Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:27
Adam bolmak kyn ekeni... (1)

ADAM BOLMAK KYN EKENI...

Erteki-powest

Waleriý Medwedewiň «Barankin, adam bol!» atly powestiniň äheňinde.

1-nji bap

Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy, ýöne adamdy. Her gün säher bilen jaňly sagadyň sesine tisginip turardy, demlengi duran çaýa agzyny ýakdyryp, bir eline sumkasyny, bir eline-de kökesini alyp, mekdebe tarap eňerdi.

Ullakan klas žurnalynda, il deňinde onuňam ady bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol at zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak bolsaň, demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden üýtgeşik, iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň. Onuňky ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz göterip ýören oglanlar bir däl, on dal, gaty kän. Ýöne onuň pikiriçe, şol ady dakynyp ýören oglanlaryň hemmesem baryp ýatan bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly. Sebäbi şol at ony her gün sazanaklap tagtanyň öňüne çykmaga çagyrýar. Şol adyň yzynda iki eplenişip duran «2-likler» ony ene-atasynyň, deň-duşlarynyň öňünde ýüzügara edýär. Her gezekki ene-atalar ýygnagynda şol at tutulan badyna, mugallymlar ýerli-ýerden jibrinişip, käýinişip ugraýarlar.

Ynha, indi alty-ýedi ýylyň içidir, ýagdaý şeýle.

«Ýok, mundan at bolmaz, mundan durmuş bolmaz!» diýip, ol içinden kän gezekler zeýrenerdi. Klas aýnasynyň öňündäki agajyň o şahasyndan bu şahasyna böküşip, gaýgy-gamsyz jürküldeşip ýören serçelere onuň hut gözi giderdi. «Şularyňky hezil!» diýerdi. «Süýji ukudan kesilip, säher bilen mekdebe gitme aladalary ýok. Mugallymyň öňünde müzzerip durma gorkusy ýok. Nirä gitselerem, näme etselerem – öz ellerinde» diýerdi. «Wah, menem şularyň biri bolsam bolmaýarmy! Ähli ýoldaşlarymyň içini ýakyp, aýnanyň öňünde eýläk-beýläk bökjekläp ýörsem bolmaýarmy!» diýip, ah çekerdi.

Serçelerem ony has öjükdirjek bolýan ýaly, «jürkde-jürk», «jykyrda-jykyr». Bir köpi gören, garry serçe bolsa käte edil aýnanyň öňüne gonýar-da, ýaňky oglana seredip «juk-juk-juk» diýýär, hatda başjagazynam ýaýkan bolýar. Garry serçäniň bu hereketini özüne duýgudaşlyk hasap edip, oglanyň bokurdagy dolardy. Şol garry serçeden başga oňa nebsi agyrýan ýok. Serçäniňem duýgudaşlygyndan peýda barmy näme! Ol görgüli «A-how, adamlar, bu ikilikçi neressä haýpyňyz gelsin. Ony öz gününe goýuň!» diýip bilmese. Ýa-da onuň ýerine ähli sapaklary özleşdirip, «5-lik» alyp berip bilmese. Iň bolmanda öý işini işlemäge kömek edip bilsedi. Ýok-la, serçe nire – bu düşnüksiz mysallar, meseleler nire. Wah, serçeleriňki hezil-le!

2-nji bap

Bir bar eken, bir ýok eken, bir jadygöý bar eken. Özüniňem soňky döwürde işi şowuna däl eken. Asyl nirä barsa, oňa ýüz berip, sözüne ynanýan adam bolmasa nätjek. Ulularyň-a hemmesi ony samsyk hasaplap, üstünden gülýän eken. Kimiň ýanyna baryp:

– Men jadygöýdürün, näme haýyşyň bolsa aýt! – diýse:

– Göteril-ä, aňkasy aşan! Häzirem bir jadygöý bormy? Bolaýanda-da, meniň jadygöýe galyp duran işim ýok.
Hemme zadymam bar, ýerbe-ýer! – diýip, ony kowar eken. Yzyndanam:

– E-heý, sähne, bütinleý akylyňdan azaşaýmankaň, tizräk doktora bar, özüňi bejert! – diýip, gygyryp galýarmyşlar.

Gepiň gysgasy, jadygöý bütinleý işsiz galypdyr, abraýdan düşüpdir.

Başga alaç galmansoň, jadygöý: «Iň bolmanda, kiçileriň arasynda bir maňa hyrydar çykan tapylmazmyka?!» diýip, şäherme-şäher, obama-oba aýlanmaga başlapdyr. Özem bir gün adam sypatynda aýlansa, ertesi towşana öwrülýärmiş, soň bir görseň, guş bolup gaýyp ýör diýýär.

Jadygöý bir gezek penjiräniň öňünden geçip barýarka, penjireden içerik seretse, birtopar oglanmy-gyzmy, kitap okap, hat ýazyp, garabaşynagaý. Olaryň arasynda bir oglanyň welin ne hat bilen işi bar, ne-de kitap bilen. Iki elini dulugyna diräp, çuň oýa batyp otyr, özem käte-käte daşardaky serçelere seredip, uludan demini alýar. Jadygöý onuň öňünde açylgy duran gündelige seredip görse, gündeligiň gatlary küýküje-küýküje garynjadan doly. Geň galan jadygöý gündelige has içginräk seretse, ýaňky küýküjeler garynja däl-de, «2-lik» eken. «Ä-hä, duruber bakaly! Görýän welin, gardaş, seniňem işleriň ugruna däl bolara çemeli. Sen-ä meniň kömegimden ýüz öwrüp durmasaň gerek!» diýip, jadygöý içini gepletdi. Şondan soň, ol her gün garry serçäniň sypatyna girip gelip, ýaňky oglanyň edýän pikirlerini okamaga, arzuw-hyýallaryny öwrenmäge başlady.

3-nji bap

Günlerde bir gün ýaňky oglan mekdepden çykyp, gamgyn halda öýlerine gaýdyp barýardy. Gündeliginde bolsa täzeje bir «2-lik», «2-ligiň» gapdalynda hem oglanjygyň kakasyny mekdebe çagyrýan hat ýatyr. Birden oglanyň gulagyna «jirk-jirk, juk-juk» diýen tanyş ses eşidildi. Ol başyny göterse, iki ädim öň ýanyndaky topbajyk çöpüň üstünde şol garry serçe otyr.

Jany ýanyp duran oglan serçäni gorkuzjak bolup, aýaklaryny tapyrdatdy, serçe sarsmady. Oglan aşak eglip, ýerden kesek gözläp başlady. Serçe welin äwenogam gözüniň gyýtagy bilen oglany synlap, gozganman otyr. Oglan ahyrsoň daşmy, kesekmi, bir zat tapyp, dikeldem welin, ýaňky serçe çöpüň üstünden böküp düşdi-de... adama öwrüldi duruberdi. Hälki ýumruk ýalyjak serçe, ynha, indi görseň oglanyň üstüne abanyp:

– Salam, eý, ikilikçi oglan! Men jadygöý! Näme haýyşyň bolsa, aýdyber! – diýip dur.

«Ikilikçi» lakamyny oglan juda ýokuş görýärdi. Häzir bolsa ol şeýle bir aljyrady welin, hatda ýokuş görmegem ýadyndan çykardy. Diňe biraz salymdan soň, kynlyk bilen özüne geldi. Şol bada-da sumkasyna ýapyşdy. Depderini çykardy. Ellerini sandyradyp, gerekli sahypany açdy!

– Jadygöý aga, ş-şu meseläni işläp berermiň? Ynha... «5 sany kökäniň hiç birini-de 6 bölege bölmän, olary 6 sany çaga deň paýlamaly».

