20:13 ““Aklym” diýdim...” | |
“Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan, “Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem. Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň, Wah, men muny juda anyk bilýänem welin, Nämüçindir, ynjalygym ýok, Gursagymy gyýyp barýar bir ynjy. Hawa, sen akylam, dünýä hem däldiň, Ýöne gyzlaň arasynda birinji – Ähli gyzdan zyýadadyň. Melekdiň, Owadandyň. Ajaýypdyň. Näzikdiň. Hut dälilik hetde ýetirdiň meni, Dillen, serwim, dillen, maňa näm etdiň? Nätdiň ýaňy gunça açan ýüregi?! Gül ömrümi tagmaladyň dert bilen. Ýer ýumruklap özelendim gideňde, Dermanyňy bermän gitdiň, dert beren! Derdim bilen ýatyp galýan gijeler, Daňym atýar derdim bilen ýatyrkam. Gel! Dön! Dolan! Bu aýylganç dert bilen Galan ömri men nähili ötirkäm?! Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |