17:48 Telefonlaryň topalaňy / nowella | |
TELEFONLARYŇ TOPALAŇY Iş taşlaýyş güni telefonlaryňam işleýşiniň ugry bolmady. Meselem, biri bilen gepleşip oturansyň welin, birden ýat adamlaryň gürrüňi eşidiler ýa-da özüň başgalaryň gepine goşulýaň. Agşam sagat onlarda dostuma jaň etjek bolup, on bäş minut dagy görgi ýamanyny gördüm. Iň soňky belgini aýlamakçy bolanymam şoldy welin, tötänden başga adamlaň gürrüňine gatylyşdym, soň ara ýene bir adam goşuldy, soň ýene biri, garaz, şeýdip, bulam-bujarlyk başlandy. Bu garaňkylykda edilýän umumy söhbete çalymdaşdy. Her kim aýtjagyny aýdýar-da, özüni tanatman, duýdansyz ýitirim bolýar. Şonuň üçinem hemmeler ýüz görmän, arkaýyn, çekinmän gepleýär, şeýdip, gürrüňdeşlik bahym umumy şagalaňa, şadyhorramlyga öwrüldi. Beýle şadyhorramlyk, megerem, bize diňe gadymyýetden ýaň bolup ýeten rowaýatlarda beýan edilýän täsin karnawallara mahsus bolandyr. Şol gezek men başda iki zenanyň gepini eşitdim, aýtsam, ynanmarsyňyz... geýim-gejimiň gürrüňini edýän ekenler. — Ýok-la, gy, beýle däl. Men oňa: «Öň gürleşipdig-ä, köýnegim dördünji güne çenli taýýar bolmaly» diýdim. Bu gün eýýäm birinji gün, köýnegim henizem taýýar dälmiş. Onsoň men oňa näme diýenimi bilýämiň? «Gadyrdan sinýora Broji, köýnek özüňe nesip etsin, gaty dar bolmasa geýiber» diýdim. Onuň inçeden şaňňy sesi bardy, özem badyny gowşatman sakyrdaýardy. — Oňaraýypsyň — diýip, näzik, mylaýym sesinden ýaşdygy bildirýän zenan emilialylaryň şiwesinde jogap berdi. — Ýeri, diýenem ekeniň-dä, onsoň alan galaň boldumy? Indi içigaralyk edip, mataňy çalşyryp goýberer. Ondan hemme zada garaşaýmalydyr. — Onçasyny görübiýris. Şonsuzam gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup otyryn. Şeýle bir ýeňsäm gatandyr welin, sen ýöne goýaý. Beýle zatlara çydar öýtme. Klara, şonuň ýanyna baranyňda, gaýrat et-de, aýt, müşderiler bilen özüňi beýle alyp barmaly däl diý. Wiý... bilýäňmi, Komençini görgülem oňa gaýdyp köýnek tikdirtjek däl diýýär. Broji onuň baýdak edinip ýören gyzyl matasyny gyrzaýa edäýipdir. Komençini ony geýdi welin, edil garantgaň bar-da. Onsoňam, şo tikinçi arzysy artaly bäri halys ynsabyny ýitiräýdi. Ýadyňdamy, iki ýyl öň: «Siz ýaly hanymlaryň köýnegini tikmegi özüme bagt saýýan» diýip, baý, goltugymyza garpyz gysdyrýardy, indi bolsa oňa ýaranjaňlyk edibem işiňi etdirip bolanok. Üns beren bolsaň, hatda gepleýşem üýtgändir. Senem aňdyň gerek? Men ertir Juliettalara gitmekçi welin, näme geýjegimem bilemok. Sen haýsy köýnegi geýmegi maslahat berýäň? — Frankina, şkafyň köýnekden urlup-dykylan ýal-a, saýla-da geýiber-dä — diýip, Klara sypaýyçylyk etdi. — Ýok-la, gyz, olaň hemmesi atam döwrüniň köne-küşüli ahyryn. Soňkusyny geçen güýz tikdiripdim, bilýäň-ä, pisse reňklisi, owadanjasy bar-da. Onsoňam, maňa... — Men-ä giň ýaşyl ýubkam bilen gara jemperimi geýäýmesem. Gara zat mydama ýüzüňe gowy gelişýär. Nähili pikir edýäň?.. Ýa, gowusy, ýüpek köýnegimi geýsemmikäm? Şol, çal reňklisini, täze tikdirenimi. Ýöne olam, bir tüýsli, agşamyna geýilýän köýnek ýaly-da, şeýle gerek? Şol bada ony erkek kişiniň zoňtar sesi böldi: — Näme diýseňizläň, sinýora, siz gowusy sykylan limon reňkindäki