Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:28
Ahwal
AHWAL

Meň hiç aklym çatanok,
Ýaşamakdan iripmiş.
Bu dünýe öň bir gezek,
Oň düýşüne giripmiş.

Terkidünýä bolupdyr,
Ýaşamakdan lejigip.
Has kejine tutupdyr,
Keç ykbalam kejigip.

Men çekinip, hamala,
Özüm ýaly ýazykly.
Diýýän: «Ýaşamak — hezil.
Bu dünýe-de gyzykly».

Ol diýýär: «Bu ýalançy
Alasarmyk düýş dämi?!»
— Ýylgyryp, doňup dursuň,
Näme, surata düşýäňmi?!

Men: «Saňa haýpym gelýär,
Saňa nebsim agyrýar.
Seret, 20 ýaşda,
Eýýäm saçyň agarýar.

Hany, badyhowalyk,
Weý-weý, ruhdan düşýäňmi?!
Ýa dünýede ýaşamak,
Saňa agyr düşýämi?!
Ýa ýüregňe düşýämi?!»

— Sen nä sömelip dursuň,
Aýnaň öňüne geçip?!
Bu sese hälki pursat,
Gitdi gözümden öçüp...

18.10.1998ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 08:32, 04.04.2023
Surat, 1979-njy ýylda doglan, amerikaly hudožnik Jeremi Mannyňky.
avatar
0
2 Мango • 08:57, 04.04.2023
özüň özüň bilen ümmüldeşmek, özüň özüňe göwünlik bermek - erbet zadam däl-le. :-)

Ol diýýär: «Bu ýalançy
Alasarmyk düýş dämi?!»
— Ýylgyryp, doňup dursuň,
Näme, Nä, surata düşýäňmi?!

- diýeňde näder diýip daşymdan aýdyp bilmän durun.
***
20 ýaşly gahrymankamyzda depressiýaň priznaklary azajyk görünjek bolýar... oňa "sen nä sömelip dursuň, aýnaň öňüne geçip?!" - diýip özüne getirip durmak, gowy peýda eder. emma, kän bir "bu dünýede ýaşamak saňa agyr düşýämi?! ýa ýüregňe düşýämi?!" - diýmäweriň. o dogry däl. :-)
***
goşgy barada: gowy
surat barada: hany, saçyny bir darasyn, osoň göreris... öňündäki çüýşe спиртной-myka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202