Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:29
Adam bolmak kyn ekeni... (2)

ADAM BOLMAK KYN EKENI...
(Dowamy. 6-10-njy baplar)

6-njy bap

Agsaklaryň höwürtgesi obanyň garagörnüm çetindäki harabanyň jaýrygynda ýerleşýän eken. Delje bu harabanyň her bir kesegine, deşigine-jaýrygyna bäş barmagy ýaly beletdi. Öň özi ýaly işýakmaz oglanjyklaryň bir topary bilen höwürtge bozmaga telim sapar gelipdi.

Delje köne höwürtgä, onuň içinde akjaryp ýatan ýumurtgalara seňrigini ýygryp seretdi. Aýajygy bilen olaryň birini çalarak depibem goýberdi. Birdenem, serdaryň haýbatly sözleri ýadyna düşüp, töweregine ýaltaklady. Uludan demini alyp, emaý bilen ýumurtgalaryň üstüne çökdi. Bir salymdan soň, beýdip oturmaga-da karary ýetmän, böküp daşary çykdy, Gum-kesege öwrülip barýan harabany täzeden, serçe nazary bilen synlady. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp gördi.

– Äý, nadanlar diýsänim! Ýerden ýigrimi bäş gulaç ýokarda diýip öwýän höwürtgäňizem şumy? – diýip, hälki özüni getirip giden serçeleriň yzyndan käýinjiredi. – Munyňyz ýerden iki gulajam ýog-a! Bir oglanjyk beýlekiniň egnine münse, bujagaz höwürtgäni kellesine geýibem giderler... Aý, geýse-geýip geçsinler, tozdursa-tozdursynlar, maňa näme! Uçar-da giderin.

Şol wagt serdaryň «Öz çüňküm bilenjik üterin!» diýen sözleri gaýtadan gulagyna gelen ýaly boldy, göýä serdaryň polat çüňki depesinden inip gelýän ýaly, boýnuny içine ýygryp, kellejigini eginleriniň arasynda gizledi. «Üter, hökman üter! Perimi tozdurar, gözümi akdyrar!» diýip, galagop halda oýlandy. «Ýeri, onda nätmeli? Ýokarrakdan başga höwürtge gurmalymy? Aý, täzesini gurýançaň, sütüniň süýner-le... Ýokarda boş duran höwürtge ýokmuka?»

Delje pysyr-pysyr edip, o diwardan bu diwara, o jaýrykdan bu jaýryga gatnap başlady. Uzak wagtlap sermenenden soň, harabanyň belent ýerinde gurlan bir bolgusyzja höwürtgäniň üstünden bardy. Onsoň bir ýerden adamyň aýasy ýaly letde tapdy. Ýumurtgalaryň birini şol letdäniň üstüne togalap, letdäniň dört burçunam bir ýere jemledi-de, çüňküne gysdyryp, täze tapylan höwürtgä eltip geldi. Ýumurtgalary şeýdip ýeke-ýekeden daşady. Öler ýaly ýadady. Ajykdy. Ýöne nätsin, näme iýsin? Beýleki serçeler ýaly gurçuk-purçuk, mör-möjejik tutup garbanaýyn diýse, işdäsi alanok. Gaýtam, beýlekiler: «Şu gün pylança gurçugy bir özüm lak-luk atdym» diýip, öwnüşip ugrasalar, onuň aňyrsy bärsine gelýär.

Bugdaý-jöwen bişerden bolsa entek ir. Çörek owuntygynyňam çaşyp ýatan ýeri ýok. Bar ýerinden çöpläýjegem bolsaň, ullakan töwekgelçilik gerek. Başyňy etegiňe salyp gitmeli. Çörek owuntygynyň pytrap ýatan ýerinde dyrnaklary syh-syh pişikleriň, eli kemanly bezzatlaryň köwejekleşip ýörýändigini kim bilmeýär?!

