Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:04
Adamlar şeýle bir üýtgeýän eken...
ADAMLAR ŞEÝLE BİR..

Adamlar şeýle bir üýtgeýän eken,
Garyp, Barly, ikiýüzlä bölünýär.
Bary bir nähili hormat bersede,
Wag:t geçip ähli aýby bilinýär.

Aş dosduñ, hak dosduñ,
Ýa tanyş-biliş,
Olardan nätanyşlar ýakyndyr.
Käsi seniñ gapyñdanam gelenok,
Käbiriniñ öýüne barmagam kyndyr.

Hanha, ool dosdum ýüzem berenok,
Ol tanyşym bolsa çykdy gözümden.
Bu zatlary durmuş öwredýän eken,
Sebap diýseñ,
Meniñ özüm özüm däl.

Remezan Mämetgurbanow
11.12.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Aygul • 17:37, 11.12.2022
Hemmämizem adam...
avatar
0
2 Bagabat • 18:27, 11.12.2022
Remezan, bagyşla, döredijiligiňe at dakmakçy bolamok, kembaha garamagam islämok. Özümiň şygyr ýazyp bilmeýänimem, şoň üçin poeziýa gorka çemeleşýänimem birnäçe gezek aýdypdym. Ýöne yhlasly hem yzygiderli zähmet çekişiňden, ýagny kän ýazyşyňdan, şygryýete yhlasyň, hyjuwyň güýçlüdigi görünýär. Şoň üçinem şol yhlasyň, hyjuwyň, ymtylyşyň, zähmetsöýerligiň hatyrasyna, şygyr düzüji hökmünde däl-de, şygyr okyjysy hökmünde käbir maslahatlary beresim gelýär:
Şygyr näme?
Ol ilki bilen impuls. Ýagny okaýan adamda birwagtyň özünde duýgy sunamisini (tüweleýini) emele getirmäge ukyply iterijilik täsirli energiýa bölejigi bolmaly. Edil otluçöp çakylanda benzine ýa-da gaza ot düşen ýaly, şygryň ilkinji setiri okaýanyň göwnüne ot düşürmeli.
Muny nädip gazanmaly?
Setir şeýlebir ýiti täsirli, duýgudyr pikirden ýaňa şeýlebir dym-dykyz bolmaly welin, ol edil çişirilip-çişirilip ýarylmaga taýýarjak duran rezin şarjagaz ýaly bir zada çalym etmeli - eliňe aldyň, ýagny okadyň, ol atyldy-da, göwnüňem, aňyňam öz içinde dyňzap duran duýgudan, pikirden doldurdy.
Indi muny nädip üpjün etmeli?
Aýdýan zadyň goý aýdyla-aýdyla lenji çykarylan, iň soňky banalnost bolsun, ýöne ony täsin, gyzykly edip aýtmagy başarmaly. Hökman her setiriň pafosdan depme-dykyn bolmaly däl. Islendik müjüljeligem pafos derejesine çykaryp bolýar. Islendik adatylygam geň-enaýy edip aýtmak bolýar.
Muny başarmak üçin näme etmeli?
Köp okamaly.
Köp ýazmaly.
Hasam beter ýazanlaryňy köp bozmaly...
Çünki her bir ýazan zadyň hiç haçanam geniallyk bolmag-a beýle-de dursun, iň bärkisi okalmaga mynasyp laýyklygam bolmaýar. Ýazmak pişesinde iň ýakýan ýerem şu. Ýöne, onda-da bu bihuda zähmeti haçanam bolsa birwagt ýüze çykmagy mümkin boljak "hudaly" netijäň hatyrasyna çekmeli bolýar.
Başga alaç ýok.
Gurbannazar diýýä: "Million setir okap, bir setir goýmak"...
Ine şu-da iň kyny - birje setiriň hatyrasyna million setiri diňe okamak däl, hatda olary ýazmagam... Ýazanyňdan soňam öz eliň bilenjik çyrşanja zatlaryňy ýok etmek... Bu edil ýaňy hasyla duran ekiniň eliň bilen maňňalyň astyna alan ýaly bir zat bolýar. Hasam ýazanyňda aňsat hem ýeňil däl-de, kösene-kösene ýazýan bolsaň.
Ýöne, nätseňem, ýazmak işinde taplanmagyň başga alajy ýok.
Ýene-de bir ýönekeýje maslahatym, şygyrlaryňda adatylykdan daşlaş-da, dogry düşünjeleri, logika (mantyga) laýyk sözlemleri çepbesine çöwrüp ýazjak bolup gör. Mysal üçin, ýokardaky goşgyňda, birinji setiriň:
"Adamlar şeýle bir üýtgeýän eken" diýýär.
Munyň adatylyk. Özem okajagyň göwnüne düýbünden "spiçge" çakmaýan adatylyk.
Ýagny hemmelere mälim zat, hemmelere endikli sözler bilen aýdylypdyr.
Belki sen ony diýip görersiň:
"Ebedi däl dünýäde durnuksyz palçyk,
agyp-dönýär laýy eýlenen suw deýin".
Bu mysal. Özem seniň setiriňde aýdyljak bolnan pikiri gündogaryň klassyky şygyr düzüş stilinde we logikadyr-emosiýany beýan ediş usulynda ýazylan.
Ýa-da günbatarda ýörgünli bolan, modern-poeziýa akymynyň bir formasy bolan werlibrde (erkin goşgy görnüşinde) seň goşgyň setirini mysal üçin şeýle beýan edip bolardy:

Ýelleň, ýollaň oýnawajy ruhum,
Ýoklugyň,
Barlygyň
arasynda asyl-asyl tenim,
müň nikaply keşbim,
müň reňkli gülkim hem ahym,
nirde başlanyp nirde gutarýar,
ynsanlygym, bendiligim meniň?...
Umuman, şygyr sungaty göräýmägä gaty ýeňil, iki sany sözi sazlaşdyrdyň, dört sany kapyýany setirleň soňunda ýerbe-ýer goýduň-da, bir topbagy emele getirdiň - bolany ýalydyr welin, her bir ajaýyp goşgyň aňyrsynda ummasyz zähmet hem gözleg ýatyr.
Ýazjak bolsaň bir zady hiça haçan unutmaly däl:
Hatda iň beýik ýazyjylardanam, şahyrlardanam, olaryň ýazan küt-küt kitaplaryndan bary-ýogy setirlerdir, sözler galýar.
Halkyň ruhuny emele getiriji, ruhy daýanjydyr medeni sütünine öwrülmek bolsa, diňe Magtymguly Pyragy, A.Puşkin, U.Şekspir ýaly gaty seýrek ýazyjy-şahyrlaryň ykbalyna nesip edýär.

Pst. Ýazanja zatlaryma dogry düşünersiň diýip umyt edemsoň ýazdym.
avatar
0
3 Kyyas • 00:23, 12.12.2022
Sagbol Serdar aga, men elbetde gaty göremok, gowy maslahat berdiñiz, isleýşimçe ýazyp bilemok, ýazyşymçada islämok, diýip Kerim Gurbannepesow ýazyp biziñ ýaly şahyrsumak ( bu özüme degişli) goşguçylara degişli edip ýazyp bize miras goýupdyr. Menem hut şol pikiriñiz bilen ylalaşýan men kämillige ýetmek üçin köp şarpyk datmaly we köp okamaly, oñada düşünýän. Ýöne bir narkoman ýaly bolup ýörşüm öz ukybymy barlap görmek däl, ýa-da tanalmakda däl. Öz pikirimi beýan etmäge synanşýan, bu bolşumam harsydünýä ýaly bolup dur. Eger ýazmasamam bir zadym kem ýaly içime ot düşen ýaly bolýan. Daşary ýurt şahyrlary okap bilemok, şol öwrenşen goşgularymdan özümde duýgy oýarjak bolýan oda bolanok. Çeperçiligim, ýetenok. Metafora, logiki ýagdaýda bilimimem ýok diýen ýaly. Ýöne yhlas etýän. Elbetde kyn mesele, belki 1000 goşgydan biri kämilleşer diýen umyt bilen ýykylýan. Diñe okanyñ bilenem goşgyñ özi döräberenok. Ymtylýan. Ýene- size we şu saýtda duş gelen agzalaryñ edebiýatçy halypalaryñ ( öwgisine däl,) tankydy teswirlerinede begenýän, ahyr bir-de bolmasa, birinde gowy goşgy döremäge kömegi deger diýen umydym bar. Meniñ ýokarda ýazan goşgymy taraşlap bilmedim, şol wagt gelen pikirim dagynyk boldumy ýa soñ ýazanymdanmy? Garaz, goşguda adamlar uytgapdir diýip, at dakan bolup özüñe degişlidigini aýtmak isläpdim, barlylaryñka barmaga höwes edýänleri pesiräk ýaşaýanlar bn gatnaşasy gelmeýän, ýagny olaryñ ýüz öwrüp gapyñdan gelmeýandigini, gatnaşmak isläniñ seni çagyrmaýanyny, özüniñ üýtgändigini we daşyndaky adamlara üytgedi diyen göz bilen garaýandygyny añlatmak isledim şoñ üçinem soñky setirinde özüm özüm däl diýip getirdim. Ýene bir gezek size ullakan minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203