Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:02
Ah gyzlar, gyzlar...
AH GYZLAR, GYZLAR...

Mysapyrsyran bolup,
Durma, indem duşumda!
Ýüzüňi öwürýädiň-le,
Öten agşam düýşümde:

Güle öwrülip ygşyldap,
Saňa salam beremde.
Sen meni ýolup, söýýän
Gyzyňa sowgat berdiň.

Ýagyş bolup üstüňe,
Gökden özüm taşlamda,
A sen saýawan gerdiň,
Ýaňy ýagyp başlamda.

Daga döndüm adyňy,
Tutmak üçin gaýtalap.
Emma dymdym daglar deý,
Mertlerçe öýkeläp.

10.01.1999ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 09:49, 03.04.2023
ullakan BEREKELLA.
ediberenboluşşyny...
kellä gelmejek fantaziýa.
düýşde gören zatlaryndan gabanyp ýigit-pahyrjygyň myžžygyny çykaryp otyr. :-)
hamana "Güle öwrülip salam berende, ony ýolup, söýýän
gyzyna sowgat beripmiş".
hamana "Ýagyş bolup ýaganda, ol saýawan geripmiş".

gowy edýäň! öýkele!
Daga dönüp oň adyňy tutma gaýtalap.
Dymgyn daglar deý,
Mertlerçe öýkeläp.
ÖÝKELEK! :-)
düýşünden öýkeläp ýören ÖÝKELEK!
5 ýyzzyl bassym (bolsa 15-sini basardym).
avatar
0
2 Мango • 09:56, 03.04.2023
Mysapyrsyran bolup
Gadyrbilmez ýerçeken!
Durma, indem duşumda!
Ýüzüňi öwrüp geçen
Öten agşam düýşümde:

häsiýeti agyr, gabanjaň Gahrymanka ekenaý... :-)
avatar
0
3 Medicall • 23:22, 03.04.2023
Öýkelemek üçinem mertlik, uly ýürek gerek:)(darykmañ oglanlar, göriplik etmäñ, öýkelemek gyzlañ baky mirasy! )))
Haladym bu goşgyny!
avatar
0
4 ibrahimbadakhshan • 19:29, 04.04.2023
Men-ä halamadym! Menem namartlarça öýkelek bolmaly, 15 ýyldyzly goşgyny halamadyk bolýan!?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202