Öňküler ýaly, «Gel, balam, naharyň sowady» diýere ejesi ýok. Oýnap ýörkäň ajygaňda, «Bar, öýden çörek getir! Üstüne-de mesge çalyp getir!» diýip iberer ýaly inisi ýok. Aldap, elinden kökesini alyp iýerin diýse, agzyny açyp ýören aňkaw Aman ýok. E-e-eý, o döwürler... o günler... Gadyry bilinmändir-dä ol günleriň!

Deljäniň bir oňarýan zady uludan-uludan dem almak, şony berjaý edensoň, höwürtgä geçdi-de, ajöze, ýadaw halda uklamakçy boldy. Ýöne ýumurtganyň üstünde ýatmaga endik etmänsoň, aşagy ýumakly ýaly, eýläk-beýläk togalanyp, uzak gijäni ukusyz diýen ýaly geçirdi.

7-nji bap

Delje bir gün gelse, höwürtge öňküsindenem daralan ýaly. Ozal arkaýyn girip-çykaýmasy bardy welin, indi kellesini soksa, guýrugy daşarda galýar, götinjekläp girse-de, kellesi daşarda somalyp dur. «Bu nähili bolýar-aý? – diýip, Delje kiçijik kellesine agram salmaga başlady. – Ýumurtgalar köpelip-dagy edäýdimikä? Hany, sanap göreýin: bir, iki, üç,

...Üstünde oturanymy sanadymmaý?! Hany, bir, iki, üç, dört... Beh, öň bir sanamda, jüp däl-de, täk çykan ýaly-la! Köpeläýen-ä däldir-dä... Öz-özünden nädip köpelsin! Tersine, azalan bolaýmasyn?! Azalan bolsa, onda höwürtge daralman, gaýtam giňelmezm-aý? Hany, mugallym näme diýip öwredýärdi entek?!

Mukdaryň möçbere bolan gatnaşygy... Ýok, möçberiň mukdara bolan...» Deljäniň kellesiniň içi bulam-bujar boldy. Özüniň hasapdan asgynlygyna ol ilkinji gezek ýaman ahmyr etdi. Hasap diýlen zat serçe bolsaňam, gerek eken. Wagt bolsa geçip dur, geçip dur. Delje eýlesine-beýlesine garanmaga ýetişmänkä, höwürtgedäki ýumurtgalar gyzgylt öwsüp, gezekli-gezegine çyzyk açyp başlady. Ine, bir günem olardan sary çüňklüje, gyzyletene, birmeňzeşje jandarlar jüýgüldeşip çykdy. Çykan batlaryna-da, «Iýjek-de-iýjek!» bolşup, Deljäniň gulagyny guk etdiler.

Delje görgüli her gün iýmit gözleginde menzil-menzil ýol geçýärdi. Diňe garaňky gatlyşyberende, ganatlaryny zordan galgadyp, höwürtgä özüni atýardy. Daň ataram welin, ýene şol öňki güzeran, şol öňki güzap.

Iýmit tapmak diýeniňem dilde aňsat ekeni. Ýokaryk galsaň-a, depäňden gyrgy garawullap dur, ýere gonsaňam, pişik ýapyrylyp gelýär. Getiren iýmitiňi bu gyzyletenelere sag-aman iýdiräýjek bolsaň, ondanam kyn. Ala-basgy bolşup, bir-birinden öň iýjekler. Sähel göz-gulak bolmasaňam, iýmite düwnüp, gök-dalak bolýarlar. Şonuň üçinem olaryň hersi öz paýyny sag-aman bokurdakdan ötüräýýänçä, Delje höwürtgäniň agzyny saklap oturardy. Özem olaryň gurçuklary, mör-möjekleri açgözlük bilen ýuwudyşlaryny görmejek bolup, gözüni ýumardy.

Ýumurtgalaryň biri juda haýal, hemmesinden soň çyzyldy. Ýöne ondan çykan guş çagasy welin öňki-soňkynyň çaky bolmady. Asyl onuň garnynyň dok, gözüniň doýgun wagtyna gabat gelip bolmasa nätjek! Haçan görseň agzy açyk, haçan görseň iýermen. Özem kän symyşlaýanlygyndanmy-nämemi, günsaýyn däl-de, sagatsaýyn ýognap, ulalyp barýar. Sanly günüň içinde ol Delje bilen deňeçer boldy, soň ondanam ozdurdy. Indi ol Deljäniň getirýän iýmitini diläp däl-de, basyp alyp iýýärdi. Bu bedähediň syry basym äşgär boldy.

Käte-käte bir ýerlerden ikatýoguň «Iki-at-ýok! Iki-at-ýok!» diýip zarynlaýan sesi gelýär welin, ýaňky mähnet guş çagasam symyşlamasyny goýup, diňşirgenýär. Soň o-da öňe-öňe omzap, bogazyndan «Kat-ýo-ok» diýen ýalyrak ses çykarýar.

Delje bir gezek bu hadysanyň edil üstüne geldi. «Ikatýok köplenç öz çagasyny özi eklemeýär. Heniz ýumurtgadan çykmanka, ony başga guşlaryň höwürtgesine taşlap gidýär» diýip, mekdepde eşiden gürrüňi güpbe ýadyna düşdi.

Nämäniň-nämedigine göz ýetiren Deljäniň gahary bokurdagyna geldi. «Men seniň atyňy bir gözüňe görkezeýin-le!» diýip, ol ikatýokjygyň üstüne topuldy. Öňdenem darajyk, çagşan höwürtgäniň içinde gopdy bir topalaň. Boldy bir güpür-tapyr. Deljäniň «Mugthor! Ýatyber! Bihaýa!» diýen janyýangynly jibrinmesi, ikatýoguň naýynjar jüýgüldisi, zähresi ýarylara gelen çülpe serçeleriň galagoply pysyrdylary...

Delje mugthor ikatýoguň eýini mazaly ýetirenden soň, höwürtgeden çykyp, hol beýlede gondy. Jany agzyna gelen ikatýoguň iňlemä meňzeş jüýgüldisi içerden soňam geldi durdy. Gahary ýatyşyp, birneme köşeşenden soň, Deljäniň ikatýokjyga nebsi agyryp ugrady.

«Ýowuzrak daraýdym öýdýän! – diýip, ol içini gepletdi. – Hakyna seretseň, munda günä-de ýok ýaly. Günä muny şeýdip taşlap giden ata-enesinde».

Delje biraz oturyp, dem-dynjyny alansoň, awuň gözlegine çykdy. Bir çalajan ýagyş gurçugyny çüňküne gysdyryp gaýdyp geldi. Onuň garasyny görenden, ikatýokjyk gorkup, höwürtgäniň bir böwrüne gysyldy.

– Näme sandyran bolýaň? Iýesim ýok! Al, düwnüp geçen...

Delje getiren iýmitini onuň agzyna atdy-da, hüňür-hüňür edip, çykyp gitdi.

Ertesi goňşy serçe oňa sowal berdi:

– Ýeri, Delje, düýn höwürtgäňde näme gopgun turdy? Gykylygyňyz-a ýaman belentden çykýardy.

– Aý... – Delje ganatyny salgap goýberdi. – Ýumurtgalaryň birinden ikatýok çykdy.

– Senem ony ekläp ýörmüň? Kow ony, derrew kow! Gümüni çekip goýber!

– Kowaňda, ol nirä gitsin? Enesi bolmasa, atasy bolmasa, agasy ýa inisi bolmasa. Guş diýeniňde iň bolmanda klasdaş-zadam-a ýok, bir gije öýünde ýataýaryn diýer ýaly.

– Klasdaşyň näm-aý? – diýip, goňşy serçe onuň ýüzüne jiňkerildi.

– Dost, ýoldaş diýen ýalyrak-da!

– Dost-ýoldaşyň näme?

– Saňa nähili düşündirsemkäm... Höwürtgedeş diýen söze golaýrak-da!

– Hä-ä! Şeý diýsene!

8-nji bap

«Bir goýundan ak hem dogar, gara-da» diýenleri çyn ekeni. Serçe çagajyklarynyň hemmesi birmeňzeş ýumurtgadan çyksa-da, hersi özbaşyna häsiýet bolup döredi. Biri agrasja, hatda tekepbirrägem, beýlekisi onuň tersine, baryp ýatan gykylykçy, uruşgan, üçünjisi gorkak hem gysganç, bir zat iýende-de, aňyrsyna bakman, gizlemän iýip bilenok. Ikatýokjyg-a öňdenem serçe iline goşulýan zat däl. Onuň diňe agzy boş durmasa bolýar. Tekepbirligiň bilenem işi ýok, gykylygyň, gysgananyň bilenem.

Delje bu ganatly ýetimjikler bilen uly görgä galdy. Sähel haý-küş etmeseň, biri ters öwrülip, dommarylyp otyr, nämemiş, iýmiti agzyna tutdurmanmyşynlar, şonuň üçinem öýkelänmiş. Ýöne onuň bilen oňuşsa boljak-la. Derdiň ýamany beýlekide – gykylykçyda. Özüne getirilen zady iýmän, hamana, gysganjyň iýmitiniň baly bar ýaly, şoňa ýapyşýar. Gysganç diýeniňem özüňe belli, ýekeje owuntyk hakyny giderenden, şol owuntyga düwnüp ölenini gowy görýär.

Ine, onsoň, iki doganyň arasynda turýar bir dawa, turýar bir topalaň. Ol aňryk çeker, bu bärik, ol urar çüňki, bu-da ondan kem galmaz. Şeýdip, iýmitem ýatdan çykar, beýlekem. Şol aralykda, bularyň agzyna seredip, ýuwdunjyrap oturan ikatýokjyk assyrynlyk bilen geläge-de, ikisiniňem paýyny lak-luk atýar.

Soňurrak, aç galan gysganç «Nätdiň, nätdiň?!» diýip, aglamjyrap ugrar. Uruşgan bolsa çüňki bilen o ýerini-bu ýerini barlaşdyran bolup oturyşyna «Hakyňdan, deňje paýlaşan bolsaň, ikimize-de ýeterdi!» diýip, ony barha öjükdirýär. Agras serçejik bolsa doganlarynyň ikisiniňem üstüne gygyrýar-da, soň ikisindenem öýkeläp, dymýar.

Delje bulary ýaraşdyrjak, oňuşdyrjak bolup, ganat-perden, güýç-kuwwatdan aýrylyp barýardy. Halys degnasyna degensoň, onuň käte-käte «Sizdenem bir dogan bormy, bihepbeler! Ynha, biz öz doganymyz bilen...» diýip gygyryberesi gelýärdi. Ýöne özüniňem inisi bilen oňşugynyň şundan öwerlik bolmanlygy ýada düşüp, sesini çykarmazdy.

Deljäniň bagtyna, serçejikler tizarada uçmagy öwrendiler. Ilki bilen uruşgan uçdy. Uzakly gün höwürtgede iýmit getirilerine garaşyp oturmaga onuň karary ýetmedi. Ine, onsoň, bir gün höwürtgeden kellejigini çykaryp, aşak seredip otyrka, ýerde gyrmyldap barýan jandarjygy gördi-de: «Jik-jik, möjejik! Jirk-jirk, möjejik!» diýip, göni aşaklygyna gaýdyberdi. Onuň gapdalynda oturan gysganç ýerdäki möjejigi görmese-de, doganynyň bir zat tapanyny aňdy. Onsoň doganyndan öňürtjek bolup, o-da aşak eňdi. Ikisem daş gaçan ýaly bolup, patlap ýere düşdüler.

