Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:36
Adam bolmak kyn ekeni... (3)

ADAM BOLMAK KYN EKENI...
(Dowamy. 11-15-nji baplar)

11-nji bap

«E-e-eý, samsyk başym! – diýip, Delje ahmyr bilen oýlandy. – Adamlaryň arasynda günüňi görüp bilmän ýören halyňa, serçeleriň sürüsinde näme körüň bardy diýsene!»

Onuň indi çydam käsesi püre-pür bolupdyr. Ala-jyny tapsa, serçeleriň arasyndan edil şu pille sogrulyp gitmäge taýyn. Bir arzuwy: araky jadygöýe sataşmak, sataşaýsa, onuň hut aýagyna ýykylmakdanam gaýtjak däl. «Menden näme ýasasaň ýasa, hala gurçuga öwür, hala-da tomzajyga, diňe serçe bol diýmeseň bolýar!» diýip özelendi.

Ýöne bar kinesini içine salyp, ümsüm gidibermegem Deljä ýakanok. Bu gören görgüleri, «gelmişek» diýlip kemsidileni üçin nädibem bolsa ar alyp gidesi gelýär. Wah, şu wagt, şu ýerde-de mekdepdäki ýaly diwar gazeti bolan bolsady, Delje bulary, baý, ýepbeklärd-ä! Bir wagt özüni uly ile gülki edişleri ýaly, gülki ederdi. Serdardan başlap, tä jalaýja serçä çenli ýeke-ýekeden suratlaryny çekip, hersiniň aşagyna-da goşgy ýazardy.

Goşguly pikir Deljäni begendirdi. Goşgy üçin gazetem hökman däl. Düz-de, gabady gelen ýerde üç-dört serçäni daşyňa üýşürip, ýatdan okaber. Meselem... meselem, ynha...

«Men serçejik, serçejik» diýen setir Deljäniň kellesine aňsatja geldi. Yzam düzüldi gidiberdi:

Men serçejik, serçejik,
Gopgunçy hem gorkajyk.
Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok,
Açlykdan başga derdim ýok.

Men serçejik, serçejik,
Arpa-jöwen berdejik,
Aýdym diňle! Jik-jik-jik,
Jürk-jürk-jürk!

Goşgy Deljäniň göwnüne ýarady. Geň ýeri, goşgyny serçelerem gowy gördüler. Özlerine bagyşlap, ýörite goşgy düzülmegi olaryň başyny göge ýetirdi. Beýle hadysanyň serçeleriň durmuşynda ilkinji gezek bolşudy. Manysyna ünsem berip durman, olar goşgyny alyp göterdiler. Ýokary galýança bäş gezek gaýtalasalar, ýere düşýänçäler on öwran tekrarladylar.

Goşgy serdaryň gulagyna-da ýetdi. Ol hem Deljä «berekella» aýtdy we ony özi bilen nahar edinmäge çagyrdy. Deljäni sap ak çöregiň owuntyklary bilen hezzetledi. Nahar başynda serdar özüne bagyşlabam aýratyn bir goşgy düzüläýse kem bolmajakdygyny ýaňzytdy. Delje şondan soň «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen täze goşgynyň ugruna çykdy.
Deljäniň sarpasy günsaýyn däl-de, sagatsaýyn beýgelip ugrady. Indi ony tanamaýan az-azdy. Özi hakda goşgy düzülmegini haýyş edip gelýäniň hetdi bar – hasaby ýok. Hatda garagol serçe-de özüniň edermenliklerini goşgynyň üsti bilen taryplamagyny sorap, telim geldi. Deljäniň kellesine häzirlikçe ýekeje-de täze setir gelmese-de, ol gelenleriň hemmesinem hoş söz bilen gaýtarýardy. Özüniň tizden örän uzyn bir goşgy düzjekdigini, şol goşguda bolsa serçeleriň ählisiniň adyny ýekän-ýekän tutup geçjekdigini aýdyp, olary köşeşdirýärdi.

Şahyrçylyk etmek baradaky pikiriň öňräjik Deljäniň kellesine gelmeýşini diýsene! Ýeri, şeýdip, serçeleriň ýeke-täk şahyry bolda ýör-dä! Han özüň-soltan özüň. Goşgyň kapyýasyna at dakjak ýok, bogun sany deň gelenok diýjek ýok. Näme düzseň, geçjek durjak. Üstesine-de beýle şöhrat, bu hezzet-hormatlar. Kim bilýär, belki, serçelerem bir wagt aň taýdan ýokary derejä ýetip oturyberseler! Onda dagy serçeler edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde Deljä ýadygärlik dikäýmeklerem mümkin.

Abraý-şöhrat diýeniňem balyk ýaly sypjyk bir zat-da. Ahmal bolsaň, eliňden sypýar ötägidýär. Delje süýji-süýji hyýallara gark bolup ýörkä, onuň ähli işini pyrryk etjek başga wakalar başlanypdy. Serdaryň bir geňeşçisi bardy. Adyna Dana serçe diýerdiler. Ynha, şol Dana serçe özüniň äpet şänik ýaly kellesine zor sala-sala, ahyrsoň Deljäniň düzen goşgusynyň manysyna düşündi oturyberdi. Onam bada-bat serdaryň dykgatyna ýetirdi.

...Delje «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen goşgynyň üstünde kelle döwüp otyrka, iki sany serçe gelip, ony alyp gitdiler. Delje barsa, serdar gahardan ýaňa, özüniň oturan şahasy bilen bile sandyraýar.

– Ä-hä, şahyr, gel bakaly! – diýip, ol çüňküniň arasyndan syzdyryp gürledi. Deljäniň bütin göwrejigi bilen galpyldap duranyny görüp, ajy ýylgyrdy. – Näme, şahyrlaryň hemmesem seniň ýaly gorkakmy? Gel-dä golaýrak!

Iki-üç sany serçe Deljäni göter-göter edip, serdaryň aşak ýanyndaky şaha iki gezek mündürdiler. Ikisinde-de Delje patlap ýere gaçdy. Ahyrsoň ony şahanyň üstünde söýgetläp tutup durdular.

– Sen öz bolgusyz goşgularyň bilen Lokga serçäniň şöhratly nesillerine myjabat atýarmyşyň, olary gorkaklykda aýyplaýarmyşyň diýip eşitdik-le! Çynmy şol? Nä dymýaň, gürle! Gürle, ýogsa häzir iki gözüňem özüm urup akdyraryn.

Delje seretse, iş gaýdyp barýar. Ol janhowluna bir zatlar diýip pyşyrdady. Deljäni söýgetläp duran serçeler onuň sözlerini sesli gaýtaladylar.

– Serdarymyz! Bu şeý diýýär: «Men gorkajyk diýen sözi eýjejik diýip düzedäýsem bolmazmy?» diýýär.

Serdar gapdalynda oturan geňeşçisiniň ýüzüne seretdi. Geňeşçi özüniň dana başyny ýaýkap goýberdi. Serdar hökümli sesi bilen:

– Bolanok! – diýdi. – Hany, sen serçeleriň höwürtgesi ýogam-a diýjek bolýarmyşyň?

Delje ýene çüňküni ysgynsyzja gymyldatdy. Gapdalyndaky serçeler onuň bu gezekki pyşyrdysynam serdara sesli aýdyp berdiler:

– Goşgynyň «Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok» diýen setirini «Höwürtgäm bar, ýurdum bar» diýip üýtgedeýin diýýä!

Delje görgüliniň bu teklibem kabul bolmady. Garaz, oňa delalat etmek serçeleriň niýetinde ýok eken. Ýüp syrylyp, toýnukdan geçen eken. Deljäni bir jaýryga dykyp, dört tarapynam petiklediler. Şu tümlükde demigip oturyşyna, Delje kän ýatlary ýatlady. Garryja enesinden we ejesinden başlap, ala-mula pişiklerine çenli onuň göz öňünden hatar-hatar geçdiler. Şu wagt garry enesi ýanynda bolan bolsa, Delje oňa özüniň ähli başdan geçirenlerini gürrüň bererdi, sansyz ertekini ýatdan bilýän enesi bolsa bar ertekisini ýatdan çykaryp, agzyny açardy. Şu mahal olaryň alaja pişigi mawlap gelsedi, bu zalym serçeleriň baryny kowalap, allaowarra eltip gelerdi. Häzir ýanynda klasdaşlary bolan bolsady... Wah, bolsady ekeniň bilen gögerjek zat barmy? Indi Deljä ol adamlary, ol ýoldaşlary görmek ýok. Her säher turup, uly şowhun bilen mekdebe tarap eňmek ýok...

Deljäniň bir wagtky şahyrlara öýkünip: «Hoş indi» ýa-da «Gal indi» diýen ýaly gaýgyly bir goşgy düzesi geldi. Ýöne bu tümlükde özünden başga diňlejek barmy? Häzir kagyz-galam bolsa, Delje-de bir wagtkysy ýaly adam dilinde gürläp we ýazyp bilýän bolsady, onda başga gep. Onda Delje öz gören görgülerini goşga geçirip, kagyza ýazyp giderdi. Klasdaşlaram ony bir wagt bolmasa-bir wagt tapardylar, okap, gözlerine ýaş aýlardylar. «Şeýle oňat, şeýle ukyply klasdaşyň gadyryny bilmändiris, ikilikçi diýip göwnüne degipdiris!» diýip ökünerdiler.

...Gijäniň ýaryndamy ýa-da gündiziň bir çagymy, belli däl welin, daşarda bir şytyrdy peýda boldy. Şytyrdynyň yz ýanyndan kiçijik yş, yşyň agzynda-da bir serçäniň çüňki göründi. Bu şol «Klasdaşyň näme?» diýip, Deljä sowal beren serçe bolup çykdy.

– Eý, eý! Çyk, çyk! – diýip, ýaňky serçe pyşyrdady. Delje süýrenip çykdy.

– Sen, Delje, git! Häziriň özünde! Basymrak öz klasdaşlaryň arasyna bar. Bu ýerde saňa indi gün garasyny görmek ýok. Ýaňyja serdarymyz seniň iki gözüňem oýup, özüňem pişikleriň öňüne oklap gaýtmak barada buýruk berdi. Ugra! Ýene sähel salym eglenseň, işiň görülýär. Anha, gelýärlerem...

Ol serçe bir tarapa, Delje-de bir tarapa pysyrdaşyp uçup gitdiler. Bir salym uçandan soň, Deljäniň gulagyna yzdan bir şuwwuldy eşidilen ýaly boldy. Seretse, bir topbak serçe ýokary-aşak bolşup, ýetdim-ýetdim edip gelýärler. Delje bar güýjüni jemläp, ganatlaryny ýetişibildiginden galgatmaga başlady. Serçe bol, adam bol – jan her kime süýjü-dä!

Deljäniň garaçynyny edip gaçýanlygyna garamazdan, kowgy barha golaýlaýardy. Ynha, kowgularyň biri: «Ä-hä, şahyrjyk, jyryp barşyňmy şu» diýip gygyrdy. Delje bu şaňňy sesi yzyna seretmezden tanady: Garagoluň sesi. Anha, onuň sesi eýýäm ýokarrakdan bir ýerden eşidilip ugrady.

Ýagyrnysyndan inen urgudan ýaňa Delje tas deňagramlylygyny ýitirip, aşak kelemenläp gaýdypdy. Ýöne kynlyk bilen özüni dürsäp, ýene gaçyp ugrady. Indi urgular çar tarapdan ýagyp başlady. Delje ahyrsoň çydaman, özüni aşak goýberdi. Geldi-de, ýer bagyrtlap ýatyberdi.

Kowguçylar ony ýerde has-da gazap bilen ütmäge durdular. Deljäniňem indi gaýtawul bermäge gurbaty ýok. Ol diňe gözüni, kellesini penalamaga çalyşýar. Adam wagtyndan galan endigiň etdirýäni-dä, ýogsam, gaýdyp kelledir gözüň hyzmatyndan peýdalanmanyň miýesser etjegini ýa-da etmejegini kim bilýär.

Birden serçeleriň biri: «Gaçyň, gaçyň! Gyrgy, gyrgy!» diýip, galagoply gygyrdy. Deljäniň kellesi abat galan borly, ol özünden gitmänkä, diňe «Gutardy!» diýip pikir etmeg-ä däl, eýsem, özüniň ýene az salymdan gyrgynyň garnynda peýda boljakdygyny göz öňüne getirmäge-de ýetişdi.

12-nji bap

Ol bir mahallar gözüni açsa, töweregi çaýkanyp ýatan suw, astam suw, üstem suw, gapdallaram suw. «Be-e, ýaňky meni ýuwdan gyrgynyň içi durşyna suw eken-ow!» diýip, Delje oýlandy. Seretse, daşynda ululy-kiçili bir topar balygam ýüzüşip ýör. Hakyky, janly balyklar. «Asyl gyrgy meni awlamazdan öň, balykdanam geregini edinen eken. Ýöne bularyň heniz diri gezişip ýörüşleri täsin!» Ony ýene bir geň galdyran zat: şu ummasyz suwuň içinde ýatsa-da, özüniň hopukmaýşy boldy. Bir wagtlar-a ol suwa bolanokdy, çümen badyna, öwhüldäp, zompa ýokary çykardy. «A-how, meniň özüm bir dirimikäm?!» diýip, ol ýene böwrüni diňledi. Ganatlaryny gymyldadyp görse näderkä? Wiý, hany, onuň ganatlary?! Ganat ýerine, her gapdalynda beýleki balyklaryňky ýaly ýüzgüç gymyldap dur. Endam-janam sowut geýdirilen ýaly, ýaldyrawuk teňňeden örtülen. Ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, deňinden geçip barýan balyklaryň birini saklady:

– Dost jan, aýtsana, men kim? Serçemi ýa balyk?

Ötegçi balygyň çüýşeden ýasalan ýaly göm-gök hem-de tegelek gözleri öňküsindenem tegelenen ýaly boldy. Agzy öweldi. Ol şeýdip durdy-durdy-da, «lykyr-lykyr» edip, agzyndan bir süri düwme goýberdi. «Üstümden gülýär-ow, peläket!» diýip, biziň balygymyz (öňki Delje) içini gepletdi.

Ol ep-esli wagty şeýle gümürtik ýagdaýda geçirdi. Özüni ilkibaşda serçä öwrüp goýberen jadygöý onuň hakydasyna geldi. «Bu şondan başganyň işi däl – diýip, biziň balygymyz belli karara geldi. – Hawa-da, adamdan serçe ýasap bilýän jadygöý üçin serçeden balyk ýasamanyň näme kynlygy bar!».

Oglan-balyk uzak oýlanyp durmady, içinden: «Aý, muňa-da sag bol, jadygöý aga!» diýip, beýleki balyklaryň arasynda goşuldy gidiberdi. Balyklar serçeler ýaly «Kim sen, nireden geldiň, kimiň jansyzy?» diýip, ýürege düşüp durmadylar. Asla täze gelen balyga ünsem bermediler. Bularyň aladaly görnüşleri, garabaşynagaý bolşup, eýläk-beýläk hars urup ýörüşleri oglan-balygy geň galdyrdy. Bularyň ýekejesini bir salym saklap, iç döküşjek gümanyň ýok. Göräýmäge seni diňläp duran ýalydyr welin, birdenem öwrüler-de, nirädir bir ýere peýkam kimin süýnüp gider. Görseň, ýa-ha ol bir balygy kowup barýandyr ýa-da başga bir balyk onuň mekgesine münüp gelýändir. Biziň balygymyz: «Bular bir möhüm zadyň ugrunda-ha çapyşyp ýörler welin...» diýen netijä geldi.

