñ üçin-de bizem Halkara zenanlar güni mynasybetli halypa şahyrlaryñ dördüsine dört sowal bilen ýüz tutduk. Olaryñ beren jogaplary okyjylary-da gyzyklandyrar diýen niýet bilen size ýetirmegi makul bildik.
1. Döredijiligine göz aýlap göreniñde, şahyrlaryñ mukaddes Watana,mähriban enä bagyşlap,goşgy ýazmadygy ýok. Siziñ ene hakynda ýazan ilkinji goşgyñyz ýadyñyzdamy?
2. Eziz eneler,mährem zenanlar hakynda ýazan goşgularyñyzyñ arasyndan iñ gowusy diýip,haýsysyny hasap edýärsiñiz?
3. Zenanlar öýleriñ bikesi,ojagyñ diregi hasaplanýar. Olaryñ döredijilik bilen meşgullanmagyna nähili garaýarsyñyz?
4.Döredijilik bilen meşgullanýan,şygyrýetiñ ummanynda özboluşly pikir ýöretmeleri bilen okyjylaryñ ünsüni özüne çekmegi başarýan ýaş gyz-gelinleriñ birnäçesi bar. Olaryñ arasynda kimleriñ geljegine umyt baglaýarsyñyz?

Baýram Jütdiýew,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy:

- 1. Gynansamam,Kerim halypa aýtmyşlaýyn, "ÝERDÄKI TAÑRY" ENE hakynda ýazan ilkinji hoşgym ýadymda däl. Oña derek,ejem pahyr şindi aýatda dirikä,onuñ segsen ýaşyna bagyşlan goşgym ýadymda.

EJEM BAR!
Ejem Nurnabadyñ segsen ýaşyna


Ojagyna pena bolup oturan,
Heýkel bolup -
doga bolup oturan,
Gökdepe dek gala bolup otyran,
Şükür,şindi bu jahanda ejem bar!

Döwletine berkararlyk gazanan,
Ogullardan agtyklara uzalan,
Ýetmiş ýaşda taýdan galyp kösenen,
Şükür,şindi bu jahanda ejem bar!

O ne suwdur - çeşme suwy içilen,
O ne engam - ene kalby eçilen,
Namazlygyñ mekdebini geçiren,
Şükür,indi bu jahanda ejem bar.

Oglansyrap bilýän,gudurap bilýän,
Jahan şalygynda begsiräp bilýän,
Käte ýalyn ýaly çabyrap bilýän,
Şükür, şindi bu jahanda ejem bar.

Segsen gary segsen ýaz bilen taýlan,
Bir naçar bendesi bu gadym ýaýlañ,
Eli bilen alty balasyn jaýlan,
Şükür,şindi bu jahanda ejem bar!

Beýik namalary göwün dogurar,
Gara batyrlary döwür dogurar,
Baýram Jütdi ýaly ogul doguran -
Ejem bar-a,ejem bar-a ejem bar..!

2.Geçen asyryñ segseninji ýyllarynyñ başlarynda,mundan takmynan kyrk ýyl owal, Gara deñziñ kenarynda,ýazyjylaryñ döredijilik öýünde ýazan bir goşgym bar. Ol: "Seniñ saýañ düşüp dursun üstüme" diýen setir bilen başlanýar. Şu döwrüñ içinde ol il-güne özüni aldyryp, onuñ göwün öýünde ýerleşdi,toý-meýlisleriñ bezegi boldy. Okyjylar ony ýat tutdular. Şeýle ykbala diñe bagtly goşgular mynasypdyr.

"GOÇ ÝIGIDIÑ SAÝASYNDA UKLARLAR"
Görogly şadessanyndan


"Seniñ saýañ düşüp dursun üstüme",
Aýaly pyşyrdap,şeý diýdi oña.
"Sesiñ eşdip,gezsem näzli tisgine" -
Aýaly pyşyrdap,şeý diýdi oña.

"Geler wagtyñ - ýollaryña garaşsam,
Öýkelesem,bir posada ýaraşsam,
Gök maýsa dek össem garyş-garyşdan" -
Aýaly pyşyrdap,şeý diýdi oña.

"Ýagşylykda öýden ören günleriñ,
Dür bolaryn ýañagynda mermeriñ,
Gam basanda, baş syrdaşyñ mendirin" -
Aýaly pyşyrdap,şeý diýdi oña.

"Ýekeje hoş sözüñ ýetmeýän wagty,
Arkamy diresem,ýüzlerim ýagty,
Şalaryñ tagtyna bermen bu tagty"-
Aýaly pyşyrdap, şeý diýdi oña.

"Diri günüm sygsam bolýar göwnüñe,
Ölen günüm münüp gitsem egniñe,
Şundan başga bagt dilesem,
egleme..." -
Aýaly pyşyrdap,şeý diýdi oña.

3. Biziñ gelin-gyzlarymyzyñ hemmesi kalby ylahydan nurly Şahyrdyr! Şonuñ üçin-de men olaryñ döredijilik bilen meşgullanmagyna uly guwanç bilen garaýaryn.
Häzirki döwürde zenan şahyrlaryñ döwrümiziñ sesine ses goşup,okyjylaryñ söýgisini gazanmagy başarýan goşgulary döredýändiklerine çyn ýürekden begenýärin. Ol örän derejeli. Şu ýerde şahyrlar Gözel Şagulyýewa bilen Sona Ýazowanyñ adyny agzamagam ýeterlikdir.
4. Poeziýada öz ýüzüni görkezip başlan ýaş gyz-gelinlerden Gülşirin Hanowa bilen Aýgül Garaýewanyñ döredijiligine aýratyn sarpa goýýaryn. Olaryñ ertirine umytly garaýaryn.

Dowamy bar
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 121 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Atamyrat Atabaýew, Baýram Jütdiýew, Akmyrat Hojanyýazow, Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 2.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 12:42, 18.04.2023
Baýram Jütdi ýaly ogul doguran -
Ejem bar-a,ejem bar-a ejem bar..!

:-) ejeňi öweňde, özüňem ýatdan çykarmaly däl-dä...
avatar
0
2 Gerceknazar • 21:05, 18.04.2023
4 şahyr diýdi welin diňe bir şahyr bara bärde
avatar

Старая форма входа
Total users: 202