Soň-soň ýere patlap däl-de, gaýyp düşmegi öwrendiler. Soň aňyrrakdan öwrüm berip gaýtmany çykardylar. Garaz, şeýdip, uçmak işi oňuna boldy-da gidiberdi.

Indi höwürtgede köplenç agrasja serçe bilen ikatýok ikisi galýardy. Galanlary gazanç bilen mübtela.
Agrasja-da näler uçjak welin, arman, agras-agras pikirleri oňa päsgel berýär. «Hany, entek pikirlenip göreýin! Uçmak diýlen zat oýunjak iş däl ahyryn!» diýip, ol oýlanýardy. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp, uzakly gün kelle döwýärdi.

Ahyrsoň, açlyk-mätäçlik ähli hasaby bulaşdyryp başlansoň, ol ýüregine daş baglap, gözjagazlaryny ýumup, höwürtgeden üzüldi... Bir gün özüni aldap, deşige sümüp giden gurçukdan gaty gördi, ertesi ernini dyrnaçaklan tomzajykdan öýkeledi. Ýöne herniçigem bolsa, eýdip-beýdip gün-güzeran görmegi öwrendi.

Iň soňunda ikatýokjyk galdy. Iýmitlenmek üçin, agzyňy açyp, gözüňi petredip oturmakdan başga-da ýollaryň bardygyna düşünensoň, o-da uçmak bilen boldy. Bir günden bir gün bolsa, ol awa gitdi-de, gaýdyp gelmedi. Delje oňa kän garaşdy, geler ýerde gelmänsoň: «Aý, bir kebelegiň ýa-da teneçiriň yzyna düşüp, kowalaşyp gidendir-dä!» diýen netijä geldi.

9-njy bap

Serçejikleri aman-sag kemala getirip, guş hataryna goşansoň, Deljäniň birazajyk dünýäsi giňäp, reňki durlanyp başlady. Çüňkleri bilen ganat-perini arassalaşdyrmaga-da, daş-töweregi, aşak-ýokaryny synlamaga-da az-kem wagt tapyp ugrady. Daş-töwerek bolsa şeýle bir gözel eken, şeýle bir hezil eken. Hol garagörnümde saýa salyp, şaglap oturan baglar diýermiň, ýaýylyp ýatan ekinzarlyklar diýermiň, dürli dilde, dürli heňde saýraşýan guşlar diýermiň. Gözüni ýumaga-da, aýdyma gygyryberesiň gelýär.

Her günem säher bilen harabaçylygyň gaýrasyndaky gumak ýoldan çagalar mekdebe geçýär. Öýlänem şol ýol bilen mekdepden yzlaryna gaýdýarlar. Delje olaryň kesek atym yzyndan pysyrdap, harabadan mekdebe çenli, mekdepden haraba çenli ugradýar. Delje olaryň haýsynyň sapaklaryna taýýarlyksyz barýanyny, mekdepde haýsynyň nähili baha alanyny hatasyz kesgitläp bilýär. Özüniň adybelli «ikilikçi» ülpetleri ýüzlerini sallaşyp, sumkalaryny süýreşip geçiberdigi, Delje «Gaýgy etmäň, oglanlar! Biziňem göz görkezjek wagtymyz geler!» diýip, içinden olara göwünlik bererdi. Sumkasyny oklap-gapyp, bökjekleşip barýan «5-likçileri» görse, gözi giderdi. Öz-özüni köşeşdirmek üçin, «Bolsaňyz bolupsyňyz-da «5-likçi!» Ony kim oňarmaýar. Ýöne, hany, serçä öwrüljek bolup görüň! Başaraýmarsyňyz!» diýerdi.

Serçeleriň durmuşynda-da gowy günler gaty gysga bolýan eken. Delje heniz özüni doly dürsäp, gerdenjiklerini oňly ýazmaga ýetişmänkä, serçeleriň mesgeninde uly harasat gopdy.

