Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:41
Adam bolmak kyn ekeni... (4)

ADAM BOLMAK KYN EKENI...
(Dowamy. 16-21-nji baplar)

16-njy bap

Şeýdip, oglan-möjek bularyň süreninde ýaşaberdi. Ýöne garylyp-gatyşyp, öz-özleri ýaly bolup gidibermek welin oňa aňsat düşmedi. Möjekler hernäçe garyndaşsyran bolsalar-da, olaryň sap-sary göreçleriniň bir çetinde ynamsyzlygyň uçgunlary ýylpyldaşyp durdy.

Birinjiden-ä, täze gelen garyndaşyň aw diýlen zada düýpgöter ukypsyzlygy möjekleri geňirgendirdi. Bir agsak towşany tutjak bolubam, ol ýarym günläp ejir baryny gördi: dili sallanyp dyzyna ýetiberende, towşany zordan ele saldy. Ele salansoňam, beýleki möjekler ýaly hasyr-husur öz ýesiriniň bogazyny kertmän, gaýtam ony emaý bilen dişläp, goýara has ýumşagrak ýer gözleýän ýaly, ondan-oňa aýlandy ýördi. Ahyrsoňunda-da towşany alyp, bir buky ýere gitdi. Soňrak dili bilen tumşugyny ýalaşdyran bolup, göwnühoş halda gaýdyp geldi. Ýöne onuň agzynyň töwereginde gana bulaşan ýekeje-de tüý ýokdy. Bu bolsa möjekleriň ýiti nazaryndan sypmady.

Täze geleniň ýene bir geň gylygy bar eken. Ýokardan güsürdeşip-pysyrdaşyp bir topbajyk serçe geçiberdigi, ol sakga durýar-da, ýaňky serçelere seredýär, olar tä gözden ýitýänçä, şeýdip aňalyp durýar.

Gidip barýan ýolunda kak suwuna-zada gabat geläýse-de şeýdýär, birden durýar-da, hamana, bir ýitigini gözleýän ýaly, suwuň düýbüne ýiti-ýiti seredýär. Suwuň beýle ýüzüne geçibem şeýdýär...

Garyndaşynyň bu täsin boluşlary aýratynam serdaryň gözüne dürtülýärdi. Ol ordanyň täze çleniniň (agzasynyň) şeýle gylyklaryna nähili düşünjegini bilmän, görgä galýardy. Çagalykdan galan bolgusyz endiklermikä?! Ýa-da munda serdaryň akyly ýeterden ulurak bir syr barmyka?!

Bir gün tutuş orda bir ýere üýşüp, dynç alyp otyrka, möjekleriň biri hyňrandy-da:

– Adamyň ysy gelýär... – diýdi. Möjekler hüşerilişdiler. Ysyrganyşyp:

– Hawa-da, hawa! – boluşdylar.

Serdar haýal etmän, möjekleriň birini razwedka iberdi. «Razwedkaçy» ep-esli wagtdan soň: «Bu jelegaýlarda adam tohumyndan hiç zat ýok!» diýip geldi.

Başga bir gün bolsa, guş-towuk ýok ýerden möjekleriň burnuna guş ysy geldi. Ýene bir günem, çöl-beýewanyň ortasynda, olaryň burnuna balygyň ysy haplap urdy. Bu geňlik kän gezek gaýtalandy. Ine, şol gezekleriň birinde, serdar bilgeşleýin täze möjegi razwedka ýollady. Ol aňyrrak giden badyna del ysam ýitdi. Serdar bu usuly soňrak ýene gaýtalady. Täze möjegiň garasy ýitenden, ys ýene ýitirim boldy. Del ysyň kimden gelýänligi indi serdara aç-açan aýan boldy. Ol täze garyndaşynyň yzyndan gözegçiligi has-da güýçlendirmek kararyna geldi.

...Oglan-möjek bir gün kak suwunyň düýbüne seredip, adatdakysy ýaly, bir wagtky okuwçylaryny ýatlap durka, kimdir biriniň özüne dykgat bilen seredýändigini syzdy-da, başyny galdyrdy. Şonda, hol beýleräkdäki çöplügiň aňyrsynda serdaryň ýeke gulakly äpet kellesiniň çalaja garalyp gidenini gördi. Onsoň ol: «Serdar meniň bu bolup durşumy geň göräýmesin» diýen pikir bilen, serdaryň gözüne çöp atmagy ýüregine düwdi. Suwa seredip durdy-durdy-da, birdenem tumşugyny suwa urdy. Hamana, bir zatlar tutan şekilli, hezil edip çeýneşdiren boldy.

Başga bir gün bolsa ol golaýragyna gelip gonan serçäniň üstüne oýundan topuldy. Serçe pysyrdap göge göterilensoňam, ep-esli aralyga kowalaşyp gitdi. Soň serçäniň yzyndan garap durşuna: «Kim bilýär, ýaňky meniň bir wagt ýetişdirip, kemala getiren serçejiklerimiň biri bolsa-da ahmal!» diýip pikir etdi.

Täze gelen möjegiň hiç zatdan habarsyz bolan bolup, eden bu hereketleri ony ullakan şübheden biraz halas etdi. Serdar ol barada şeýle netijä geldi:

– Lälik ösüp, guş-puşuň, balyk-palygyň etini iýip ulalan möjek diýerler muňa! Üstünden dürli ysyň aňkap durmasam şondandyr...

– Onda mundan adam ysy nädip gelýärkä? – diýip, serdar birden täze pikir tapyndy. – Ýa-da adam etinem dadyp göräýdimikä? Aý, ýok-la, adama erjeşerden-ä gaty gowşak bu! Onda näme?!

17-nji bap

Sürende iki sany möjek çagasam bar eken. Beýlekiler awa giden mahaly, oglan-möjek şol iki sany kiçijik garakça eneke bolup galýar. Çig eti çeýnäp, olara iýdirýär. Soň yzyna düşürip, golaýdaky kaka suw içmäge äkidýär.

Etden doýup, suwdan ganan möjekler soňra bir-biri bilen basalaşyp, oýnaşyp başlaýarlar. Süreniň içini, töweregini ala-tozan edýärler. Käwagtam ikisi birden oglan-möjegiň daşyna geçýär. Biri dyrmaşyp, onuň üstüne münýär, beýlekisi onuň guýrugyndan çeken bolýar. Oglan-möjegem aslynda çaga bolansoň, bu oýny heziller edip alyp göterýär. Ilki ýerinden silkinip turýar-da, möjekleriň hersini bir tarapa pyzyp taşlaýar. Ýaňkylar gelip täzeden ýapyşýarlar, biri oglan-möjegiň boýnundan asylýar, beýle kisem guýrugyndan. Oglan-möjek, hamana, bularyň garşysyna durup bilmedik bolan bolup, gapdallygyna gürpüldäp ýykylýar...

Ol bu iki sany bitakat, garagol jandar bilen gitdigiçe ysnyşyp barýardy. Özüni, hamana, bularyň agasy ýaly duýýardy. Ownuk-uşak garagolluklaryny görmedik bolan bolýardy. Wagtal-wagtal bolsa olaryň hersini bir gapdalynda oturdyp: «Bir tanyş möjek gürrüň beripdi...» diýen bolup, adamlar hakda, olaryň durmuşy barada, mekdep hakynda her dürli hekaýalar aýdyp bererdi. Çaga möjekleriň agyzlaryň açyp diňleýişlerini bir görsediňiz...

Ynha, bir gezek, adam hakyndaky gürrüňlerden soň, çaga möjekleriň biri oturdy-oturdy-da:

– Men ulalamsoň, adam boljak! – diýdi. Beýleki möjejigem doganyndan kem galyp barýan ýaly:

– Menem... menem... menem... – diýip, çyňsap ugrady.

Başga biri ýaňky sözlere pyňkyrardy, ýöne oglan-möjegiň pyňkyrmak ýadyna düşmedi, ol hälki çaga möjegiň ýüzüne seretdi-de, uludan demini aldy.

Başga bir gün bolsa oglan-möjek öz «inileriniň» ikisinem golaýyna çekdi-de:

– Hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyga söz berseňiz men size bir zat aýdaýyn! – diýdi. Möjejikler: «Aýtmarys-da, aýtmarys! Aýdyp ber-de, aýdyp ber!» bolşup, onuň goltugynyň aşagyna dykyldylar.

Oglan-möjek ikirjeňlenýän ýaly bolup, esli wagt sesini çykarman oturdy. Birdenem başyny galdyrdy-da:

– Biler bolsaňyz, men öň adamdym! – diýdi. Çaga möjekleriň gözleri mölerip gitdi. Ekabyrragy, öňräk «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýýäni birhili galpyldap ugrady. Beýlekis-ä tas turup ökjäni göteripdi.

Ara düşen dymyşlygy ekabyr möjejik bozdy.

– A... a... soň näme üçin möjek bolduň?!

Oglan-möjek eginlerini gysdy-da, gussaly ýylgyrdy.

18-nji bap

Serdaryň buýrugy bilen oglan-möjege-de aw tilsimlerini öwredip başladylar. Serdar bir gün bir jansyz guzyny getirip, oglan-möjegiň öňüne oklady-da:

– Alyp gaç! – diýdi.

Oglan-möjek tisginip, gaýra çekildi. Bir seretse, möjekleriň ählisi oňa tiňkesini dikip, gözleri bilen iýäýjek bolşup durlar. Oglan-möjek bu guzynyň hem türgenleşik, hem synag üçin getirilendigine düşündi. Şonuň üçinem, ömre barabar gymmatly wagty ýitirip durman, guzynyň bir aýagyndan dişledi-de, aýagaldygyna ylgap ugrady. Ýöne kyrk-elli ädim ätmänkä, agzyndaky guzynyň aýaklaryna çolaşyp, tüwdürilip gitdi. Möjekler syrtaryşdylar. Serdar olaryň birine ümledi. Ol möjek okdurylyp bardy-da, oglan-möjegiň agzyndaky guzyny ýüzugruna kakyp aldy. Bir silkende, guzynyň läşi möjegiň ýagyrnysyna baryp düşdi, kellejigi bolsa möjegiň agzynda.

Ýaňky möjek şeýdip, arkasyndaky guzyny bir barmak beýläk gyşartman, ylgawyna serdaryň ýanyna getirdi.

– Muňa, garyndaş, hopba etmeli usuly diýilýär! – diýip, serdar oglan-möjege düşündirdi.

Soň «ýanbaşa almak» diýlen usuly öwretdiler. Ol emel şundan ybarat eken: öz oljaň (goýnuň ýa-da geçiniň) ýanyna gapdallap barmaly-da, bokurdagyndan gowşagrak dişläp tutmaly, soň onuň kellesini özüňe tarap biraz öwräge-de, gapdalyň bilen ylgadyp alyp gaýdybermeli.

Eger aw wagtynda itleriň çemine düşäýseň, ilki bilen-ä uruşsyz sypjak bolmaly. Bolmadymy, it kowup yzyňdan ýetiberdimi – ýykylmaly-da, arkan düşüp, dört aýagyňam garnyň üstünde düýrüp ýatybermeli. Tejribesizräk it bolsa, gelip, özüni göni üstüňe zyňýar. Ine, şonda, dyrnaklaryňy syh-syh edäge-de aýaklaryňy birden ýazyp goýbermeli.
Şeýtseň, üstüňe zyňan itiň garny dört ýerinden böwsüp, içegeleri çogup çykýar.

Bu öwredilýän emeller, usullar bir-birinden çylşyrymly, bir-birinden aýylganç. Her emeli göreniňde, hut başyňy alyp gaçaýasyň gelýär. Şu emeller öňde-soňda derdime ýarar, diňe öz başymy däl, eýsem, bir topar goýnuň hem janyny halas etmäge kömegi deger diýip, oglan-möjegiň kellesine-de gelenokdy. Häzir onuň bar küýi, bar pikiri bu elhenç ýerden tizräk gaçmak, nirä-de bolsa bir ýere başyny alyp gitmek. Möjekleriň iniňi düýrükdiriji täze plany bilen tanyşmadyk bolsa, ol gaçsa-da gaçardy...

19-njy bap

Serdar täze plany birkemsiz bişirdim edensoň, ordanyň umumy ýygnagyny çagyrdy. Ol öz nökerlerine ýüzlenip, şeýle diýdi:

– A-how, möjekler, alakadyr towşan kowalap ýörmekden, haram ölen goýun-geçiniň maslygyny gözläp selpemekden ireňzokmy-aý? Dişler täzeje et isleýär, göwün söweş küýseýär. Äňlerimiz gowşap, damarlarymyz gatap barýar. Hany, aýdyň, nätmeli?!

– Alamana gitmeli!

– Sary çopanyň sürüsini çapmaly!

– Ýok, Çörli çopanyňky golaýrak, şoňa darama-ly!

– Aman çopanyňky ondanam golaý...

Möjekbaşy haýbat bilen başyny göterdi:

– Bes ediň-aý bazar gurmaňyzy! Akylyňyz goýnuňkyça-da ýok siziň! Hany, garyndaş bir zatlar aýtjak bolýan ýaly-la...

Oglan-möjek maslahatyň soňuna galyp barýan ýaly, hopugyp-hopugyp gürle-di:

– Bolanok... bolanok... ol sürüleriň birine-de çozmaly däl!

Ol birden dilini dişledi, kellesiniň gyzgynyna özüni paş edenligini ýaňy aňşyryp galdy. Gana suwsan möjekleriň serdar başlyklaýyn ýerli-ýerden hyňranyşyp, öz üstüne topularyna garaşdy. Ýöne serdar düýpden başga perdeden gopdy:

– Berekella, garyndaş, akylly gürrüňi senden eşitdim. Ýaňky sanalan sürülere möjegiň diňe akmagy çozar. Gözüňizi çerreldip oturmaň. Geň galasy zat ýok bär-de. Men size näçe gezekler aýtdym: «Akyly bolan möjek öz süreniniň golaýyndaky sürä degmez!» diýip. Bar aýdanym, bar öwredenim haram size, nadanlar diýsänim! «Çozalyň, çapalyň!» diýşen bolup... Baryň, çozuň, çapyň! Ertesi gelip siziňem süriňize tüsse berip gitsinler. Näme, siz adamlary özüňizden samsyk saýýaňyzmy?!

Şol wagt gapdaldan çaga möjekleriň biriniň kiçijik, naýynjar uwwuldysy eşidildi. Serdaryň ýüzi çytylyp gitdi. Özi gürleýärkä, onda-da ýygnakda gürläp durka, gapdalda bir çybyn jiňňildese-de ol halanok.

– Baryň-aý, ýeňsesine bir penje uruň peläketiň! – diýip, serdar buýurdy. Çaga möjegiň enesi hasyrdap galdy-da, uwwuldynyň çykan tarapyna seňkildäp gitdi.

– Onda şeýle, garny aç garyndaşlar! – diýip, serdar kinaýaly ýylgyryp, sözi dowam etdirdi. – Bilmeseňiz, bilýäne gulak asyň! Bu golaý-goltumdaky sürülere çozmak gürrüňini aradan aýyrýarys. Mundan birnäçe menzil gaýrada Hudaýguly diýen bir çopanyň sürüsi bar. Özem, nemede, kol... kol... adamlar näme diýýär şoňa?

– Kolhoz! – diýip, möjekleriň biri ýatlatdy.

– Hä, kolhozda iň gowy, iň semiz sürüleriň biri şol. Anha, hüjümi şol sürä gönükdirmeli. Meniň çakym, meniň hasabym boýunça, ertir däl birigün agşam gaý turmaly. Ine, şol gün agşamam biziň agşamymyz bolar. Şol agşam, şol hüjüm biziň ordamyzyň adyny arşyň deňine göterer we külli Garagumyň taryhynda hemişelik galar...

Serdaryň hyjuwly, arzuw-hyýala beslenen sözüni naýynjar uwwuldy böldi.

– Indi şol ýetimegiňi ümsüm etmeseň, özüm hasabyny taparyn! – diýip, serdar ene möjege azm urdy.

Ene möjek görgüli ýene hasyrdap turdy. Ýöne çaga möjege şol gije bir döw-ä çalan eken. Daň atýança zaryn-zaryn uwlap, asyl uky bermedi.

Ertesi säher bilen oglan-möjegi has aýylganç, endamyňy jümşüldediji bir uwwuldy oýardy. Ol sürenden beýleräk saýlanyp seretse, uwlaýan ene möjek. Öňünde dem-düýtsüz süýnüp ýatan çagasynyň daşynda pyr-pyr aýlanýar. Birdenem durýar-da, çaga möjegi ysgaşdyrýar, tumşugy bilen çalaja itip görýär, soňam onuň gapdalynda çommalyp oturýar-da, uzyn-uzyn uwlaýar.

Oglan-möjegiň oňa juda ýüregi awady, ýanyna baryp, göwünlik beresi, derdini deň paýlaşasy geldi. Ol baryp ene möjegiň böwrüne tumşugyny degirdi, başga näme aýtjagyny bilmän, bir wagt goňşularynyňka ýasa gelen adamlaryň diýşi ýaly: «Yzy ýarasyn, bolmandyr-ow!» diýdi.

Ene möjek ol sözleriň manysyna düşünmese-de, täze garyndaşyň şeýdip gelmegi onuň göwnüni bozdy. Ol «Balam-uw... bogdular, öldürdiler balamy-y-y...» diýip, öňküdenem beter uwlap başlady.

Hakykatdanam, çaga möjegiň boýunjagazynda tüýler bulaşyp, gan bilen bile gatapdyr. Bu öňräk oglan-möjekden «Soň näme üçin möjek bolduň?» diýip soran möjejikdi. Onuň «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýşi ýadyna düşende, oglan-möjegiňem bokurdagy doldy.

Serdaryň buýrugy bilen daňdana golaý öldürilen çaga möjek bolsa, gözlerini giň açyp, sessiz-üýnsiz ýatyr. Serdar ony «uwlap-uwlap, aýgytly çozuşyň ýanynda ordanyň üstüni açaýmasyn» diýen gorky bilen öldürdipdi.

Öz neberesinden bolan körpeje möjegi şeýle zalymlyk bilen öldürmäge dözen rehimsiz möjek dişleri, ertir Hudaýguly çopanyň sürüsini näder?!

Ýaňky möjek çagasy ýaly gözjagazlaryny açyp, dem-düýtsüz süýnüp ýatjak owlak-guzular, bokurdagy palaç ýaly çeýneljek goýundyr geçiler göz öňüne gelende, oglan-möjek hopukdy. Töweregine garanjaklaberdi.

Eýtmeli-beýtmeli, Hudaýguly çopany habardar etmeli. Gapyl galmasyn, goý, näçe iti bar bolsa, baryny aýak üstünde saklasyn, näçe tüpeňi bar bolsa, baryny oklap goýsun. Ahmal galmasyn...

Ýöne oňa nädip habaryňy ýetirjek? Göni goşuna baryb-a bolmaz. Bar-da gör, garnyňy ajy tüsse dolduryp goýbersin! Bar, birden rehimi inip, atmadam diýeli-dä. Nädip diliňi düşündirjek? Uwlajakmy, çyňsajakmy? «Bu möjek janawar näme üçin uwlaýarka?» diýip, kelläňi sypar durar öýdýäňmi? Her biri gaplaň ýaly, algyr itleri bardyr. «Bas!» diýmänkä, her tikäňi bir ýerden çöplemeli ederler. Eý-how, çopan itlerimi, olar... Dur! It diýdiňmi? Hudaýguly çopanyň itleriniň biri bilen düşünişip bolmazmyka?

Bu pikirden soňra oglan-möjegiň ýüzi birazajyk ýagtylan ýaly boldy. Hawa-da, her niçigem bolsa, item haýwandyr. Adam adamyň diline düşünende, haýwan haýwanyň diline düşünmezmi?

Elbetde, çem gelen itiň ýanyna barybam bolmaz. Hondanbärsiräp ýören, bir girrik itiň üstünden düşseň, habaryňy almakdan-a geçen, gaýtam eýesiniň ýanynda «Möjek awlady» diýen ada galjak bolup, üstüňe topular, ondanam erbedi, uly ili örüzer. Köpi gören, parasatly bir it gerek munuň ýaly işlere.

Oglan-möjek ýaýdana-ýaýdana, belli karara geldi. Şol günüň agşamlygam, möjek ordasy uka gidensoň, niredesiň Hudaýguly çopanyň goşy diýip, ýola düşdi.

20-nji bap

Hudaýguly çopan köp çarşenbäni başyndan geçiren, paýhasly bir adamdy. Onuň goşuna mes bolup baranlar pikire batyp gaýdardy, gaýga çümüp baranlaram şat bolardy.

Onuň Boýnak atly bir iti bardy, beýleki itlere mydama baş bolardy. Özem her gün agşam goş bilen süriniň arasynda garysyny ýassanyp, Hudaýguly çopanyň gürrüňlerini diňläp ýatmagy juda gowy görerdi. Şonuň üçin bolsa-da ahmal, Boýnagyň akyly akyllary haýran ederdi.

Ýöne bu gün agşam goşdaky gürrüňiň mazasy bolmady. Hudaýguly çopanyň öňki bolşy ýok, birhili aladaly, ünjüli görünýär. Ýygy-ýygydan daş çykyp, asmana seredýär, sürä aýlanýar, itlerini barlap görýär.

Gürlemek gezegini bu gün onuň kömekçisi Japar alypdyr. Neressäniň içi gep-gürrüňden dolup giden eken. Çöl hakdamy, oba hakdamy, goýundyr geçi, möjekler hakdamy, geň-enaýy ýurtlar hakdamy... gürläp gidip otyr. Käte-käte Hudaýguly çopan onuň gürrüňini bölüp, daş çykyberse, oňa ýakanok.

– Ýa-k, Hudaýguly aga, şu wagta çenli hiç döw çalmadyk sürä indi näme bolar öýdýäň? Otur-da arkaýyn gürrüň diňläp... – diýip hüňňürdeýär.

– Gürrüňem-ä gürrüňdir welin, inim, şü şemalyň häzirki öwsüşi hiç maňzyma batanok. Şu gün bolmasa-da, erte dagy howa bulaşaýmasa diýýän! – diýip, Hudaýguly aga-da daş çykýar.

Japaryň bir möjek çagasy barada beren gürrüňini welin, Hudaýguly çopanam, Boýnagam, bu söhbeti ogrynça diňläp duran üçünji bir jandaram oňlamadylar.

– Bir gün gelýärkäm, möjek çagasyna gabat geldim, eşekden bökägede, düşdüm ýaňkynyň ökjesine! – diýip, Japar söze başlady. – Aý, ýaman gaty gaçýan eken peläket. Şonda-da tutdum-ow... Tutmasyn-a tutdum welin, soň nätjegimi bilmedim. Öldürseň-ä, bir boljak däl, men möjekleriň edähedine belet, çagasyny öldürseň, soň süriňi gyrgyna bermän goýanoklar. Goýberseň, ýene bir duşmanyň köpeljek...

– Ýeri, nätdiň onsoň?

– Nädendir öýdýäň? Ýanymda iňňe-sapagym bardy, alagada, ýaňky möjek çagasynyň otyrýerini ti-kip goýberdim.

– Ony näme üçin beýtdiň?!

– Ýa-k, Hudaýguly aga, şunça ýylyň çopany bolup, şonuň näme üçin şeýdilýäninem bileňokmy! Şeýdip goýberseň, ýaňky möjek çagasy iýenini daşyna çykaryp bilmän, uzak gije uwlap çykýar, onsoň möjekler «Ordanyň üstüni açaýmasyn!» diýip, ony özleri bogup öldürýärler. Düşündiňmi indi?!

– Sen, Japar, kän zady bilýäň, köp zady oňarýaň, ýöne... – Hudaýguly çopan gaşlaryny çytdy. – Ýöne, sen doňýürek adam, sende rehim-şepagat ýok.

– Bolaýd-ow bü-ýä! Näme, men öz duşmanyma rehim ederinmi eýsem? «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýipdirler.

– Adam çagasy bolsun, gurt-gaplaň çagasy bolsun, çaga çagadyr. Çagada näme günä bolsun!

– Bu gün çaga bolsa-da, ertir görseň, dişlerini çarhlap oturan möjekdir.

Daşarda garysyny ýassanyp ýatan Boýnak her gezek «möjek» sözüni eşidende, başyny galdyryp, hüşerilýärdi.

Şol barmaşa, hol aňyrda bir zat gymyldan ýaly boldy. Boýnak heniz ýitiligini ýitirmedik gözlerine şunça zor salsa-da, garaňkyda oňly zat saýgaryp bilmedi. Ysyrgandy, del ysam ýok. Sürem asuda ýatyr. «Beh, ätiýaçdan üýräýsemmikäm-aý?» diýip, Boýnak ikirjiňläp durdy. Soňam «Aý, biderek zat üçin üýrüp, uly ili bimaza etmäýin-le!» diýen karara geldi-de, turup, töweregi barlamaga gitdi. Töwerek ümsümlik. Boýnak biraz ynjalyp, yza dönen mahaly, ýeňsesinden «Eý, köpek dost!» diýen pessaýja ses eşidildi.

Öwrülip, üç-dört ädim ätse, öňünde bir möjek dur. «Wah, görmäýşimi... garrapdyryn-ow!» diýip, Boýnak ahmyrly oýlandy-da, beýleki itlere habar bermek üçin agzyny açdy.

– Dur, köpek dost! Entek meniň habarymy bir al! – diýip, ýaňky möjek dillendi.

– Möjegiň habary belli-le! – diýip, Boýnak ýene üýrmäge häzirlendi.

– Men möjek däl. Ýok, möjekligime möjek-de, ýöne oglan-möjek...

Boýnak geňirgendi. «Bu meni oýnajak bolýarmyka ýa-da gepe güýmäp, ahmal goýaryn öýdýärmikä? – diýip, ol pikir etdi. – Şu wagta çenli bir-ä şeýdip göni gelen möjegi görmändim, birem oglan-möjek, gyz-möjek diýip eşitmändim. Näme bolsa-da, bu ýerde bir üýtgeşiklig-ä bar...»

– Hany, habaryňy aýt-da, basym ýeňsäňi el ýaly et! – diýip, Boýnak möjege azm urdy.

– Ýuwaşrak, köpek dost, ýuwaşrak! Men adyňam bilemok seniň...

– Adamlar-a maňa Boýnak diýýärler. Senem näme diýseň şony diý! Ýöne gepiňi gysgalt!

– Wah, Boýnak dost, menem adam ahyryn... Aý, onuň gürrüňini soň ederis... Siz, hemmäňiz, ertir agşam aýak üstünde boluň. Eýäňe-de nädip düşündirseň düşündir. Ertir agşam siziň süriňize tutuş bir möjek ordasy çozýar. Ýekegulak möjegiň ordasy...

– Bo-how, Ýekegulak entegem dirimi? Onuň bir gulagyny goparan-a özümdirin. Bu gezek gelsin bakaly, kellesini sogrup, öňüne taşlaýyn.

– Onçasyny özüň bil! Meniňki bir aýtmak. Onsoňam diňle, Ýekegulagyň plany şeýle: men itleri örüzmeli-de, aýagaldygyma gaçmaly, olaryň ünsüni özüme sowmaly. Şol wagt beýleki möjekler süriniň yk tarapyndan gelip, çozmaly. Olar etjegini edip, yzlaryna gaçansoňam, Ýekegulagyň özi süriniň ortasynda bukulyp galjakdyr. «Şu gezekde öňki-soňky arymy ýerine salaryn!» diýýär. Şonuň üçinem biriňiz süriniň ortasynda boluň... Anha, hojaýynyňam daş çykdy öýdýän. Men gitdim! Ýoldaşlaryňa aýt, ertir meni gaty çyny bilen dalamasynlar, haýyş!

Oglan-möjek şeýle diýip, garaňka siňip gitdi.

21-nji bap

Serdar möjegiň «bütin Garagumuň taryhynda galar» diýýän taryhy hüjümi başlandy. Diňe ene möjek sürä çozmakdan boýun towlady diýmeseň, ähli zat planda bellenilendäkisi ýaly: howanyň tüýsi üýtgedi, güýçli ýel turdy, ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp, asman ýyrtylara geldi. Ine, şol wagtam täze gelen möjek özünden möjek ysynyň gelmeýändiginden peýdalanyp, Hudaýguly çopanyň sürüsiniň ýele tarapyndan arkaýyn bardy-da, itleri örüzdi. Çopanlary başagaýlyga saldy. Soňam uzyn uwlap, gelen tarapyna ökjäni göterdi. Onuň mekgesine münen itler wa-gyrdysy daşlaşyberende, serdar bukuda ýatan nökerlerini aýaga galdyrdy-da, sürä tarap at goýdy. Baryp süriniň edil ortasyna kürsäp urdy.

...Ýeňseden ýaňlanan batly tarkyldyny serdar ilki gök gübürdisidir öýtdi. Ýöne bir möjegiň elhenç waňkyran sesi welin, ony bada-bat yza seretdirdi. Tarkyldy ýene gaýtalandy. Şol wagt ýalpyldap giden ýyldyrymyň ýagtysyňa ol süriniň daşynda ylgaşyp ýören itleri, elleri tüpeňli çopanlary, iň erbedem: waňkyryp ýere ýazylan ikinji nökerini gördi. Serdar duzaga düşenini aňyp, süriniň ortasynda aşak çökdi welin, çöken badyna-da bir äpet it üstüne hopba boldy.

Ähli hilesini, emelini ulanyp, itden ölümiň öýünde sypan serdar oljadanam, ordadanam ellibizar geçip, ümdüzine tutdurdy. Gaçyp barýar. Bir görse, öňden aldyrany bar ýaly bolup, täze garyndaş okdurylyp gelýär.

– E-eý, aňkaw, sen näme iliň tersine gaçýaň? Ýa-da ajalyňa barýaňmy? – diýip, ol täze garyndaşyň deňine ýetmänkä gygyrdy. Ýöne garyndaşy maňa aýdýarmysyňam diýenok, gözi ýok ýaly, göni serdaryň üstüne gelýär. Serdar zordan sowlup ýetişdi. Sowlan dessine-de, garyndaşynyň gapdallygyna egrelip duran kuwwatly guýrugyna aýagy ilip, tüw-dürildi.

Hasyrdap ýerinden tursa, täze garyndaş ýene üstüne atylyp gelýär. Özem «Sypmarsyň, serdar! Bu gezek sypmaga hakyň ýokdur!» diýip gygyrýar. Rejäniň geň däldigini aňan serdar täze garyndaşy bilen dikleşdi. Täze garyndaş, ýagny, oglan-möjek serdaryň gabawdan sypyp gaýdanyny uzakdan görüpdi. Şol bada hem öwrüm berip, onuň öňünden çykmaga alňasapdy.

Serdaryň öwredenje emelleri, ynha, şu ýerde özüne ýagy boldy. Ol şunça gahar-gazap bilen topulsa-da, oglan-möjek eger-eger asgynlar ýaly däl. Deň garpyşýar. Serdar haýsy emele ýüz ursa, oglan-möjegem şoňa laýygyny tapýar.

Şol barmaşa bir ýerden Boýnak, onuň yz ýanyndanam Hudaýguly çopan ýetip geldi. Iki möjegiň garpyşyp duranyny görüp, Hudaýguly çopan-a agzyny açdy. Boýnak welin wagty ýitirmedi, serdaryň ýeke gulakly kellesini nyşana alyp, onuň üstüne özüni zyňdy. Şeýdip oglan-möjek bilen Boýnak ikisi serdary ýere ýazdylar. Janyny jähenneme iberdiler.
Ine-de, biziň oglan-möjegimiz öz okan mekdebiniň janly burçunda otyr. Janly burçuň gözeneginiň öňünde hümerlenişip duran çagalara seredip, hem begenýär, hem gynanýar.

Hemmesi tanyş ýüz, tanyş ýerler. Ynha, öňki klasdaşlary. Anha-da, inisi, gözenege ýaplanyp, möjege ses-üýnsüz seredip dur. Onuň deň-duşlary möjege öýkünip, uwlan bolýarlar, daşjagaz oklaýarlar. Inisi welin bularyň oýnuna goşulanok. Ol nämedir bir zadyň pikirini edýär. Belki, nam-nyşansyz ýiten agasy hakynda oýlanýandyr...

Hudaýguly çopana duşandan soň, oglan-möjegiň ykbaly oňuna boldy. Ilkibaşda ony Japar tas atypdy, ýöne Boýnak oglan-möjegiň öňüne pena boldy. Hudaýguly çopanam muny görüp, Japaryň elinden tüpeňi gaňryp aldy. Şol günüň ertesi oglan-möjegi getirip, mekdebiň janly burçuna tabşyrdy. Şondan soň tizara oglan-möjegiň ýanyna jadygöý geldi:

– Bo-how, ikilikçi dost, bärdemidiň asyl? Mekdepden gaçsaňam, ýene mekdebe getiripdirler-ow! – diýip, jadygöý oňa habar gatdy. Oglan-möjek sesini çykarmady.

