02:15 Adamyň beýikligi / hekaýa | |
ADAMYŇ BEÝIKLIGI Mazaly garaňky gatlyşanynda, gözedürtme tümlüge gaplanan zyndanyň gapysy açylyp, sakçylar oňa sakgallak gojany pyzyp goýberdiler. Gojanyň ap-ak sakgaly şeýlebir uludy welin, boýundan hem uzyn ýaly bolup görünýärdi. Eýmenç alagaraňky zyndanyň içine gojanyň sakgaly çalaja ýagtylyk saçýardy, bu hem jenaýatkärlere bellibir täsirini ýetirdi. Ilkibada garaňkylykdan ýaňa, goja bu ýerde özüniň ýeke däldigini aňşyrman: ― Bu ýerde adam barmy? ― diýip dillendi. Gojanyň sowalyna her dürli teýeneli gülki sesleri, gaharly hüňürdiler eşidildi. Soňra «ýerli däbe» görä, her kim özi bilen tanyşdyrdy. ― Rikkardon Marçello ― günäni agraldýan ýagdaýlarda ogurlyk ― diýip, gyryk sesli biri gürledi. ― Besseda Karmelo ― gaýtadan jenaýat eden kezzap. Şeýdip «tanyşdyryş dabarasy» dowam etdi: ― Marfi Luçano ― zorlama. ― Lawataro Maks ― bigünä. Ýaňky sözlerden soň, gülki sesleri ýaňlanyp gitdi. Degişme hemmelere ýarady, ýogsam elleri ençeme pidanyň ganyna bulanan Lawatarony ― barypýatan galtamany tanamaýan barmy näme?! ― Espozito Enea ― adam öldüren. Muny aýdanyň sesinde buýsanç duýgusy mese-mälim duýulýardy. ― Muttironi Winçenso ― kakasynyň ganhory. Bu sözler-ä has hem dabaraly ýaňlandy. ― Ýeri, garry büre, özüň kim borsuň? ― Dogrusyny aýtsam-a, özümem bilemok. Meni saklap, şahadatnamamy görkezmegimi soradylar. Mende bolsa, ömrüme hiç hili şahadatnama bolmandy ― diýip, täze gelen jogap berdi. ― Hä-ä! Sergezdan diýsene ― diýip, biri ýigrenç bilen gürledi. ― Ýeri, onsoň, seň lakamyň näme? ― Meniň adym... Morro, lakamymy aýtsam... Beýik. ― Beýik Morro. Hmm... Erbet däl! ― diýip, tümlükden bir ses çykdy. ― Adyň-a seň üçin biraz ulurak. Ol ada sen ýalakyň onlarçasy sygar. ― Rast aýdýaň ― diýip, goja ýuwaşjadan jogap berdi. ― Ýöne bu ýerde meniň günäm ýok. Bu lakamy maňa ýaňsylap beripdiler, indi bolsa etjek alajyň ýok. Dogrusyny aýtsam-a, şol atdan maňa diňe şumluk gelýär. Ine, aýdyp bersem... aý, ýöne bu diýseň uzak hekaýat... ― Hany, aýt indi! ― diýip, tussaglaryň biri gödek sesi bilen gürledi. ― Biziň howlugýan ýerimiz ýok. Galanlaram onuň aýdanyny goldady. Zyndanyň içgysgynç günlerinde islendik güýmenje baýrama öwrülýärdi. ― Ýeri, bolýar onda ― diýip, goja razylaşdy. ― Bir gezek şäherleň birinde aýlanyp ýörkäm, kaşaň köşge gabat geldim, hyzmatkärler elleri her dürli nygmatly eýläk-beýläk gaýmalaşyp ýördiler. Bu ýerde uly şagalaňa taýýarlyk görýändirler diýip pikir etdim-de, sadaka soraýyn diýip golaýrak bardym. Heniz agzymy açyp ýetişmänkäm, boýy iki metrden pes bolmadyk, syryk ýaly pyýada ýeňsämden tutaga-da gygyrmaga başlady: ― Ine, ogry, men ony tutdum! Hojaýynymyzyň basyrygyny düýn şu ogurlapdy. Ýene utanman, yzyna-da gelipdir. Indi-hä seň gapyrgalaňňy sanasak gerek. ― Meňmi? ― diýip soradym. ― Bu nähili beýle bolýar? Düýn men bu ýerden otuz mil uzakdadym ahyry. ― Eliň basyrykly gaçyp barýanyňy hut öz gözüm bilen gördüm ― diýip gygyrdy-da, ol meni südenekledip howla saldy. Dyzyma çöküp, ýalbarmaga başladym: ― Düýn men bu ýerden otuz mil uzakdadym. Şäheriňize ilkinji gezek gelişim. Ynanaýyň, bu Beýik Morronyň sözi. ― Näme-näme?― diýip, ýaňky hyrsyz adam gözlerini mölerdip seretdi. ― Beýik Morronyň sözi ― diýip ýene gaýtaladym. Ol bolsa ha-ha-haýlap güldi-de: ― Diýmek, sen Beýik Morroda? A-how, adamlar, serediň-ä, bu sakyrtgaň ady Beýik Morro eken! ― diýdi. ― Sen, heý, Beýik Morronyň kimdigini bilýäňmi? ― Men Morro, başga bir Morrony men-ä tanamok ― diýip jogap berdim. Ýaňky deýýus bolsa: ― Beýik Morro biziň hormatly hojaýynymyzdyr. Sen bolsa, oň adyny özüňe dakmaga milt edipsiň! Indi-hä, seň işiň gaýtdy. Hana, hojaýynyň özem gelýär. Aýdyşy ýaly, goh-galmagala çadyrlaryň hojaýyny howla çykdy. Ol adam şu şäherdäki, megerem, ýagty jahandaky iň baý täjirdi. Ine, ol meniň ýanyma geldi, synlady, soraşdyrdy, güldi. Haýsydyr bir gedaýyň onuň adyny göterýändigi onuň gülküsini tutdurdy. Soň ol hyzmatkärlerine meni boşatmagy buýurdy, öýüne çagyrdy, lagly-merjenden doldurylan ägirt otaglaryny görkezdi, hatda ummasyz altyndyr gymmat bahaly daşlar saklanýan sowut gapyly otagyna hem aýlady. Garnymy doýurmagy buýrup, gürrüňe başlady: ― Bu wakanyň täsin ýeri, menem Hindistanda syýahat edip ýörkäm, edil şeýle waka uçrapdym. Harytlarymy bazara çykaryp, söwda edip ýörkäm, üýtgeşik, gymmatbaha zatlary satýandygymy görüp, mähelle bary daşyma üýşüp, kimdigimi, niredendigimi soramaga başladylar. «Men Beýik Morro» diýdim welin, olar maňa çiňerilip: «Beýik Morro? Eý, täjirjik, sende beýiklik näme işlesin? Adamyň beýikligi ― onuň paýhasynda. Dünýäde ýeke-täk Beýik Morro bar, olam şu şäherde ýaşaýar. Ol ― ýurdumyzyň buýsanjy, sen ýalançy bolsa, öz öwünjeňligiň üçin häzir ondan ötünç sorarsyň» diýdiler. Şeýdip, ellerimi daňyp, ýaňky Morronyň ýanyna eltdiler. Ol at-abraýly alym, pelsepeçi, matematik, astronom, astrolog bolup çykdy. Hormaty uly eken. Bagtyma, şobada nähili düşünişmezligiň bolandygyna göz ýetirip güldi-de, meni boşatmagy buýurdy hem-de öz otagyna, obserwatoriýasyna aýlady, öz elleri bilen ýasan täsin enjamlaryny görkezdi. Soňra bolsa şu zatlary aýtdy: ― Eý, gelmişek täjir, bu wakanyň täsin tarapy, menem Lewant adalaryna syýahat edip ýörkäm, edil şeýle waka uçrapdym. Barlag geçirmek üçin ýanardaglaryň biriniň depesine çykyp barýarkam, şol ýerler üçin adaty bolmadyk daşky sypatym sebäpli, meni harby esgerler saklady. Kimdigimi soradylar. Adymy aýdanymdan, elimi-aýagymy gandallap, şähere äkitdiler: «Sen özüňe Beýik Morro diýen bolýaňmy? Häý, mugallymjyk, sende beýiklik näme işlesin? Dünýäde ýeke-täk Beýik Morro bar, olam biziň adamyzda. Ol iň gaýduwsyz söweşijimiz. Häzir gaşyna elteris welin, kelläňi almagy buýrar». Aýdyşlary ýaly, olar meni serdarlarynyň ýanyna eltdiler. Onuň bolsa diňe daşky sypaty hem iniňi tikenekledýärdi. Bagtyma, men näme bolandygyny aýdyp ýetişdim. Gazaply serdar täsin waka hezil edip güldi. Meni boşadyp, zynatly eşikleri berip, öz köşgüne çagyrdy. Köşgünde töweregindäki adalarda gazanan ýeňişlerinden alan oljalaryny görkezdi. Soňra bolsa şeýle diýdi: «Eý, alym-atdaşym, seň düşen ýagdaýyň täsin ýeri, menem Ýewropa diýip atlandyrylýan uzak künjekde söweşip ýörkäm, edil şeýle ýagdaýa duçar bolupdym. Esgerlerim bilen tokaýyň içinden barýarkak, duýdansyz daglylar çykyp: «Ýaragyň şakyrdysy bilen tokaýlarymyzyň rahatlygyny bimaza eder ýaly sen kim bolarsyň?» diýip sorady. Diňe adymyň özi olary sandyradar diýen umyt bilen: «Men Beýik Morro» diýdim. Olar welin göwnüýetmezçilik bilen ýylgyryp, şeýle diýdiler: «Beýik Morro? Sen oýun edýäň öýdýän. Sende beýiklik näme işlesin, sergezdan urşujy? Adamyň beýikligi onuň beden rahatlygynda we ruhubelentligindedir. Ýer ýüzünde ýeke-täk Beýik Morro bar, häzir biz seni onuň ýanyna elteris. Adamyň beýikliginiň nämededigini gözüň bilen görersiň». Şeýdip olar meni kiçiräk oýdaky çaklaňja çatmada ýaşaýan sal-sal eşikli, ak sakgally gojanyň ýanyna getirdiler. Aýdyşlaryna görä, ol goja bütin ömrüni tebigat bilen baglanyşdyryp, onuň bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Dogrusyny aýtsam, megerem, şu gojadan bagtly, rahat, dünýäden razy adama heniz duşmandym. Arman, indi durmuşymy üýtgedere gaty giç». Ine, adanyň kuwwatly hökümdary dana alyma, alym baý täjire, täjir bolsa sadaka sorap gelen gedaý goja şu zatlary gürrüň beripdir. Olaryň hemmesiniň ady Morrody, hemmesem, dürli sebäplere görä, «Beýik» lakamyny göterip ýördi. Goja sözüni tamamlansoň, garaňky zyndan tussaglarynyň biriniň sesi eşidildi: ― Meň kelläm dogry işleýän bolsa, ýaňky çatmadaky goja iň beýigi, olam sen bolýaň-da, şeýlemi? ― Ýeri, oglanlar, men näme aýdaýyn — diýip, goja ne «hawa» diýdi, ne-de «ýok». ― Durmuşda nämeler bolmaýar?! Hemmeler dymdy, sebäbi käbir zatlar iň bir gutaran deýýuslaram çuňňur oýa batyrýar. © Dino BUSSATI Terjime: © Maksat GELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 21 | |
| |