Delje bir gün säher bilen uly gyk-baga, yzanda-çuwanlyga gözüni açdy. Ol kellejigini höwürtgeden daşaryk uzatdy-da, bada-bat yzyna çekdi. Harabanyň içindäki turýan topalaň akyla sygar ýaly däl. Jüýgüldi, jürküldi diýlen zat gulagyňy gapyp barýar. Ýelek-per diýlen zat asmandan gar ornuna gaýyp düşüp dur. Nirä seretseň, gara, melemtil reňkli nätanyş guşlar, haýsy tarapyňa baksaň, ala-basgy bolşup, jyryp barýan serçeler...

Delje bu zatlar düýşünde bolup durandyr öýdüp, gözlerini mäkäm ýumdy. Bir salymdan ýene açdy. Görse, onuň höwürtgesiniň edil öň ýanynda hälki gara, melemtil guşlaryň biri hekgerip otyr. Özem Deljäniň göni garagyna seredip, «Çyk-çyk-çyk!» diýip tekrarlaýar. «Wiý, bu sar ahyryn!» diýip, Delje içini gepletdi. Birhili ýüki ýeňläp, göwrümi giňän ýaly boldy. Öňräk, adamka-ha onuň sarlar bilen arasy erbet däldi. Hatda ýoldaşlaryndan kem galmajak bolup, sarlar üçin bir-iki sany agaç höwürtge-de ýasapdy. Şonuň üçinem ol ýaňkynyň ýüzüne bakyp, dostlukly äheňde: «Eý, salam, sarmy sen?» diýdi. Sar hem oňa seretdi-seretdi-de, birden: «Çyk-çyk-çyk-çyk!» diýip, çalt-çalt gaýtalap ugrady. Deljäniňem gahary geldi. «Çykmaryn!» diýdi. «Kimdirin öýdýäň-aý özüňi? Düýn dälmidi meniň inimiň elinden däne çokup ýöreniň!» diýdi. Onuň bu sözleri azda-kände täsir etdimi-nämemi, sar aljyrady. Ne öňküsi ýaly «Çyk!» diýip bildi, ne-de uçup aňyrrak gitdi. Ikijahan owarrasy bolup, höwürtgäniň agzynda kän oturdy. Onýança ýene bir sar uçup geldi. Ol bir öz garyndaşynyň, bir-de Deljäniň ýüzüne dikarynlap seretdi-de: «Nijik-niçik-niçik?» diýdi. Öňden oturan sar «Juk-juk-juk!» diýip başyny ýaýkady.

Onsoň iki sar beýleräk çekilip, nämedir bir zadyň maslahatyny etdiler. Gaýtadan gelibem, geçdiler Deljäniň daşyna. Hersi bir ýandan çokup, çekeläp, ütüp, alarladyp barýarlar. Delje çydaman: «Dat, ýeteweriň!» diýip gygyrdy. Ýöne serçelerden kömege geleni bolmady. Hatda Deljäniň öz ýetişdiren serçelerem gara bermedi.

Halys ejizlän Delje «Eje-e!» diýip, sesiniň ýetdiginden möňňüre-möňňüre, höwürtgäni taşlap gitdi.

10-njy bap

Tanyş serçeleriň dört-bäş sanysy bir topbak çöpüň aşagyna üýşüp, gowur turzuşyp oturan eken. Delje-de şolaryň ýanyna baryp gondy.

– Bular her ýyl şeýdýärler ahyryn! – diýip, serçeleriň biri jibrinýärdi.

– Heý, bize-de şu biwatanlykdan dynmak barmyka? – diýip, beýleki biri has-da janygyp gürledi. Öz höwürtgesi bolmadygyň öz watany bolarmy! Iliň höwürtgesinde gün görjek bolsaň, kysmatyň şudur-da!

– Ýeri, ýeri! Ters gürrüň ediberme! Serdara ýetirerin welin, kysmatyňy gözüňe görkezer...

– Külejäniň näme, öz höwürtgesimidi eýsem? Ony näme üçin çykaryp kowmadylar?!

– Näme, Küleje bilen özüňi deňeşdirýäňmi indi? Şonuň güni bir başyňa gelmesin...

– Aý, hawa-da, ejize, hossarsyza sarlaryňam rehimi inýändir-le!

Bu ýerde depesi tä beýnisine çenli çokulan hol bir wagtky garagolja serçe-de bar eken. Onuň höwürtge bilenem işi ýok, hossarsyz bilenem. Gürrüňiň arasynda sähelçe böwşenlik tapdygy, sözi şu günki bolan söweşe syrykdyrmaga çalyşýar:

– Pah, urşup keýpden çykdyg-aý şu gün-ä! Köpden bäri şeýle hezillige sataşmandym... Ynansaňyz, bir özüm üç-dört sary urup ýykdym-aý!

– Üç-dört sary urup ýykanyň-a göremzok welin, üç-dördüň öňüne düşüp gaçyp barýanyň-a gördük – diýip, diňleýji serçeleriň biri ony utandyrmaga synanyşdy.

– Men gaçan däldirin, yza çekilendirin! – diýip, jalaýja eňek bermedi. – Üç-dördüň arasyna düşüp, sag-aman yza çekiläýmegem öňýeteniň elinden gelýän däldir.

– Hany, bes etsene paňkyldamaňy! Urdum-ýykdym-sürdüm diýibem aldyň-aý halys! – diýip, ýelekleri hüžžerip duran bir ekabyr serçe onuň ýüzüni dalady. – A-how, serçeler, görýän welin, işiňizi tükedip ýörsüňiz öýdýän sizem! Gowusy, çynlakaýrak gürrüň tapsaňyzlaň, bir ýaňranyň agzyna aňkaryp oturmaň-da.

– Dogry. Gowusy, mundan beýläk nädip gün görmeli diýlen meseläni çözeli-le.

Mesele diýlende, Delje çalarak tisginip gitdi. Göwnüne bolmasa, özüne tarap biri barmagyny çommaldaga-da: «Hany, tur ýeriňden, meseläniň çözgüdini sen aýt!» diýäýjek ýaly boluberdi. Ýöne aladasy agdyk serçeleriň onuň bilen işi-seri ýokdy.

– Be-e, indi şeýdip köçede galybermeli bolaýarmyka?!

– Alajyň näme eýsem?!

– Pena sorap, sarlaryň öňünde müzzerib-ä bolmaz.

– Müzzereniň bilen pena bererler öýdýäňmi?

Garagolja ýene ýoknasyzlygyny etdi:

– Ähli güýji jemläp, sarlaryň üstüne gaýtadan çozuş etmeli, höwürtgelerini basyp almaly!

– Hä-ä, muny bildiň! Indi bar şolaryň ýanyna, gözüňem akdyryp goýbersinler!

Serçeleriň bu janygyp, kelle döwüp oturyşlaryny göreniňde «Hä, bular-a bir çykalga tapman goýjak däl-ow! Iň bolmanda, häzir öräge-de, höwürtge baryny gurup başlarlar-ow!» diýdirýärdi.

Delje-de dili dek durýanlardan däl, onuňam gürläsi geldi, mekdepdäki endigi boýunça, sag ganatyny ýokaryk göterdi:

– Bagyşlaň, ýoldaş serçeler, bir soragym bar!

Serçeler: «Aýt-da-aýt!» boluşdylar.

– Aýtsam, ýaňky höwürtgeler aslynda kimiňki bolmaly?

– Sarlaryňky! Ýeri, bolanda näme? – diýip, serçeleriň biri göwni bir ýaly gürledi.

– O nähili «bolanda näme?»

– Ynha, şu hili-dä! Sarlar-a gurýar, gyş golaýlaýança ýaşaýarlar-da, soň gyşdan gorkusyna göçüp gidýärler. Bizem alaga-da, olaryň höwürtgelerini eýeleýäris.

– Özgäniň höwürtgesine dawa etmäge kim size hukuk berýär? – diýip, Delje sesini gataltdy. – Beýdip, ondan-oňa kowlup ýörenden, özüňiz höwürtge guraýsaňyz bolmaýarmy? Haýasyzlar!

Serçeleriň arasyna dymyşlyk aralaşdy. Olaryň bary bir salymlyk doňup galana döndi. Delje bu ümsümligi öz peýdasyna ýordy. «Utandyrdym-ow bihepbeleri!» diýip, içinden begendi.

Şol wagt garagolja serçä jan girdi. Ol göýä agyr ukudan açylan ýaly, kellejigini silkdi, gözjagazyny açalak-ýumalak etdirdi-de, kynlyk bilen dillendi:

– Hany, ýaňkyja sözleriňi ýene bir gaýtala...

Deljäniň ýüregi bir ýakymsyzlygyň boljagyny syzan ýaly, çalt-çaltdan urmaga başlady. Şu aralykda onuň hälki gaharam gaçmaga ýetişdi. Gahar bilen bile gelen ýaňkyja batyrgaýlygam zym uçupdyr.

Onýança beýleki serçelerem «Gaýtala-da-gaýtala!» bolşup, onuň daşyna aýlanmaga başladylar. Olar gitdigiçe gazaba münýärdi:

– Saňa hukuk gerekmi? Kimiň hukuk berenini bilesiň gelýärmi? Biziň ýeňilmezek serdarymyz berýär şol hukugy! Ýa-da onuň berýän hukugyna göwnüň ýetmejek bolýarmy, hä?

Deljä agzyny açmaga maý bermediler.

– Sen biziň şöhratly neberämiziň üstünden güljek bolýaňmy? Gel-gel, indi biz – dabarasy daglardan aşan Lokga serçäniň nebereleri palçyga bulaşyp, çöpe çolaşyp, höwürtge gurarysmy? Sen bizi hol Çotdy serçe ýaly garamaýaklara deňäp, kemsitjek bolýaňmy?

– Ýeňiýoluk Çotdynyň jansyzydyr şu diýip arada men kän jibrindim welin, gulak asan bolmady-da.

Delje «Wah, işim gaýtdy. Asyl bularda henizem baý-garyply zamana dowam edýär oguşýa!» diýip oýlandy. Ýere has beter ýapyrylyp, gözlerini ýumdy.

– A-haw, merhemetli perdeşler, bu bir gelmişek ahyryn! Munuň bilen deň bolup durmak bize gelişmeýär. – Delje gözüni açsa, arada özünden «Klasdaşyň näme?» diýip soran serçe gürläp dur. – Hawa, doganlar! Munuň üçin janymyzy ýakyp, jöwenden gymmat wagtymyzy ýitirip durmalyň. Bu samsyk gelmişek neberäni, derejäni, abraýy nireden bilsin!

– Jöwen-ä oňat ýada saldyň-aý! Bişendir...

– Bişendir, bişendir! – diýip, serçeler tekrarladylar.

– Çozdukmy?!

– Çozduk, çozduk!

Deljäniň ýokary göterilmäge kuwwaty ýetmän, ýer bagyrtlap kän ýatdy. Howpy üstünden sowan hälki serçä içinden alkyş baryny okady.

(Dowamy bar)

Adam bolmak kyn ekeni (3)... (11-15 baplar) https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni_3/2023-11-21-2002

© Kömek KULYÝEW
Bölümler: Powestler | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 22:02, 21.11.2023
"Delje" adyndan-a nägile bolanok enteg-a, serçe bolmagam añsat däl görse, indi näderka, hany göreli bakaly...
Dowamyny bilmäge garaşyas.

Ussat ussat bolaýýar, dili ýeñil okalýar, özüñ görüp synlap oturan ýaly wakalary. Sözleriñ isrip edilen ýeri ýok.

Ruhy şat bolsun Kömek aganyñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203