Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:18
Durmuş

SONETLER ÇEMENI


Hormatly! edebiýat.clan.su saýtyñ agzalary we halypalar! Mende birnäçe wagt bäri sonet ýazmak pikiri döredi, elbetde bu gülkünç (goşgyny doly düzgün ýazyp bilemok) ýöne şonda-da synanşaýyn diýdim, ondan öñki synanşygym başa barmady... Bu synanşygym näme bolsa-da ilkinjimden tapawutly( öz garaýşymça) indi bolsa siziñ bilen paýlaşasym geldi. Hökmany siziñ pikiriñiz, synyñyz maslahatly tankydyñyz zerur. Şol sanda teswirleriñize hökman garaşýan.

"DURMUŞ"

I


Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä",
Tomusuñ bir güni yssy Jöwza-da.
Şondan bäri menem göreşip gelýän,
Durmuşymyñ Arzuwna köwsarlap,

Şemal ýelgininde, Pessaýdan ösüp,
Doljak bolup, Ýarym ýarty göwnümi.
Kä begenip, kä-te gam-gussa batyp,
Ýyndam geçdi, ýyllaryñ ýaz öwrümi.

Ýeleñ ýaşlyk, gör nähili hezillik?!
Süsñäp möw:ç urýan şatlykdan doly,
Al-ýaşyl düzlükler Ýatladýan häli,
Ötüpdir ötegçi "Öýlänçi" ýaly.

Görnetin görünýär çäksiz ölçegi,
Indi bolsa ädim urýan geljege.

II.
Indi bolsa ädim urýan geljege,
Ümdüzümi dikip barýaryn öñe.
Kötel ýoluñ, hazynasyn köwçeläp,
Şatlygymy garyp, deñ ýaryn guma.

Serimde uwlaýar şagalmesligim,
Paýlaşýaryn her ýetene şatlygym.
Ynsanlygym edip päli pesligim,
Seleñledip, gözgörtele ýaşlygym,

Aldanyp, arzuwlap barýan salgyma,
Çisñäp ýagýar, çagba bolup gussalar.
Her gezek başymy süssem çal guma,
Diýýän: "geçer, çarkandak yol gysgalar"

Käte, bolsa umytlarym üzülýär,
Öñim tümlik, duman bolup görünýär.

III.
Öñim tümlik, duman bolup görünýär.
Apata iterýär her bir ädimim.
Şat durmuşym gussa bilen ýumrulýar,
Melgun bolýar, Melek diýen adamym.

Entek gerdenime ýüklenmänkä ýük,
Al-petimden aldy lütüm çykaryp,
Serimi hoşladym al-şerap içip,
Şeýtana berdim men, Durmuş jykyrym.

Eleşan ebtimde süýräp kündämi,
Ýere berip, öz başyma höwesim.
Gumy gursagyma basdymda -dänin,
Doldum susup, şatlygymyñ öwezin.

Ýer bersem-de, ýan bermedim öljege...
Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä.

IV.
Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä.
Ýitip barýan kem-kem guma garylyp.
Rowgatym gaçanda garaýan göge,
"Allam ýardam et!, barýan gögerip".

Reññim Asman boldy, roýum garaldy,
Çal başymyñ selçeñledi saçlary.
Düwnip durka ýüregimiñ damary,
Üzdi, durmuşymyñ gyýçak daşlary.

Hamsygyp aglaýan, çaklañja umyt,
Tesseli bersede derdimi çekip,
Bilenokdy nädip päklejegini,
Garalan gussanyñ perdesin çitip.

Gussalaram Durmuşymda gamgyn ol...
Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl.

V.
Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl,
Heýjana bürenen Lälezarlygyn,
Wasp edip, aýdym aýt, isle sazyn çal.
Gussam! Serhoş wagtym - Ala ýazlygym...

Gorkyny, ürkini çykaryp ýatdan,
Umyt gözläp indi gussalardanam.
Gudrat isläpdimem men tebigatdan,
Ýyldyrymyn çakyp, Asman agardan...