köýnegiňizi geýiň. Kelläňize-de, ejeňiziň jäheklenen sypal şlýapasyny geýseňiz, gowy gelşer. Ümsümlik. Zenanlaryň sesine suw sepilene döndi. — Nämä dymaýdyňyz, sinýora? — diýip, nätanyş rim şiwesine öýkünip dowam etdi. — Ferraradan täzelik ýokmy? Ýogsa-da, sinýora Frankina, diliňize dyngy bermeseňiz, birden gopaýmasyn. Göz öňüne bir getirip görüň, bir gün gurşup, gymyldaman ýataýsa. Bagtyňyz ýataýar. Hämi? Birgiden adamyň gülkisi eşidildi. Beýlekiler, belki, men ýaly dymyp, diňläp oturanyny kem gören däldir. Şobada Frankina gaharyna bäs gelibilmän, jedir-jedir etdi: — Adyňyzy bilemok welin, sinýor, siz ýaman utançsyz, özem barypýatan bihaýa ekeniňiz, sebäbi, birinjiden-ä, ýat adamlaryň gürrüňini diňlemek gelşiksiz, bu edep-terbiýeli adamlaryň baryna belli, ikinjidenem... — Baý-bow, takal baryny okadyňyz-ow. Ýeri bolýa-la, gaharlanmaň, sinýora, ýa, meger, sinýorinasyňyz?.. Meňki bir degişme ahyryn... Bagyşlaň! Tanyşsak, belki, diliňiziň süýjänini görmek miýesser eder? — Ýeri bolýa-la, Frankina, bular ýaly heleýbaza üns bermesene — diýip, Klara jorasyna ýüzlendi. — Goý trubkany, men saňa soňrak jaň edäýerin. — Ýok, ýok, haýyş edýän, azajyk garaşaýyň — diýip, başga bir erkek kişiniň sesi eşidildi. Ol has sypaýydy gepleýärdi, söz urşundan çen tutsaň, has tejribeli görünýärdi. — Sinýorina Klara, iki agyz sözümi diňläň, ýogsam biz hiç haçan görüşmeris ahyryn. — Wah, bagtym ýatjak-da! Birdenem biri-biriniň sözüni bölüp, bir wagtda birnäçe adamyň sesi eşidildi. — Gybat edip ýadaňzokmy, gepçiler! — diýip, gaharly aýal sesi ýaňlandy. — Özüňiz gepçi, kesekileň işine burnuňyzy sokmaň! — Men burnumy sokýanmyşymmy? Men... — Sinýorina Klara, sinýorina Klara (gepleýäniň erkek kişidigi mese-mälim), maňa telefon belgiňizi beräýiň-dä! Aýdasyňyz gelenokmy? Çynym, hemişe rimli gyzlary sulhum alýardy, olaryň edil magniti bar ýaly-da. — Ony soň aýdaryn — diýip, aýal sesi (Frankina bolsa gerek) jogap berdi. — Ýöne ilki özüňizi tanadaýsaňyz. — Menmi? Men Marlon Brando. Görünmeýän gürrüňdeşler wakyrdaberdiler. — Eý, Hudaý, muň dilewardygyny... — Aklawçy, aklawçy Bartezagi! Allo, eşidýäňizmi, bu sizmi ýa? (Bu öň gürrüňe goşulmadyk bir aýalyň sesi). — Howwa, howwa, men. Seň özüň kim? — Norina men, tanamadyňyzmy? Jaň edýänimiň sebäbi, düýn agşam işde duýdurmak ýadymdan çykypdyr. Turinden... Aklawçy Bartezagi aljyraberdi: — Bagyşlaň, hanym! Bir salymdan jaň edäýiň. Ýat adamlaň arasynda öz işlerimiz hakda gepleşip otursak bir hili bor. — Eý, aklawçy (bu eýýäm başga bir erkegiň sesi), ýaşajyk gyzjagazlara lak atmak nähili onno? — Rimli gyzlar aklawçy sinýor Marlon Brandony magnit ýaly özüne çekýä, ha-ha-ha! — Haýyş edýän, bes edäýiň! (Altmyş ýaşlaryndaky bir aýal ara goşuldy). Samahyllyňyzy diňlemäge wagtym ýok. Men wajyp bir iş bilen jaň etmeli. — Bu daýzaň bolaýşyny! (Frankinaň sesini tanadym). Siz telefonlaň şasy dagy dälsiňiz-dä? — Goýsaňyz-la telefony, gybatdan ýadamadyňyzmy? Men başga şäherden jaňa garaşýan, siz bolsa häliden bäri... — Ä-hä, diýmek, siz şu wagta çenli gürrüňimizi diňläp oturypsyňyz-da? Onsoň haýsymyz gybatçymyş? — Çeýnewajyňy ýum, guşkelle! Bir pursat ümsümlik aralaşdy. Atylan ok nyşana urdy. Ilkibaşda Frankina näme jogap berjegini bilmedi. Soňam: — Wiý, özüňiz bilen tanyşdyraýdyňmy, ha-ha-ha! — diýip sugşurdy. Böwedi böwsülen şowhunly gülküden ýaňa telefon ýarylaýjak ýalydy. Gülýänleriň sany on ikiden az däldir. Soň ýene ümsümlik aralaşdy. Belki, hemme kişi birbada telefony goýandyr? Amatly pursada garaşýan bolmaklaram ahmal. Üns bilen diň salsaň, ümsümlikde ýuwaşlyk bilen kimdir biriniň demini, şygyrdydyr şyrkyldylary eşidip bolýardy. Ahyry ýene-de Klaranyň aladasyz näzijek sesi ýaňlandy: — Indi-hä ýeke özümiz galdyk öýdýän... Frankina, aýtsana, ertir näme geýsemkäm? Şol pursat örän ýakymly, ýaş ýigidiňki ýaly mylaýym, şadyýan sesli bir erkek kişi gürrüňe goşuldy: — Klara, isleseňiz men size maslahat bereýin. Ertir şol geçen ýyl tikdiren gök ýubkaňyz bilen ýaňy-ýakynda ýuwdurmaga beren benewşe reňkli koftaňyzy geýiň... Kelläňize-de gyrasy inlije gara şlýapaňyzy geýseňiz gowy bolar. — Siz kim? — Klaranyň sesinde gorky alamatlary bildirdi. — Men kim bilen gepleşýän? Jogabyň ýerine — ümsümlik. Frankinanyň hem ynjalygy gaçdy: — Klara, Klara, ol bu zatlary nireden bilýärkä? Ýigit hiç bir kinaýasyz, ýaňsylamasyz jogap berdi: — Wah, men gaty köp zady bilýän. Klara: Aldamaň! Siz tötänden bildiňiz. Ýigit: Tötänden diýýäňizmi? Size başga subutnama gerekmi? Klara (ýaýdanmaç): Hany, diňläli ertekijikleriňizi. Ýigit: Bolýa, sinýora, meni oňatja diňläň, siziň meňiňiz bar, kiçijik meňjagaz, ýö-ne... hmm... nirededigini aýtmaga dilim baranok. Klara (dessine): Siz ony bileňzok. Ýigit: Aýdýanym dogrumy ýa ýalňyş? Klara: Siz ony bileňzok. — Ýöne barmy ýa ýok, şony aýdyň? — Çynymy aýdýan, ony hiç kim görenok, Hudaý bar, ejemden başga hiç kim görenok. — Diýmek, dogry aýdypdyryn-da? Klara aglaýjak bolýardy: — Ony hiç kim görenok, beýdip oýun etmäýiň-dä! Ýigit (sypaýyçylyk bilen): Men ony — meňjagazyňyzy gördüm diýemog-a, ýöne bardygyny aýdýan. Bir erkek adamyň ýogyn sesi ara goşuldy: — Eý, oýnuňy bes et, kelçik! Nätanyş ýigit dessine onuň sözüni böldi: — Ýuwaşrak, Jorje Markozzi, Enrikonyň ogly, otuz iki ýaşyňda, boýuň: bir metr ýetmiş santi, öýlenen, Kiabrera köçesinde ýaşaýaň, öňňün bokurdagyň çişdi, şonda-da häzirem italýan çilimini kükedip ýatyrsyň. Ýeterlikmi? Ýalňyşan ýerim barmy? Markozziniň derrewjik haýbaty ýatdy: — Siz kim? Du... duruň... men... men... — Öýkelemäň — diýip, nätanyş ony köşeşdirmek bilen boldy. — Geliň, gowsy az-kem göwnümizi açalyň. Bu size-de degişli, Klara. Beýle şadyýan märekä gabat gelmek her gün miýesser edip duranok ahyryn. Indi onuň sözüni bölmäge, ýa üstünden gülmäge hiç kim het edip bilmedi. Ähli kişini bir hili düşnüksiz gorky gaplap aldy, hamala telefona arwah giren ýalydy. Kim ol? Jadygöýmikä? Işini taşlan telefonçylaryň ýerine gelen täsin bir jandarmy? Ýa arwah, jynmyka? Sesi-hä jynyňka meňzänok, sypaýy, mylaýym: — Ýeri, dostlar, näme dymyberdiňiz? Nämeden gorkduňyz? Gowja bir aýdym aýdyp bereýinmi? — Howwa, howwa, aýt bakaly — diýen sesler ýaňlandy. Ýigit: Haýsy aýdymy aýdaýyn? — Skalinatellany aýt! — Ýok, gowsy «Sambany» aýtsana! — Ýok, «Mulen Ružy»! — «Men düýşümi ýitirdim»! — «El baýon»! «El baýon»! Ýigit: Hany, çaltrak