14:44 Jigerbendiň haky üçin / hekaýa | |
JIGERBENDIŇ HAKY ÜÇIN Gadymdan bärkiräk eýýamda, Amyderýanyň sag kenarynda, „Köşk jeňňel“ diýlen ýerde, bir är-aýalyň arasyna tow düşýär. Ol diýilýän döwürde-de, beýle towuň aýal peýdasyna çözlenjegi gümana. Erkek agzyny açyp, üç gezek „Talak!“ diýip ýetişibilse, bolany. Çaga- çuga-da, erkek „Galsyn!“ diýse – galaýar, „Gitsin!“ diýse – gidibiýr. Ýaňky erkegem – tüýs erkek. Murtlary bir penje, ýüregi özünden uly, käte atyň jylawyny eline orap, jeňňeliň içinden ýapyrylyp ýörände, at janawar onuň yzyna zordan eýerýär. Onsoň, heý, beýle erkek aýalyň gepini çekjekmi! Üstesine-de, derýanyň o ýüzünde bir garagaş gelin „Haçan gelseň – geläý!“ diýip, elini bulap durka! – Talak! Talak! Sen – talak! Şeý diýäge-de, erkek bir-ä atyny, birem üç-dört ýaşlaryndaky ýekeje gyzyny alyp, sala mündi-de, derýanyň çep kenaryna geçdi gitdi. Aýal görgülem galyberdi bagyryp... Bir gün bagyrdy, bir aý bagyrdy, günlerde bir günem, geýim-gejimini depesine göterip, umman derýaň gujagyna özüni urdy. * * * Derýanyň çep kenarynda gawunyna suw tutup ýören Rahman aga, gün ýaşaňkyrlaberende pilini arkasyna kese tutup, ýuwaşja ýöräp öýlerine geldi. – Keýwany, işiň känmi? – Hä, näme? – Ýaňyja bir naçar maşgala derýadan çykyp, hol kepbä girdi welin... Men barsam-a, bolmaz! – Waý, atasy, onyň suw perisi bolsa, nädeýin?! – Aý, suw perisem senden artyk däldir, keýwany... Baryber, gorkma! Ýöne ýanyňa bir geýim-gejim alaweri, o bedibagtyň egninde-de, elindede zat ýok ýalyrak gördüm. Rahman aganyň aýaly bir salymdan öz köýnegini geýdirip, ýaglygyny atyndyryp, bir gelni yzyna tirkäp geldi. Ol naçaryň eňegine, barmaklarynyň uçlaryna çenli göm-gök, dişi-dişine degenok. Şol titräp oturyşyna-da, aglap: – Gyz... gyzym... gyzjagazym... – diýip, bir zatlar gürlejek, düşündirjek bolýar. – Wah, bu görgüliniň gyzjagazy derýa akyp-zat edäýdimikä? – Äý ýok, akan-a däldir... – diýip, Rahman aga birsalymdan dillendi. – Ýöne arada, „Köşk jeňňelden“ Kuwwat pälwan diýlen şu ýerden geçdi, atynyň ardynda gyzjagazam bar eken. „Aýalyň talagyny berip gaýtdym“ diýdi özem... Eger çakym çak bolsa, şoň öňki maşgalasy bolmaly bu! Rahman aga şeý diýip, gelniň ýüzüne soragly seretdi, gelin ýere bakyp, aglap oturyşyna, başyny atdy. – Şol gyzjagazyny idäp gelşidir bu görgüliniň... Gelin ýene başyny atdy. ...Oňa gyzjagazyny bermediler. Özünem ýene yzyna – sag kenara ýolladylar. * * * Indi bu gürrüňi şol birwagtky üç-dört ýaşlyja gyzdan başga bilýänem ýok, ol gürrüň beräýse-de, ynanýanam ýok. „Pah-aý, bu däli derýadan, erkek bolaňda, ýüzüp geçip boljakmy...“ diýäýýäler. Emma, erkek bolmaňda-da, jigerbendiň haky üçin özüňi derýa urubam, hatda ondan ýüzüp geçibem boljakdygyny subut eden tapyldy. Ahyrsoň biri tapyldy * * * – Häý, şahyň gursun... Ýelnini şalkyldadyp, utanmasa– dagy etmese... – diýip, Gurbanjemal gelin, gölesi bilen oýnaşyp ýören sygryna käýinýärdi. Sygram, onuň sesini eşidensoň, biraz salym müýnürgäpmisülmüräpmi durýar-da, gölesi daşyndan jyrtlap aýlanyberse, o-da ýene öňki oýnuna başlaýar. Soň ol janawary satdylar. Oýny üçin-ä däl, bir zerura düşüp. Bäribärä-de däl, derýaň aňry ýüzüne. Alan adam ony gölesi bilen sorady welin, „Äý, bu janawardan bir göle galaýsyn“ diýdiler. Ertesimi-birigünlügimi, görseler, ýaňky sygyr, ýatagynda gölesini ýalap dur. –Bo-how, bi-ýä masgara edendir. Aldap satan ýaly boldy bi-ýä – diýip, Gurbanjemal gelniň adamsy käýine-käýine, derýaň o ýüzüne habar iberdi. Sygryň täze eýesi gelip, ýitigini alyp gitdi. Emma, iküç günden görseler... bu gezek Gurbanjemal gelniň adamsy sygry paroma ýükläp, öz eli bilen eltip geldi. „Berkräjik daňaýyň-how, sygyr gerek bolsa...“ diýip, az-kem igenibem gaýtdy. Emma, ýene... Ahyrsoň, gölesini berip goýberdiler. * * * Howwa-da, indi muny şeýdip, sygyrlar subut edäýmese... Aý, ýok, toba-toba! Bu gürrüňimiz – adamy sygra ýa-da sygry adama deňän ýaly bolaýmasyn. Eger şeýleräk ýaly bolsa-da, adamlar bagyşlasyn! Subut edilmän geçsin-le! Biz-how, adamlaryň arasynda ýaşamaly ahyryn! ...Ýa-da sygyrlar bagyşlasyn! © Kömek KULYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |