Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:42
Ýazyjynyň syry / hekaýa

ÝAZYJYNYŇ SYRY

Men bir gutaran, ýöne bagtly adam. Içmeli badamyň düýbüni görmedik bolsam-da, şeýle-dä. Köp bolmasa-da, dogrusy, düýbünde az-owlak galypdyr. Soňky damjasyna çenli içmek umydym bar (eger entek aýatda diri gezip ýörsem: ýaşym mazalyja gaýdyşdy, indi uzak gitmesem gerek).
Ine, eýýäm ep-esli ýyl bäri döredijilik babatda pese düşýändigimi, ýazyjy hökmünde gutarnykly hem üzül-kesil tapdan düşendigimi ýanjap gelýärler. Muny gönüläp aýtmasalaram, öz ýanlaryndan şeýle pikir edýändirler. Meniň her bir täze eserim ýapaşaklygyna ädilen nobatdaky ädim hökmünde kabul edilýär.
Şeýdibem, aşaklygyna gaýdyp barşyma petige diredim.
Hemmesem özümden. Otuz ýyldan gowrak wagt bäri ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne öňünden ölçerip-döküp meýilleşdiren ugrumdan sowulman, betbagtçylyga sary gaýtdym.
«Garaz, göniňden gel, bu heläkçiligi özüň islediňmi, öz çukuryňy özüň gazdyňmy?» — diýip sorarsyňyz. Hut şeýle, hanymlar we jenaplar, hut şeýle.
Öz döredijiligimde men ajaýyp belentliklere ýetdim, uly meşhurlyga mynasyp boldum, hemmeler meniň zehinimi ykrar etdiler. Gepiň gysgasy, aşa üstünlik gazandym. Has uzaga-da gidip biljekdim. Islesem, hiç bir kynçylyksyz doly hem aňrybaş şöhraty eýeläp biljekdim.
Ýöne, islemedim.
Üstesine-de, düýbünden başga ýoly saýlap aldym. Ýeten belentligimden assa-ýuwaş düşmegi göwnüme jaý bildim. Galan ýerim bolsa örän belentdi — Gimalaýlaryň çür başy bolmasa-da, Monterozanyňkyça-ha bardyr. Aşak gaýdyşynam öň batly böküp ýokaryk çykan ýolumy saýlap aldym. Gözgyny halda pese düşmegiň ähli ajysyny datmalydym. Bilip goýuň, bu göräýmäge gözgyny ýaly. Ýöne men şu aşak süýşüp gaýtmadan hakyky lezzet alýardym. Şu agşam men size barysyny düşündirerin, şeýle uzak wagtlap gizlin saklan syrymy açaryn. Syrlarymy ynanan kagyzlarym diňe wepat bolanymdan soň okalar ýaly, bukja salyp ýelimlärin.
Men eýýäm kyrk ýaşapdym, onsoň öz-özüme buýsanyp, öz-özümden lezzet alyp, üstünlik deňzinde ýelkenime bat berip myçyp barýarkam, günlerde bir gün birden gözüm açylaýdy. Jahan şöhraty, arşa çykarýan öwgüler, hormat-sylaglar, meşhurlyk, halkara ykrar edilmek — bularyň barysy maňa birden hiç zadyň alnyndan däl bolup görnäýdi. Men bolsam bütin durkum bilen şulara ymtylypdym-a.
Şöhratyň maddy tarapy meni gyzyklandyrmaýardy. O döwre çenli men eýýäm gurpludym. Galan zatlar bolsa?.. El çarpyşmalar, üstünlikden joşa gelmek, maýyl ediji salgym? Şu zatlar üçin erkekdir zenanlaryň, gör, näçesi şeýtanyň alyna gidip, özlerini aldyrdylar. Her gezek şol Arşdan inen aşyň dynnym ýalyjagyny datmaly bolanymda onuň ajymtyk, ýürekbulaýjy tagamyny duýýardym. Özümden: «Şöhratyň aňrybaş ýüze çykmasy nämede?» diýip sorardym. Köçeden barýarkaň adamlaryň gaňrylyşyp: «Seret, seret, hanha, şol barýar!» diýip pyşyrdaşmaklary. Bolany şol!
Onsoňam, biler bolsaňyz, şujagaz halys ugursyzja lezzetem diňe görnükli syýasy işgärleriň ýa-da iň bir şan-şöhratly kinoýyldyzlaryň paýyna düşýär. Biziň günlerimizde ýönekeý bir ýazyja üns berilmegi üçin bolsa nämeleriň gopmalydygynam bilemok.
