Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:42
Dünýäniñ görki / 3
DÜNÝÄNIÑ GÖRKI / 3

Nobatguly Rejebow
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy:


- 1. Mundan iki ýarym müñ ýyl ozal akyldar Sokratyñ okuwçysy,Aristoteliñ halypasy Platon:"Eger-de siz şahyr bolsañyz, mif dörediñ,rowaýat dörediñ!"diýipdir. Şahyrmyñ-rowaýat döretmeli,şygyrlañda Watany,Diýary keramata çenli götermeli,sebäbi olar şek ýetirilmesiz mukaddeslikdir! Eneler,gyz-gelinler hakda şygyr ýazýarmyñ,eziz enäni keramata,gyz -gelinleri mukaddeslige çenli götermeli. Ýaramaz şahyr bolsañam,mukaddes Watan hakda,mähriban ene hakda diñe gowy şygyr ýazmaly! Bu şahyryñ öñündäki mukaddes borç,emma göwün isleýşiñ ýaly ýazmak hemişe başardyp durýarmy? Onsoñ başaryşyña görä ýazmaly bolýar. Bir asyr bäri biz - şahyrlar enelerimiz hakda goşgy ýazýarys. Elbetde, gowusam bar,hordasam. Ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyñ "Enedir ene" atly goşgusy üstünden ýetmiş-segsen ýyl geçendigine garamazdan, häzirki günem diýseñ döwrebap ýañlanýar.
Menem enem hakda üç - dört goşgy ýazdym.

Ýa romantik,
ýa hyýalbent,
ýa aşyk -
Köñül kimin alyp gaçýar serimiz.
Gidýäs ýedi derýa,
ýetmiş dag aşyp,
A obada galýar enelerimiz.

Kimse ykrarýetin,kimse ykbalyn,
Kim gözleýär göwün söýen gyzyny.
Ynha,menem öz gözlegme çykýaryn,
Çalyp öten halypalañ yzyny.

Labyr taşlap öñ görmedik ülkäñe,
Ýurt tutunýas öz näbelet ýerimiz.
Ýeri,aýdyñ ahyr,tapýarys näme,
Ýitirip perişan enelerimiz?!

Jañ edýäris - didara zar eneler,
Pul ýollaýas-eneler zar didara.
Gugaryplar galan mülküñ ruhy deý
Samraýandyr sygmaýyn dört diwara.

Gadym köşge gaýra dur diýýän öýüñ
Deñ ýary halydyr,
mebel deñ ýary.
Dokuz aý goýnunda göteren enä,
Dokuz ýyl boýnunda göteren enä.
Ýaşar ýaly ýer tapylmaz el ýaly...

Enä hat ýazýarys, (eger Yesenin
Ýazaýmadyk bolsa ýazmazdyk asla!)
A obada ýalñyz enelerimizi
Garrylyk däl,gaýgy basýa,
gam basýa...

Ýa romantik,
ýa ham-hyýal,
ýa aşyk-
Söýýäris asmany,
biziñki Zemin.
Hem at deý hamytdan boýny boşadyp,
Hemem enemizden dynýarys elin.

"Gelip git" diýýäris,ýylda bir gitmän,
Alada kän,wezipe kyn,daş ara.
...Olar pulumyza,hatymyza däl,
Wah,olar zar,didara zar,didara!

Olar ýaşamaýar,olar garaşýar,
Olar ahyr barjagmyzy duýýarlar.
Ýol,pul bile,ýola bakyp doýmadyk
Gözün ýumdurmany bize goýýarlar...


2. Akyldar Magtymguly Pyragynyñ "Dünýä sözi meñzär duzsuz tagama,Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa" diýşi ýaly,islendik romanyñ,powestiñ,drama eseriniñ, çeper filmiñ ssenarisiniñ baş gahrymanlarynyñ esasysy gyz-gelinlerdir. Men bir gezek görnükli kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyñ beýleki bir reźissýora: "Esasy rola saýlap alan gyzyñ şol bolsa,näbileýin,kinoñ kino bolaýsa" diýeni ýadymda. Men Muhammet Söýünhanow bilen kän işleşdim. Ol "Ajaýyp" atly çeper filmini almaga taýýarlyk görüp ýörkä, magşuk gyza artist Selbi Babylowany saýlay aldy. Aşyk ýigidiñ keşbini döretmäge ýigrimi - ýigrimi bäş artisti dagy kinosyndan geçirdi. Bolanok. Ahyry aýdymçy-bagşy Merdan Baýramowy synap gördi. Şaplaşaýdy.
Gyz-gelinler dünýäniñ ýaraşygy, ýalpy-ýazy,aýdymy-sazy,yşky-heseri. Gadymy ýunanlylar gaty owadan gyza "Hudaýyñ elin ýaradan hüýr gyzy" diýip,seźde edipdirler.
Meniñ "Serwi agajy","Rowiya" atly poemalarym türkmen gyzlarynyñ asyllylygyny,salyhatlylygyny,edep - ekramyny,kaddy-kamatyny,yşk-heserini beýan edýän eserlerdir. Gyz-gelinleri mukaddeslige,mertebä,gudrata göterýän yşk -söýgi. Men aşakdaky "Bagyşla" atly goşgymy soñky asyrda ýazan iñ gowy goşgym hasaplaýan.

Gel,eý,arşy-aglañ Humaýy dilber,
Saba deý ýañagy hurmaýy dilber,
Meñki - seniñ ýazlanmadyk ýazlaryñ,
Meñki-seniñ ýaşalmadyk ýaşlaryñ,
Meñki - seniñ düşlenmedik ýazlagyñ!
Dünýä seni görgeý,aklym çaşmasyn!

Çagba ýagýar
çapak çalyp,
çañjaryp,
Jahany heýjana salýar şowhuny.
Ol jala däl,ýok,ol yşkyñ owsuny!
Synla,serwim,söýgiñ sermes şowkuny,
Aýyş - eşretini, sapa-zowkuny!
Däli dünýä porhan bolýar ýagyşda.
Ýöne öýkeleme Burkut babadan,
Ak jalany men ýagdyrdym,bagyşla!

Gel,eý,arşy-aglañ Humaýy dilder,
Heserli serimiñ dumany dilber,
Seýli-seýrana gel,
dessandan çyk-da!
Seýkin basan seýli - seýranyñ meñki,
Kalbym taraç eýlän heýjanyñ meñki!
Pitneýi gaşlaryñ,
heserli didäñ-
Jana jellat!
Jiger para-pagyş-la!..
Kaknus ýaly ak jalany ýandyryp,
Yşkyñ dünýä paýlaýdym-da,bagyşla!

Meñki -ysgalmadyk müşki-enweriñ,
Meñki - öpülmedik läle lebleriñ.
Jahan ýanýar - jady gözler tapyşsa,
Seniñ ak alkymyñ ysgap bilmedim,
Sebäp,demim tutulaýdy,bagyşla!

Leýlisaçlar yşka başyn aýlaýar,
Çagba köwsar urup tüweleýleýär.
Tupan baýyrlary umman eýleýär,
Eller desse saçlaryña ýapyşsa,
Mirhaýdardan öýkeleme, el bolup,
Şah şamaryñ men oýnaýan bagyşla!..


3. Zenan poeziýasy gadymy dünýäden bäri gelýär. Entek dünýäde kagyz-galam ýokka,entek papirus,pergament,toýun palçykdan ýasalýan sahaplar ýokka,ýaş gelinler hüwdi bilen dünýäniñ ilkinji poeziýasyny döredipdirler. Zenanlaryñ özi aramyzda ýaşap ýören ajaýyp poeziýa. Zenan şahyrlar ylhamy joşanda,yşk-ataşdan,pynhan syrdan,jadydan - gudratdan doly kalbyny açýar. Zenanlaryñ kalby bolsa Alybabanyñ genji-hazynasyndan has gymmat,has jadyly,has eziz duýgulara baý hazynadyr.
4. Men halypa şahyrlar Gözel Şagulyýewanyñ,Bibi Orazdurdyýewanyñ,Sona Ýazowanyñ şygyrlaryny höwes bilen okaýaryn. Olar meniñ galamdaş dostlarym,pikirdeşlerim. Şahyrlar Oguljemal Çaryýewanyñ,Şähribossan Geldimämmedowanyñ,Ogultäç Oraztaganowanyñ,Oguljennet Bäşimowanyñ, Mahym Rozyýewanyñ,Laçyn Pürjäýewanyñ,Aknur Rozyýewanyñ goşgularyna aýratyn hormat goýýaryn.
Ýaş şahyrlaryñ arasyndan saýlanyp,il oçinde adygan,ter hem tämiz duýgulardan doly şygyrlaryny söýdürmegi başaran Gülnabat Begenjowanyñ, Aýgül Garaýewanyñ metbugatda çap edilýän goşgularyny okap,olaryñ ýakyn geljekde uly şahyr boljagyna ynanýaryn. Olar eýýäm il - ulsuñ ykrar eden şahyrlary.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Baýram Jütdiýew, Akmyrat Hojanyýazow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Aksary • 14:43, 26.04.2023
@Pero hanym, şu mowzuga täzeden göz gezdirmeli,2gezek gaýtalanypdyr!
avatar
0
2 lirika • 16:11, 26.04.2023
Elbetde, bu makalany ,, Garagum" zurnalynda okapdym. Ýalñysmasam, 2018-nji ýylyñ N-3-nji sanynda ýa-da 2019-njy ýylyñ N-3-nji sanynda okapdym. Gyzykly...
avatar
0
3 Pero • 16:17, 26.04.2023
Gowy ýatlatdyñyz lirika! (Ýadyñyz gowy eken).Şony görkezjekdim-ä,huşum guramasyn!
Garagum źurnaly 2018 ýyl,3-nji sany
avatar
0
4 lirika • 16:27, 26.04.2023
Bir zat ýadyma düsdi. Zenan hökmünde siz bir makala ýazypdyñyz. Haýsy metbugada çykanyny bilemok. Ýöne makalanyñ özi çaga terbiýesi hakda bolmaly:çagany enäniñ göwresinde terbiýeläp baslaýsyñyz, heniz dünýä inmänkä-de perzendiñize kitap okaýsyñyz.
Sular ýaly bolmalydy öz-ä temasy...Gowy eken sony birnàçe gezek okapdym
avatar
0
5 Pero • 16:30, 26.04.2023
Zenan kalby žurnalyndady. Ýatda galmagyna begendim
avatar

Старая форма входа
Total users: 202