– Sen menden gaty görme, ikilikçi dost! Bu zatlaryň hemmesi seniň öz islegiň boýunça bolup geçdi. Diňe bir islegiňi ýerine ýetirmedim – seni gaýtadan adama öwrüp bilmedim.

– Meni indi şu ýerden, adamlaryň arasyndan aýyrmasaň bolýar! – diýip, oglan-möjek dillendi.

– Ýöne meni biderek gezip ýörendirem öýtme! Sen möjekleriň arasynda gezip ýörkäň, men öz jadygöýlük kitaplarymyň ählisini dörüşdirip çykdym, dünýäniň dört künjüni aýlanyp gördüm, garaz, seni adama öwürmegiň emelini gözledim. Ahyram tapdym...

Jadygöý şeýle diýenden, oglan-möjek ýokary-ýokary towsuberdi. Ýöne jadygöý ony saklady:

– Dur entek! Gaty begeniberme! Biler bolsaň, ol emel meniň elimde däl eken...

– Ol emel adamlaryň elinde – diýip, jadygöý dowam etdi. – Eger adamlar saňa seredip: «Adam ýaly akylly möjek eken!» diýip, üç gezek aýtsalar, sen adama öwrülýäň, ýogsa-da ýok.

Ynha, şondan bäri, jadygöý bilen bolan duşuşykdan soň oglan-möjek adamlaryň şol iki agyz sözüne garaşyp ýatyr.
Bir gün mekdebiň okuwçylary özleriniň janly burçuna möjek sowgat beren Hudaýguly çopany duşuşyga çagyrdylar. Ondan bu möjegi tutuşy barada gürrüň bermegini haýyş etdiler. Hudaýguly çopan janly burçuň öňünde durup, bu möjegiň bütin Garagumda ady belli Ýekegulak möjek bilen söweşişi, ony ele salmaga kömek edişi barada ýekänme-ýekän gürrüň berdi. (Möjekleriň hüjümi barada Boýnaga habar ýetireniňem şu möjekdigini bolsa Hudaýguly çopan bilenok.) Sözüniň soňunda ol oglan-möjege tarap öwrüldi-de:

– Şu möjegi hor etmäň. Adam ýaly akylly möjek eken bu! – diýdi. Oglan-möjegiň ini üşüdýän ýaly, birhili galpyldap başlady. Çagalaram Hudaýguly aganyň yzy bilen:

– Dogrudanam, adam ýaly akylly eken... – diýip, iki-üç öwra gaýtaladylar. Möjege öňküdenem gowy seretjekleri barada Hudaýguly çopanyň ýanynda söz baryny berdiler.

...Şol günüň agşamlygam janly burçdaky möjek gürüm-jürüm boldy. Ertesi gün gelip görenler janly burçuň gapysynyň agzynda diňe bir oglanyň aýak yzyny tapdylar. Yzy yzarlap gördüler, uly ýola baryp, köpçüligiň aýak yzlaryna goşulyp gidipdir. «Bir garagol gelip, janly burçumyzyň gapysyny açyp gidipdir» diýen netijä geldiler.

– Hany, onda möjegiň yzy? – diýip, has düşbüler sowal berdiler. Jogap tapylmady. Ol möjegi gaýdyp bizden başga gören-eşiden bolmady.

***

Kim näme diýse diýibersin, adam bolmakdan gowy zat ýok eken. Goý, kyn bolsun, goý, irden turzup, mekdebe ibersinler, ýumuş üstüne ýumuş bersinler, goý, käte käýesinlerem, barybir, adam bolmak hezil eken, adamlar!

(soňy)

© Kömek KULYÝEW

Başy:

Adam bolmak kyn ekeni...(1) (1-5 baplar) https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni/2023-11-21-1999

Adam bolmak kyn ekeni...(2) (6-10 baplar) https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni/2023-11-21-2000

Adam bolmak kyn ekeni...(3) (11-15 baplar)
https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni_3/2023-11-21-2002
Bölümler: Powestler | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 13:56, 23.11.2023
gowy powest.
ýadatman, ýeňil dilde ýazýar, gürrüň berişem göwnejaý.

suratda-da möjek bolan Deljäniň serçe kowalap ýörişi...

soňunda Deljäni nädip adama öwürerkä diýip durdum welin ýazyjymyz ussatlygyny görkezdi... ajap jemleme.

ýöne Deljäniň çyn adyny welin bilip bilmedik.
powestiň başynda: "Ullakan klas žurnalynda, il deňinde onuňam ady bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol at zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak bolsaň, demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden üýtgeşik, iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň. Onuňky ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz göterip ýören oglanlar bir däl, on dal, gaty kän." -diýensoň, oň ady nämekä diýip oýlanypdym.

ýeri bolýa, hemmesi gowy gutardy.
ulular üçin ajaýyp erteki.
ruhy şat bolsun Kömek agaň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203