Mundan başga-da, taýagyň ikinji ujy hem bar. Meşhur ýazyjynyň gündelik durmuşynyň neneňsi süteme öwrülýändigini bilýäňizmi? Ine, şeýleräk: soňsuz borçnamalar, hatlar, muşdaklaryň telefon jaňlary, söhbetdeşlikler, duşuşyklar, metbugat konferensiýalary, radioda çykyşlar hem şulara meňzeş zatlar. Ýöne men mundan gorkamokdym. Meni has üşerden hem ynjalykdan gaçyran zat başgady. Meniň özümi-hä o diýen kanagatlandyryp barmaýan her bir üstünligimiň köplere uly jebir berýändigini aňdym. Döredijilik durmuşymyň iň bir buýsançly pursatlarynda dostlarymyň hem galamdaşlarymyň ýüzleri mende nebsagyryjylyk döredýärdi. Köneden bäri dostana gatnaşykdaky, umumy bähbitli gül ýaly oglanlar, akýürek zähmetkeşler. Ýeri, olar nämüçin ejir çekmeli?!
Ine, şonda bar zady saldarlap gördüm-de, özümiň hemmeden saýlanyp, üstünlik gazanmak hyjuwy bilen ölüp-öçüp barmagymyň özüniňem töweregimdäkilere niçiksi yza berýändigine göz ýetirdim. Arman, bu hakda öň pikir etmändirin. Oýlandym- da, ynsabymyň ezýet berýändigini duýdum.
Ýene-de bir zada — eger mundan beýläk-de ýokary galmagymy dowam etsem, bu ýolda has uly üstünlikler gazanjakdygyma göz ýetirdim. Ýöne şonda, gör, näçe adamyň ýüregi gussaly gysylyp-gowrular. Eýsem, olar muňa mynasypmy? Dünýe her dürli ejirlere jomart, ýöne iň çuňňur, iň ganjarýan, uzak wagtlap uly kynçylyk bilen bitip, gürrüňsiz duýgudaşlyk edeniňe mynasyp ýarany göriplik salýar.
Men günämi ýuwmaga borçly — bolany şol!
Ine, onsoň men gutarnykly karara geldim. Hudaýa şükür, köp ýagşylyk etmek maňa berlipdir. Mydama işi şowly adam bolamsoň, häzire çenli özüm ýalylary gitdigiçe gynandyryp gelipdirin. Indi bolsa olary köşeşdirip başlarynda, edileni jomartlyk bilen gaýtararyn. Eýsem, jebir-jepalaryň soňuna çykmak şatlyk dälmi? Onsoňam şatlyk ondan öňki çekilen jebre barabar dälmidir?
Iş depginimi gowşatmazdan, özüme meýletin dönüklik edýändigim barada duýgy döretmezden, ýazmagymy dowam etdirmeli. Soňky ýagdaý galamdaşlaryma sähelçe teselli bererdi. Ýok, hemmeleri oýnamaly, ýalňyşdyrmaly, zehiniň iň bir güllän çagy ony gizlemeli, ylhamym saban kişi bolup, gitdigiçe erbet ýazmaly. Menden täze joşguna garaşýan adamlary özümiň pese gaçmam, batyp galmam bilen haýran etmek örän ýakymly.
Göräýmäge, bu ýeňil wezipe. Sebäbi ortatap, göz-görtele gowşak zat döretmek üçin ullakan tagalla gerek däl ýalydyr. Iş ýüzünde bolsa bu has kyndyr, onuňam iki sebäbi bar. Birinjiden, men tankytçylary janlandyrmalydym, olary öwmek endigini ýeňip geçmäge mejbur etmelidim. Şo döwürde men eýýäm owadanlyk sergisinde mizemez abraýly, uly gadyr goýulýan, hormatly ýazyjylaryň hilindendim. Maňa hormat goýmak eýýäm berjaý edilmesi hökmany kada öwrülipdi.
Tankytçylar bolsa, özüňize belli — bar zady ýerbe-ýer goýansoňlar, olary öz pikirlerinden dönderjek bolup bir gör-dä! Olar meniň ýazjagymy ýazyp, zehinimiň kütelenini indi berin aňlarmykalar ýa-da entegem kejirlik edip ýallaklaýjy bahalarynda galarmykalar?
Ikinjiden, ganam ýöne bir suw däl ahyryn. Özümdäki uçursyz zehiniň başbermez joşgunyny agyzdyryklamak, basyp ýatyrmak maňa ýeňil bolandyr öýdýäňizmi? Özümi lenç edilen, ortaça bir ýazyjy edip görkezmäge hernäçe çalyşsam-da, zehin şuglasy özüniň jadyly güýji bilen setir aralaryndan syzylyp daşyna çykyp biljekdi. Özüňi bolşuňdan ýaramaz görkezmek isleseň-de, jögülik etmek zandy ussatlar üçin güzaply.
Şeýle-de bolsa, bu maňa başartdy. Öz joşgunly häsiýetimi ýyllarboýy köşeşdirdim. Men şeýlebir inçelik hem ýitilik bilen küteksiräp jögülemegi öwrendim, diňe şunuň özem beýik zehiniň subutnamasy bolup biljekdi. Barha gowşakdan-gowşak kitap yzyna kitap ýazdym. Şu gowşak, gyzyksyz, keşplerden we durmuş hakykatyndan mahrum esersumaklar meniň galamymyň astyndan çykdy diýseň kim ynanjak?! Munuň özi edebiýat babatda haýallyk bilen öz janyňa kast etmekdi.
Meniň her täze çykan kitabymdan soň bolsa dostlarymyň hem galamdaşlarymyň ýüzleri ýagtylýardy, ýygyrtlary ýazylýardy. Men ol görgülileri göripligiň azabyndan halas etdim. Onsoň olaryň ýene-de özlerine ynamlary gaýdyp geldi, durmuş bilen ýaraşdylar, üstesine-de, meni çyndan halap başladylar. Mahlasy, gül-gül açyldylar. Köpden bäri olaryň bogazlaryna tegek bolup duran bolsam nätjek. Indi bolsa olara ägirt uly aram berip, seresapja hem alada bilen ýaralaryny bejerýärdim.
El çarpyşmalar kiparlady. Men çete çekildim, ýöne ykbalymdan razydym.
Indi töweregimde ýalandan buýsanan bolýan ikiýüzlüleriň hüňürdisini eşitmeýärdim, meni tüýs ýürekden çykýan söýginiň hem-de hoşallygyň tolkuny gurşap aldy. Ýoldaşlarymyň seslerinde birmahallar hemmämiziň ýaş bolup, durmuşyň keçliklerini bilmeýän ýakymly döwrümizdäki ýaly arassa, tämiz hem jomart äheňleri aňşyryp başladym.
Siz menden: «Bu nähili beýle bolýar? Diýmek, sen diňe onlarça kärdeşleriň üçin ýazypsyň-da? Arzuw-hyýalyň näme? Jemagat näme? Adamlar näme? Sen olaryň kalbyny ýyladyp biljek ahyryn! Olaryň ornuna geljek nesiller näme? Döredijiligiň barja bahasy şumy? Diýmek, seniň zehiniň şeýle ujypsyzja-da?» — diýip sorarsyňyz.
Jogap berýän: hawa, hakykatdanam, ähli adamzadyň öňünde alan borçnamaň bilen deňeşdireniňde, dostlaryň hem-de galamdaşlaryň öňündäki borjuň hiç zat. Ýöne men öz ýakynlarymy, yklymlara ýaýran meniň tanamaýan jemagatymy, ikinji müňýyllygyň geljek nesillerini hiç zatda paýdan kesmedim. Tutuş şu döwürde men Gudraty Güýçliniň üstüme ýüklänine gizlinlikde amal etdim. Ezeli zehinimiň ganatlarynda gaýyp, meniň hakyky zandymy şöhlelendirýän kitaplary ýazdym.
Olar meni Arşa, şöhratyň çür depesine çykarmaga ukyply. Hawa, olar eýýäm ýazylan hem-de ýatýan otagymda saklaýan sandygyma salnyp goýlan. On iki jilt. Siz olary men ölenimden soň okarsyňyz.
Şonda dostlarymyň gamlanmagyna bahana bolmaz. Merhumyň ähli zatlaryny, hatda ölmez-ýitmez eserlerinem bagyşlaýarlar. Dostlarym diňe tekepbirlik bilen kinaýaly gülümsirärler-de, başlaryny ýaýkaşyp: «Haý, deýýus, barymyzy aldapdyr-ow! Biz bolsak bu-ha tüýs çaga ýaly bolaýypdyr diýip oýlanypdyk» diýerler. Her niçik-de bolsa, size…

***

Şu ýerinde ýazgy kesilýär. Goja ýazyjy ajaly ýetensoň, ony tamamlap bilmändir. Ony ýazuw stolunyň başynda oturan ýagdaýda tapdylar. Onuň çal başy bir tagta kagyzyň üstünde, döwük galamyň ýanynda iň soňky rahatlygyny tapypdyr.
Golaý-goltumlary ýüzlenmäni okap, ýatakjaýa bardylar, sandygy açyp, on iki sany galyň topbak kagyz gördüler: her topbakda ýüzlerçe sahypa. Ap-arassaja, ýekeje harpam ýazylmadyk kagyzlar.

© Dino BUSSATI
Terjime: © Bäşim ÖDEKOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Dino Bussati | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Mekan • 22:12, 13.12.2023
:-) (başymy yaykayan) köpeyogly, barymyzy aldapdyrow.
avatar
0
2 Мango • 23:15, 13.12.2023
eserem, terjimesem gowy eken.

birhili özümi oýnalan ýaly duýdum :-)
deýýus kemi ýok eken o ýaşulyň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202