– Aý, munyň-a, iň emelsiz, siziň diliňizde aýtsam, «ikilikçi» jadygöýem çözer. Sen ýa-ha meni oýnajak bolýarsyň, ýa-da synap görýärsiň!

– Ýok, meniň çypbakaý-çynym, jadygöý aga!

– Çynyň bolsa, diňle onda! 5 kökäniň 3-siniň her birini iki deň bölege bölüp, 6 sany deň bölegiň her birini bir çaga bereris. Soňra galan 2 kökäniň her birini 3 bölege bölüp, 6 sany deň bölek alarys we her birini bir çaga bereris. Ine, şeýtseň, kökäni 6 bölege bölmegiň geregem bolmaz – diýip, jadygöý meseläni çöp döwen ýaly etdi.

– Bäý-bä-ä...

Okuwçy üçin şundan artyk jady gerek däl. Onda-da ikilikçi üçin. Şeýle kyn meseläni bir demde çözüp bilýän adam ýa jadygöý bolmaly, ýa-da mugallym.

– Başga nähili haýyşyň bar, oglan?

– Ertir meniň kakamy mekdebe çagyrýarlar. Men zerarly, onuň ýene ýüzüni gyzardarlar. Olam gelip, meniň eýimi ýetirer. Sen ertir mekdepde mugallymlaryň hemmesi biragyzdan meni öwer ýaly et! Goý, olar beýlekileriň kakalaryna diýişleri ýaly, meniň kakama-da «Ýoldaş Pylanyýew! Şeýle ukyply, akylly ogul ösdürip ýetişdirýänligiňiz üçin, köp sag boluň!» diýsinler.

Jadygöý bir salym oýurganyp durdy-da, başyny ýaýkady:

– Aý, ýok, oglanjyk, munyňy men oňarman. Mugallymlara meniň jadym ýöremez. Olar menden bilimli, menden akylly. Näme diýseň diý welin, mugallym diýme...

Oglan jadygöýüň bu diýenleri bilen bada-bat ylalaşdy. Başga näme haýyş etjegini bilmän, dymdy. Jadygöý uludan bir pallady:

– Bar dilegiň şularmydy, oglan? Men-ä gidiberjek onda!

Oglan alňasady:

– Dur entek, jadygöý aga...

Oglan ýeňsesini gaşady, jadygöýüň ýüzüne seredip, ýuwdundy. Onuň ýaýdanyp durşuny görüp, jadygöý ýylgyrdy:

– Hany, sen «Serçe bolsam!» diýip ýördüň-le?!

– Wiý, haw-wa!!! Sen ony nireden bilýäň?

Jadygöý onuň sowalyna sowal bilen jogap gaýtardy:

– Serçe bolasyň gelýäni çynyňmy?

– Çypbakaýja-çynym!

– Edil häzirmi?

Oglan ikirjiňlendi. Ikirjiňlemez ýalymy! Şunça wagtlap adam bolup gezip, birdenem serçe ýa-da başga bir zada öwrüläýmek oýun zatmy?! Onsoňam şu wagt serçä öwrülip oturyberse, onuň sumkasyny, kitap-depderlerini kim öýe eltsin.

Sumkasy, sumkanyň içindäki gündelik, gündeligiň içindäki «2-lik» bilen kakasyna ýazylan hat ýadyna düşende, oglan tisginip gitdi, ony gaýtadan der basdy. Neresse:

– Hawa, häzir! Edil häzir! Duran ýerimde... – diýiberdi.

– Onda men tä gözden ýitýänçäm, sen «jürk-jürk-jürk» diýip, iki eliňem ganat ýaly galgatda duruber. Men gözden ýiten badyma, sen serçä öwrülersiň – diýip, jadygöý ugraberjek boldy.

– Dur entek, jadygöý aga! Serçä öwreniňe görä meni serçe dilinde gürlär ýalam et-dä!

– Bolýa, seniň diýeniň bolsun! Ýöne onuň deregine sen indi adam diline düşünseňem, gürläp bilmersiň.

– Aý, adam dilinde gürlemegiň maňa geregem ýok! – diýip, oglanjyk elini salgady. – Serçelerde mekdep, okuw, sapak diýlen zatlar ýokdur-a?

– Ol zatlar-a ýok. Ýöne sen ýene bir zady bilip goý, men gaýdyp adama öwürmegiň tärini bilýän däldirin!

– O-da hiç!

Jadygöý yzyna öwrüldi. Onuň tä garasy ýitýänçä, oglan göýä uçjak bolýan ýaly ellerini galgadyp, «jürk-jürk» diýip, gaýtalady durdy. Birdenkä ol özüni guşuň peri ýaly ýeňiljek duýdy.

Gulaklarynda ýel şuwwuldap, gözleri ýaşaryp ugrady. Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aşak seretse, jaýlar ýumurtga ýaly, adamlar hem garynja ýalyjak görünýär. Asyl ol eýýäm uçup barýan bolsa nätjek! Onuň «E-heý, adamjyklar, maňa serediň, maňa!» diýip gygyryberesi geldi.

4-nji bap

Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança uçdy. Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş öwrüm edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde ösüp oturan garry tuduň şahasyna baryp gondy-da, aşakdaky, ýeriň üstündäki durmuşy ýokardan synlamaga başlady.

Gapydan ilki bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran inisi çykdy. «Anha, indi öýüňem, mekdebiňem bar jebrini özüň çekiber!» diýip, serçä öwrülen oglan içini güldürdi. Onuň şu wagt hakyky serçe bolup, tuduň şahasynda oturanlygyny biläýse, inisi näderdikä?! Geň galmakdan hem görübilmezlikden ýaňa gözi hanasyndan çykardy. «Eje-e-e, menem serçe boljak!» diýip, zörledip ugrardy. Oglan-serçe durup bilmedi. Şuwlap aşak gaýtdy-da, inisiniň edil burnunyň öň ýanyndan okkesdirme geçdi. Inisi gorkudan ýaňa tas arkan ýykylypdy. Ol gözüni elek-çelek edip, esli wagt durdy. Onýança içerden:

– Gyýw, Batyr, seret hany, gelmeýärmi? – diýip, ejesiniň sesi çykdy. Inisi burnuny çekip goýberdi-de, duran ýerinden töweregine garanjaklan bolup:

– Ä-ä, gelenok! – diýdi.

«Samsyk, agaň depäňde otyr ahyryn!» diýip, oglan-serçe içini gepletdi. Soňrak ejesiniň özi çykyp seretdi. Elini gözüniň üstüne kölegeledip, kän durdy.

– Wah, şundan ýaňa göwnüm ynjalman, gulagym dynman gitdi-dä! – diýip, hüňürdeý-hüňürdeý içeri girdi.

Bäş-on minut geçmänkä, ejesi ýene çykdy.

– Batyr, bar, görüp gel hany, Gurban dagy gelipmi?!

Oglunyň klasdaşlary Gurban dagynyň bireýýäm gelenini eşidenden soň, ejesi hasam howsala düşdi:

– Allajanlarym, näme bolduka muňa? Maşyn-paşynyň aşagyna düşmedik bolsa ýagşydyr hernä!

– Aý, näme bolandyr öýdýäň şo bihepbäňe! Sapakdan soň mekdepde alyp galandyrlar ýa-da oglanlar bilen pökgi kowalap ýörendir – diýip, kakasam içerden dillendi.

– Wah, balajygym nirede bolanda-da, şu wagta gelmel-ä! Gün ýaşyp barýar ahyryn!

Ejesiniň jibrinip, iki ýana zowzuldap ýörşüni görende, oglan-serçäniň bogazjygy doldy. Ejesi özüni beýle gowy görýändir öýdüp, onuň şu wagta çenli kellesine-de gelenokdy. Ol saklanyp bilmän, tas «Eje, men bärde!» diýip gygyrypdy. Özüniň indi adam dilinde gürlemäge hakynyň ýoklugy ýadyna düşüp, hyrçyny dişläýdi.

Onýança ýokardan şuwwuldap bir topar serçe geçiberdi. Oglan-serçe petekesini dolduryp, uludan demini aldy-da, kynlyk bilen ýokary göterildi. Serçeleriň yzyndan uçdy gitdi.

5-nji bap

Ilki-ilkiler ol barada serçeleriň arasynda uly gürrüň boldy. Gürrüňiň başyny bir gözi çaşyrak, uruşganlygyndan bolsa gerek – kellesi tä beýnisine ýetiberýänçä çokulan, şol bolşuna-da juda garagolsyraýan serçe başlady:

– A-haw, serçeler, täzeden bäri aramyzda biri görünýär welin, asyl öň göze ilýän zat däldi-le?! Özem hondan bärisiräp, ile goşulanog-aý!

– Haww-aý, gökden düşen ýaly öz-ä!

– Dilem çalgyrdrakmy-nämemi?..

– Dilini özi bilsin welin, asyl oňarýan zady ýok onuň! Ne gurçuk çöplemegi oňarýar, ne-de çekirtge tutmagy.

– A-haw, birhili syrlyja görünýär welin, Çotdy serçe dagynyň iberen jansyzy bolaýmasyn şu?!

– Aý, senem onarýaň-ow! Onun ýaly nalajedeýindenem bir jansyz bolarmy! Hol Çalyň ýa-da Körüň toparyndan azaşyp galan aňkaw diýerler oňa!

– Azaşanam däldir şol. Kowlup gelendir.

Iň ýokardaky şahada sesini çykarman oturan gartaşan serçe bir ganatyny galdyrdy. Jedel tapba ýatdy. Gartaşan serçe serçelere mahsus bolmadyk agraslyk bilen söze başlady:

– Jemagat! Hemmäňiz pikiriňizi aýdyp bolan bolsaňyz, indi maňa gulak asyň! Çalgyrt bolsa-da, aňkaw bolsa-da, başga topardan bolsa-da, azaşyp ýa-da kowlup gelen bolsa-da, ol serçe. Ser-çe! Diýmek, özümiziňki. Kesip taşlara ýerimiz ýok. Şonuň üçinem, ony gyrakladyp, gybatyny edip ýörmän, gaýtam, özümize çekjek bolalyň! Belki, öwrenişip bilýän däldir, belki, başga bir derdi bardyr. Meniň pikirimçe, oňa haýsy-da bolsa bir möhüm ýumuş tabşyrmaly we şeýdip ony zähmet arkaly terbiýelemeli!

«Zähmet arkaly terbiýelemek» diýmeklik serçeleriň dilinde sütüniň süýnýänçä işletmekligi aňladýardy. Şonuň üçinem serçeler ýaňky gartaşan serçäniň pikirini bada-bat alyp göterdiler:

– Eý, biziň parasatly, ýeňilmezek serdarymyz! Seniň sözleriňde diňe hakykat bar. Biz seniň akylyňa, adalatly hökümiňe öňem boýundyk, häzirem boýun!

– Hawa, ojagaz deljäni serdaryň aýdyşy ýaly edip terbiýelemeli!

– Goý, özüni görkezsin!

– Ynamy ödemese-de, görübiris!..

– Duruň-how entek! Hany, oňa näme ýumuş tabşyrarys?

Serçeleriň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Olaryň pikirini bilmek üçin, toparyň serdary – gartaşan serçe-de sesini çykarmady. Umuman, ol beýlekileriň sözlerini diňläp-diňläp, iň soňundan hemmesinem ýalana çykaryp goýbermegi gowy görýärdi.

Birhaýukdan soň, perleri sal-sal, bir serçe naýynjar halda dillendi:

– Eger garşy bolmasaňyz, serdarymyzam makullasa, şol täze gelen serçäni maňa berseňiz! Meniň maşgalam agyr, eklejegem özüm. Kakalarynyňam... – diýdi-de, gözlerini ýaşartdy.

– Ejizleme, Küleje, ejizleme! – diýip, bir ekabyr serçe onuň sözüni böldi. – Seňkiden agyr maşgalany ekläp gördük, ýeke özümiz ekledik. Şonda-da zeýrenmäň, ejizlemäň nämedigini bilen däldiris. Merdräk bolarlar...
Maslahaty serdar jemledi:

– Onda mende şeýle bir teklip bar! Agsak janawaryň nä güne düşenin-ä hemmäňizem bilýäňiz. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, pişige ýesir düşüp, serçelerçe gurban boldy. Onuň ýanýoldaşam bir bezzadyň kemanyndan heläk boldy. Höwürtgelerinde bir topar ýumurtga eýesiz galdy. Ine, şol höwürtgäni, şol ýumurtgalary täze geleniň – Deljäniň boýnuna ýükläýsek diýýärin. Goý, sakçylyk etsin, çülpeler ýumurtgadan çykansoňam ekläp-saklap, ile goşsun!

Serçeler mähellesi serdaryň bu teklibinem biragyzdan alyp göterdi. Iki sany serçe ýör-hä-ýör bilen Deljäni (oglan-serçä bizem indi Delje diýibereliň!) öňlerine salyp geldi. Serçeleriň düzüm-düzüm bolup oturanyny gören Deljäniň huşy başyndan uçdy. «Hiýh, ene-atalar ýygnagy oguşýan... Işim gaýtdy!» diýip, ol pikir etdi.

– Serdaryň ýanyna, serdaryň! – diýip, ony alyp gelen serçeleriň biri çüňki bilen onuň ýeňsesini çalarak gyzdyryp goýberdi. – «Wah, öňräjik, men entek adamkam, şeýtjegiňizi bilen bolsadym, serdaryňyz-perdaryňyz bilen birlikde dyr-pytrak ederdim welin...» diýip, Delje içini hümlede-hümlede, serdaryň gaşyna bardy.

Serdar oňa tarap gözüniň gyýtagyny çalaja aýlady-da, serdar gedemligi bilen sowal berdi:

– Sen, bi, Agsaklaryň höwürtgesini bilýäňmi?

Delje görgüli Agsagy nireden bilsin – towsagy nireden bilsin. Ol eginjigini gysdy.

– Bilmeseň, görkezerler. Şol höwürtge üçin, höwürtgedäki ýumurtgalar üçin başyň bilen jogap bermelisiň! Bu gün-erte ol ýumurtgalardan bir topar eýjejik serçe çykar. Olary eklemegem seniň boýnuňa. Ýatdan çykarma, eger şolara bir zat bolaýsa... – Serdar haýbat bilen pysyrdady. – Onda men seni öz çüňküm bilenjik üterin!

Dowamy: https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni/2023-11-21-2000

© Kömek KULYÝEW
Bölümler: Powestler | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Sylapberdi • 13:54, 21.11.2023
Ýatan ýeri ýagty bolsun, Kömek agamyzyñ ajaýyp eserleri bize nusga görelde.
avatar
0
2 Мango • 14:15, 21.11.2023
(oglanjyk) ...öz adyny asla halamazdy.

şu oglanjygyň ady nämekä?
Kömek aga ony agzarmyka, ýaman bilesim gelýä şoň adyny, sebäbi "(oglanjygyň)...pikiriçe, şol ady dakynyp ýören oglanlaryň hemmesem baryp ýatan bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly."

ýa adyny aýtman gyzykdyryp goýaýarmyka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203