Diňe käte-käte dört-bäş sany balyk bir ýere üýşýärler-de, ýaltalyk bilen pallaşyp, özara pikir alyşmaga durýarlar. Bir gezek şeýle özara pikir alyşma gatnaşmak oglan-balyga miýesser etdi. «Şu gün pylan bekre üç sany çapagy lak-luk agzyna atdy» diýip, şon-da üýşen balyklaryň biri gürrüňe başlady. «Ýaňyrak ol bekränem bir uly lakga lak-luk agzyna atdy» diýip, ikinji biri söze goşuldy. Üçünji, dördünji balygyňam gürrüňi kimiň-kimi «lak-luk atanlygy» barada boldy.

– Tiz suwam-a sowap başlar – diýip, biziň balygymyz gürrüňiň ugruny üýtgetmäge çalyşdy. Balyklar onuň ýüzüne parhsyz seredişdiler. Ýaňky söze başlan balyk pallady-da:

– Dogry aýdýaň! Suw sowar welin, onsoň hemmeler söwenleri lak-luk atyp başlarlar, söwenler sowuk suwda gaty gaçyp bilenoklar – diýdi.

Garaz, näme hakda söz açylsa-açylsyn, gep-gürrüň syrygyp, «lak-luka» geldi durdy. Soňra bujagaz söhbetiňem soňuna çykyldy. Balyklar ýene kimiň kimi lak-luk atanlygyny ýada saljak bolýan ýaly, çuňňur oýa batdylar. Şol pursat bulardan has kiçiräk bir balyk haýaljak ýüzüp, gapdaldan geçiberdi welin, gürrüňdeşleriň biri çaltlyk bilen öwrüläge-de, ony ýuwdup goýberdi.

– Bu ýaňkyny lak-luk agzyna ataýdy! – diýşip, beýleki balyklar hälkiniň öwgüsini ýetirdiler. Ol bolsa kiçigöwünlilik bilen: «Aý, sizem-ä... üýtgeşik bir atan zadym ýok-laý» diýip utanjyrady.

Şundan soň ýene öňki-öňkülik başlandy. Kow-ha-kow, ur-ha-tut. Anha, biri özünden kiçijik başga birini ýuwdup goýberdi-de, gözlerini süzüp, biraz durdy. Şol wagt has ulurak balyklaryň bir gelip, onam agzyna atdy. Bu-da gözüni süzüp durka...

Bilesigelijilikden oglan-balygam adamyň külembikesi ýalyjak bir balygy «lak-luk atyp» gördi. Balyjak ýüzgüçleri bilen onuň tas bokurdagyny ýyrtypdy. Oglan-balyk ony aňyrsyna geçirýänçä, azap baryny gördi. Şunda ol balyk ýuwdan balyklaryň keýpine gözlerini süzmeýändiklerine, ejirden ýaňa şeýdýändiklerine akyl ýetirdi.

Ýuwdulan balyjak aňryk geçensoňam, oýun baryny turuzdy. Oglan-balygyň içinde eýläk bir, beýläk bir ýüzdi ýördi. «Wah, iç-goşlarymyň-a işini görendir!» diýip, oglan-balyk howsala düşdi. «Içimdäkiden bir dynsam bolýar. Soň etjegimi bilýän. Özüm-ä bir ýuwutmaryn, beýlekileriňem bir-birini ýuwutmaklaryna ýol bermerin» diýip, ol öz-özüne söz berdi.

Soň ol agzyny giňden açyp, çygylyberdi-çygylyberdi. Onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyberende, hälki ýuwdan balygy agzyndan atylyp çykdy. Çykdy-da, aňyrrak ýüzüp baryp, oglan-balygyň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Soň dodajygyny çömmeltdi-de, öz ugruna ýüzüp gitdi.

Oglan-balyk bolsa häzir möhüm bir meseläniň daşyna geçipdi. «Bularyň bu bolşunyň telekdigini özlerine nädip düşündirmeli?! – diýip, ol oýlanýardy. Ýöne düşündireniň bilen-ä düşünmezler. Düşünmedige «2-lik» goýjak diýseň näderkä? Wiý, mekdep bolmadyk ýerde «2-lik» näme işlesin diýsene! Onda mekdep açaýmaly bolar-da... Mekdep açmaly we «Ähli balyklar dostdur hem dogandyr» diýen temadan günde azyndan bir sagat okuw geçmeli. Gulak asmadygyňam «2-likden» ýüküni ýetirmeli. Ynha, şeýtseň, bulary akylyna aýlandyryp bolar. Ýogsam, bir birini ýuwdup tüketjeg-ä bular!»

13-nji bap

Şeýlelik bilen, biziň balygymyz balyklaryň arasyndaky ilkinji mekdebiň düýbüni tutdy. Mekdebiň okuwçylygyna ol dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklary seçip aldy. Onuň plany boýunça, dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklaryň arasyndaky agzybir ýaşaýşyň nusgasy hut şu mekdepden başlanmaly. Onsoň mekdebiň okuwçylarynyň äbede-jüýje-ligini görüp, beýlekilerem öz boluşlaryndan utanmaly, ökünmeli we şuňa meňzeşler.