saýlaň. Klara, siz haýsy aýdymy halaýaňyz? — Wah, men-ä «Ufemiýany» gowy görýän. Ýigit hiňlenip başlady. Belki, öz-özümi aldaýandyryn, ýöne ömrüme munuň ýaly owadan sesi eşiden däldirin. Bu ses şeýle bir arassady, mähirlidi, jadylaýjydy welin, edil endamyň tikenekläp gidýärdi. Aýdym gutarýança demimizi çykarman, diňledik. Soňra adamlar el çarpyşyp, joşgun bilen gygyrdylar: «Ajaýyp! Berekella! Brawo! Örän gowy! Siz hakyky aýdymçy ekeniňiz! Radioda çykyş edibermeli; örän baýarsyňyz, ynanaýyň. Ýene bir aýdym aýtsaňyzlaň!» — Bolýar, ýöne bir şert bilen — sizem aýdyma goşulmaly. Bu örän täsin hor boldy. Şäheriň dürli künjeginde, biri-birinden uzakda, diňe inçejik simiň üsti bilen baglanan düýbünden nätanyş adamlar, käbiri ýatan ýerinden, käbiri girelgede, ýa telefon budkasynda duran ýerinden, käsi oturgyçda oturan ýerinden, tolgunyp, telefony gysymlap aýdym aýdýardy. Hiç kimiň başdaky ýaly bolgusyz oýun edesi, degşesi, birek-biregi duzlasy gelenokdy. On bäş adam dagy hiç haçan biri-birine duşmasa-da, biri-biriniň ýaşaýan ýerini bilmeg-ä beýlede dursun, hatda adyny, näçe ýaşyndadygyny bilmese-de, bir syrly nätanyş ýigit sebäpli özlerini hakyky dost ýaly duýýardy. Erkek kişileriň hersi örän owadan, ýaşajyk gyz bilen gepleşýändirin öýdýärdi, gyz-gelinler bolsa gürrüňdeşiniň görmegeý, baý, gowgaly hem romantiki durmuşy başdan geçiren kişidigine ynanasy gelýärdi. Aralykda bolsa bu aýdymçylar toparynyň göze görünmeýän täsin ýolbaşçysy, nähilidir bir gudrat bilen olaryň ruhuny şäherden, jaýlaryň gara üçeklerinden ýokary, belentlige göterýär. Emma ýarygijä ýetilende, ýigit şadyýan üýşmeleňiň tamam bolanyny yglan etdi. — Indi bolsa, dostlarym, bes edeliň. Eýýäm garaňky düşdi. Men ertir ir turmaly... Wagtymyzy şeýle hezil geçirenimiz üçin hemmäňiziň janyňyz sag bolsun... Aýdymçylar närazylyk bildirdi: «Ýok! Ýok, beýtmäň! Ýene biraz eglenäýiň, bolmanda ýekeje aýdym aýdyp beriň, haýyş edýäs!» — Çynymy aýdýan, indi başarman. Bagyşlaň. Sag-aman ýatyp turuň, hanymlar hem jenaplar, gijäňiz rahat bolsun, eziz dostlarym. Hemmeleň göwnüne deglen ýaly boldy. Adamlar tukat, gussaly halda hoşlaşyp ugradylar: «Beýle bolsa etjek alajyň ýok, gijäňiz rahat bolsun. Kimkä bu ýigit? Ýeri bolýar-da, sag-aman ýatyp turuň». Hemmeler dagamak bilen boldy. Birbada öýler gijäniň ümsümligine çümüp gitdi. Diňe men telefony gulagyma tutup, dykgat bilen diňşirgenip durdum. Iki minut dagy geçendir, ahyry şol nätanyş ýigit pyşyrdady: — Klara, bu men... Eşidýäňmi, Klara? — Hawa — diýip, Klara mähir bilen jogap gaýtardy. — Eşidýän. Ýöne hemmesi goýdumyka telefony? Nätanyş ýigit hoşamaýlyk bilen: — Ýok, diňe biri goýanok — diýdi. — Ol şu wagta çenli sesini çykarman, diňe diňläp durdy. Gürrüň men hakda gidýärdi. Dessine trubkany goýdum, ýüregim gürs-gürs edýärdi. Kimkä ol? Perişdemikä? Ýa bilgiçmi? Mefistofelmi? Meger, arzuwlaryň baky ruhudyr? Ýa her ädimde garaşyp duran oslagsyzlygyň aýdyň nusgasymy? Belki-de, hiç haçan ölmeýän, telefon ýaly akyla sygmajak, täsin ýerlere sümlüp girip, adama erkanalygy berýän, ony beýgeldýän gadymy umytdyr? © Dino BUSSATI (Italiýa) Terjime: © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |