Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:22
Goşgy ýazylmadyk gün...
GOŞGY ÝAZYLMADYK GÜN...

Ýelkensizem bolsa, köne-de bolsa,
Küreksizem bolsa, bolsa-da bibat.
Garaz, bir gaýyjak tapylmazmyka?!

Ýogsa, ýüzüp bilmeýänim halyma,
Özümi meň oklaýmagym ahmal-a,
Ummana, wah, ummana...

Sebäp men ýa:ş hem samsyjak,
Şa gyzy deý hem gamsyzja.

Eger böksem men ýaýdanman,
Eger böksem men gagşaman,
Ýa şam borun balyklara,
Ýa ýeterin agşama,
O kenara, gök kenara...

...Garaz, maňa örän gyssag,
O kenara ýetmek gerek.
Bilesiňiz gelýä gerek?!

O kenarda gök tokaý bar.
Gök tokaýda kör torgaý bar.
Torgaý örän okumyşmyş.
Çynmy – ýalan, meňkem eşitmiş,
Hawa, myş-myş.

Gürleýärmiş adam ýaly,
Akyl almadan dadan ýaly,
Akyllymyş, akyllymyş.

Şoňa birje sorag berjek,
Hemem käbir syrym aýtjak.
Gaýdamda-da bolsa, delje,
Kitabyndan alyp gaýtjak,
Okar ýaly, okar ýaly.

Torgaý ýöne bahana! Ha-ha-ha!
Ýene-de bir goşgy i:ndi jahana! Ha-ha-ha!
Kämilleşýän barha-barha! Ha-ha-ha!

01.05.2007ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Mekan • 16:45, 02.01.2023
Men - kör torgaý

Öten agşam bir düýş gördüm:
O kenarda giñ sähra bar.
Sährada bir guş gördüm,
Saýraýamyş bilbil mysal
(ýaly diýip güman etdim
bilbil bolsa bildiñmi?!)

Guşa guş gerek-dä, guş etsin ol o guşy,
Guş guş bolmasa, ne eýlesin ol o guşy.*

(Gel, guşum, uçup gel,
Ganatlañ döwükmi eýse?
Gel, onda ýüzüp gel
Petekäñe gözüm sürteýin
Gözlem açylmaz ýogsa)

Saýraýamyş meni küýsäp,
Telwas edýämiş bu ýan,
Belki men ýöne bahana
Gülýändir ol ha-ha-ha-ha
Gülse gülsün bilbilim
Maña şo bolsa bolýa
(bilbil diýen bolýañ weli,
laçyn bolsa bildiñmi?!)

*Zyýa Paşañ bir beýtinden, üytgedilen
avatar
2
2 Мango • 19:18, 02.01.2023
Ýogsa, ýüzüp bilmeýänim halyma,
Özümi meň oklaýmagym ahmal-a,
Ummana, wah, ummana...
* * *
Ýogsa, ýüzüp bilmeýänje halyma,
Özümi meň oklaýmagym ahmal-a,
Ummana, wah, ummana...
* * *
Ýogsa, ýüzüp bilmeýän halyma,
Özümi oklaýmagym ahmal-a,
Ummana, wah, ummana...
avatar
1
3 Medicall • 21:13, 02.01.2023
Tapýañ-ay gy-y, Laçyn senem, he-he-hee.
Gör! @myhmanam senden ýazmady kem ha-ha-ha ::))
avatar
0
4 Bagabat • 12:39, 03.01.2023
Laçyn Pürjäýewadan teswir:

"@Myhmanyň goşgusyna-da baýyldym-ow. Sagja bolsun! Ajaýyp bolupdyr. Her ýerde malades adamlar bar-aý!!!".
avatar
0
5 Mekan • 14:58, 03.01.2023
Laçyn kompliment eden bolýandyr-laý.

Laçynyñ özem sag bolsun
avatar
1
6 Мango • 16:08, 03.01.2023
bir guş barmyş
ýaşynýamyş.
Janmyrada
iş bolýamyş...
:-)
avatar
0
7 Mekan • 17:09, 03.01.2023
Belki Jemşitden çekinýändir
avatar

Старая форма входа
Total users: 203