Biziň balygymyz ätiýaçlylygam elden bererli däl, ol mekdebe özünden iriräk balyklaryň birinem almady. Bilip bolmaz, birden bularyň «lak-luk» keseli tutaýsa...

Günleriň bir günem «Hernä, 1-nji sentýabr bolaýsaň gerek!» diýip, oglan-balyk okuwa başlap goýberdi. Suwuň düýbünde ýerleşen iki sany tümmegiň aralygyndaky uly boşlukda balyklaryň taryhyndaky ilkinji okuw sapagy gyzyşdy.

Oglan-balygyň janygyp berýän gürrüňlerini balyklar agyzlaryny öweldişip diňlediler. Gürrüňi bolsa ol has aňyrrakdan – balyklaryň ýaňy döräp ugran döwründen başlady. Ondan öňürtem, özüne mundan beýläk diňe «Mugallym!» diýip ýüzlenmelidigini ýatlatdy.

– Hawa, görşüňiz ýaly, hiç bir jandaram, şol sanda balyklaram aňsatlyk bilen emele gelmändir – diýip, ol sözüniň soňunda öz mugallymlarynyň biriniň sözlerini gaýtalady.

– Siz ýöne-möne balyk däl-de, eýsem, ýigriminji asyryň balyklarysyňyz! – diýibem, başga bir mugallymyň sözlerini üýtgedibräk ulandy. Onuň niýeti – şunuň bilen bir günlük sapagy geçip gutarmakdy. Ýöne şol wagt balaja balyklaryň biri ýoknasyzlygyny edip, onuň bar keýpini uçurdy. Ýaňky balyjak özünden öňde duranyň guýrugyndan saldy agzyna. Öňdäki görgülini onuň agzyndan zordan aldylar.

Bu okuwçysynyň göz-görtele bihaýalygyna oglan-balygyň ýaman gahary geldi.

– Men seniň temmiňi bererin! – diýip, ol hälki bezzadyň üstüne dergazap bolup gygyrdy. Şol pursat «mugallymyň» edil alkymynda duran daýawrak biri haýallyk bilen gozgandy-da:

– Mugallym, rugsat etseň, şonuň temmisini özüm bereýin-le! Ol zaňňar düýn meniňem guýrugymdan dişledi... – diýdi. «Mugallym» agzyny açmaga ýetişmänkä-de, bu daýaw ýaňky garagollyk edeniň ýanyna ýüzüp bardy-da, sen-men ýok ony ýuwutdy oturyberdi. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly, ýerine geçdi. «Berekella!» hantamaçylygy bilen «mugallymyň» ýüzüne seretdi. Oglan-balyk diňe:

– Bar, mekdepden gümüňi çek... – diýip bildi.

Bokurdagyna gelen gahar başga zat diýmäge oňa mümkinçilik bermedi. Temmi berlen ýeňsäni el ýaly etdi. Ýöne «mugallym» wagty bilen köşeşip bilmedi.

– Bir-biriňizi symyşlap ýörenden, aç gyrlaýsaňyz bolmaýarmy?! – diýip, ol okuwçylarynyň üstüne gygyrdy. – Anha, ak amurlar ömrüni ot iýip geçirýärler, açlykdan öläýenog-a şolar...

Balyklar özleriniň juda utanýandyklaryny aňlatmak üçin, gabaklaryny aşak goýberip, guýruklaryny haýaljak gymyldatdylar.

...Bu peýdaly sapaklar entegem kän-kän dowam etmelidi. Oglan-balygyň mekdebiniň şöhraty gitdigiçe uzaklara ýaýraýardy. Okuwçam kem-kemden köpelip barýardy. Ýöne...

Bir gezek pälwansypat balyklaryň biri bularyň mekdebini görmäge geldi. Sapagyň ýaňy gyzan wagtydy. Biziň balygymyz bolsa gözlerini ýumup, ýüzgüçlerini kelemenledip gürleýärdi.

Pälwansypat balyk çeträkde duran kiçileriň birinden «Bu kim?» diýip sorady.

– Bu biziň mugallymymyz! – diýip, körpe balyk buýsanç bilen jogap gaýtardy.

– Bä-ä-äý! Henize çenli mugallym diýlen balygyň etini iýip görmändim-äý! Süýjüdir öz-ä! – diýip, pälwan gözlerini süzgetletdi. Haýallyk bilen oglan-balyga tarap ugrady. Körpe balygam onuň yz ýany bilen öňe okduryldy. – Miltem edäýmegin! – diýip gygyryp, pälwan sypatlynyň öňüne böwet boldy. Henize çenli balygyň balygy gorajak bolup topu-lanyny görmedik pälwan agzyny açaýdy. Ýöne bu geň galyjylyk körpe balyk üçin heläkçilik bilen gutardy, ol badyny saklap bilmän, göni gelip, pälwan-sypatlynyň aňalyp duran agzyna girdi.

Onýança beýlekilerem özüni dürsemäge ýetişdiler, hüwwe örüp, «mugallymyň» daşyna agyl bolup aýlandylar. Özüne göwni ýetýänleriň dört-bäş sanysy bolsa pälwan balyk bilen gidişip başlady. Eýleden bir süsüp, beýleden bir çekip, onuň eňter-pelegini öwürdiler. Pälwan balyk ahyrsoň çydamady, höküdikläp gaçmaga ýüz urdy.

Oglan-balygyň begenäýşini bir görsediňiz! «Okuwçylarym meni ölümden gutardy» diýip begenenok-da, «Okuwçylarym maňa düşünip ugrapdyrlar» diýip begenýär. Adam wagtyndakysy ýaly gerlip duran elleri bolan bolsa, ol häzir okuwçylarynyň baryny ýeke-ýekeden gujaklap çykardy. ...Birden balyklaryň arasyndan «Gelýärler! Ýene gelýärler!» diýen howsalaly ses çykdy. Seretseler, ynha, bir topar men diýen balyk, suwuň astyny tolkundyryp, süýşüp gelýärler. Iň öňde-de hälki ýeňse berip gaçan balyk.

Biziň balygymyzy bu ahwalat aljyratdy. Ol näderini bilmän, dört ýanyna garanyberdi. Dogry-da, suwasty söweş boýunça onuň entek çigit ýalyjagam tejribesi ýok ahyryn. Kesek atyşmaly ýa-da ýaka tutuşmaly bolsa, ol hem agzyny açyp durmazdy. Iň bolmanda, serçe bilen uruşdyrsalaram, bir gününi görerdi. Bu ýerde welin...

Onuň bu çykgynsyz ýagdaýyny aňdymy-nätdimi, okuwçylaryndan özüne göwni ýetip ýören dogumlyja biri öňe çykdy. «Pylanym pylany! Siz mugallymy goraň!» diýip, ýoldaşlarynyň dört-bäş sanysyna buýruk berdi. Galanlarynam ýerli-ýerinde goýuşdyryp, goranyş meýdanyny berkitmäge başlady. Onýança başky zarbanyň ilkinji tolkuny gelip ýetdi. Balyklaryň arasynda adaty bolmadyk söweş başlady. Söweşýänleriň bir tarap-a gara bokurdagyň ýesirleri, beýlekisem täze, düşünjeli ýaşaýşyň tarapdarlary.

Oglan-balygyň okuwçylary özleriniň kiçijikligine, ejizligine seretmezden, uly ýürek, çensiz batyrlyk bilen garpyşýardylar. Diňe seňseläp ýa-da ölüm ýarasy düşenden soň, söweş meýdanyny terk edip, haýallyk bilen ýokary göterilip gidýärdiler.

Elbetde, oglan-balygam bu döwüşi keseden synlap, uzak ýatyp bilmedi. Goragçylaryny ýanyna alyp, agzyny hatap ýaly açyp, uruş meýdanynyň çetinden girdi.

Ýöne hernäçe gidişseler-de, güýç deň gelmedi. Oglan-balygyň okuwçylarynyň hatary gitdigiçe selçeňläp, ýan berip ugrady. Bu tutluşygy adatdakylar ýaly «lak-luk» oýnudyr öýdüp, keseden balyk üstüne balyk gelip goşulýar, gelenem oljadan galmajak bolup, söweşiň iň gyzgalaňly ýerine okdurylýar. Ilki bilenem oglan-balygyň ysgyndan gaçan okuwçylary olara şam bolýardy.

Şol güpür-tapyryň arasynda biri oglan-balygyň böwrüne çalaja dürtdi. Seretse, häli mekdebiň okuwçylaryna buýruk berip ýören dogumlyja balyk. Bir gözi, bir ýüzgüji harap bolupdyr, böwründe-de çuňňur ýaranyň yzy hoňkaryp dur.

– Mugallym! Pursat elden gitmänkä, sen gaç-da başyňy gutar... Bütin mekdepden ikimizden başga dirisi galmady. Häzir bular bir-biri bilen gemrişip ýör. Gaç, mugallym... – diýip, ol pyşyrdady.

Biziň balygymyz kynlyk bilen dillendi:

– Ýok, men beýdip bilmerin. Mugallym adymy harlap, gaçyp bilmen. Okuwçylarymyň ýok ýerinde menem ýok. Gowusy, sen git, özüm seni penalaryn. Meniň mekdebimden, iň bolmanda, ýekeje okuwçy diri galsyn... Öz mugallymyňy ýatdan çykarma! Bar, git basym!

– Ýok, meniň diri galaýjagym gümana, diri galanymda-da, menden haýyr az. Ynha, sen sypyp bilseň welin, başga gep. Sen ýene müňläp-müňläp okuwçy ýetişdirersiň. Balyklaryň arasyndan täze durmuşyň ýeňmegine kömek edersiň...

Bularyň jedelini çözere maý bolmady. Uly balyklaryň biri olaryň kelle direşip duranyny gördi-de: «Hernä, ikisem birden agzyma sygar-da!» diýen pikir bilen, bärik okdurylyp gaýtdy.

Hälki dogumlyja balygam: «Mugallym, gaç!» diýdi-de, duşmana garşylyklaýyn topuldy. Iki balyk goç süsüşen ýaly süsüşdi, uly balyk az salymlyk özüni ýitirdi, dogumlyja bolsa hereketden galyp, suwuň düýbüne çökdi.

Oglan-balyk mundan artyk eglenmäniň peýdasynyň ýokdugyna göz ýetirdi. Bar güýjüni jemläp, kenara tarap ýüzüp ugrady. «Şulara aw bolandan, kenarda demigip ölenim gowudyr!» diýip, barýarka pikir etdi.

14-nji bap

Öz hasaby boýunça, ol bu wagta çenli ýagty jahan bilen hoşlaşmalydy. Kenara atylyp çykanyna esli salym-a geçen bolmaly. Ol özüniň henize çenli diriligine geň galyp, gözlerini çalaja açdy. Görse, gury ýerde däl-de, ýalpajyk, ýylymsyja suwuň içinde ýatyr. Ol guýrugyny gymyldadyp gördi, suw şylp-şylp ses etdi.

– Tüweleme, ahyrsoň özüňe geldiň-ow! – diýip, ýokardan bir owaz geldi. Oglan-balyk jadygöýüň bu tanyş sesini eşidip, tisginip gitdi.

– Jaý wagtynda ýetişdiň, jadygöý aga! Meni tizden-tiz adama öwür! – diýip, ol pyşyrdady.

Jadygöý başyny ýaýkap, uludan demini aldy:

– Gadyrdan, haýwanlykdan adama öwrüp bilmeýänimi men saňa başda aýtdym ahyryn!

– Onda men nätmeli indi? – diýip, oglan-balyk aglamjyrady. – Meniň ejemi, kakamy, inimi göresim gelýär. Mekdebimizi, bile okan klasdaşlarymyzy göresim gelýär...

Jadygöý dymyp dur.

Oglan-balyk özi aglap, özi köşeşdi:

– Onda meni gaty güýçli bir haýwana öwür. Meselem, gaplaňa! – diýip, ol öýkeli gepledi.

– Gaplaň-a bolmaz. Bu töwerekde gaplaň gezip ýören ýeri ýok. Şonuň üçinem, birinjiden-ä, seniň hakyky gaplaňdygyňa hiç kim ynanmaz. Ynandyraýjagam bolsaň, ilki içiňi ajy tüsseden dolduryp, hamyňy sypyrarlar-da, soň ynanarlar. O-da saňa juda gymmat düşer.

– Hany onda, tap-da bir alajyny! Seniň jadygöý bolanyň nirede...

– Sen... möjek bolaýsaň nädýär? – diýip, jadygöý birhili çekinjeňlik bilen onuň sözüni böldi.

– Möjek? Hüm-m! Möjek diýdiňmi? Bolýa-da... Öwür meni möjege! Serçelikden, balyklykdan-a gowudyr...

15-nji bap

Möjege öwrülen oglanjyk jadygöýüň öwredişi ýaly, garaňky düşüberende tumşugyny dik göge tutup, deminem içine ýygnap, zorruk ses bilen uzyndan bir uwlady welin, bu gorkunç sesden ýaňa özüniňem endamy jümşülläp gitdi. Onsuzam ümsümlige çümüp oturan töwerek öňküdenem beter dymdy. Bu ümsümlik oglan-möjegi has-da eýmendirdi. Ol gorkudan ýaňa ozalkydanam uzyn uwlady. Oňa ahyrsoň jogap berdiler. Uzakdan bir ýerden çala gulagyna ilen uwwuldy oglan-möjegi hem-ä biraz köşeşdirdi, hem-de ýüregine düşnüksiz bir dowul saldy. Ol jogabyň haýsy tarapdan gelenini anyk bilmek üçin, bokurdagyna ýene bir gezek zor saldy. Jogap uwwuldysy günbatardan ýaňlandy. Onsoň oglan-möjek şol tarapy nazarlady-da, gidiberdi.

Seňk-seňk edip, şol gidip barýar-gidip barýar. Hälki sesiň çykan ýerine ýeter ýerde ýetiberenok. Onsoň oglan-möjek bir kiçijik alaňyň eteginde aýak çekdi. «Ýaňky uwwuldy meniň gulagyma eşidilen bolaýmasyn?» diýip, böwrüne diň saldy. Edil şol halat bir agyr zat onuň ýagyrnysyna hopba boldy. Oglan-möjek ýere ýazylyp gitdi, agzy çägeden doldy. Ynha, indi ol ne gygyryp bilýär, ne-de arkanlygyna öwrülip, bogazy bolsa atagzy bilen gysylýan ýaly bar-ha daralýar.
Şeýdip, ol ölüm bilen ýaşaýşyň, çäge bilen agyr göwräniň aralygynda esli salym demigip, urnup ýatdy.

Soňrak, ýeriň aşagyndanmy ýa-da asmandanmy (muny seljermäge oglan-möjegiň wagtam ýok – gurbatam) bir hökümli ses geldi:

– Goýberiň!

Üstünden agyr ýük aýrylan oglan-möjek kem-kemden özüne geldi. Kynlyk bilen aýak üstüne galyp, töweregine göz gezdirdi. Ine, dört sany möjek onuň ýanyny alyp, heşerlenişip durlar. Gözlerem ot bolup ýanýar.

– Niräniň möjegi borsuň? Näme üçin, näme niýet bilen geldiň? – diýip, ýokardan ýene hälki hökümli ses eşidildi. Oglan-möjek tisginip, ýokaryk seretse, pessejik alaňyň üstünde, Aý şöhlesiniň aşagynda ýene bir äpet möjek art aýaklarynyň üstünde butnaman otyr. Onuň dikgerip duran ýeke gulagyny görende, oglan-möjek özüniň ýalňyşman gelendigini aňdy. Ol jadygöýüň öwredişi ýaly, duran ýerinde garysyna çökdi:

– Eý, çölleriň eýesi, itleriň ýagysy, goýunlaryň piri, kuwwatly serdar! Men diňe seniň mizemez erkiňe tabyn bolmak üçin, seniň kuwwatly aýaklaryň öňünde dyza çökmek üçin, indi näçe gije-gündizdir, çöl-beýewanda ygyp, ýollar aşyp gelýärin. Bu gün men öz arzuwyma gowuşdym. Indi meniň janym, erkim, ykbalym seniň eliňde, ýagny, ygtyýaryňda. Men biçäräni öz ganatyň aşagyna... ýagny, öz penaňa al, serdarym!

Möjekleriň serdary onuň sözüni üns bilen diňledi. Onuň keşbi öňki yzgytsyzlygyny birneme ýitiren ýaly boldy, äheňem az-kem ýumşady:

– Sen köp horluklar görüp, bir ýowuz beladan gaçyp gelene meňzeýärsiň! Ýeri, aýdyber!

– Seniň paýhasyňa, öňden görüjiligiňe gurban men, serdarym! Men hakykatdanam kän horluklar görüp, iň soňky demimde seniň penaňa özümi atdym. Bizi – seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanyň agtygynyň çowlugy bolan Gara möjegiň ordasyny gyrdylar, serdarym! Başdan-aýaga gyrdylar... Biz sürä çozduk, ýöne biziň çozjagymyzy bilip, çopanlar öňden duzak gurup goýan eken. Iki sanymyzy itler alyp galdy, iki-üç sanymyzam çopanlaryň okundan wepat boldy. Diňe Gara möjek ikimiz tötänlik bilen gabawdan sypdyk. Ýöne Gara möjege agyr ýara düşen eken, ol... ol ýolda... – Şu ýerde oglan-möjek hamsygdy, soň zordan özüni dürsän bolup, uludan demini aldy. – Hawa, Gara möjegem ýolda ýogaldy. Ýöne ýogalmazynyň öň ýanynda maňa şeýle sargyt etdi: «Gum eteginiň günbatarynda, pylan ýerräkde meniň bir babadaşym bolmaly. Adyna Ýekegulak serdar diýýändirler. Şony hökman tap, şol saňa hossar çykar!» diýdi. Men onuň sargydyny berjaý etdim, seniň ýeňilmezek ordaňa gelip gowuşdym, indi meniň armanym ýok! – Oglan-möjegiň ýene bogazy doldy. Onuň daşyny gallap duranlar çalaja uwlaşdylar. Serdaram duýgudaşlyk alamaty hökmünde oturan ýerinden olara goşulyp, ses etdi. Oglan-möjek özüniň nyşanany jaýdar uranlygyny bildi. Ol hem uwlady, ýöne begenjinden uwlady.

Bu uwlaşykdan soň möjekleriň serdary az salym oýa batyp oturdy. Serdar özüniň Gara möjek atly nähili babadaşynyň bardygyny ýada saljak bolup jan edýändir diýip, oglan-möjek içinden çak urdy, dogry bolubam çykdy.

– Nämesiniň nämesi diýdiň häli? – diýip, serdar oglan-möjekden sorady.

– Seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanynyň agtygynyň çowlugy! – diýip, oglan-möjek ýat beklän jümlesini gaýtalady. Ýöne şeýle jümle boýunça öz garyndaşlaryň, babadaşlaryň hasabyny çykarjak bolup gör-dä! Başyň aýlanyp, gözüň garaňkyrabermezmikä!

Bu jümle serdaram halys bulaşdyrdy. Ýöne ol sepini bildirmejek bolup:

– Hä-hä, ýadyma düşdi. Pahyr gaty akylly, algyr möjekdi! – diýen boldy. – Sen, garyndaş, hapa bolma – diýip, soň ol oglan-möjege göwünlik berdi. – Biz Gara möjegiň, onuň ordasynyň aryny ýerine salarys. Biz ordadan wepat bolanlaryň her biri üçin bir sürini çaparys!

Serdaryň soňky sözleri oglan-möjegiň keýpini bozdy. «Wah, gereginden artygrak jan çekip, bulary öjükdiräýdim öýdýän. Indi meniň günäm bilen, bir topar owlak-guzy, goýun-geçi heläk bolmaly bormuka?» diýip, ol gaýga gitdi. Her niçigem bolsa, özüni paş etmezlik üçin, daşyndan serdara çuňňur minnetdarlyk bildiren boldy.

(Dowamy bar)

Öňi:

Adam bolmak kyn ekeni...(1) (1-5 baplar) https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni/2023-11-21-1999

Adam bolmak kyn ekeni...(2) (6-10 baplar) https://edebiyat.clan.su/news/adam_bolmak_kyn_ekeni/2023-11-21-2000

© Kömek KULYÝEW
Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 12:42, 23.11.2023
Men serçejik, serçejik,
Gopgunçy hem gorkajyk.
Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok,
Açlykdan başga derdim ýok.

bujagaz goşgynyň Deljäniň başyna bela boluşy ýylgyrtdy...
(durmuşy waka :-) )
avatar

Старая форма входа
Total users: 203