Çägäniñ ýüzünde eglenmän siñen,
Aýak basym yzgar beren nemdenem,
Gara daşa dönüp, ýüregi doñan,
Ertekileñ gahrymany "Döwdenem".

Göwnüñ göterseñ bordy "Dag" bolup...
...Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik.

VI.
Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik,
Her dänesin geçirersin eliñden.
Degirmenden çykan un ýaly eläp,
Sesiñ geçmez bäri, kiçi diliñden.

Kanagat edersiñ, dymarsyñ çişip,
Uludan- uludan alyp demiñi.
Gözüñ gider özgä,
-o nä üýtgeşik...?
Göreniñde özüñ ýalyñ geñini.

Täsinlikden, täsirlenip özgerer,
Tezek togalaýan tomzaga meñzäp.
Ah ilçilik, basym saña "göz deger",
Höwesiñem gaçar gelsede dyñzap.

Ýa-da gider onsañ gaýdyp gelmez ol!
Sen teşne,
A... Suwsanyñy bilmez ol!

VII.
Sen teşne,
A... Suwsanyñy bilmez ol!
Gal sen, "Gurruk guýy" ýaly gugaryp
Isle Hum bol, Isle Meñze Zemzene,
Gaýdyp gelmez, "Taksist" bolaý gygyryp.

Tazyñy göýberip, yzyny yzlap,
Arzuwyñ yzynda döredip umyt.
Sergezdan bolarsyñ gije-gündizläp,
Şükür ýene şükür dörediñ umyt.

Kör hasasyn aldyrsada bir gezek,
Sen bolsa aldyransyñ millionlap.
Aldaw- boýña bukaw, ele bilezik,
Şonda-da onuñ soñy million däl...

Nirä gitjek?
Galdyñ ýüpsüz baglanyp...
Büdüreder, salgym bolup, bag bolup.

VIII.
Büdüreder, salgym bolup, bag bolup,
Ganat baglap uçup ýören hyýalyñ.
Beden barýar ýerden çaña garylyp,
Notasyny basyp "Durmuş" roýalyñ.

Asmanyñ ýüzünden tyg çeker uçar,
Alyslara alyp gider "Kosmasyñ"...
Awunan ýüregiñ, közleri öçer,
Unudarsyñ dürre degen tagmasyn.

Aý, bolsa-da? Çaga ýaly göwnüñ bar,
Aldanara oýnawaç tapynar belki...
Mekirligiñ suwun içip düwünmän,
Ala-sarmyk hinli sadaja tilki.

Olja gözläp, teşnelige uçurar...
Gün depäñden naýzasyny geçirer.

IX.
Gün depäñden naýzasyny geçirer,
Haly teñ, haly aç, bir mysgal tama,
Talañ salyp, güýläge-de çukura,
Zyñar durmuş hamana bir "Galtaman".

Gylyjynyñ kütek ýüzün gütledip,
Urar seniñ çaklanmajak ýeriñden.
Suwasalma ýenjer, çykar düt-müdiñ,
Süññüñe ornaşar, geçip teniñden.

Bagtyñ çüwse, ýesirlikden boşan deý,
Güler ömür ýylgyrmadyk ereniñ,
Ýüwrükligiñ möjek gören towşan deý,
Borjak bolar, gözläp tapan sümegiñ.

Assa ýuwaş halyñ gojalyp barýar,
Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan.

X.
Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan,
Görejiñ kütelip, Akyl ýitelip,
Jähegini çekip, keşdeläp barýañ,
"Wah, näteñet giç geläýýär ýitilik".

Ýiti bolanda-da agsak akylyñ,
Ýene ýola geleñ edilmez säwlik.
Añ girmez, ak sepse-de sakalyñ,
Şol gözlegiñ edinere "Selärlik".

Gaýgyñ näme?
Näme üçin doguldyñ?
Bu soragy telim gezek bersemem.
Jogap gözläp, kütekligme gyýyldym,
Eledim, netije bermedi serim.

Mümkin, indi duýan ýaly öljegim,
Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip.

XI.
Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip,
Indi näme?
Dogry, hiçden-giç ýagşy.
Okünjim, ötünjim öl çöri iýip,
Örtense-de, ýaza öwrenok gyşy.

Hasylyny ýygyp, alaýyn diýsem,
Miwelerin çöpläp Bolsadylarmyñ,
Gowy eken "Serwi talyñ" baş egşem,
Ýaşlykda, şadyýan sadalygymdan.

Nebismi?
Ýa ykbal etdimi nesip,
Ýugrulmadym, ýygrylmadym, ýañradym.
Montaź edäýsedim, lentasyn kesip,
Düzetsedim, ýalñyşymy ýañadan.

Indi gijem bolsa bir şuny bilýän,
Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan.

XII.
Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan.
Gaýtalap aýtýaryn "Durmuş" aýdymyn.
Bir sada güýç bilen üýtgetjek bolýan,
Dogry ýolda basan ýalñyş ädimim.

Her niçik bolsa-da, oýanan ynsap,
Hyruç alýar, gadam basýaryn öñe,
Her ki zadyñ açan gülini ysgap,
Nebis dolap alýar şol köne heñe.

Agtarýan, gözleýän ýene bir zatlar,
Tutanyma güýç ýok, galmady gurbat.
Diliñe çykan söz ele añsat däl,
Gördüm men şo halat täsin bir gudrat.

Ýalan söz däl meniñ Gudraty görşüm,
Öñe adim ätýän, emma şol durşum.

XIII.
Öñe adim ätýän, emma şol durşum,
Ökje ogurlaýar, hereketlerim...
Eý, Allam ýene-de etjek haýyşym!
Çagajyklaryma bereket beriñ.

Goý, Sabyr ber! Rahat bolsun kalplary,
Ýükini çekere ber Akyl paýyn,
Dogry bolsun, unutsynlar galplygy,
Dileýärin bagtly bolsun Hudaýym!

Ujypsyz şatlygyn hözirin görsün,
Gaýgysynda uçganaklap gözleri,
Şatlygyna bolan höwes döresin,
Galanam nä, dowam eder özleri...

Surnuksa-da, meniñ ömür ýoldaşym...
Ümek çomak geçip barýar durmuşym.

XIV.
Ümek çomak geçip barýar durmuşym,
Az güldürip, köp eñremäñ astyndan.
Meselämiñ deñlemesin çözüşim,
Deñ bir şatlyk müñ dert beren gussamdan.

Alym bolmadym men Pyragy deýin,
Ýa bolmadym kosmasada uçurman.
Mysgal şatlygymyñ şygary, beýdi:
-Bagtyñ gulpyn çyn gülkiler açarlar.

Göz ýetirdim, bolup gözli şaýady,
Durmuş doly şatlyk eken ynsanyñ.
Ýoldaş bolsa, mertlik bilen gaýratyñ,
Oýa bolsa ruhyhassa ynsabyñ.

Eý, ykbalym! Muña Durmuş diýilýär.
Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä"

MAGISTRAL


Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä"
Indi bolsa ädim urýan geljege.
Öñim tümlik, duman bolup görünýär,
Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä..

Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl,
Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik,
Sen teşne,
A... Suwsanyñy bilmez ol!
Büdüreder, salgym bolup, bag bolup.

Gün depäñden naýzasyny geçirer
Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan,
Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip,
Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan.

Öñe adim ätýän, emma şol durşum,
Ümek çomak geçip barýar durmuşym.

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
0
1 Medicall • 09:17, 30.03.2023
Sonetiñ birinji setiriniñ bir zadyny-ha űýtgetmeli, ulanylyp ýadalan adaty pikir bolany üçin, başgaçarak güýçil eşdiler ýaly almaly.

Näme üçin köp sözler sözlemiñ arasynda gelsede baş harpda ýazylan?
avatar
0
2 Kyyas • 11:04, 30.03.2023
Sözleriñ ilki ýazanymdan soñ ýer çalyşdym şol sebäpli...

Şol ulanylýan söz düzümine mümkin bolsa kömegiñiz degse...
avatar
0
3 Pero • 14:39, 30.03.2023
Sonet ýazmak añsat däl! Şonuñ üçin awtora Berekella diyyan. Belliklem bar olary yuwaş-ýuwaş aýdaryn. Çünki telde bir aşak bir ýokary geçirip setirleri analizlemek kyn...
avatar
0
4 Pero • 14:41, 30.03.2023
Durmuşymyñ Arzuwna köwsarlap, däl-de arzuwyna diýseñiz boljak...
avatar
0
5 Pero • 14:45, 30.03.2023
Al-ýaşyl düzlükler Ýatladýan häli,
Ötüpdir ötegçi "Öýlänçi" ýaly" "häli"sözüniñ ýeri däl,o setiri başgaçarak alsa boljak meselem ýatlama käni
Ötüpdir ötegçi öýlänçi ýaly
avatar
0
6 Pero • 14:50, 30.03.2023
Görnetin görünýär çäksiz ölçegi,
Indi bolsa ädim urýan geljege. 1 nji setiriñe sorag berdim
-nämäñ ölçegi?
-durmuşyñ
-a düşnükli,emma 1-2 nji setiriñ arasynda baglanyşyk yok. Has dogrusy 1den 2ä geçiş(переход)ýok
avatar
0
7 Kyyas • 14:57, 30.03.2023
Minnetdar! Şeýle geçiş setirler. Az däl.( Hakykatdanam şol baglanßyklara zehinim kemter geldi) ýokarky setiri düzedişi bellikleriñizden soñ düzediş girizerin. Nesip bolsa.
avatar
0
8 Medicall • 21:05, 30.03.2023
Aslynda bu dünýe synag dünýesi diýilýär-da, "doguldym" diymän, synag üçin gelinýän manyda bolsa gowy bolardy şol setir.

*Nä mälim - nämälim bile ýazylmaly
avatar
0
9 Kyyas • 21:46, 30.03.2023
Sagboluñ minnetdar! Şol gramatikalary bilmeýänim meniñ iñ uly ýalñyşym
avatar
0
10 Kyyas • 21:49, 30.03.2023
Synag üçin gelipdim men bu dünýä bolanda ýerne düşermikä
avatar
0
11 Medicall • 23:17, 30.03.2023
Neme-dä, şu "gelipdim" sözüni ulanmasañ gowy ýaly. Sebäbi hiç kim "geljekdigini" öñünden özi bilip gelenok-da, Ýaradylýar. Ýagny "getirilýär"
avatar
0
12 Kyyas • 00:50, 31.03.2023
Ýaradyldym synag üçin bu dünýä bolsa bojakmy onda
avatar
0
13 BayramberdiGeldimyradov • 14:49, 05.04.2023
Umumy bellik aýdaýyn-la seýle etsek ýerine düser. Uly synansyk edipsiñiz. Sonetler çemenini ilki ýazan (ýatlamalara görä) G. Ezizow, diýmek, ajaýyp bägüllerden çemen bogmak üçin gaty köp okamaly ýaly (okamalam). Ekizler2.comdaky gosgularyñ barada-da bellik edesim gelipdi, ýöne telimiñ kiçijikligi sebäpli oñmaly boldum. Garaz, grammatikasyna üns bermeli, pikirleriñi täzeden islemeli. Onuñ üçinem ilki su gosgyny içinden-dasyñdan kän gaýtalap okamaly, soñ ak kagyza gaýta-gaýta göçürmeli. Dogry, G. Ezizw:,, Böwrüñ diñläp sahyr bolaýmaklyk kyn" diýsi ýaly halypalara okatmaly, onsanam edebiýat teoriýany okamaly soñam Ýylgaý Durdyýewiñ gosgularynda gosgy dûzülisiniñ görnüsleri bardyr:üçleme, dörtleme, bäsleme...solary öwretmeli. Garaz, iñ añsat zat akyl satmak diýilýär welin, menem saña akyl satyp oturan ýaly öte geçen bolsam bagyslan!
avatar
0
14 Kyyas • 16:37, 16.04.2023
Minnetdar! Gowy maslahat
avatar

Старая форма входа
Total users: 203